Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:57
Bir eseriň degresinde ýa-da ruhdaşyňy agtarmak dogrumy?
BIR ESERIŇ DEGRESINDE ÝA-DA RUHDAŞYŇY AGTARMAK DOGRUMY?

Zähmet rugsadynda bolmagyň döredýän eli boşlugyndan we göwnüme laýyk kitaby tapmaýanlygymdan bolsa gerek, ýene geçen güýzde okan "Size ýazylan hatlar" eserime dolanyp gelýärin. Telefonymdaky birgiden elektron kitaplaryň arasyndan ala-böle şu esere dolanyp gelmegimiňem özüne ýetesi sebäbi bar: Eser meniň üçin, howwa, diňe meniň üçin ýazylypdyr. Bu ýerde hiç hili ikirjiňlenmä esas ýok. Sözlerimi ikuçlylyga ýer goýmazdan, sorag alamaty döretmezden çürt-kesik beýan edýärin.
"Eseriň özüň üçin ýazylandygyny nireden bilýärsiň?" diýip, soramagyňyz ahmal, dogrusy, aý aýdyň. Eserde aklymy esli wagt bäri ýesir alan ruhdaşlyk meselesi gozgalýardy.
Ynsanlaryň käbiri tä özüni bilen gününden başlap, ruhuna ruh goşjak ruhdaşy agtarýarlar. Üns berseňiz, ýanýoldaş ýa-da yşkdaş (bu meň oýlap tapan sözüm) diýýän däldirin. Gaýta-gaýta ýanjaýaryn: Ruhdaş. Ruhlaryň hatda meňzeşligem däl bir bolmagy, seniň ruhuň "göçürmesiniň" başga-da kimdir birinde bar bolmagy.
Mahal-mahal pikir edýärin: Haçan ruhdaşymyň gözlegine çykyp başladymkam? Ýatkeşligime ýüz tutup, geçmişiň ýatlamalaryna dolanan pursadymda munuň çak edişimdenem ir ýüze çykandygyna göz ýetirýärin. On-on bir ýaşlarymda belki,ondanam irki ýaşlarda töweregimdäkileriň hiç haýsysynyň özüme meňzemeýändigine düşündim. Göräýmäge, daşyndan barymyzam bir ýaly. Çuňluga aralaşsaň welin, men olardan juda parhly. Şahyr aýtmanmydyr:

"Olar juda meňzeş biri-birine,
Olar juda bir-birine meňzänok."

"Parhly" diýmek bilen artykmaçlygy-da, kemçiligi-de göz öňünde tutamok. Diňe ruhy dünýälerimiziň başgaçadygyny nygtaýaryn. Şol başgaçalyga düşünenimden soň adamlardan ýuwaş-ýuwaşdan daşlaşyp ugradym. Töweregimdäkileri içgin-içgin synladym. "Bular maňa meňzänok. Ýöne bir ýerlerde maňa meňzeýän ynsan bolmaly ahyry". Şeýle pikirler bilen özümem bilmezden ruhdaşymy agtarmaga çykypdyryn. Giden ýerlerimde, ýolda, awtobusda, köpçülik çärelerinde nätanyş adamlary synlap, gürrüňdeş bolup, gysga salymyň içinde içki dünýälerine mümkin boldugyça aralaşmaga synanyşdym. Eger aralaryndan ony tapsadym, duşsadym "Sen meniň ruhdaşym! Ahyry gabatlaşdyk" diýip, öz akyl ýetiren hakykatymy oňa-da buşlajakdym.
Galyberse-de, gürrüňini edýän eserimiň baş gahrymany Şasoltan ýaly ruhdaşymyň hökman söýen kişim bolmalydygy pikrine-de gulluk etmeýärdim. Bir kişiden şol bir wagtyň özünde hem ruhdaşyň hem yşkdaşyň bolmagyna garaşmak aşa talapkärlik boljakdy. Adamlaryň ýaş, jyns, tire-taýpa aýratynlyklaryna garamazdan ählisiniň arasyndan agtarypdym ruhdaşymy. Tapan ýagdaýymda eger özüm ýaly zenan bolsa jora, ýigit bolsa dost, ýaşy uly bolsa dogan, kiçi bolsa jigi, söz ussady bolsa halypa saýjakdym ony. Birinden birine duşaýsaň nädersiň?!
Serimde şu sowal döredi: Ruhdaşyňy agtarmak dogrumy? Belkem,ol asla ýokdur.
Ýigrimi dört ýaşly Şasoltanyň (ikimiziň ýaşdaş bolmagymyzam ýönelige däl ýaly) başdan geçirmesi şonuň üçin ünsümi çekipdi. Edil onuňky ýaly tanymal ýazyjy Reşit ikisiniň ruhdaşlygyna,munuň bilenem galman deňsiz-taýsyz yşky paýlaşýandyklaryna janym-tenim bilen ynanypdym. Ikisiniň arasynda gatnaýan "Söýýän"sözi aýdylmadyk, ýöne her setiri,her jümlesi yşka eýlenen hatlary gözümi gyrpman okapdym. Şasoltanyň ruhdaşyny tapanlygyna tüýs ýürekden begenipdim... Soňam duýdansyz ýerden tupan gopdy, harasat turdy. Yşk öz ornuny sowuklyga berdi. Reşitiň aslynda maşgalalydygy baradaky hakykat Şasoltan ikimiziň ýüregimize urulan ajy şarpyk boldy. Ýeri näme üçin diýsene? Şeýle päk ýürekli gyzyň duýgylaryny it oýnan ýaly oýnamak bilen (bu meňzetmäniň çeper gürrüňime gelişmändigini bilsemem,ulanasym geldi) näme gazanýarka bu ýazyjy? Aslynda, Şasoltanam, menem (ikimizi üzňe göz öňüne getirip bilemok) onuň hatlaryndaky gizlin yşarata düşünmändiris: "Ýüregime adyňy dodaklarym bilen ýazaryn", "Süňňüňe süňňüm bilen söýginiň suratyny çekerin" sözleri Reşidiň ýürek, duýgular bilen işiniň ýokdugyny, gyzyň bedenine göz gyzdyrýandygyny açyk-äşgär edýän ekeni.
Hakykat ýüze çykanyndan soň Reşidiň utanman gyzdan söýgi gatnaşygyny soramagy bolsa ýazyjynyň ahlak diýlen närseden binesip galandygyny görkezdi. Biçäre Şasoltan bolsa ahmyra eýlenen duýgylary bilen ikiçäk galyberdi.
Ýeri gelende aýtsam eseri ýazan ýazyjy gyz Ogulşat Myratberdiýewa (altynjy duýgym onuň gyzdygyny aýdýar) bilen hökman tanyşyp, gürrüňdeş bolmalydygymyza ynanýaryn. Göwnüme,ikimiziň birek-birege aýtjaklary kän ýaly.
Eser barada ýekeje tankydy pikrim bar. Ondaky käbir sözlerden, söz düzümlerinden türk edebiýatynyň ysy gelýär. Bulam türkmen dilimize aşyk okyjy hökmünde meni hoşnut edenok. Meselem, "Görmezden gelmek".
Dilimizdäki "görmediksyramak" ("syramak"şeýle bir "jadyly" goşulma welin ony haýsy adyň, işligiň, sypatyň yzyna goşsaň, olaryň ýasamadygyny aňladýar. Meselem: şahyrsyramak, akmaksyramak, uklansyramak. Türkçede muny aňlatjak bolsaň birnäçe sözleri ulanmaly) diýen tygşytlaýjy söz barka näme üçin ony ulandyka awtor?
Esasy gürrüňime gaýdyp gelsem, Şasoltanyň ykbalyna ýüregim gyýyldy. Ruhdaşyňy agtarmak gyzy, hyýalymdaky joramy gör,neneňsi hallara saldy?
Ýagdaý şeýle bolansoň öňki sowalyma gaýta-gaýta dolandym. Diňe dolanmak bilen galman jogapladymam.
Ruhdaşyňy agtarmak zerur bolup biler. Agtarybam bilersiň. Eliňden gelenini edeniňden soň bolsa hakyňa kaýyl bolmalysyň. Eger özüň üçin ýaradylan ruhdaş bar bolsa ykbal irde-giçde ony ýoluňa çykarjakdyr. "Hudaý berse guluna,getirip goýar ýoluna" diýilmeýärmi näme?! Çykarmadyk bolsa adamlardan çetleşmeli dälsiň. Dünýä içindäki adamlaryň parhlylyklary saýasynda gözeldir. Barymyz birmeňzeş bolsadyk gyzygy bolarmydy gatnaşyklaryň?!
Aslynda, ýokarky pikirlerimi umuman aýtdym. Özüm babatda aýtsam ruhdaşymy bireýýäm tapdym.
Günleriň birinde hiç garaşman durkam ylham gapymy kakdy. "Ine,men geldim. Indi sen hiç kimiň ruhdaşlygyna mätäç däl!" diýdi. Ynanmadym. Çünki, ruhdaşymy diňe janly, göze görünýän barlyklaryň arasyndan agtarypdym. Barybir ylham öz diýenini gögertdi. Elime galam berdi-de, "Diýenlerimiň dogrulygyna göz ýetirerin diýseň, diňe ýaz" diýdi. Ilkinji gezek ýazanymda ýüregimiň pynhan çuňluklarynda bahar döräp, gülleriň açylýandygyny duýdum. Ýuwanja, gowşajyk setirlerimiňem göwnüme ganat bekedip bilýändigine göz ýetirdim. Ýüregimdäki boşluk we ýalňyzlyk duýgusy zym-zyýat boldy. Şol günden bärem ruhdaşym ylham.
Eger bir gün ykbal ýene bir ruhdaşy gaşyma getirse ondanam boýun towlamaryn. Kim aýdypdyr ruhdaşyň ýekeje bolmalydyr diýip?!

