Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:00
ÄLEM SALLANÇAGY ENÄŇ KALBYNDA (bir perdeli pýesa. Dowamy)
ÄLEM SALLANÇAGY ENÄŇ KALBYNDA

(bir perdeli pýesa)

DOWAMY

Halykgulyň obasy. Garaňky gije. Ýaşyp barýan Aýyň şuglasyna obaň jaýlarynyň suduryny saýgaryp bolýar. Orazguly öýlerine ýetip gelýärkä iti üýrýär, soň aty kişňeýär, soň ikisi hem seslerini goýýarlar.


Orazguly (Itini sypalap durşuna). Oh-how, Gaplaň sen meni ýadyňdan çykarmansyň-ow, berekella! (Atynyň ýanyna barýar.Ol hokranýar.) Salam, Çapar dost! Sen hem meni ýadyňdan çykarmansyň, minnetdar. Men saňa nämejik getirdim, hä?! Hanlaň iýýän hywa halwasyny! (Horjunyndan çykaryp, atyň agzyna salýar.) Ýok, ýok, dost, bu halwa diňe seň üçin däl, başga-da dadyrmaly adamlarym bar. (Atyň sagrysyna kakayp.) Ertir biz nirä gideris?! Güzere suwa düşmäge. Gaplaňy hem alalymy ýanymyz bilen? Bolýar. Ertire çenli hoş! (Öýüne tarap ýönelýär, ýetip barýarka , Ogulhesel ojakdan gaýnan tüňçäni esgi bilen tutup, yzyna öwrülende, Orazguly bilen pete-pet gabat gelýär, tisginip gidýär. Boş eliniň ýeňi bilen ýüzüni ýapjak bolýar.) Nurnabat, salam jigim! Tüweleme! Sen-ä... [i](Nurnabada derek nätanyş gyza gözi düşen Orazguly, sakga durup, doňup galýar.)[/i] Bagyşla jigim, tanamandyryn. Seň adyň näme?
Ogulhesel (haýdap öýe tarap ýöräp barşyna, yzyna gaňrylman). Men Nurnabat däl.
[b]Orazguly[/b] (Ogulheseliň yzyndan seredip durşuna, ol öýe girip gidensoň, yzyndan seredip, birneme eglenýär.) Örän owadan gyz ekeni (Ak öýlerine tarap ýönelýär.)

Gyzlaryň otagy. Otagyň bir burçunda haly dokalýan stanok bilen mata dokalýan tara goýulypdyr. Dürnabat, Nurnabat, Nurjemal, Oguljuma ýag çyralaryň yşygyna, hiňlenişip, keşde çekip otyrlar.

Ogulhesel (gapydan kürsäp girýär-de, söýä ýapalnyp durşuna, daljygyp). Waý... (demini dürsejek bolýar.)
Dürnabat. A gyz, näm bol-da!? It kowalan-a däldir-dä?!
Nurjemal. Gaplaň daňylgy dur-a.
Ogulhesel (özüni dürsäp). Daşarda bir adam-a bar. Nurnabat, seň adyňy agzady.
Nurnabat. “Toba” diý, gyz! Men-ä erkekleň deňinden ol-a gije ekeni, gündizem ýele ýanyndan geçýän däldirin.
Nurjemal. Gaplaň üýrmesini, Çapar kişňemesini goýdy. Öz-ä tanyş adam bolmaly. Olaryň ikisi hem biziň hemmämizi tanaýarlar. Orazgulynam tanaýarlar. Orazgulymyka?.. (Oguljuma keşdeläp oturan keşdesini bir gapdala goýýar-da, hasanaklap ylgap barşyna Ogulheseli iteleşdirip, öýden atyltp çykýar.)
Oguljuma. Men buşlajak! (Ylgap barşyna gaty sesi bilen gygyrýar). Dä-de-e-e!!
Orazguly (jigisiiň sesine sakga durýar. Oguljuma badyna Orazgulyň boýnuna bökýär. Dürnabat, Nurnabat, Nurjemal dagy hem ylgaşyp gelip doganlaryny gujaklaýarlar.) Salam, jigilem! Sag-gurgunmysyňyz? Duruň, biri-birden! (Jigileriniň hemmesiniň maňlaýyndan ogşap çykýar. Arasynda gapydan synlap duran Oguhesele seredýär.)
Oguljuma (ak öýe tarap ylgaýar). Eje-e-e!! Orazguly geldi buşluk! (Gapa ýetip barýarka, öýden çykyp gelýän Halykguly bilen çakyşýar.) Kaka, kaka , Orazguly geldi buşluk! (Duran ýerinde bökjekleýär-de öýe girip gidýär.)

Ak öýüň içi. Öýüň bir burçunda tärime berkidilen goşa ýüpüň üstünde kilimden sallançak gurnalypdyr. Onuň içinde bäbek uklap ýatyr. Halykguly, Ogulnnabat, Orazguly, Dürnabat, Nurnabat, Nurjemal, Oguljuma.

