Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:46
ÄLEM SALLANÇAGY ENÄŇ KALBYNDA (bir perdeli pýesa)
ÄLEM SALLANÇAGY ENÄŇ KALBYNDA

(bir perdeli pýesa)

Oýna gatnaşýanlar:

1. Halykguly, ýaş wagty 30-35, gartaşan döwri 50-60 ýaşlarynda.
2. Ogulnabat, Halykgulynyň aýaly, ýaş wagty 30-35, gartaşan döwri 50-60 ýaşlarynda.
3. Orazguly, Halykgulynyň ogly.
4. Halykguly aganyň gyzlary: Dürnabat, Nurnabat, Nurjemal, Oguljuma, Melek.
5. Ogulhesel, nowjuwan ýetim gyz.
6. Täçmuhammet—medresäniň ahuny, 50-60 ýaşlarynda.
7. Hydyr hajy—oba mekdebiniň mollasy, 40-50 ýaşlarynda.
8. Meretgylyç han, 40-45 ýaşlaryndaky, gara sakgal-murtly adam we onuň aýaly.
9. Medresäniň mugallymlary we talyplary.
10. Kazy.
11. Bazaryň satyjylary.
12. Atameret we onuň aýaly—Nurtäç.
13. Obaň adamlary.

Bahar pasly. Baýyrlar gyzylly-saryly gülällekli ýaşyl maýsa bilen örtülen, dagyň çür depesinden entek eräp ýetişmedik gar görünýär. Dagy etekläp oturan türkmen obasy. Ak öýler hatar tutup otyrlar, kä ýerde pagsadan gurulan jaýlar görünýär. Halykgulynyň öýi: ak öý; pagsadan salnan üç otagly jaýyň gapylary bärik bakyp dur. Bir gyrada dalbaryň aşagynda pagsadan ýasalan iki sany ojak, biriniň üstünde gazan atarylgy, ojagyň gyrasynda çaý gaýnadylýan tüňçeler hatara goýulypdyr. Bir gyrada dowaryň agyly bilen teblehana görünýär. Atyň kişňeýän we itleriň üýrýän sesleri eşidilýär. Halykguly ak öýüň tärimine arkasyny söýäp ýüp iýşip otyr. Hydyr hajy ardynjyrap gelýär.

Halykguly (iýşip oturan tanapyny bir gapdala goýup, ýerinden turup, ellerini donunyň syýyna çalyp Hydyr hajy bilen ikelläp görüşýär, olar üç gezek gujaklaşýarlar). Essalamu aleýkim, hajy aga! Gözüň aýdyň! Hoş gördük!
Hydyr hajy. Waleýkimessalam! Inim, sag-gurgun otyrmysyňyz? Öý-içerler amanmy, mallar tükelmi?
Halykguly. Hudaýa şükür! Haj parzyňy Alla kabul etsin!
Hydyr hajy. Taňry ýalkasyn! Size-de haj towabyny etmek nesip etgeý! (Ikisi bilelikde aýalaryny galdyryp doga okaýarlar.) Alty aýyň içinde oba üýtgäpdir, men gidemde bu pagsa jaýyň ýokdy. Toýly jaý bolsun! Ýaňy size tarap gelýärkäm, oglanjyklar aşyk oýnap ýören ekenler, şolaryň birini ýanyma çagyryp, “Sen kimiň ogly?” diýip, soranymda, (ýylgyryp) ol näme diýdi diýsene!
Halykguly (ýylgyrýar). Hä?
Hydyr hajy. “Öýde—ejemiň, daşarda—kakamyň” diýýär. (Gülýär.) “Adyň näme?” diýip soraýan, “Orazguly” diýýär; “Kakaň ady näme?” diýsem, ol: “Halykguly” diýýär; “Onda sen Halykgulyň ogly bolýaň-da” diýsem, “Hawa, daşaryk çykamda kakamyň ogly” diýýär (Gülýär.)
Halykguly (gülüp). Sen entek: “Ejeň bilen, kakaň bilelikde çagyraýsalar, haýsyna ilki ylgarsyň?” diýip soramansyň. Bir sapar daşarda oýnap ýören ogluma bir ýumuş buýurmak üçin çagyramda, öýden ejesiniň: “Orazguly jan, bärik gel oglum!” diýen sesini eşidip, maňa ýetip gelýän ogul hyrra yzyna öwrülmezmi. (Ikisi hem “hahaýalap” gülüşýärler. Gülkä pagsa jaýdan eli tüňçeli Ogulnabat çykyp, ýaşmagyň aşagyndan Hydyr haja salam berip, Halykgula tüňçäni görkezýär.)
Hydyr hajy. Amanmy, gurgunmy! Ýok, gelin, gyssanýan—çaý içip oturmaga wagtym ýok. Bereketiňiz artsyn! (Halykgula ýüzlenýär.) Häli, ikindiden soň bize barmaly, sadaka berýän. Meretgylyç han hem gelmeli. (Halykgulyň geňirgeneni duýup.) Hawa, hawa. Onuň wajyp bir işi barmyş, baraňda eşidersin. Garaşýan! Sag oturyň! (Gidýär.)

Hydyr hajyň öýi. Uzakdan oba metjidiniň şekili görünýär. Oba adamlary Hydyr hajy bilen görüşip töre geçip oturýarlar.

Meretgylyç han. Essalawmaleýkim eziz jemagat! Hydyr hajy ýaly keramatly Mekge-Medinä haj towabyny bitirmek hemmämize Alla miýesser eýlesin! (Sag tarapynda oturan çal sakgally ýaşula ýüzlenip.) Abdyrahman aga haýyr-doga ediň! (Çal sakgally ýaşuly aýalaryny galdyryp doga-dileg edýär, oturanlaryň hemmesi oňa eýerýärler.) Hajy agalara gelmänkäm ýüz ugruna Jumadurdy agany sorap geçdim, hemmäňize salam aýtdy. (Oturanlaryň hemmesi ýerli-ýerden “Aleýik salam” diýişýärler.) Halys egbarlapdyr, derdi agyr öýdýän—“Aýak ýoluna zordan gidip-gelýän” diýdi. (Oturanlaryň arasyndan: “Öňräkden bäri ýarawsyz, bende”, “Aý, hawa-la, “segsende märekä barybilmersiň diýipdirler-ä”, “Allaň Özi kuwwat bersin-dä” diýen sesler eşidilýär. Han ardynjyrap, käsesindäki çaýyny owurtlaýar.) Adamlar! Men siziň uzak wagtyňyzy alyp durmaýayn, geliň indi obaňyzyň arçynyny saýlalyň. Jumadurdy agaň rugsadyny sorap gaýtdym. Ol: “Kimi saýlasaňyz saýlaýyň. Men ilimden-günümden razy” diýdi. “Il agzy—keramat” diýipdirler, siziň teklipleriňizi diňläýjekdim.
Birinji adam (oturan ýerinden). Jumadurdy aga ýaly sahawatly, hoşgylaw, adalatly, päk ýürekli, gijesini gündiz edip obasynyň aladasyny edýän adam gerek-dä...
Ikinji adam (oturan ýerinden). Hem misginleriň, ýetimleriň howandary...
Üçünji adam (ýerinden turup). Adamlar bar şolar ýaly adam. Ynha, mysal üçin Gurbanmyrat baý. (Hemmeler nazaryny Gurbanmyrat baýa öwürýäler.)
Meretgylyç han. Ýeri, Baý aga, sen näme duýersiň?
Gurbanmyrat baý (ýerinden galkyp, daş-töweregine garanjaklaýar). Bizi sylan Alla sylasyn! Obamdan aýlanaýyn! Hudaýa şükür! Başardygymdan ata-babalarmyzyň gazanan at-abraýyny ýere salman gelýän, we kowumyňam şu ýoldan sowulman gitmegini herwagt dileg edýän. Inilerim, Meň bir aýagym çölde, bir aýagym öýde. Çöle, mallarymyň ýanyna baramda, gök maýsalykda agyp-dönüp ýören dowarlaryma nazarym düşende gözlerim dokunýar, eneleriniň yzynda bökjekläp ýören owlak-guzylary göremde agtyjaklam ýadyma düşüp, kalbym şatlykdan dolýar, ýigdelen ýaly bolýaryn. Meniň adymy “pylan baý” diýip tutanlarynda, buýsanjymdan depäm göge ýetýär. Meň malym köpelenogam, kemelenogam. Rysgalymy kemmän-kesmän berýän we mallarymy guş-gurtdan penalaýan Biribara sygynýan we dowarlarymyň baş sanyny saklap berýän çopanlaryma Alla kuwwat bersin! Şu güne çenli obamyň ody bilen girip, küli bilen çykdym: entäni goldadym, ejize gol uzatdym, sadakamy ýoksula bagyşladym, mätäje nan berdim, her ýyl zekatymy berdim—baýa mynasyp borçlarymy başardygymdan ýerine ýetirdim. Obamyň ilaty şular ýaly jogapkärli wezipäni maňa ynanýan bolsalar, men hem ýüz öwürsem, çatak iş etdigim bolar, eger-de siz bilen ylalaşsam öňküje rahat günümden dynyp, başymy gowga saldygym bolar. Mal-mülkimi dolandyrmaga wagtym bolmaz, rysgalym uçar we öňküje haýyr-sahawat işlerimden galaryn. Gardaşlarym, menden aýyp-syn görmäň, obada maňa görä has mynasyp adamlar hem bardyr.
Meretgylyç han. Hä-ä-ä, şeý diýsene. (Pikirlenip.) Onda, sen kimi maslahat bererdiň?
Gurbanmyrat baý. Han aga men “pylany” diýsem ýalňyşmagym mümkin. Adamlaryň içinde arçynlyga höweseklerem bar bolmagy ähtimal...
Dördünji adam (ýerinden turup gülümsireýär). Üstümden düşmänkäler öňünden gaçaýaýyn diýdim. Ynha meni alyp göreliň: men bir gezende, söwdagär-täjir adam. Söwdamyň küşat bolmagy üçin harydymy, malymy mahabatlamaly bolýan. Mahabat gabahat bolamasa-da, öz göwnüme munda az-kem galat bar ýaly. Iliň öňüne düşjek adam dogryçylrak bolmalymyka öýdýän. Onsoňam, men bir hepde öýde bolsam, bir aý obany terk edip gidýän, dolananymdan soň hem, döwlet iş-ä beýlede dursun, obamyň gatnaşyp bilmedik toýuna-ýasyna görünip ýetişsem zor boldugym. (Oturýar.)
Meretgylyç han. Ýene söz aýtjak barmy? Meýletin arçyn boljagyňyz-a ýok içiňizde. (Dymyşlyk.)
Üçünji adam (ýerinden turup). Adamlar, Söýün miraby saýlaýalyň-la! Mirap iki wezipäni hem başararmyka diýýän. (Adamlar ýerli ýerden: “Hawa, şol bolýar”, “Haý, üstünden rast düşdüň-aý!”, “Saýlajak bolsaňyz çaltrak saýlap dagalyň-laý!” diýişýärler. Han bir elini ýokaryk galdyrýar, gowur ýatyşýar.)
Meretgylyç han. Adamalar, onda näme, miraby saýlaýalyňmy?! (Oturan jemagat: “Bolýa-da-bolýa” diýip, gygyrýarlar.) Mirap aga, halk seni göwnejek ýaly-la. Özüň nähili pikirde?
Söýün mirap (oturan ýerinden). Obada müňden gowrak ekin ekýän hojalyk bar, bularyň hemmesine-de suw gerek. Ekinleriň köp suw içýäni bar, kada bilen içýäni bar. Daýhan bir ýyl bir ekin ekse, ikinji ýyl başgasyny ekýär, ana şonda daýhanyň ýüregi agyrsa, mirabyň kelleagyrysy gozgaýar. Düzgün boýunça, suw tutmak nobatyňda, ekiniň doýsun-doýmasyn, bir serkarlykdan başga mirabyň garyndaşy bolsaňam artyk paý berlenok. Öýlenen ýigidiň atasy, toýuň ertesi, täze çatynjalaryň yrsgalyny aýyrýanlygyny yglan edip, mellek, haýat alamk üçin arçyna ýüz tutýarlar, ana olary hem suw nobatyna goşmaly. Daýhan gyş aýlary az-owlak dem-dynç alsa, miraba bu hezillik nesip etmändir: noburyň haşalyny ýygdyryp, gazdyrmaga haşarçylary ugrukdyrmaly; mesene ýaby beýige galdyrtmaly. Ýyl gurak gelende-hä, mirabyň aladasy iki esse köpelýär: ene ýabyň suwyny tarazlap, deň-derman paýlajak bolup, öz obaň adamlaryna ýigrenji bolýaň. Ýyl ýagmyrly bolanda, bugdaý urydan agyp gidýär, gurak gelende bolsa, urbalyk un hem hylalla bolýar. Henizem, daýhanlaryň käbiri ätiýaç edip, düme bilen sürmeki ekýär, ýogsa, Hywa argyşa gidenleriň sag-aman dolanaryny diläp oturansyň... Men razylygymy berýäýemde-de, mirabyň ornuny tutjak kim bar? (Dymyşlyk.) Men özümi bilelim bäri halkyň hyzmatynda, kynçylykdan ýa jogapkärçilikden gaçýandyr öýtmäň, halk arçyn bol diýse arçyn bolaryn, kethuda bol diýse kethuda bolaryn, ýöne meniň düzgüne düzüp giden işimi dowam etdirip biljek adam tapsaňyz razylygymy bereýin. (Agyr dymyşlyk.)
Meretgylyç han (dymyşlygy bozup). Miraplygy başarjagyňyz barmy? (Dymyşlyk.) Ýok... “Baş bolmasa, göwre läş”. Obany arçynsyz-a goýup bolmaz. (Sag egnine öwrülip.) Abdyrahman aga Siz näme maslahat berýäňiz?
Abdyrahman. Bä-ä-ä... Men näme diýsemkäm janlarym... (Ünje batýar.) Obamyz baştutansyz galmaz, onuň gamyny iýmäň. Eger, siziň teklip eden adamlaryňyz razylygyny bermedik bolsalar, obada iň päkýürekli, ygrarly, diňe halal iýip-içýän, edepli-ekramly ýagşyzada maşgaladan doglan ýaş ýigidi kethuda saýlaň. Asylzadaň maşgalasynda önüp-ösen, ýagşy gylykly ata-enesiniň terbiýesini alan begzada kämilleşdigiçe ile ýaramly adam bolup ýetişer. Täze saýlanjagy arçynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek şerti bilen bir ýyllyk möhleti bilen saýlamaly. Belki, kethudanyň ornuna wagtlaýyn bellejegiňiz oňat adam bolup çykaýady. Käwagt wezipäň özi adamyň hüý-häsietini tämizläp, ony ýagşyzada öwürýän wagtam bolýar. Wagtlaýyn saýlanan, obadaşlarynyň ynamyna girjek bolyp, äk ýürek bilen, yhlasly işlär. Bir ýyl diýeniň derrew geçip gidýär, göwnüňize ýaramasa indiki ýyl has mynasyp adamy saýlaýmaly bolar. (Märekede gowur başlanýar: “Pylany ogly pylany”, “Oramuhammediň ogly Permanguly”, “Annamuhammet ogly Halykguly” diýişýärler; “pylany-da pylany boluşýarlar”.)
Meretgylyç han (ýylgyryp, Abdyrahmana seredýär). Abdyrahman aga, orta özüň tteklip okladyň, özüňem gap indi ony. (Gülýär.)
Abdyrahman. Meniň pikirimi diňleseňiz diňläň, emma, bu wajyp meseläni çözmeklik obadaşlarmyzyň ygtyýarlgyndadyr. Meň özüm-ä Annamuhammediň ogly Halykgulyny saýlardym.
Meretgylyç han (ýerinden turup). Adamlar! Abdyrahman agaň teklibi bilen razylaşýaňyzmy? (Märäkedäki adamlar: “Razy-da, razy” boluşýarlar.) Eger-de kimde-kim şu ýigidiň arçyn saýlanmagyna garşy bolsa, onda öz närazylygyny şu ýerden gitmänkä aýtsyn. (Dymyşlyk.) Onda, näme, täze arçynyňyz bilen gutlaýaryn! (Halykgulyny gujaklaýar.) Arçyn aga, wezipäňde abraý gazan!
Halykguly (aljyrap). Han aga, bu karar meni edil ýyldyrym uran ýaly etdi. Obama baştutan bolmaklyk düýşüme-de girenokdy. “Il oňlasa, atyňy soý” diýipdirler, başardygymdan ilime hyzmat ederin...
Meretgylyç han Bar inim, Alla ýaryň bolsun! Halkyň hyzmatynda abraý we üstünlik gazan! (Jemagat bolup ýagşy dilegli doga okaýarlar.)

