Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:12
Ala gözli gyz - hekaýa
ALA GÖZLI GYZ

Özümiñ nä sebäpden beýle akmaklyga het edenime henizlerem düşünemok. Belkem asla düşünmesem gerek. Beýtmäge maña güýç beren zat nämedi, söýgimidi ýa zenan basdaşlygymydy... Kim bilýär...
Onuñ gapysyny kakdym. Ýüzüme soragly garan keşbi henizem ýadymyñ çet künjeginde. Ala gözleri bardy. Saçy eginlerinden çala geçýärdi. Garaýagyz teni çyranyñ ýagtysyna lowurdaýardy. Sada we birkemsizdi. Özümiñ bigörkligimi näletledim. Gözelligine üns bermedik hatda, muny onuñ kemçiligi saýan kişi kimin ýigrençli garadym.
- Oñ bilen men biri-birimizi söýýäs. Aramyzdan aýryl. Basym biziñ toýumyz.
Aýtmak üçin telim ýola türgenleşen sözlerimi hetjikledim. Ýüzüniñ her nokadyny göz atuwyma ýat tutdurjak kimin ünsli synladym. Ala gözlerine çöken gussa ony bedroýlaşdyrmandy. Bu hasam gaharymy getirdi. Filmde aýdylyşy ýaly: "Ol taslamalaryñ naýbaşysy, men bolsa tebigatyñ gödek ýalñyşlygydym". Agzyna gelenini diýer, ýalanymy ýüzüme basar öýtdüm. Beýtmedi. Başyny atyp, gapyny ýapyp goýberdi.
Soñ ony hiç haçan görmedim. Has dogrusy, janly görmedim.
Söýen kişim bilen durmuş toýum tutuldy. Ol - ala gözli gyz diýenini edip aramyzdan aýrylypdy. Bagtlydym. Ähli zadyñ beýle ýeñillik bilen çözülerine garaşmanymdan bolsa gerek, geñirgendiriji ahwala düşerdim mahal-mahallar. Bu bagty maña peşgeş bereniñ kimligini bilýärdim. Oña hem haýran galýardym hemem minnetdardym.
Bir gün adamym öýe adatdakylardan gijä galyp geldi. Başy öñe egilgidi. Nahar iýmejekdigini aýtdy. Bir bolmasyz işiñ bolandygyny ýüregim syzýardy. Näme bolandygyny soradym.
- Ol ýogalypdyr diýdi.
Kimdigine düşünipdim. Adamymam edil meniñ ýaly onuñ adyny tutmak islemändi. "Ol" diýsek, ikimiz üçinem düşnüklidi.
- Nädip bolupdyr? - diýdim.
Gözlerini bir nokada dikip oturşyna aýylganç hakykaty pyşyrdady.
- Öz janyna kast edipdir.
Birkemsiz sungat eserine meñzeýän keşbi topragyñ astynda göz öñüme getirenimde inim düýrügdi. Ýerimden turdum. Ýatylýan jaýa geçip sessiz süýndüm. Ony gören ilkinji we iñ soñky gezegimdäki keşp ýene örboýuna galypdy. Huşumdan kowasym geldi. Başarmadym.
Gije düýş görüpdirin. Ol başujymda otyr. Ýylgyrýar. Howpurgaýaryn.
- Git bu ýerden  - diýip gygyrýaryn. Onuñ bolsa şo-ol ýylgyryp otyrşy.
Şol gijeden soñ hiç zat öñküsi ýaly bolmady. Adamym öýe gelmezligi, gelse-de gijäñ ýary gelmegi tapdy. Ol gelýänçä uklamaýardym. Garaşýardym. Bir günem hemişeki wagtlarynda öýe gara berdi.  Ýerinde durup bilenokdy. Golundan tutup, içeri saldym. Deminde içginiñ ysy bardy. Ýerine ýatyranymdan soñ dik duran ýerimden açalak-ýumalak gözlerine garadym.
- Ony küýseýäñmi?
Belkem, muny soramaly däldim. Jogaby mälim soraglary soramazlygy öwrenmegim gerekdi. Adamym hiç zat diýmedi. Diñe gözünden akan ýaşy görüp galdym.
Perzendim dünýä inen güni gabat geldim oña ýene bir ýola. Bu gezekki welin düýpgöter başgaçady. Gujagymda ýatan bäbegiñ mymyk ellerine, ýumulgy gözlerine seredýärdim. Birdenkä, oña gözüm düşdi. Egninde ak, uzyn lybasy bardy. Bäbegimiñ başyndan sypady.
- Saña meñzemesin - diýip pyşyrdady.
- Eliñi aýyr, degme çagama - diýip gygyrdym.
Sesime şepagat uýasy geldi. Näme bolanlygyny sorady. Ony otagdan çykarmagyny haýyş etdim. Şepagat uýasy geñirgenip, otagda üçümizden başga hiç kimiñ ýoklugyny aýtdy. Ine, şonda düşündim ony diñe meniñ görüp bilýänligime.
Soñ ol meniñ ýanymdan asla aýrylmady. Keselhanadan çykan ulagymda, öýmüzde, iñ pynhan pursatlarymda-da ýanymdady. Gyzyma at goýmagy pikirlenenimizde:
- Meniñ adymy dak - diýip, haýyş etdi.
Onuñ göwnüne degesim gelmeýärdi. Iñ ýakyn joram bolupdy. Ikimiz mydama dertleşýärdik. Has dogrusy, men özümi bimaza edýän duýgulary aýdardym, olam edil şo-ol birinji gezekki duşuşygymyzdaky ýaly başyny atardy. Bir gezek oña:
- Sen menden öýkelimiñ? - diýip, soradym.
- Ýok - diýip, ýylgyrdy.
Bir gün aşhanada agşama näme nahar bişirjekdigimiz hakda jedelleşýärdik. Öz gürrüñimiz bilen şeýle başagaýdyk welin, adamymyñ geleninem duýmandyrys.
- Bu gün nä irläpsiñ? - diýip syr bildirmejek boldum.
Adamym welin ähli zady syzypdy. Kim bilen gepleşýänligimi sorady. Aýtmaly boldum. - Ol bar-a, göreñokmy? - diýdim. Soñky sözümi gepiñ gerdişine görä aýdypdym. Adamymyñ ony görüp bilmeýänligini bilýärdim. Adamym sesini çykarman aşhanadan çykdy. Şeýle pursatlar soñ kän gaýtalandy. Adamym onuñ barlygyna ynanokdy. Men bolsa ony diñe meniñ görýänime ynandyrjak bolýardym. Ol gyz bardy. Syýa saçlaryny darap uzynlygyna goýbererdi. Öýümiziñ penjiresinden daşaryny synlardy. Gyzjagazymy gujagyna alyp, her dürli oýunlar ederdi. Ýöne mydama gussalydy. Ýylgyran pursatlarynda-da gözlerindäki gussany duýmak mümkindi. Käte adamym işden geleninde onuñ ýanyna baryp, egnine başyny goýardy. Gabanjañlyk ruhumy gurşasa-da, syr bildirmejek bolardym. Olaryñ söýgüsiniñ arasyna goşulan mendim. Indi bu ýalñyşlygymy gaýtalajak däldim. Ala gözli gyz bagtly bolmalydy. Meniñ päsgel beren bagtymy täzeden gazanmalydy. Galan ömrümi şu maksadyñ ugrunda göreşmäge taýýar geçirjekdim. ...Bir gün meni bir topar şepagat uýalarynyñ işleýän ýerine äkitdiler. Gitmejek bolup kän dyzadym. Adamym gyzjagazymy elinde saklap durşuna muny meniñ oñatlaşmagym üçin edýändigini aýtdy... ... Häzir men içinde diñe ýatylýan krowaty bolan darajyk otagda. Ruhum gysylýar. Öýümiñ giñiş otaglaryny küýsäp ikibaka gezim edýärin. Ala gözli gyz bolsa heniz-henizlerem şo-ol gussaly ýylgyrşy bilen ýüzüme seredip dur...