Ogulnnabat (Oguljuma pessaý sesi bien, hemleli). Ýuwaşrak-la gyz, jigiňi turuzýaň-a! (Oguljuma begenjine bökjekleýär. Orazgulyny gujaklap, her ýaňagyndan ogşaýar.) Sag-aman geldiňmi, oglum?
Orazguly. Hawa, eje sag-aman geldim, salam aýtdylar.
Ogulnnabat. Aleýik salam. (Gyzlaryna.) Baryň derrewjik çaý oturdyň, naharyň ugruna çykyň. (Dürnabat bilen Nurnabat daş çykýarlar.) Hany, Ogulhesel nirede?
Nurjemal. Ol bärik gelmäge utanýar.
Ogulnnabat. Wah, görgülijik.
Orazguly. Kaka, salawmaleýkim!
Halykguly. Waleýkimessalam! (Ataly-ogul gujaklaşýarlar.) Sag-aman geldiňmi, oglum! Gözüň aýdyň!
Orazguly. Hawa, kaka. Salam aýtdylar. Täçmuhammet ahun: “Kakaňa, ejeňe köp dogaý salam aýt! Birden, kakaň ýoly Hywadan düşäýse meniň bilen didarlaşsyn diýip berk sargady, hem salamhat ýollady. (Horjunyndan bir tagta kagyzy çykaryp kakasyna uzadýar.)
Halykguly (Ýylgyryp). Bizi sylan Alla sylasyn! Orazguly jan sen wagtynda geläýipsiň. Üç günden men Hywa argyşa gidýänleriň kerwenbaşysy bolup gitmeli. Çaparyň hem göresi gelendir diýip, ony hem seň bilen duşuşdyrmak niýetim bilen bir hepdeden bäri seýisläp ýörün. Janawer bir gowulygyň boljagyny aňýan ýaly, begenjinden guş bolup uçaýjak bolýar. Üçümiziňem öýde duşuşmak nesibämiz bar ekeni.
Oguljuma. Eje, buşlugymy ber! Dädemi ilki men gördüm.
Orazguly (oýunlyga salyp). O nähili, sen görüpmişiň?! Ilki bilen Gaplaň bilen Çapar buşladylar. Olar eýýäm haklaryny aldylar. (Oguljuma torsarylýar. Muny duýýar-da, gülümsiräp.) Ýeri bolýa-da, seňki hem bir hasap. Ejemiň berjek buşlugyny men beräýerin.
Oguljuma. Ýok. Ejemem bermeli, kakakam...
Orazguly (horjunyna elini sokup, iki bölek halwa çykaryp, Oguljuma uzadýar). Ynha, bu ejemiň söýünjisi, bu bolsa kakamdan. (Oguljuma begenjine towsaklaýar. Getiren sowgatlaryny kakasyna, ejesine, jigilerine paýlaýar. Gyzlar sowgatlaryny alyp, minnetdarlyklaryny bildirip, otaglaryna gidýärler.)
[b]Ogulnabat[/b] (ýygralyk bilen). Ogulhesel jan bilen Melek jana-da sowgatjyk bolaýsady...
Orazguly (geňirgenip). Ogulhesel, Melek—olar kimler?!
Halykguly (Ýylgyryp). Ogulhesel—meň bäşinji gyzym, a Melek bolsa, altynjy gyzym.
Ogulnabat. Sen medresede okap ýörkäň jigiň Melek jan boldy.
Halykguly. Ogulheseli kazyň hökümi esasynda biz howandarlyga aldyk. Bu naçar ýetimiň öňki bolýan maşgalasynda gören gününi it görse gözi agarjak. (Sallançakdaky çaga gozganyp, hyklap, aglajak bolýar. (Ogulnabat sallançagyň ýüpünden çekip üwräp oturyşyna hüwdi aýdýar. Orazguly ejesiniň hüwdisine melul bolup uklap galýar, soň hor çekip başlaýar.)
Ogulnabat. Jana! Uzak ýol söküp ýadapdyr-a, çagajyk (Oglunyň kellesiniň aşagyna ýassyk goýup, başyny sypalaýar, üstüne ýorgan atýar.)


Orazguly düşekde ýatyr, Ogulnabat onuň başujunda otyr

Ogulnabat [i](oglunyň başyny sypap oturyşyna oňa teselli berýär).[/i] Balam, ertir tebip çagyryp seň derdiňe dep etdirerin, derrewjik sagalyp gidersiň! Indiki hepde, enşalla, kakaňam argyşdan gaýdyp geler.
(Käsedäki suwy içirýär. Öz otagyna geçýär.)