Halykgulyň öýi. Halykguly, Hydyr hajy, Orazguly.

Hydyr hajy (Halykgula ýülenip). Arçyn aga! Ogluň meniň beren derslerimi özleşdirdi, öz bilýän zatlarymyň barjasyndan öwretdim. Orazguly örän zehinli ýigit, indi oňa uly ylym garaşýar, şonuň üçin bir döwletli maslahat etmek üçin seniň ýanyňa gelişim. Hywa medresesinde meň mugallymym we halypam, Täçmuhammet ahun talyplara ders berýär. Men oňa salamnama ýazdym, onda iň ukyply, düşbi we zehinli okuwçym, Orazguly hakda-da agzaýan. (Orazgula bir tagta kahyz uzadýar.) Orazgulyny Hywa ugradaýsak neneň görýäň?!
Halykguly. Hywa ýurdy bir ýakyn ýer hem däl, o taýda enesiniň öý-ä ýokdur, gujak açyp garşylaýjak ýakyn garyndaşymam ýok. Men ejesi bilen maslahatlaşyp göreýin..

Halykgulyň maşgalasy çaý başynda. Halykguly, Ogulnabat, Orazguly, Halykgulyň gyzlary.

Halykguly. Häli Hydyr hajy bilen maslahat etdik. Orazgulyny Hywa medresä okuwa ugradaýsak neneň garaýaňyz?
Ogulnabat (allaniçigsi bolup, ýakasyny tutýar. Gyzlar üşerişýärler ).Hiý... waý, kakasy, ýeke ogluňy nädip alys ýurda iberip biljek? Ogluň köp bolaýanda-da ýat ýerlere iberer ýalymy, bu döwür...
Orazguly. Eje, entek meni medresä kabul etjeklerem belli däl, öňünden synag barmyşyn, şondan geçseň talyp bolýaň-a!
Ogulnabat (gapdala). Synagdan geçirmäýetleri-dä. (Ogluna ýüzlenip.) O taýda kim seň eşikleriňi ýuwup bersin, kim naharyňy bişirisin?
Orazguly. Talyplar kirinem özleri ýuwýarlar, naharlarynam özleri bişirýärler.
Ogulnabat. Wah, balajygym, ömür görmedik görgüleriňi görjek-dä! (Şumjarýar.)
Halykguly. Ýeri-ýeri...Seň ogluň lellim däl-ä kynçylyk çeker ýaly. Ýa, biz ony läliksiretdikmi, nä?!
Dürnabat. Eje darykmasana, diňe seň ogluň däldir-ä okuwa gidýän, dört-bäş ýyldan okuwyny tamamlap, alym bolup geljegine begen-dä, gaýtam.
Ogulnabat (içini çekip). Hiý!.. Dört-bäş ýyl!!!
Nurnabat. Jahan gezer, ýurt görer, dünýägaraýşy giňär.
Halykguly. Indiki hepde şu taýdan Hywa tarap kerwen geçjekmişin. (Orazgula ýüzlenip.) Şaýyňy tutuber! (Ogulnabat aglamjyraýar. Halykguly aýalyna alarylyp seredýär-de, öýden çykyp gidýär.)
Oguljuma (Orazgula ýüzlenýär). Däde, geleňde maňa hyna bilen hünji getiräý-dä! (Ony Nurjemal hürsekleýär.) Wäk-le...
Orazguly. Bor jigim, hökman getirerin. (Jigilerine ýüzlenip.) A size näme getirip bereýin? (Olar ýerli-ýerden:“Özüň sag-aman gelseň bolýar” diýişýärler.)

Halykgulyň öýi. Halykguly, Ogulnabat, Orazguly (bezemen geýinen, egni horjunly), Halykgulyň gyzlary. Obaň adamlary.

Birinji adam. Orazguly, inim sag-aman baryň!
Ikinji adam. Hywa iline salam aýt!
Üçünji adam. Orazguly atyňy hem münüp gidýäňmi?
Orazguly. Hawa. Birek-bireksiz içimiz gysarmyka diýýän. Birden synagdan geçmän, yzyma gaýtmaly bolaýsam, ulagsyz kösenmez ýaly, Çapary hem äkidäýeýin diýdim...
Ikinji adam. Çapar gitse, toýlarda oba baýraksyz-a galar-ow...
Birinji adam. Bar guwanjymyzdy-da...
Üçünji adam. Arçyn aga, gelneje! Ogluňyz sag-aman gidip gelsin! Ile ýaramly adam bolup ýetişsin!
(Aýalaryny galdyryp, dileg-doga edýär.)

Kazynyň huzury. Erkek adamlar bir gyrada, perenjeli, topbuly, agyzlary ýaşmakly aýallar bir gyrada otyrlar. Kazy Kätibi bilen ortada otyrlar.

