Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:32
Ak goşgy
AK GOŞGY

Nirede sen?
Sesim eşderdenem alysdamyñ ýa?
Ýa joram aýtmyşlaý halys
"Ýalñyş ýerde, ýalñyş wagtda..."
(Wah, ol beýem diýmändi-le.
Gödegräk aýtdy dogrusy)

Nirede sen?
Setirlerim mätäç ýaly
Hut senden geljek ylhama.
Geñem görünäýýärmi ýa,
Yhlasym çyr-çytyr edip,
Ylham ugrunda ylgamak.

Bilýäñmi, indi dünýäde
Ýaşamak kyn umytlaryñ
Gutarjak - gutarjagynda.

Wiý, aýtmak ýatdan çykypdyr
Töwekgel gyz däldirin men.
Men diñe garaşyp bilýän
Sabrym synap,
yhlasymyñ
"Çüw atyndan"
agaýmaly pursady
garaz, ahyrsoñunda
Geljegiñe söz berseñ.

04.12.2022ý.

YHLAS

Duýýan!
Men ýazasym gelip ölüp barýaryn.
Ýa ölesim gelip barýanmy ýazyp?
Göwnüm, kime öýkünýäniñ mälimmi?
Ýa-da başardyñmy öz-özüñ bolup?

Bu ylham neneñsi owadan ylham !
Gelmän-gelmän gelendenmi eý, Hudaý.
Häzir barmagymda ereýär sözler
Pikri neneñ elhenç " Ahyry guta:r! "

Hoş gelipdir, gysga wagt galsa-da,
(Şu çaka çen ol nirede güýmenmiş?!)
Aýdylmakda gijä galynan sözler
Däli dünýä şygyr bolup inermiş.

Goşawujym dolup dursa goşgudan
Synlap lezzet alsam, her jümlesinden
Düşünseñiz, juda giç duşdum oña
Goşgumy gysgansam geñ görmesinler.

Şu netimde yhlas etjek, jan çekjek,
(Ahyry myrada gowuşyp biler)
Goşgulardan dünýä döretmesem-de,
Dünýäni doldurjak goşgular bilen.

04.12.2022ý.

RAHATLYK

Ejemiñ ökjeli köwşüniñ bir wagt
Aýagyma uly boluşy ýaly.
Ýa men däli dünýä kiçi bolýaryn.
Ýa-da dünýe maña bolýandyr uly.

Ýogsa-da,
kinniwan nokatmyşyk biz,
(Ýadymda däl, nirelerden okadym?)
Elim eñegimde oýa gidýärin:
Aladasy bolarmy heý "nokadyñ".

Ýyllar geñ rahatlyk eçildi ruha:
Bagtyñ, bagtsyzlygyñ göwnejaýlygy.
Bar mende jaý uçsa haýran galmajak,
Ýegenmyradowyñ biperwaýlygy.

Müñ ýola oý etseñ nepi degmejek.
Pikirleri süýräp ýadaýar beýnim,
Ejemiñ ökjeli köwüşlerini
Süýrän aýagymyñ ýadaýşy deýin.

04.02.2023ý.

Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/22191-u-gezek-gara-cynym-.html. 04.02.2023ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 73 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203