Ogulnabat öz otagynda eline tesbisini alyp, Hudaýa nalyş edip otyr

[b]Ogulnabat.[/b] (dyzyna çöküp oturan ýerinden, hamsygyp). Eý, Allam! Gije-gündiz Seniň ismiň dillermizde sena, ýüreklerimizde dogadyr. Biz Senden müň kerem razydyrys. Balalarymy öz penaňda aman sakla! Atasy bilen çagalaryma diňe halal lukma iýdirendiris we päkýürekli bolup, hakykatyň ýolundan gitmegi ündändirirs. Biziň günälerimizi bagyşla! Men bu dünýede görjegimi gördüm, maňa berlen ömri abraýly we haýyrly ýaşap çagalaryma ýagşy gylykly edep-ekramlylygy öwretdim. Bu neresse çaga haýpyň gelip, gudratyň bilen onuň derdini maňa geçirseň armanly bolman. Goý, oguljygym gelinjiigi bilen durmuş toýuny sag-aman sowup, bagtly we şadyýan durmuşyň hözirini görsünler, iline ýarap abraý gazansyn, Watanyna wepaly ýigit bolup ýetişsin! Goý, olar indi dünýä injek balajyklaryna guwanyp, Adam atadan, How eneden gelýän durmuşy dowam etdirsinler! (Aýalaryny ýüzüne sylyp, gözýaşyny süpürýär. Daşardan erkek adamyň ardynjyraýany we sesi gelýär.)
Ses: Öýde kim bar, habarlaş!
Ogulnabat. Öýde erkek kişi ýok, biri bar ol hem ýarawsyz.
Ses: Men tebip, belki, syrkawyňyza nepim deger.
Ogulnabat. Ey, Biribar Sen hemme zadyň sebäpkärisiň, jebir çekýänleň medetkärisiň! Sen meň ogluma tebip däl-de, hut Hydyr atanyň özüni iberensiň. (Haýdaşlap daş çykýar.)
Tebip. Essalawmaleýkim!
Ogulnabat. Aleýik salam! Salamälik! Meň oglumy görmedik tebip ýok, belki, Siziň emiňiz şypa beräýedi...
Tebip. Ýörüň, syrkawy görkeziň maňa! (Ogulnabat, Tebip Orazgulyň otagyna girýärler. Tebip Orazguly bilen salamlaşyp, hal-ýagdaýyny soransoň, näsagy barlamaga girişýär, barlap bolanyndan soň, Ogulnabada ýüzlenip.) Eý, Hudaýyň bendesi! Ogluň sagalmagyna sary towugyň etinden bişirilen çorba sebäp bolar.
Ogulnabat. Taňry ýalkasyn! Eliňiz-gözüňiz dert görmesin! (Saçujuna dakylan manatlaryň birini çözüp Tebibe uzadýar.) Bizden az görmäň...
Tebip (uzadylan aklygy alyp). Bile ýalkasyn! Kabul edip aldym, özüňize bagş etdim! (Berilen aklygy yzyna, Ogulnabada berýär. Aýalaryny ýokary galdyryp, doga okaýar.) Oglyňyza Alla kuwwat bersin, sag-amanja gutulsyn! (Gidýär. Ogulnabat hem öz jaýyna gidýär.)
Ogulnabat (manadyny saçbagyna dakyp durşuna, iňkise gidýär). Bu tebip aklygyny alman gitdi welin, balamyň kazasy dolyberdimikä?.. (Hamsygýar.Gapdala.) Eý, Allam! Özüň gowysyny et, çagalarymy öz elim bilen jaýlatma...

Ak sakgally, ak lybasly, ak hasaly Perişde peýda bolýar

Ogulnabat. Seň ideýän adamyň ol otagda ýatyr... (Doga-dilegini dowam etdijek bolýar.)
Perişde. Men ýalňyşyp gelemok, men dogry geldim.
Ogulnabat (oturan ýerinden laňňa galýar. Perişdäni boýdan-başyna synlap durşuna doňup galýar, dili tutulýar.) Dur, sen kim?! Wiý-ý-ý... (Ýakasyny tutýar.)
Ogulnabat (aglamjyrap, dogumly sesi bilen). Meň balama degme, meni äkit!
Perişde. Mende perman bar...Ogluň üçin däl, seň özüň üçin.
Ogulnabat. Wah, men razy, Biribaryň buýrugyna meň hetdim ýokdur, kazam dolan bolsa, edil häziriň özünde amanadymy tabşyraryn. Alyp gitmänkäň çagamyň keselini maňa geçir, men onuň sagalanyny görüp, bu dünýeden razy bolup gideýin.
Perişde. Ýaradanyň permanyna meniň hiç bir ygtyýarym ýok. (Elleriniň aýalaryny galdyryp, doga okaýar.) Bendesi bendesine sebäpdir, ýöne her bir haýyr işe Onuň özi sebäpkärdir we Ýardamçysydyr. Eý, Perwerdigärim! Bu bendäň ahy-nalasyny diňläp, Özüň höküm çykar! (Gaýyp bolýar. Ogulnabat beýhuş bolup ýykylýar.)
Ogulnabat (huşuna gelip, başyny ýerden galdyryp, daş-töweregine göz aýlap, aňk-taňk bolýar). Maňa näm boldu-ka, Alla janlarym... (başyny elleýär.) Diri ýaly-la... (başdaňysyny gözläp tapyp, başyny daňyp oturyşyna.) Men bu gün bazara gitmel-ä, Orazguly jana sary towuk almaly. [i](Ýerinden turup sandygyna tarap ýönelýär. Sandygyň gapysyny açyp, sermeleşdirýär.)[/i] Bary-ýogy iki manat galypdyr, ol hem kilwanyň haky... [i](Sandygyň içinden gyzyl kürte bilen goşa bilezik çykarýar. Kürtesi bilen bileziklerini sypalap ikirjiňlenip durşuna.)[/i] Gijelerine gözümiň köküni gyryp, sünnäläp tiken kürtämi satsammykam, ýa Halykguly janyň sowgadyny?..Ýok-la, öz durmuş toýumda geýen kürtämi Orazguly janyň gelniniň egnine ataýyn. (Kürtäni emaý bilen epläp sandyga salýar-da, bilezikleriň bir taýyny ýaglyga dolaýar, soň oglunyň otagyna boýnuny uzadýar. Onuň rahat uklap ýatanyny görüp ynjalýar-da, gyzlarynyň otagyna barýar-da, Dürnabady turuzýar.)
Dürnabat (oýanyp, laňňa oturýar, howsalaly, ejesiniň ýüzüne dikanalap seredýär). Eje näme? Näm boldy?..Eýgilikmi?.. Orazguly oňatmy?.. Ol...(aýasy bilen agzyny tutýar.)
Ogulnabat. Waý, toba diý gyzym! Orazguly jan uklap ýatyr. Men bazara baryp geljek. Orazguly jana süýtli aş bişirip ber, jigileňňi, Melek jany naharla. Mallara serediň, günorta galman gelerin
Dürnabat. Bolýar. Wiý, eje, ýadyma düşäýdi! Gülgüne bilen ýaşyl ýüpegim gutardy, Nurjemel ýüwsesini ýitirdi.
Ogulnabat. Bor, gyzym, pulum galsa, alaryn.
Dürnabat. Eje jan, sag-aman gidip, gel. (Ogulnabat gyzyny ogşap, çykyp gidýär.)