Kazy. Essalawmaleýkim jemagat! Bismillahy Rahman Rahym. (Aýalaryny galdyryp, doga okaýar). Eý, Taňrym! Sen ähli zadyň Ýaradyjysy we Şaýadysyň! Bu jedelli işi adalatly çözmäge maňa kuwwat ber we Özüň şaýat bol! (Kätibe ümleýär.)
Kätip (ýerinden turup, gaty sesi bilen, elindäki kagyzy okaýar). Ogulhesel Durdynazar gyzynyň arz-şikaýatyna seredilýär. Özüniň aýtmagyna görä ,“Bars” ýylynda doglanmyşyn, eger, şu ýyldan yzyna hasaplasak, onda bu nowjuwan gyz on dört-on bäş ýaşlarynda bolmaly. Ogulhesel ümbilmez çagaka ene-atadan mahrum bolup, ýetim galýar. Bu çagaň ýakyn garyndaşy bolmansoň daşkyrak garyndaşy howandarlyga alýar. Ýetim galan döwri ene-atasyndan näme miras galanyny anyklap bolmady. Goňşy-golamlarynyň aýtmagyna görä bu ýetim gyzyň “howandarlaryndan” gören güni ýokmuşyn, olar ony gyrnak we hyzmatkär hökmünde saklanmyşlar. Goňşylary çaganyň wagtal-wagtal: “Waý eje...”, “Ýüzüme urmaý-da” diýen agyly nalyşlaryny hem eşidenmişler. Üç gün mundan owal bolsa, bu gyz haraý isläp, kazyhana gaçyp geldi we şondan bäri kazyýetiň golastynda we goragynda saklanýar.
Kazy (zenanlara tarap öwrülip). Ogulhesel Durdynazar gyzy! (Ogulhesel ýerinden turjak bolýar. Kazy, elini salgap,“otur” diýýän manyly.) Oturyberiň! Siz Ogulhesel Durdynazar gyzymy?
Ogulhesel (çekinjeňlik bilen). Hawa... hormatly...merhemetli kazy...
Kazy. Maňa “tagsyr” diýip ýüzlenäýiň. Berilýän soraglara dogry, takyk jogap bermeli. Bilmeýän ýa-da ikirjiňlenýän zatlaryňa “bilemok” diýmeli ýa-da jogap bermeseňiz hem bolýar. Düşündiňizmi?
Ogulhesel (özüni dürsäp). Hawa, tagsyr.
Kazy. Ataňyz-eneňiz barmy?
Ogulhesel. Ýok, men ir, kiçijikkäm ýetim galdym.
Kazy. Şu wagta çenli nirede we kimlerde önüp-ösdüňiz?
Ogulhesel. Nurtäç daýzamlarda, Atameret daýymlarda.
Kazy. Kaza ýüz tutmagyňyzyň sebäbini düşündiriň.
Ogulhesel.(aglaýar). Meni halamaýan adamyma durmuşa çykarjak bolýarlar...
Kazy. Hany köşeşiň! Kim ol adam?
Ogulhesel. Ilerki obadan, Geldimämmet baý diýýärlermiş.
Kazy (ilki erkeklere soň zenanlara ser salyp). Ogulhesel Durdynazar gyzynyň howandarlary we Geldimämmet baýyň tarapyndan adam barmy?
Atameret (ýerinden turup). Men keýwanym bilen geldim.
Kazy. Eger ýalan sözleseňiz, kyýamat güni dowzahyň oduna daglanjagyňyzy bilýäňizmi?
Atameret. Hawa, tagsyr.
Kazy. Aýalyňyz ikiňiziň üstüňize ýüklenýän aýplary tassykalaýaňyzmy, ýa inkär edýäňiz?
Atameret. Aý,tagsyr, bu ýerde ullakan bir bolan zat ýok-la. Ýetişen gyzdyr-da, bagty açylan güni göçüribermelidir-dä.
Kazy. Siz soraga jogap bermediňiz. Kämillik ýaşy ýetýänçä, size amanat goýlan ýetim gyzy urduňyzmy-sögdüňizmi, aç-hor sakaladyňyzmy, kemsitdiňizmi?
Atameret. Ýok tagsyr.
Atamerediň aýaly, Nurtäç (zenanlaryň arasyndan agyly sesi bilen). Ogulhesel jany öz çagalarymdanam eý saklandyryn, bir guşuň süýdini iýdiren däldirin we oňa bagtly durmuşy arzuw edip geçendirin. Ynha-da: ýagşylyga—ýamanlyk. (“Ö-ö-ö-ö” edip, zörledip aglaýar. Agysyna biraz dygy berip.) Aýtdylaram-la, “gurt çagasyndan ekdi bolmaz” diýip, men bir garabagt aýal ekenim... (“Ö-ö-ö-ö” edip, ýene zörledýär.)
Kazy. Daş çykyň, köşeşensoňyz geleýäýiň! (Iki zenan Atamerediň aýalynyň her goltugyna girip, daş çykýarlar. Ogulhesele ýüzlenýär.) Ata-eneňden, ýa başga kowum-garyndaşlaryňdan miras galan nämäňiz bar?
Ogulhesel. Bilemok, tagsyr.
Kazy. Hiç kimiň ýok bolsa, ýene Atameret daýyňlarda ýaşajakmysyňyz?
Ogulhesel. Ýok.
Kazy. Bor, siz erkek bolan bolsaňyz, onda kesekiň gapysynda hammalçylyk, talabançylyk bilen hem günüňizi görerdiňiz, ýöne Siz gyz maşgala, hökman biriniň garamatynda bolmaly.
Ogulhesel. Men olarda ýaşajak däl, meni o taýda urýalar... (Agalaýar.)
Kazy (Atamerede ýüzlenýär). Şu gyzyň Sizde algy-bergisi barmy?
Atameret (Daş-töweregine seredýär). Aý, ýok-la...
Atamerediň aýaly Nurtäç (Daşardan gygyrýar). Ýetimdede bir mal-mülk bolarmy?! Bize gelende sopbaş geldi, ýuwup-artdyk, daşyny doladyk, bezedik-besledik—gyzjagaza meňzetdik. Oň bizde algysy ýokdur; bergisi kändir.
Kazy (Hemleli Atamerede ýüzlenýär). Takyk jogap beriň: algysy, bergisi barmy?
Atameret (Aljyraýar, daşaryk göz aýlaýar, pessaý sesi bilen). Bilemok, tagsyr... (Başyny sallaýar.)
Ýetginjek ýigit (Zenanlaryň ýanyna baryp, Kaza tarap ýüzüni öwürip durýar—da, “terjimelik” edýär). Gelnejem aýdýar: Ogulheseliň ejesiniň gülýakasy,”Gyzym durmuşa çykanda geýer” diýip, niýetläp goýan, gelin bolup gelende geýen gupbasy bolmaly; kakasynyň gylyjy, hanjary, horjuny... (Ogulhesel horkuldap aglaýar. Gapdalynda oturan zenanlar gyzyň arkasyny sypalap, köşeşdirjek bolýarlar, ol eginlerini silkişdirip, “Wah ejem jan, ejem jan...” diýip, aglamasyny dowam edýär.)
Kazy. Geldimämmet baýyň tarapyndan adam barmy? [i](Baýyň wekili erkek adamlaryň arasynda oturan ýerinden turup, “Men” diýýär.)[/i] Siziň adyňyz we baýa degişli garyndaşlygyňyz?
Baýyň wekili. Baý aga ýarawsyz bolup gelip bilmedi, ornuna meni iberdi.
Kazy. Özüňizi tanyşdyryň.
Baýyň wekili. Gylyçmyrat Atagurban ogly, baý agaň attutary.
Kazy. Geldimämmet baý näçe ýaşlarynda?
Baýyň wekili. Baý aga birki ýyllykda, baýry aýaly barka, “bir garyn bilen bir müçän-ä arka atandyrys” diýip ýördi.
Kazy. “Aýaly barka” nähli düşünmeli?
Baýyň wekili. Baýyň baýry aýalynyň dünýeden gaýdanyna alty aý geçendir.
Kazy. Häzir ol aýalsyzmy?
Baýyň wekili. Ýok tagsyr, ikinji aýaly bar.
Kazy. Deslapky we ynamadar maglumatlara görä, mazlum çaganyň ýalan sözlemeýänligi anyklanyldy we onuň görkezmelerini, goňşylarynyň düşündirişlerini göz öňünde tutup, (Kätibe ümleýär, ol eline döwet-galam alyp ýazyp başlaýar.) höküm çykarýaryn: Merhemetli we Rehimdar Beýik Allanyň ady bilen. Ogulhesel Durdynazar gyzyny Atameret Aşyrmämmet oglunyň maşgalasyndan aýyryp bitarap maşgala howandarlyga bermeli. Onuň ata-enesinden, özge çeşmelerden galan malyny-mirasyny, şol sanda girewe goýulan mirasyny, şahsy emlägini hak eýesine gaýtaryp bermeli. (Barmagyndaky ýüzügi çykaryp, syýadana batyryp, höküme möhür basýar. Oturanlara ýüzlenip.) Eziz jemagat! Araňyzda ýetim gyza howandar çykjagyňyz barmy?
Hydyr hajy. Men!
Gurbanmyrat baý. Men!
Halykguly. Bu gyzy bize beräýiň! (Ýylgyryp.) Öň dört gyzym bar, Ogulhesel bäşinjim bor-da.
Kazy. Siziň “bolýar” diýeniňiz bilen bolaýýarmy. Öýüňize baryň, ýanýoldaşlaryňyz bilen maslahatlaşyň, ondan daşary gyzyň öz razylygyny hem soramaly...
Halykguly. Maslahatlaşylan ýaly. Ogulnabat ikimiziň pikirimiziň henize çenli çapraz düşen wagty ýok.
Kazy. (Ogulhesele ýüzlenýär.) Gyzym, başga maşgalada ýaşamaga razymy?
Ogulhesel (Gözýaşyny süpürip). Hawa.
Kazy. Şu agalaň haýsysyny rowa görýäň?
Ogulhesel. Halykguly agaň gyzy Nurnabat meň joram, şolarda bolaýaýyn?
Kazy. Bolar, gyzym. (Halykgula ýüzlenip). Arçyn aga, bäşinji “gyzyň” jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun; alny-bagty açyk bolsun! (Aýalaryny galdyryp doga okaýar.) Eý, Allahym, Halykguly agaň özüni, maşgalasyny Öz penaňda saklap, hak we ak ýoldan ýöredip, beladan-beterden, şeýtanyň alyndan gorap, maksat-myratlaryna ýetmäge we rysgally-döwletli, asuda-parahat durmuşyň haýryny görmäge ýardam et! (Hemmeler ellerini ýüzlerine sylýarlar.) Sag boluň adamlar, ýagşy dilegde boluň! (Jemagat dargaýar. Daşardan zenanyň gaharly sesi eşidilýär.)
Atamerediň aýaly Nurtäç (daşardan gygyrýar). Saňa beren nanym, beren duzum haram bolsun! Saňa eden ýagşylyklarym üstüňe lagnat bolup dökülsin...
Atameret (daşardan gygyrýar). Sem bol, heleý, öz gargyşyň özüňe siňmänkä!..

