Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:23
Mukam Muhamowly edebiýat agşamy
MUKAM MUHAMOWLY EDEBIÝAT AGŞAMY

Edebiýat agşamsy göwnüme bolmasa bu gezek has-da gyzykly boldy. Çünki agşamyñ formatyna "Hyýal menzilleri" gepleşiginiñ alyp baryjysy Aýnabat goşulypdy. Aýnabat ilkibada okyjylara gezek bermän gürrüñi özi alyp gitjek boldy. Ýagdaý şeýle bolansoñ, Çary aga sözi alyp, bärsiniñ gepleşik däldigini, biziñem telewizor görüp oturan tomaşaçy däldigimizi düşündirdi. Şondan soñ Aýnabat gatnaşyjylara has köp gezek berdi. Soraglar Mukamyñ terjimehaly hakda başlap, soñ goşgularynyñ haýsy duýgular bilen ýazylanyna syrykdy. Meniñ Nobatguly aganyñ "Serwi agajy" poemasynyñ jemlemesi bilen özüniñ bir goşgysynyñ jemlemesiniñ gabat gelýändigi barada berem soragyma ony ýazanyndan soñ bilendigini aslynda "Serwi agajyny" doly okamandygyny aýdyp, jogap berdi. Soraglaryñ esasynda Mukamyñ bir döwürler rep aýdymlaryñ sözlerini ýazyp, aýdandygyny-da bilip galdyk. Mukam "Şu wagta çenli eşden iñ ýowuz tankydyñyz nämedi?" diýen soraga şeýleräk jogap berdi:
- Bir wagtlar ertir.comda özüm hakda "Men şeýle gowy arzuw edýän, men şeýleräk gowy, beýleräk gowy, garaz diñe gowy zatlar agzan bir goşgymy goýupdym. Şonda Merdan Baýadow "Donuñ synynda namaz okabermeli adam ekeniñ" diýip teswir ýazanynda gaty öýkeläpdim. Şol teswiriñ dogrydygyna soñ düşündim.
Mukamyñ gürrüñ aralarynda okaýan goşgulary-da duşuşygy bezedi.
Mukama "Çekinjekligiñ durmuşyñyza päsgel beren ýeri bolupmydy" diýen soragy berenimde "Siz şu wagt meni nähili görýäñiz? Çekinjeñ görünýänmi?" diýip sorady. Menem oña çekinjeñ görünýändigini, hut şonuñ üçin şu soragy berendigimi aýdanymda dogrudanam talyp döwürlerinde has çekinjeñdigini, indi birazajyk açylyşandygyny aýtdy.
Duşuşyga Mukamyñ gelni-de gatnaşdy. Ol meñ bir oturgyç añry ýanymda ýagny, Gülnar Geldimyradowanyñ añyrsynda oturdy. Mahal-mahal Gülnara nämedir bir zatlar ümledi. Eger altynjy duýgym meni allamadyk bolsa, öz bermek islän soraglaryny Gülnara berdiripdi. Gülnar Mukamdan
- Bir mugallym siz hakda "Mukam ýaly ýürekliler kän. Ýöne ol Mukamyñ ýanynda däl" diýipdi. Siz öz maşgalañyz babatda şeýle adamy tapandygyñyza ynanýañyzmy - diýip sorady.
Mukam şeýle ynsany tapandygyny, gelniniñ döredijilikde özüni goldaýandygyny aýtdy.
Menem "Ýörite soralýan sorag" diýip degişdim. Mukam bu sorag soralmaýanda-da munuñ hökman belläp geçilmeli zatdygyny beýan etdi.
Men "Bir maşgalada iki şahyr oñuşýarmy?" diýip soranymda Mukam gelniniñ suratkeşdigini aýtdy soñam gelnine bagyşlap ýazan "Suratkeş gyza" goşgusyny okap berdi...
Duşuşyk garaşylan wagtdan giç ýagny sagat 19:30 töwereklerde gutardy.
Agşamyñ indiki myhmany Meretmämmet Hanmämmedow.

©Çeşme biz.islenen.ru

@Belki agza tarapyndan goýulan
Mahym Nurgeldiýewa
Bölümler: Söhbetdeşlik | Görülen: 184 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
avatar
1
2 Medicall • 21:01, 15.05.2023
Gyzykly bolupdyr, sagboluñ Kyýas paýlaşanyñyza, Mahyma-da sagbolsynymyzy ýetiriñ edebiýatyñ çyn muşdagydygy üçin. Şol duşuşygy gurnaýanlar hem gowy iş edýärler. Edebiýaty ýaýbañlandyrmaga uly goldaw ol hem. Ählisine üstünlikler!
avatar
1
3 Bagty • 07:58, 16.05.2023
Edebiýat agşamlaryny ýazga geçirip saýtda goýjak adam tapylanda hasam gowy bolardy.
avatar
1
4 Bagty • 07:59, 16.05.2023
Gözüň bilen görmek başga okamak başga diýen ýaly.
avatar
0
5 Medicall • 08:26, 16.05.2023
Boýdaş, dogry aýdýañ, wideo edip maña ugradan tapylsa saýta ýüklärdim, bölekleýin alsalaram ýüklardik..
avatar
0
6 Bagty • 07:03, 17.05.2023
Boýdaş gowsy biz şol edebiýat agşamyny gurnaýanlara haýyş edäýeli. Ýogsa ne bir zatlardan binesip galyp ýörüs.
avatar
0
7 Pero • 08:48, 17.05.2023
Gurnayanlar kim ýogsa-da?
avatar
0
8 Bagty • 19:18, 17.05.2023
Bilemok. Gepleşige gatnaşanlar bar bolsa sorap biläýmesek.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202