Ogulnabat bazarda.

Ogulnabat (haly bazaryň deňinden geçip, mata-marlyk, tahýa, ýüpek satýanlaryň deňinde saklanyp, satyja ýüzlenýär). Ýüpek ýüplükler näçe boldy?
Satyjy. Kenebi üç manat, ýumagyň üçüsi bir manat. Almakçymy? Kiçiräklerem bar.
Ogulnabat. Ýok, gaýdyşyn alaryn. (Altyn-kümüş, şaý-sep satýanalryň deňine baryp saklanýar.) Gülýakaň bahasy näçe boldy?
Satyjy. Kümüş pulda kyrk manat.
Ogulnabat. Bilezikler näçe?
Satyjy. Goşasymy, ýekesimi?
Ogulnabat.Ýekesi.
Satyjy. Kümüş pulda ýigrimi bäş manat.
Ogulnabat (goltugyndaky düwünçegi çözüp, içindäki bilezigi Satyja uzadýar). Me, şu bilezigi satýan, maňa gyssagly pul gerek ...
Satyjy. Wah, dogan öz harydymyzy satyp bilemzok.
Ogulnabat. Onda girewe alaý, men göni iki hepdeden puluňy getirip bereýin.
Satyjy. Ýok, dogan girewe haryt alamzok. (Ogulnabat hatardan saýlanyp, mal bazarynta tarap ýönelýär. Goýun-geçileriň mäleýän, sygyr-göleleriň molaşýan sesleri eşidilýär.Ol towuk satylýan satylýan ýere gelýär.)
Ogulnabat (towuklaryň eýesine ýüzlenýär). Meň syrkawym bar, şoňa sary towuk idäp geldim.
Satyjy. Haý, näbileýin dogan, bu wagta çenli sary towuk galan bolaýsa. Gara bilen sary reňkli towuk aljak bolsaň irräk gelmeli. Soňky döwürde ýoň bolaýypdyr, molla barsaň gara towuk ýazyp berýär, tebibe barsaň—sarysyny (Ogulnababadyň lapykeç ýagdaýyny görüp, haýpy gelýär.) Sen dogan näme et diýsene, şu hatary syryp git, öňüňden çaýçylar çykar, şolardan Ýegengeldi agany sora, derman towuklary köplenç şol getiräýgiç, eger gitmedik bolsa.

Bazar. Çaýçylaryň mekany. Tuduň kölegesi, onuň kölegesinde, sekiniň üstünde birnäçe adam çaý içip otyrlar. Ýedi-sekiz tanka köze goýulan, olaryň birini alyp ýaş çaýçy çäýnege çaý demläp dur.

