03:46 Gözleriñ ýakyn.. | |
GÖZLERIŇ ÝAKYN.. Indi nädip söze sygnyp gezeýin?!. Sözlerem güýjüni ýitirdi, hakyt! Eý, meň bar-ýok ýerlermiň bezegi, Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn! Sözleriň — sallançak, sesiňem hüwdi. Aňymda-da görülmedik düýş ýatyr… Men, hatda, şolardan geçipler diýdim: — Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn! Ýok, ýok, sen aýdyber, sözem bir sungat. (Ynansyn, gözlerňi görmedik pakyr). A men pyşyrdaryn, bar bolsa gurbat, “Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn…” “Iki dag” diýerin, ýa “iki ada”… Hem o dünýä, hem bu dünýä deňärin. Olar meni ýaňra etmese-etmez, Ýöne olar köp ýazdyrar, sebäbi — Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn. Iki sany deňiz ýakyn – dup-dury. Ol deňizleň birje tolkunna degmez, Çekimli-çekimsiz sesleň gopguny!. (с) Aýgül GARAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |