Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:58
Eger seni söýmedik bolsa

EGER SENI SÖÝMEDIK BOLSA

Şahyr Bibi Orazdurdyýewa üçin

“Seniň söýgiň gurşundanam agyrrak”
Atamyrat Atabaýew
(“Seniň söýgiň”)


Ýaş ýürekler eräp süzülmezdi hiç,
Ak kagyza iki beýt çyzylmazdy hiç,
Guýma gurşun duýgyň yrylmazdy hiç,
Atamyrat çyn ýürekden söýmedik bolsa.

Poeziyadan özgä gul bolarmydy,
Öz öýünden başga ýerde garbanarmydy,
“Hökümdar” körpäňden gabanarmydy,
Eger seni çyndan söýmedik bolsa.

Ýary gije gapyňy kakarmydyk biz,
Törüňize arkaýyn geçermidik biz,
Noýbalyja unaşyň içermidik biz,
Ýeňňe, agam seni söýmedik bolsa.

Söýgi hakda ýazdy birnäçe kitap,
Seni hem taryplandyr şetdatdan şetdat,
Meger, goşgy ýerne görerdiň hupbat,
Eger seni çyndan söýmedik bolsa.

Gyz-gelni taryplap ýazsa-da şygyr,
Ondan ikilik çykmaz, hiç eger-eger,
Ýogsa, tapylardy bir arabozar,
Eger seni çendan söýmedik bolsa

Dostlary bolarmydy şeýle sypaýy,
Çagalaryň bormudy şeýle wepaly,
Ömrüňiz geçermidi şeýle sapaly,
Eger ol seni çyndan söýmedik bolsa.

Indi ol ýaş oglan däl, sen hem nowjuwan,
Söýgiňiz alawlasyn dowamat dowam,
Ol ne Şahyr bordy, sen ne şahyr zenan,
Eger ol seni çyndan söýmedik bolsa.

© Kakajan BALKANOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 76 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 3.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202