Ogulnabat . Jigim salam! men Ýegengeldi agany idäp geldim.
Çaýçy ýigit. Daýza salawmaleýkim! (Göwresini yza öwürip.) Ýegengeldi aga, Sizi soraýalar!
Ýegengeldi. Hä, ynha bardym. (Sekiniň üstünden mäşbürünç sakgally, peşeneli ýaşuly düşüp gelýär. Ogulnabadyň ýakynyna gelip oňa salam berýär.) Gurgunmy keýigim, sag-amanmy? (Ogulnabat ýaşmagyň aňyrsyndan salamlaşýar. Arkasyna öwrülip, Çaýçy ýigidi çagyrýar.) Haýdar, gel inim, gelnejeňi diňle!
Çaýçy ýigit (Ogulnabat bilen Ýegengeldi arasynda durup, “terjimelik” edýär). Oglum agyr hassa diýýär, tebip oňa sary towugyň etini iýmegi maslahat beripdir.
Ýegengeldi. Iň soňkyja saryja towugym galdy, ol hem seň nesibäň bolaýamasa, wagtynda gelipsiň. Ýöne... Ýöne derman towuklaryň bahasy gymmadrakdyr. Olary goraglap, ösdürip-ýetişdirmek hem uly alada... (sözüni soňlamaka Ogulnabat goltugyndan bilezigi çykaryp, Ýegengeldä uzaddýar. Bilezigiň eýlesine-beýlesine seredip durşuna.) Munyň köp bolýar, keýigim.
Çaýçy ýigit. “Razy” diýýä, “oglum gutulsa bolýar” diýýär.
Ýegengeldi. Wah, sen razy bolsaňam, meň göwnüme jaý däl. Şu towugyň aňrybaş bahasy dört manat. Sen bazara ýene bir gezek geleňde hakyky bahasyny beräý, eger meni tapmasaň şu çaýçylara gowşuryp gidäý. (Bilezigi eýesine uzadýar. Ogulnabat “ýok-ýok” diýýän ýaly ellerini daldaladýar.)
Çaýçy ýigit. “Men nesibämi aldym, haýryny göreýin. Siz hem nesibäňizi alyň, men Sizden we Size duşuran Alladan müňde bir razy, ýagşy dilegde boluň!” diýýär (Ogulnabat howlukmaç gidýär.)
Ýegengeldi (başyny ýaýkaýar. Bilezigi Çaýçy ýigide uzadýar). Me, oglum şuny berkje ýygşyryp goý, ýaňky daýzaň men ýokkam gelse, berip goýber. (Çaýçy ýigit başyny atyp gitjek bolýar.) Hany bir dem aýak çek! Ýaňky daýzaň ýüzünde näme üýtgeşiklik gördüň?
Çaýçy ýigit (ör-gökden gelip). Ünsem bermändirin.
Ýegengeldi. Ejeň barmy?
Çaýçy ýigit (geňirgenip). Hawa...
Ýegengeldi. Ýaňky geliniň edil meniň ejemiň ýüzünden ýagşy ýaly, ýüzünden nur ýagýar. Ynha sekiz ýyldyr ejemi baka ugradanyma, ol mähri-muhabbetli nur heniz-henizlerem meň kalbymy ýyladyp dur.
Çaýçy ýigit (geňirgenip, şübheli). Ol ýaşmak-la, ony nädip görüp bildiňiz?
Ýegengeldi. Ol nur görnenok, ony diňe duýup bolýar. Köşek, agşam öýüňize baraňda ejeň ýüzüni üns berip synla, ol nury sen hem duýarsyň.
Çaýçy ýigit. Ünsem bermändiris.
Ýegengeldi. Şo-da, enelermiz syrkawlanyny gizleýärler, çekýän azaplaryny, gaýgy-gamlaryny duýdyranoklar–şolar ýaly merdana bolansoň käbelermiz dirikä olaryň gadyryny bilmelidir hem öýdemzok. Enäň kalby mukaddesdir, ony ynjytmak bütin Älemi ynjydan ýalydyr. Gije-gündiz Älemiň sallançagyny onuň ýüregi üwreýändir, şol ýürek togtasa, Älem togtap, kyýamat gopar.

Meretgylyç hanyň öýi. Han aýaly bilen çaý içip otyrlar. Hanyň gapysynda duran Ýasawulyň ýanyna Atamerediň aýaly gelýär.