Hywa şäheri. Perspektiwada şäheriň kerpiçden salynan ymaratlary görünýär. Azan sesi eşidilýär. Medrese. Hüjrede Täçmuhammet ahun bilen Kätip otyrlar. Orazguly.

Orazguly (gapydan girip). Essalamu aleýkim!
Täçmuhammet ahun (ör turup, ikelläp görüşýär). Waleýkimessalam! Hoş gördük! Ýagşy ýigit, töre geçiň!
Orazguly (Kätip bilen salamlaşyp bolanyndan soň). Ahal ilinden Size salam ýolladylar. [i](Horjunyndan salamnamany çykaryp, ahuna uzadýar.)[/i]
Täçmuhammet ahun (sellesini birneme ýokary süýşürip, haty üç ýola maňlaýyna degiriýär.) Aleýik salam! (Ýylgyryp.) Bu namany kim ýollady?
Orazguly. Siziň uçurymyňyz, Hydyr hajy Gurbanmyrat ogly.
[b]Täçmuhammet ahun.[/b] Tüweleme! Tüweleme! Hydyr jan haj parzyny hem berjaý edipdir-dä! Tüweleme! Alla kabul etsin! Keramatly Mekge-Medinä ýene gitjekleriň ýoluny ak etgeý! (Aýalaryny galdyryp, doga okaýar. Haty ýene bir gezek öpýär-de, Kätibe uzadýar.) Me, köşek, ýygşyraý, soň okaryn, ýatladaý! (Orazgula ýüzlenip.) Oglum, seň adyň näme?
Orazguly. Orazguly Halykguly ogly.
Täçmuhammet ahun. Haçan geldiň?
Orazguly. Düýn.
Täçmuhammet ahun. Iýip-çdiňmi? Ýatyp ukyňy aldyňmy? Dynjyňy aldyňmy?
Orazguly. Hawa, tagsyr.
Täçmuhammet ahun. “Soraýar” diýme, aç-suwsyz bolsaň, çekinme-de aýdyber, häziriň özünde naharlarys (Kätibe seredýär, ol ýerinen galkaýr-da, başyny egip durýar.)
Orazguly. Ýok, tagsyr. Men naharly. Bereketiňiz artsyn! Siziň myhmanhanaňyz oňat naharlaýar. Düýn teblehanada atymma-da ýer tapyldy.
Täçmuhammet ahun. Sen meni bagyşla, köşek. Meň morta soraýmak häsýetim bar. Asla, seň habaryňy üç gün myhman alyp şondan soň almalydym welin, örän ynamdar adamdan salamnama getirensoň, düzgüni bozaýamda-da, Alladan günämi geçmegi towakga ederin, enşalla. Hawa, Hywa näme maksat bilen geldiň?
Orazguly. Bilimimi artdyrmaga we älem, şerigat ylymlaryny özleşdirmäge.
Täçmuhammet ahun. Hem-de edepli-ekramly ýagşyzada ynsan bolup ýetişmek üçin. Şeýle dälmi?
Orazguly. Hawa, tagsyr.
Täçmuhammet ahun. Medresäň talyby bolmak üçin, synag tabşyrmalydygyny öýden gaýtmankaň düşündirdilermi?
Orazguly. Hawa, tagsyr.
Täçmuhammet ahun. Hä-ä-ä. Birdenkä synagdan geçmäýen ýagdaýyňda, ulagsyz kösenmez ýaly, bedewiň bilen bileje gelipsiň-dä?! (Loh-Lohlap gülýär. Orazguly aljyrap, söz tapman, dymýar.) Köşek, Kätibiň ýanyna baraý!
Kätip (pessejik stoljugyň çekerinden bir tagta kagyz çykaryp uzadýar-da döwet-galamy öňüne süýşürýär). Adyňyzy, ataňyzyň adyny, ýedi arkaňyzy, eneňiziň adyny, ýaşaýan obaňyzyň we kethudaňyzyň adyny ýazyň! (Orazguly ýazyp bolansoň, haty ahuna berýär.)
Täçmuhammet ahun (Orazgulyň ýazan hatyny gözden geçirip durşuna). Tüweleme! Örän owadan hat! Hatdat ekeniň-ä! Ýeke ýalňyşam ýok! Tüweleme! Şu gün synag tabşyrmaga taýynmy?
Orazguly. Hawa, tagsyr.
Täçmuhammet ahun (Kätibe ýüzlenip). Synag alýan mugallymlara habar et! Ikindiden soň ýygnansynlar (Kätip başyny egýär.)

