15:20 ? | |
«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNA HÖDÜRLENÝÄR Gije gaşadürtme garañkylykda ýaý şekilli figurasyn güjeñläp, Aý gelende deñze suwa düşmäge, bir gyz -- pamyk zülpli gyz çözläp zülplerin, süzük gözleriniñ agras nazaryn kenara gezäp, aýaklaryn çalajadan uzadyp, gara ýaşyl köýneginiñ daşyndan dyzlaryny gujaklap, hem deñize, hem hyýala çümmekligi isläp, batanda pikre, deñiz düýş görýärkä duzlydan-duzly, asuda dymyşlyk baştutan wagty, kenar saz çalýarka assa ritmde, tans edýärkä suw meýilli çarlaklar, balyklar ony görjek bolup, biljek bolup, duýjak bolup, göz-gülbanka, suwotylar haýsydyr bir söz bilen ylalaşýan ýaly başyn atýarka, men bulary edil ýanymda deýin göz öñüme suwluja äkidip, ýene suwluja getiribem bilýärkäm, Ukudamysyñ? Mahym NURGELDIÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 17 | |
| |