Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:42
Terk ediliṣ (sonetler çemeni)

TERK EDILIŞ (SONETLER ÇEMENI)

Belki, men saňa ylham bererin diýipdiň. Ylham berdi. Ýöne barlygyň däl-de, ýoklugyň.

1

Göz öňümde bile geçirlen ýyllar,
Misli ykbalymyň eçilen düýşi.
Gussaly aýdymlar hasratyň tizlär,
Käte arzuwlardan aýralyk süýji.

Çekmeli yzamdyr, ýazylan "daşa",
Dursun aňýeterde baky demlenip,
Razy, özgäni söý, ýöne sen ýaşa,
Eý, meniň ezizläp söýen emgegim!

Az ýylgyrşym ýürekdäki köwekden,
Bagty mäkäm sakla (tapsañ) aýaňda.
(Gözýaş daman şygyr has-da ýürekden)
Kagyz bilen suw gowuşýar saýaňda.

Alysdan seleňläp ýatlama bary,
Gol bulap çagyrýar goýnuna sary.

2

Gol bulap çagyrýar goýnuna sary,
Ýatlamadan başga ýok ideýänim.
Leşger dartyp gelýär sowallaň bary:
Kime ýarym diýjek sen indi, ýarym?

Söýgi goýberilýän ýalňyşlyk telim,
Ant içip ýörmerin "Men indi söýmen!"
Näler sözlejekdim barmady dilim:
Gowşuran gülleriň solýança eglen.

Şatlygyma şaýat etmeli kimi:
Daşarda halaýan ýagşym çisňeýär.
Aýralykda çeken ezýetlerimi
Diňlemegiň üçin dolan isleýän.

Bu pyşbaga günler sabrymy synar,
Öňem tukat kalby aýdymlar gynar.

3

Öňem tukat kalby aýdymlar gynar.
Pälwan diýse diýsin, gadrym bilinmez.
Ýeri, başyň alyp gidersiň nirä?
Gitaranyň romantiki heňinden.

Gopgunly ruhuma ber rahatlygy,
Ah, sen asylzada pianinom meň!
Notalaryň synmaz parahatlygy
Söweşlerden soňky asudalyk deý.

Bu gün kalbyň gözýaşlara dolmazmy?
Düýn ýürek bereniň galaýsa ýat deý.
Ýene öňki boşlugyna dolandy
Yşkyň bilen many gazanan zatlar.

Bir tesellim şolar bolmaly çagy,
Hasratyň hakdady goşgulaň bary.

4

Hasratyň hakdady goşgulaň bary,
Ejizje boýnuma gussa dakypdyr.
Jan alyp, jan berýän dideleň çogy
Menden owal gör, kimleri ýakypdyr?!

Dynywsuz böwrüme dürter aýanlar,
Hakykatlar barlygyny güjeňläp
Ýogsa, tüçjar, giň düşelgäm -- hyýalda
Ýaşap ýörjek del yşkymy gujaklap.

Asly päk söýginiň gurluşyn ýoýup,
Bagt ýoluna aýagymyz sekmedik.
Önki aşyklaryñ kadasyn bozup,
Aýralygy bilelikde çeksedik.

Çünki, wepadar dost berilmez hemmä:
Ýyldyzly gijeler Aý boldy hemram.

5

Ýyldyzly gijeler Aý boldy hemram,
Gürrüň berdim gaýduwsyz göreşlerim.
Tukat köňlüm uka gidenok, hernä
Ir ýumulyp gitse-de göreçlerim.

Bu men -- köçeleriň sadyk sakçysy,
Gije ýarym. Heniz öýe giremok.
Söýgim --- ýadaw duýgulaň öňbaşçysy
Çyraň ýagtysyna uklap bilenok.

Aýdymlar diňleýän, ýazýan oýlanma
Öňki endik: ýaza-ýaza ýeňleýän.
Yza dolanmaklyk hakda oýlama,
Indi gaýdyp, ýalňyzlygma degme ýar!

Ýalňyzlygym deň çekişýär derdimem,
Barlygyňda ruhym oña kördi teý.

6

Barlygyňda ruhym oña kördi teý,
Ýalňyzlygym rahatlygma sebäpdir.
"Hujuw" diýip, aýdybersin öňküler
Bu gijeler gussa üçin döräpdir.

Gijeler --- syrlara bürenen şalyk,
Özüne dartyjy pynhanlyga ýar.
Men misli ýüzgüji ýeňiljek balyk
Ruhumda akwarium rahatlygy bar!