Medresäniň hüjresi. Täçmuhammet ahun, Kätip, Orazguly we medresäniň mugallymlary.

Kätip (elindäki kagyzy okaýar). Orazguly Halykguly ogly. (Orazguly ýerinden turýar.)
Täçmuhammet ahun (elindäki kagyzy synag alýan mugallymlara—eminlere uzadýar). Hormatly eminler! Ynha, Orazgulyň ýazan haty, tanyş bolsaňyz. (Eminler hat okap, bir-birlerine geçirýärler.) Baş üstüne! Soraglaryňyzy beriberiň!
Birinji emin. Hat-a owadan ýazýan ekeni. Ýagşy ýigit, Magtymgulynyň bir şygrynda “Bir atada alty ataň soýy bar” diýýär. Bu şahyryň näme diýdigi bolýar?
Orazguly. Akylddar bu ýerde adam nesliniň ýedi arkasy barada we ol daragt diňe erkek adamlaryň hataryna degişlidir.
Ikinji emin (elindäki kagyzy okaýar):

Hak halar ýumşak bol, ýoluň saýgara,
Aklary ak, garany hem saý gara!
Säher deý ýakymly bolmak isleseň,
Hurşyt deýin, barçalara deň gara!

Bu rubagy kimiňki?
Orazguly. Mäne Babaňky.
Ikinji emin. Tefsir edip beriň.
Orazguly. Biribaryň halaýany ýüregi ýumşak ynsanlar. Ýagny, asylly, mähirli, päkýürekli bolsaň durmuş ýolunda özüňe kybapdaş adamlary özgelerden saýlap, agy-garany tanarsyň. Hemmeleri mähriňe, edil hurşydyň (Günüň) şöhlesi kimin deňje çoý diýýär.
Üçünji emin. Bu şygyryň yzyny dowam etdiriň:
Bir ýolda günä bar, bir ýolda sogap,
Orazguly:
Bir ýolda günä bar, bir ýolda sogap,
Arasatda senden istärler jogap,
Halala hasap bar, harama—azap,
Şeki ýokdur, ýada salgyn bu işi.
[b]Täçmämmet ahun.[/b] “Arasat” bolanda näme bolýar?
Orazguly. Arasat— kyýamat günündäki magşar meýdany, adamlaryň ýalançy dünýäde eden işleri barada soraljak meýadany. Magtymguly bu barada ýene bir goşgysynda ýatladýar:
Bir ýandan sogap bar, bir ýandan jowap,
Bir ýandan ataş bar, bir ýandan azap,
Bir ýandan mizan bar, bir ýandan hasap,
Eden işiň bir-bir sorlar ýaranlar.
Birinji emin. Şu rubagyny dowam etdiriň:
Ynsan umytdadyr—göge äňeder...
Orazguly.
Ynsan umytdadyr—göge äňeder,
Ýoldan çykar, ýola girer täzeden,
Seni gözläp sejde kylar subhy-şam,
Kimler buthanada, kimler Käbede.
Nejmeddin Kubra
[b]Täçmämmet ahun.[/b] Akyldaryň “subhy-şam” diýmesi näme?
Orazguly. Günüň dogup ýaşýan wagtyna çenli, Magyp-Maşryk aralykda ýaşaýan adamzat Allataga sejde kylýandyr, kimsi metjitde, kimsi Käbede, kimsi öz buthanasynda.
Täçmämmet ahun. Zekadyny mätäje bagş eden barly adam üstünmidir, ýa zekady alan garyp?
Orazguly. Tagsyr, olaryň ikisiniň hem Ýaradanyň gullary bolanlygy sebäpli, ynsanlyk mertebesi ikisiniňki hem deň derejededir. Şonuň üçin olar bir-birinden hem-ä üstündir hem-de pespäldir. Olaryň pespälligi— ikisi hem Allanyň öňündäki borjuny ýerine ýetirýändirler, ýagny bir-ä pespällik bilen artan malyndan gypynç etmän berýär, beýlekisi bolsa gedemlik etmän şol maly alýar,çünki baýyň malynda ýoksulyň göniden-göni paýy bardyr. Allanyň razylygyny gazanmak niýeti bilen, Onuň permanyny ýerine ýetirýänlikleri üçin, olaryň ikisi hem bir-birinden üstündirler.
Täçmämmet ahun. Berekella!
Ikinji emin. Medresede hyzmatkär ýokdur. Ähli işleri talyplaryň özleri edýäler. Nähili işleri başarýaňyz?
Orazguly. Men işden gaçýan adam däl. Eşigimi ýamap bilýän, kir ýuwmany, nahar bişirmäni öwrendim
Üçünji emin. Kimden?
Orazguly. Ejemden.
Ikinji emin. Ataňyz barmy?
Orazguly. Hawa.
Ikinji emin. Ondan näme öwrendiňiz
Orazguly. Göreş tutmany, eýeriň üstünde oturyp gylyçlaşmany, at seýislemäni, künde bilen ýer sürmäni, asmandaky ýyldyzlary...
Täçmämmet ahun. Ýagşy. (Orazgula ýüzlenip.) Bar oglum, sen hüjräňä baraý! Synagyň netijesini habar bererler. Eger-de talyplyga kabul ediläýseňiz, atyňyzy oba ibermekligiň aladasyny ediň. Hem okuw okamak, hem atyňa seretmek—ikisi aňsat düşmez. Ýagşy bedewi seýislemek—edil suw ýaly çaga sereden ýal-a.
Orazguly (Baş egip). Bolýar, tagsyr. ( Çykyp gidýär.)