Atamerediň aýaly, Nurtäç. Salamälik! (Ýasawul başyny atýar.) Meň hanlyk möhüm işim bar (Gapydan girjek bolanda, Ýasawul elindäki naýzasyny gapa kese goýýar. Mejbury ýagdaýda serpikýär.)
Ýasawul. Rugsatsyz girmek gadagan.
Atamerediň aýaly, Nurtäç. Bar onda aýt hojaýynyňa, arzaçy geldi diýip.
Ýasawul. Olar häzir ertirligini iýip otyrlar. Garaşmaly bolarsyňyz
Atamerediň aýaly, Nurtäç. Näçe garaşmaly? Men uzak ýerden geldim.
Ýasawul. Özleri aýdarlar (Atamerediň aýaly hüňürdäp, töňňäň üstüne geçip oturýar. Biraz salymdan içerden hanyň gygyrýan sesi eşidilýär.)
Meretgylyç han. Hanmämmet! (Ýasawul gapydan boýnuny uzatjak bolanda.) Daşarda kim bar? Girsin!
Ýasawul (Atamerediň aýalyna ýüzlenip). Sizi çagyrýarlar!
Atamerediň aýaly, Nurtäç (içeri girip). Salamälik! (Hanyň aýalyna gözi düşüp, onuň bilen görüşmek üçin eginlerine kakmakçy bolup synanyşýar.) Amanmy keýigim, gurgunmy keýigim!
Hanyň aýaly (oturan ýerinden garşylyk görkezip, ellerini germeýär.) Görüşdik hasap edäýeli, dogan. Anha, hol körpençäň üstüne geçip oturaýyň! (Atamerediň aýaly görkezilen ýere geçip oturýar.)
Meretgylyç han. Aýdyberiň dogan, näme arzyňyz bar bolsa!
Atamerediň aýaly, Nurtäç (ýaşmagyň aşagyndan daljygyp). Häzir demimi dürsäýin. Uf-f. Aýtsam, meň nalyşym agzymdan ot bolup lowlap çykar. Meň ömrüm görgi bilen, azap bilen geçendir. Doganym Bibinäzik janyň ýogalanyna on dört ýyl geçdi, bir ýyla ýetmän adamsam yz ýanyndan garahassalykdan ölüp gitdi, dört ýaşlyja naçaram maňa taşlap gitdiler... U-u-u... (Şumjaryp aglan bolýar.) Indem, ösdürip, kemala getirensoňam elimden aldylar... u-u-u-u...
Hanyň aýaly (ýerinden turup, Atamerediň aýalyna bir käse suw berýär-de adamsynyň gapdalyna geçip oturýar. Hana ýuwaş sesi bilen.) Gözlerinden ýeke damja ýaş çykaýsa nädersiň.
Atamerediň aýaly, Nurtäç (“nalyşyny” dowam edýär). Hudaý bardyr, öz çagalarymdan kem tutan däldirin, öz çagam ýaly iýdirendirinem, geýdirendirinem. Indem kesekiň gapysynda hor-homsy bolup ýör. O çagaň garnam doýýan däldir, häli görseň...
Meretgylyç han. Özüňizi tanyşdyryň we matlabyňyzy aýdyň.
Atamerediň aýaly, Nurtäç. Men Atamerediň aýaly, Nurtäç. O naçary yzyna—bize ugratsynalr. Bizden özge o naçara hossar çykjak, hak hossary biz.
Meretgylyç han. Düşnükli edip aýdyň: gürrüň kim barada barýar.
Atamerediň aýaly, Nurtäç. Wah, biziň gyzymyz, Ogulhesel jan barada. Halykguly arçyn bilen Kazy ikisi dil düwüşip, ol dilsiz-agyzsyz biçäräni elimizden alyp, aňyrsyna geçirip oturyberdiler. Indi hem, o çagany, bäş ýyl sergezdançylykda entäp gelen arçynyň ogluna dakjak bolýarmyşlar. Aý, näme, galyňa çykdajy etmeli däl.
Meretgylyç han. Meniň eşidişime görä, arçynyň edepli-ekramly, akylly-başly ogly barmyş, özem Hywaň medresesini gutaryp gelipdir.
Atamerediň aýaly, Nurtäç (ýaşmagyny düşürip). Ah-heý, ylym uranda-da bir akyl-huş bolarmy? Ýap gazyp bilmese, goşa öküzi kündä goşup başarmasa, alan ylmynyň puty bir şaý. Häli görseň, pil bilen kätmeniň tapawudynam bilýän däldir.
Hanyň aýaly. Biziň eşidişimize görä, Siz ony gyrnak hökmünde saklapsyňyz, urupsyňyz, sögüpsiňiz, mertebesini peseldýän sözleri aýdypsyňyz; hatda aç saklan günleriňizem bolupdyr.
Atamerediň aýaly, Nurtäç (ýerinden turup, elini daldaladýar). Töhmet, töhmet! Kim aýdýan hem bolsa, töhmet! Hudaý jan, bize şyltak aýdýanyň dili gurasyn!
Meretgylyç han. Diri gezip ýörkäm, golastymdaky welaýatyň raýatlaryny zuluma, zorluk-süteme ýol bermerin. Siziň hem şikaýatyňyza seljerip göreris, hakykatdanam aýdýanyňyz ugrunda bolsa, günäkärleriň çäresini göreris. Ýöne deslapky maglumatlara görä kazy adalatly höküm çykaran ýaly...
Atamerediň aýaly, Nurtäç (sesini gataldyp). Şerigatyň haýsy kanunynda ýazylgy, gyzlyga alan gyzyny öz ogluna nikalap berer ýaly?!
Meretgylyç han. Halykguly arçyn Ogulhesele “gyzym” diýip, ýüzlense-de, ol onuň atasy ýa atalygy däl, hossary. Onsoňam, kazyň çykaran höküminde: “wagtlaýynça, kämillik ýaşyna ýetýänçä howandarlyga berilýär” diýip ýazylgy.
Atamerediň aýaly, Nurtäç. Kazy bu hökümi ýalňyş çykarypdyr, işe täzeden seretsin.
Meretgylyç han. Kazy diýilýän adam ylymly-sowatly, müjtehide ýakyn adam, biz ýaly çalasowat däl. Ol netijelerini Kurany-Kerime, Hadysa we ulamalaryň ylmyna daýanyp çykarýar. Onuň çykarýan hökümlerine meň şek-şübhäm ýokdur we garşy gidip bilmen. Eger kazy ýazykly bolsa, ol öz günäsi üçin kyýamat güni Biribaryň öňünde jogap berer.
Atamerediň aýaly, Nurtäç (oturan ýerinden gaharly, batly, silkinip turýar-da gapa ýönelýär, çykyp barşyna hüňürdeýär). Bularyň bary syrtda-çat-a, bolmanda... (Elini gapyň tutawajyna ýetirende Hanyň aýaly sakalaýar.)
Hanyň aýaly. Öýden çykaňyzda ýanyňyza ýoldaş edinip erkek göbeklini alyp çykyň. Ogluňyz bor, doganyňyz bor, ýüwürjiňiz bor, ýanýoldaşyňyz...
Atamerediň aýaly, Nurtäç (gaharly, azm bilen, Hanyň aýalynyň sözüni bölüp). Özüm gowy biýän, maslahatyňa mätäç dal. Gaýdyp gapyňyzy görmejek bolaryn. (Çykyp gidýär.)

