Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:25
Aýazbabalar... / hekaýa
AÝAZBABALAR...

Partamyñ üstünde duran ak telpekdir, ýuka dony gören Abdyllanyñ gözleri hanasyndan çykaýjak boldy.
- Aýaz babañ eşigi.
Wah, men pañkelle eşigi ýygnamagy unutsam nätjek? Gel, indi bu çagalañ soraglarynyñ astyndan çykyp bilseñ çyk-da.
- Mollum, kim Aýaz baba bolýar-aý? - diýip, Ejegyz bilesigeliji nazarlaryny ýüzüme gönükdirdi.
Men ör-gökden gelen kişi boldum.
- A, gyz, goýaweri, hiç kimem Aýaz baba bolanok. Aýaz babañ özi gelýär ýöne eşigini öñünden ugradaýypdyr.
"Gowy synanyşykdy, Mahym. Gutlaýan" diýip, öz-özümden hoşal boldum.
Muña çala-da bolsa ynanan çagalar meni pikirlerim bilen ikiçäk goýup, ürç edip multifilmlerine tomaşa etmäge dowam etdiler.
" Käşgä, şulary sowgady dogrudanam Aýaz babanyñ getirýändigine doly ynandyryp bilsedim" ,
Birdenkä-de hyýalymda Aýjennediñ täze ýyl sowgady üçin pul getiren güni janlandy. Partamyñ üstünde bir petde puly goýan Aýjennet
- Mollum, Aýaz babañ puly - diýipdi.
Aýjennediñ bu sözlerine tüýs ýürekden ýylgyrdym. Meniñ ýylgyrşymy gören Aýjennediñ saryja, eýjejik ýüzünde-de birgeñsi ýylgyryş peýda boldy.
- Bor, akylym, geçäý ýeriñe!
Aýjennedi ýerine geçirenimden soñ hut onuñ serine giren ýaly pikirlenmek isledim. Häzir Aýjennet hiç zadyñ garşylyksyz bolmaýandygyna düşünendir. "Hatda, Aýaz baba-da bize sowgat bermek üçin puluny öñünden alýar" diýip, pikir edenliginiñ ujy iki däl.
Pikirlerimi birdenkä gapdalymdan çykan Ejegyzyñ soragy bozdy.
- Mollum, sen sowgady özüñ alyp, Aýaz baba berdirýäñ-mäý?
- Ýok, gyz, Aýaz babañ özi getirýär sowgady.
- Mollum, geçen ýyl-a Mähri mollumyñ özi sowgady alyp, Aýaz baba berdirdi.
Bah, kimden sypsañam Ejegyzyñ düşbi gözlerinden sypjak gümanañ ýok.
- Ýok, gyz, toba.
Ýanymda duran Emirem hemişeki bolşy ýaly ulularyñ agzyna öýkünmegi bilenem çäklenmän özüçe sözem goşdy.
- To-ba, es-sa-py-ryl-la.
Emiriñ sözlerine Ejegyz ikimiz hezil edip gülüşdik. Munuñ üstüne Emirem güldi.
Men Emiriñ saryja saçyndan sypadym.
- Nireden öwrendiñ-äý sen o sözi?
- Öwrendim-dä.
Emir bilen Ejegyz ýerlerine geçip, meni pikirlerim bilen ikiçäk galdyrýarlar.
Eýýäm, bäş ýaşlarynda Aýaz babañ aslynda ýokdugyny, kimdir biriniñ onuñ eşigini geýip, sowgat paýlaýandygyny bilýärler. Bu öte ir dälmi?
Sen näme isleýäñ? Señ pikiriñçe çagalar näçe ýaşa çenli hyýaly dünýäde ýaşamaly? Haçan hakykat bilen ýüzleşmeli? Meselem, on ýaşyna çenli Aýaz baba ynanyp, ondan soñam hakykaty bilseler...
Aslynda, Aýaz baba bary-ýogy bir simwol. Adamlara hiç hili garşylyk soramazdan sowgat bermegiñ, begendirmegiñ simwoly. Aýaz babañ ýoklugy baradaky hakykat bilen ýüzleşmek - hiç zadyñ garşylyksyz berilmeýändigi baradaky hakykat bilen ýüzleşmek...
Goý, hiç kim Aýaz baba ynanmasyn. Ýöne her kimiñ durmuşynda iñ bolmanda ýekeje Aýaz babasy bolsun!

Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/21698-ayaz-babalar.html. 22.12.2022ý.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 62 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Bagabat • 09:29, 22.12.2022
Gurbannazar: "Minnetdarlyk sözi sada bolarmyş" diýýär. Beýan edilýän duýgular ýürekden çykan, sadadan mähirli hekaýa bolupdyr.
avatar
0
2 Bagabat • 09:44, 22.12.2022
Hekaýany pýesa öwürseňem, gowuja zat boljak eken.
avatar
0
3 Мango • 00:16, 23.12.2022
- A, gyz, goýaweri, hiç kimem Aýaz baba bolanok.
- Ýok, gyz, Aýaz babañ özi getirýär sowgady.
- Ýok, gyz, toba.
===
-A gyz, Mahym. Çagajyklaryň arasynda "a gyz" diýip geplemek dogrumy gyz?
===
Partamyñ üstünde...
okuwçylara, çagalara - parta, mugallyma, terbiýeçä - stol bolýan bolamasyn?
===
bir wagt habar okapdym, ýewropa ýurtlarynyň birinde mugallym kiçi ýaşly çagalara aýazbabaň ýokdugyny aýdýar.
çagalar, ýa-da çagaň biri öýe gelende aglap ejesine-kakasyna aýdýar.
ene-atalar ertesi ol mugallymyň üstünden şikaýat edýäler.
netijede.... çynyny sözlän mugallymy işden çykarýalar.
===
çagalara sowgatlaşmagy öwretmeli.
şeýle aksiýa geçirip bolýar.
her çaga mysal üçin 50 manatlyk bir sowgat taýýarlap, paketleýär we okuwa, sadige getirýär.
soň islän kişisine sowgat berýär....
onuň özem sowgatsyz galanok.
çagalar alyp begenmegem başyndan geçirselerde, berip begendirmegiň lezzetinem duýup bilýäler.
garaz, aýazbabasyzam sowgat bermäni öwretmeli.
===
Mahym hanymada üstünlikler.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203