Sag bol, rahatlygma sebäpkär bolan,
Beýle eşret ýetdiräýmez her kime.
Ykbal öňde niçik synaglar goýar?!
Ýoluň açyk bolsun, göwnüň tersine.

Küýsegiň käýarym göwnümi dyrmar,
Sensiz ýaşamagy başardym, emma.

7

Sensiz ýaşamagy başardym emma
Mahal -- mahal ejizligme ýeňilýän.
Ýaraly ýüregim soraýar derman
Ondan gaçyp haýsy gitjek ýerim bar?!

Ynam eden yrymlarňa uýmaýan,
Gije aýna bakýan, saňa bilgeşleý.
Çalam-çaş sudurym oýum güýmeýär,
Saçym ýüze düşýär, owalkylar deý.

Ümsümlügi bozjak sesde we agyr
Dem alýaryn misli ýadaw ýolagçy!
Aýakda göterip ýyllaryň çaňyn,
Bolup ýörün söýgümize goragçy!

Meniň ýaly gelip-gitme barmy heý?
Käte ölüp, kä direlýän zombi deý.

8

Käte ölüp, kä direlýän zombi deý
Iki oduň arasynda sergezdan.
Barybir, ykbala arz etmerin men,
Munda bagty tapyp bolmaz emgenmän.

Bagt diýleni bilen menem atdaşdym,
Sesiň bilen dolup durka sesýetim.
Saňa duşup dar ýollarda azaşdym,
Owal uly köçelerdi mesgenim.

Ýoklugyňam bardyr elbet, nepleri,
Heniz öňde edilmeli açyş kän.
Ylham guşum dolduryp dur depderi,
Ylham barka hatda, senem derkar däl.

Mertebäm --- baýlygym, şu bolar çelgim,
Dolanma yzyňa, ýok mähir bergiñ!

9

Dolanma yzyňa, ýok mähir bergiñ,
Ownuk-uşak algylardan geçýärin.
Şanyňa ýazanlam saklama hergiz,
Sowulmaly teňňe kimin seç baryn!

Özüňden agtaryp ýörme ýazygy,
Hökman nygtamaly jan-tenim bilen:
Başlananlar gutarjakdyr barybir
Kä ölümden owal, kä ölüm bilen.

Şemal deý sowular ejirleriňem,
Başymyzda durjak barmy yranman?!
Sensiz ýaşamaga tejribeli men,
Seret, geçen ýigrim alty ýylym bar.

Mundan artyk menziliňde säginmen,
Unudylmak iň köneje kärim hem.

10

Unudylmak iň köneje kärim hem,
Ilki söýen soň unudýar, (zelel däl)
Çyksa yşklar sylanşygyň çäginden
Gulagy dynç aýralyklar kemem däl.

Arzuwlam ykbala gussasyn gaýar:
Çägeli aýaklar, deňziň gyrasy.
Arman, söýgimizi etmäge halas
Zerur ahyr Alladdiniñ çyrasy.

Belki, ol sendedir, derkaryň däldir
Doga-jady bilen direljek söýgi.
Ýaşaýyş barada aladañ kändir
Ýöne ýatda: Peşgeş berjekdim ömri.

Telefonyň giňiş ýadyndan welin,
Daşlaşdy bireýýäm arzyly belgiň.

11

Daşlaşdy bireýýäm arzyly belgiň
Özüň daş düşensoň ol-a nämejik?
Bilseň, buýsanjyma buýsanýan hergiz,
Goý, ol sensiz ahwalyma käýesin.

Agyr geçer ýöne geçer bu günler
Alnymda näçe ýyl, näçe sene bar?!
Göwün guşum kowulsa-da öýünden,
Seň öňüňde müzzermerin menem-ä.

Geljekki hyýallaň ýerin peýlärin,
Ýoklugyň täleýiň boýnuna dakyp,
Şemally günleri höwes eýlärin,
Güneş dik depämden dursa-da bakyp.

Adyň ýiter, mundan artyk säginmez
Ýüregimiň hyzmat ediş çäginden.

12
Ýüregimiň hyzmat ediş çäginden
Ilkinji ýiten däl!
Dälsiň soňkusam.
Baryna oý-pikir, ýagşy pälimde
Ak ýol arzuwlaýan
(Bulam soňky söz).

Söýenler terk edýär bir-birini,
Muny diňe ýalňyz goýlanlar biler.
Kimi ýürek bilen, söz bilen kimi,
Kimi ruhy bilen, kimi ten bilen.

Şonuň üçin
ah, görmegeý Nädogry!
Täsin açyşlarma bolduň sebäpkär.
Sataşdyrmawersin goý, mundan gaýry
Ykbalymyz taraşlaýan Senetkär!

Gaýka küýki diýer, küýkä-de gaýky,
Ol ýüregim kimde tapjakdyr bagty!

13

Ol ýüregim kimde tapjakdyr bagty,
"Oýlanýan, oýlanýan, geljegim hakda!"
Nesip etmese-de, Süleýman tagty
Alnyma ýazylan yhlasym haklar.

Şoña ynanasym gelýär şeýle bir,
Ynamymdan başga galam ýok indi!
Diñe "söýýän" diýen, ýöne,söýmedik
Menden saña tarap salam ýok indi!

Gysgançlygym ýazgarybam bilersiň,
(Pikirleriñ o diýenem möhüm däl)
Nesip etse, ahyr bir gün söýersiň
Söýgi seniñ eliñdäki höküm däl!

Bireýýäm ýetipdir hoşlaşyk wagty,
Söýenler terk edýär, a söýgi baky!

14

Söýenler terk edýär, a söýgi baky,
Dergähine mydam togap ederin!
Şöhlesi öçüşdi gözleriňdäki
Özge nazarlarda dowam ederin!

Ýüregiñde öçen oduñ ýylysyn
Özge ýüreklerde ýakjak bolaryn!
Diýip maña wepasyny aýasyn
Saña meňzeş dälin tapjak bolaryn.

Kör bolsaňam ýadyň içre ýerlener
Ýalňyşyp bir ýola ýykylan guýyñ.
Mümkin, ir-giç gözüm bagtdan nemlener,
Yşk bar --- bu dünýäde ýaşara umyt!

Barybir tiz solan gyzyl deý ylla,
Göz öñümde bile geçirlen ýyllar.

Magistral

Göz öñümde bile geçirlen ýyllar,
Gol bulap çagyrýar goýnuna sary.
Öñem gamgyn kalby aýdymlar gynar,
Hasratyñ hakdady goşgulañ bary.

Ýyldyzly gijeler aý boldy hemram,
Barlygyñda ruhum oña kördi teý.
Sensiz ýaşamagy başardym, emma
Käte ölüp, kä direlýän zombi deý.

Dolanma yzyña, ýok mähir bergiñ,
Unudulmak iň köneje kärim hem.
Daşlaşdy bireýýäm arzyly belgiñ,
Ýüregimiñ hyzmat ediş çäginden.

Ol ýüregim kimde tapjakdyr bagty?
Söýenler terk edýär, a söýgi baky!

15.07.2024

© Mahym NURGELDIÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 148 | Mowzugy paýlaşan: Belki | Teg: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
0
1 Belki • 16:44, 16.07.2024
Ekslucive
avatar
0
2 Kerim • 19:01, 16.07.2024
Gowy gowy
avatar
0
3 sussupessimist • 17:51, 17.07.2024
Bu gidişine gitse Mahyma türkmen edebiýatynyň sonetmeýkeri diýibermeli bolýa. Iňlisçe diýilmegini halamasa, nemesçe - sonetmaher.
avatar
0
4 sussupessimist • 17:53, 17.07.2024
Emma goşga ady gelişmändir. Diriliş Ertogruly Terk edilişi terk etmeli, soňam "terki terk" diýýämi Möwlana?
avatar
0
5 Belki • 04:56, 18.07.2024
Teswir 3-e. Su diyeninizden ylhamlanyp, yene bir cemene baslaysammykam :)
"Terkem" birhilirak yaly-da. Basga alternatiw yokmuka?
avatar
0
6 Pegas • 07:32, 18.07.2024
Juda haladym. Höwri, howry kän bolgaý!
avatar
0
7 Medicall • 12:48, 21.07.2024
- şi: Exclusive
boljak bolsa şu:
terk ediliş - ýürekdeş ru
bolanok!

Şu ýerden şunuñ:
Exclusive Nurdan Söz - teksti bilen tanyşyp bilersiñiz.
avatar
0
8 aygull • 11:51, 22.07.2024
Türk-türkmen dostlugynyň miwesi bolupdyr bu sonet-ä, Mahym jan. Pikirleneňde-de şu kysmy çalgyrtmyň?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203