Baýyryň etegini etekläp oturan oba. Daň saz berip başlaýar. Gyzyl şapak saralyp başlaýar. Uzakdan jarçyň sesi gelýär

Jarçyň sesi: Ah-how halaýyk! Eşitdim-eşitmedim diýmäňler-le ha-a-aw! Ertir Halykguly arçyn ogluny öýerýändir-le, ha-aw! Toýa ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşa çenli erkeg-u-aýal-oglan-uşak çagyrylýandyr-la, ha-aw! Hemmäňiz toýa barmalysyňyz-la, ha-aw! Toý üç gün dowam etjekdir-le ha-aw! Toýda altyn gabak gapdyrylyp, göreş tutljakdyr-la, ha-aw; at çapdyrylyp, goç süsüşdiriljekdir-le, ha-aw; hersiniň öz baýragy bardyr-la, ha-aw! Bu toýa Hywadan, Buharadan, Türküstandan, Garagalpakdan, Sähradan hem arzyly myhmnalar geljekmişler ha-aw! Hemmäňiz toýa barmalysyňyz-la, ha-aw! ! Eşitdim-eşitmedim diýmäňler-le ha-a-aw!

Halykgulynyň öýi. Dabaraly görnüş. Bir gapdalda aşpez gazanlaryň başynda toý naharyny bişirýär. Orta ýaşly ýaşmakly aýal ýüzärlik tütedip ýör. Bir gapdalda gelinler çelpek ýapýarlar, her kim olaryň ýanyna baryp, gazana şaýlyk oklap, çelpek syryp gaýdýarlar. Toýa gelýän myhmanlar Halykguly bilen görüşip, toýuny gutlaýarlar. Dutaryň, gyjagyň sesleri gelýär, bagşyň aýdymy eşidilýär.

Birinji adam. Essalawmaleýkim Halykguly aga! Toýuň mübärek bolsun! Ýaş çatynjalar bagtly bolsunlar!
Ikinji adam. Essalawmaleýkim arçyn aga! Toýuňyz gutly bolsun! Toýuňyz toýlara ulaşsyn!
Üçünji adam. Essalawmaleýkim Halykguly aga! Toýuň mübärek bolsun! Ýaş çatynjalar bagtly bolsunlar!
Dördünji adam. Halykguly salawmaleýkim! Toý tutupsyň, gutly-mübärek bolsun! Gelen gelin gazygynda garrasyn!
Halykguly (toýa gelýän adamlar bilen görüşip, “Taňry ýalkasyn! Size-de Hudaý ýetirsin”diýýär). Myhmanlar töre geçiň! (Hydyr hajy bilen salamlaşýar.) Hajy aga, salawmaleýkim!
Hydyr hajy. Waleýkimessalam! Dostum, toýuň gutly bolsun! Biz-ä “Halykguly goşa toý tutýarmyşyn—hem ogluny öýerýärmiş, hem gyzyny çykarýamyş” diýip, eşitdik welin, jarçy “ogluny öýerýär” diýip, zowladyp ýör-le, how! (Gülýär.)
Halykguly (Hydyr hajyň gülküsine goşulyp). Hawa, dostum, hak. Saňa toý habaryny eltenlerinde dogry aýdypdyrlar. Men bu gün hem Orazguly jany öýerýän, hem “gyzym” Ogulhesel jany durmuşa çykarýaryn.
Hydyr hajy. Ýaşlar bagtly bolsunlar! Goç-goç ogullary, serwi boýly gyzlary bolsun! Ene-atalaryna, gaýynlaryna mährem bolsunlar! Omyn! (Aýalaryny galdyryp, doga okaýar. Goltugyndan iki sany düwünçek çykaryp, Halykgula uzadýar.) Me dostum, her toýuňa bir düwünçek—biri menden, biri ýeňňeňden.
[b]Halykguly.[/b] Taňry ýalkasyn dost! Size-de Hudaý ýetirsin! Ýör, myhmanalaň ýanyna baraly! (Gidýärler.)

Gelin-gyzlaryň bolýan otagy. Halykgulyň gyzlary we Ogulheseliň joralary. Gyzlaryň hemmesi toý lybasynda. Bir burçda Halykgulyň gyzlary Ogulheseli toý lybasy bilen bezäp durlar. Gyzlaryň käbiri pessaý sesleri bilen läle kakýarlar. Otaga Ogulnabat giýär.

Ogulnabat. Salam balalar! (Ogulhesel utanyp iki eli bilen ýüzüni ýapýar. Gyzlar: “Salam gelneje!”, “Salam daýza!” diýişýärler.) Toýuň hysyrdysy bilen, esasy zat ýatdan çykypdyr-a! (Sandygy içinden gyzyl kürte bilen bir taý bilezik çykarýar-da, bilezigi Ogulheseli goşaryna dakyp, kürtäni gupbaly başyna atýar. Ogulheseliň her ýaňagyndan ögşaýar.) Bagtly boluň, balalarym! (Gözüniň ýaşyny süpürip, gitjek bolýar.)
Nurnabat. Eje, hany bilezigiň beýleki taýy? (Dürnabat onuň böwrüne dürtýär. Nurnabat “Näme gyz” diýip, doganynyň eline kakyp goýberýär. Dürnabat Nurnabadyň gulagyna pyşyrdaýar, Nurnabat ylalaşýan ýaly, başyny atýar.)
Ogulnabat (ýylgyryp). O taýyny indi Orazguly janyň özi ýasadar.
Gyzlaryň birinjisi. Bu kürtäň owadandygyny!
Gyzlaryň Ikinjisi. Örän nepis keşdelenipdir! Muny bejermek üçin näçe aýlar gidendir.
Ogulnabat. Üç ýarym aý.
Dürnabat. Ejemiň öz toýuna tikinen kürtesi.
Ogulnabat (diňşirgenip). Gelnaljy gelýän ýaly-la—atlaryň güpürdisi duýulýar.
Dürnabat. Eje, bu aljyraňňy ýagdaýyňy “gyzyňy” äkitmäge alys ýerden gelen myhmanlar geň göräýmesin, çaltrak aýallaryň ýanyna baraweri! (Gyzlar gyzyl-gyran boluşyp gülüşýärler.)
Ogulnabat (gülkä goşulyp). Toýy sag-aman sowalyň balalarym! Men gideýin. (Çykyp gidýär.)
Oguljuma Ogulhesel, wiý... (Eginlerini gysyp, agzyny tutýar.) Gelneje, kürte saňa örän gowy gelişýär, sen öňkiňdenem has owadanlaşdyň! Saňa gözüm gidýä-dä!...
Nurnabat. Gözüňi degiräýme, “Tüweleme” diý! (Oguljuma üç ýola “tüweleme diýýär”.)
Nurjemal Ogulhesel, kürtäňi menem atynyp göräýeýin-dä, maňa nähili gelşerkä! (Ogulhesel oturan ýerinden gobsunýar. )
Dürnabat. Gyw, utanokmy?! Nobatyňa dur-da! (Gelin-gyzlar hezil edişip gülüşýärler. Daşardan erkek adamlaryň we zenanlaryň garyşýan sesleri eşidilýär.)
Oguljuma. Äkitmäge geldiler... (bir burçda oturyp aglaýar.)
Nurnabat (öz gözleriniň ýaşyny süpürip, Oguljumany köşeşdirýär). Goýsana jigim, Ogulhesel ýat ýere çykanog-a...

Gyzyl kürteli Ogulheseli gelinleriň biri egninden gujaklap, ýaş çatynjalar üçin gurulan täze ak öýe getiýär.

Ogulnabat. Ogulhesel jan öýe sag aýagyňy ätläp giräý! (Ogulhesel ýanyndaky gelin bilen içerik girensoň, onuň eginlerine iki elini goýup görüşýär.) Amanmy gelnim! Sag-aman geldiňmi? Töre geçäý!
Ýaş gelin. (halyň üstünde oturan ýerinden oýkanjyrap, aýnan bolýar). Bä-ä-ä. Men-ä öz ýerimi berjek däl
Zenanlaryň birinjisi. Turaý gyz! Myhmana törden ýer berilýär, ahyry.
Ýaş gelin. Turjak däl.
Zenanlaryň ikinjisi. Täze geline sylag-hormat edilýändir-ä!
Ýaş gelin. Bizem könelip baramzok. Sowgat bermeseňiz turjak däl.
Zenanlaryň üçünjisi (pul uzadýar). Me!
Ýaş gelin (uzadylan şaý puluň ýüzüne seredip, oturan halysynyň bir burçuna oklap goýberýär). Ýog-eý, muň üçin-ä gozganjagam däl. (Ýüzüni ters öwüren bolýar.)
Zenanlaryň dördünjisi (goltugyndan ýaglyk çykaryp Ýaş geliniň başyny daňýar). Me, al, nesip etsin! Toýda tozsun!
Ýaş gelin (hondanbärsirän, närazy kişi bolan bolýar). Ýeri, bolýa-da. (Ýerinden turup Ogulheseli gujaklaýar.) Ogulhesel jan alnyň-bagtyň açyk bolsun, jigim! Bagtly boluň! (Ogulheseli gujaklap öz ýerinde oturdýar.)
Ogulnabat. Hany, unly okara bilen ýagly golçany taýynladyňyzmy?

Sahnaň yşygy ýuwaş-ýuwaşdan öçýär. Perde. Sahnaň aňyrsyndan dutar-gyjagyň sesi bagşyň aýdymy ýaňlanýar


Oýunyň soňy

©Kakajan Balkanow

iýul 2023 ý
Bölümler: Teatr we kino sungaty | Görülen: 67 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202