© Mahym NURGELDIÝEWA
Görülen: 108 | Mowzugy paýlaşan: Belki | Teg: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 3.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Мango • 12:12, 01.07.2024
Mahym hanym, "Kırmızı oda" türk serialyny ýada saldy.
şondan bir epizod ýaly.
şol seriallary görmegi maslahat berýärin her kime.

şoň bir seriýasynda gollandiýa göçüp baran türk maşgalasy barada görkezdiler. äri işe gidýär, aýaly öýde we hiç töweregi bilen gatnaşmaýar (ýa-da gatnaşmaga adam tapmaýar)... garaz, soň akly üýtgäp gözüne 3 sany ýagşyzadalar görnüp başlaýar. olaram: äriňden saňa är bolmaz, ine biz saňa başga birini taparys... diýip... garaz gyz olaryň beren sözüne garaşyp ýaşap ýör... ony soň türkiýedäki psihologa getirýäler.... gyz psihologyň priýomyna-da öz "ak sakally dedeleri" bilen gelýär...

gowy, serial...

bize, türkmen jemgyýetine-de häzir psihologlar gerek. özem derrew gerek...

hekaýany has güýçlendirip bolmazmyka?
avatar
0
2 Belki • 12:50, 01.07.2024
Myhman aga, nadip guyclendirip bolar?
Maslahat beriwerin. Men prozacy dal bolanym ucin arkayynjak goyaydym gowsaklygyny bilsemem :)
Siz şuwat sey diydiniz welin basga bir bolumi yadyma dusdi. Turkiye gozeli gyzy alyalar bir oglana. Ol oglanam ayaly bilen dusunjesi gabat gelman mydama onki soygulisini yatlap gezya. Sol yada dusdi.
Sizin o diyyaninizem gowy bolum
avatar
0
3 sussupessimist • 14:26, 01.07.2024
Kino yaly göz öňüne getireniňde gyzykly, yone yazylşy birtuysli çykypdyr. 
Ayratyn jümlelerde gozume ilenler:
Göz atuwy jümlesi yerine düşmändir, 
Başy öñe egilgidi – başy başga haysy tarapa egip bolyar? Yüzi salyk diyilse has gowy bor.
Bäbekhana - keselhana däl.
Yatylyan krowat – ya-ha diňe krowat etmeli, ya-da yatalga.
Ökde aydymçy David Bowie pahyr ala göz bolan eken – bir gözi gök, biri goňur (munuň hekaya kan bir dahyly yok, gepiň gerdişine gora yatladym).
Iň soňunda dalihana eltilmegi - gaty klişe bolupdyr. Başgarak final gerek yaly. Gaytam bolan cagalary ala göz bolar oytdum ilki (yone bu-da hekaya gelişmezdi).
Ol Alagözüň ölenligini ärinden däl-de, başga birinden bilse gowy bolayjak yaly. Äri şondan soň başyny sallap gezibersin...
Ariniň soňundaky reaksiyasyna-da hekayany tizjek tamamlamaga howlugan yaly, motiwasiya berilmandir. Bmşp.
Ol aydyan serialyňyzy-ha bilemok, yone iňlislerde Black mirror (Чёрное зеркало) atly gyzykly antologiya-serial bar. Şony görüň.
avatar
0
4 aygull • 20:05, 01.07.2024
Goşgularyň ýaly däl, Mahym jan. Prozany erkekler ýazybersin-le))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203