Medrese. Talyplaryň ýaşaýan hüjresi. Täçmuhammet ahun Orazgulyň hüjresine gelýär. Orazguly okap oturan kitabyny ýüzüne ýapyp ýatyr. Täçmuhammet ahun ardynjyrap hüjrä girýär.

Orazguly (ýüzündäki kitaby bir gapdala goýup, laňňa ýerinden galýar we baş egip durýar). Essalawmaleýkim halypa!
Täçmuhammet ahun. Waleýkimessalam! [i](eliniň yşaraty bilen oturmagy düşündirýär. Orazguly oturansoň, özi onuň gabat garşysynda oturýar.) [/i]Sapaklaryňa ýetişýärmiň?
Orazguly. Hawa.
Täçmuhammet ahun. Ukydan doýýarmyň?
Orazguly. Hawa.
Täçmuhammet ahun. Nahar-çaýdan hor bolýan dälsiň-ä?
Orazguly. Ýok, tagsyr.
Täçmuhammet ahun ( Orazgulyň ýüzüne siňe seredip, köp manyly). Hä-ä... Okap ýöreniňe näçe aý boldy?
Orazguly (biperwaý). Ýedi...
Täçmuhammet ahun. Oglum, soňky iki hepdäň içinde sussuň pes görünýär, horlanypsyň; ýüzüň saralyp gidipdir. Oglanlar bilen göreş tutmaňy goýduň. Saňa näme bolýar? Ýaraňokmy?
Orazguly (keýpsiz). Ýok...
Täçmuhammet ahun (ýylgyryp). Ýurduňda magşugyň galdy, şony küýseýäň?!
Orazguly. Ýok, tagsyr.
Täçmuhammet ahun. Atyňy alada edýäň?
Orazguly. Ýok. Çaparym argyşçylar bilen sag-aman öýe gowşupdyr.
Täçmuhammet ahun. Ejeňi, kakaňy, jigileriňi göresiň gelipdir, hä?! (Orazguly sesini çykaranok, ahunyň soragyny jogapsyz goýýar.)
Orazguly. (biraz salym dymansoň).Tagsyr, Watanymy küýseýän... Şoň içinde ejemem, kakamam, jigilemem bar (Uludan dem alyp, dymýar.)
Täçmuhammet ahun. Häliden bäri şu sözleriňi eşitjek bolup otyrdym, ahyry ýaryldyň. Talyplaryň at goýan “watanküýsenç keseli” bilen hemme kişi keselläp görýär. Hawa, biz erkegem bolsak ýüregimiz enelermiziň ýüregi ýaly ejizleýän wagty bolýar. Özümem başymdan geçirdim. Indi sabyr et oglum, bu wagtlaýyn göwniçökgünlik tiz aýrylyp gider.
Orazguly (gözüniň ýaşyny süpürip bolup). Sag boluň, halypam! Minnetdar.
Täçmuhammet ahun (ýerinden turup, gitmekçi bolýar. Orazguly hem ýerinden turýar.) Bolýar, hoş oglum! “Müň gaýgy bir iş bitirmez” diýipdirler. (Gapydan çykyp barýarka, yzyna gaňrylyp, ýylgyrýar.) Dersleriň ählisini doly özleşdiren, özlerini göreldeli alyp baran talyplary bir aý-iki aý öýlerine görme-görüşe-de ugradýas.

Medrese. Täçmuhammet ahun, mugallymlar, Orazguly talyplaryň arasynda

Täçmuhammet ahun. Köşeklerim! Siz bäş ýylyň içinde ylmy-hal we ylmy-kal ugurlaryndan derslerri mazaly özleşdirdiňiz, edep-ekramalaryňyzy kämilleşdirip, uly adam bolup ýetişdiňiz.
Goçaklarym, akyllylarym! Siz Biribaryň bendesi bolup, Oňa wepaly bolşuňyz ýaly, eneňiziň-ataňyzyň, Watanyňyzyň gulusyňyz we wepadarysyňyz. Ynha, birnäçe hepdeden, öýüňize, Watanyňyza dolanarsyňyz. Hergiz haýyr-sahawat işler hakydaňyzda bolsun, ýetimlere howandar çykyň, entäne söýget beriň! Watan goragyna döşleriňizi gerip çykyň, eziz Watanyňyz üçin janyňyzy gaýgyrmaň! Halkyňyza päk ýürek bilen hyzmat ediň! Ýoluňyz ak, ýoldaşyňyz Hak bolsun! Sag-aman baryň!

DOWAMY BAR

©Kakajan Balkanow
Bölümler: Teatr we kino sungaty | Görülen: 66 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 1.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202