©Mahym NURGELDIÝEWA
26.06.2022ý.

Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/23012-bir-eserin-degresinde-ya-da-ruhdayny-agtarmak-dogrumy.html. 11.03.2023ý.
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 92 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Bagabat • 17:02, 11.03.2023
Bu oýlanmany okap, rus taryhçysy, ýazyjysy Nikolaý Karamziniň "Pahyrjyk Liza", "Natalýa, baýaryň gyzy" atly meşhur rus nusgawy sentimental powestlerini täzeden okan ýaly boldum-aý.
Inçeden näzik, çuňňur hem çyn sentimentalizme ýugrulan pikir ýöretme bolupdyr.
Berekella.
Özboluşly özüneçekiji hem täsirli stil.
"Eser hakda eser" diýen ýaly bir zat bolupdyr.
avatar
0
2 Mekan • 17:32, 11.03.2023
Şu iki

Ýeri näme üçin diýsene? Şeýle päk ýürekli gyzyň duýgylaryny it oýnan ýaly oýnamak bilen (bu meňzetmäniň çeper gürrüňime gelişmändigini bilsemem,ulanasym geldi) näme gazanýarka bu ýazyjy?

bilen

Hakykat ýüze çykanyndan soň Reşidiň utanman gyzdan söýgi gatnaşygyny soramagy bolsa ýazyjynyň ahlak diýlen närseden binesip galandygyny görkezdi.

ýerine düşündiriş gerek hasap etdim. Awtora derek men düşündirjek bolaýyn.

Oýlanmañ awtory (eseriñ okyjysy) bilen eseriñ gahrymany Şasoltan ruhadaş bolansoñ yokarky iki ýerleri Şasoltanyñ adyndan aýdýan bolmaly. Bolmasa okyjy awtoryñ sýužeti durmuşdan alýandygyny, o hereketi goldamaýandygyny bilýändir.
avatar
0
3 Aygul • 20:59, 12.03.2023
"Size ýazylan hatlary" menem okadym. Iki gahrymandanam öwrenere zat tapmadym.
avatar
0
4 Medicall • 22:35, 13.03.2023
Awtor bir sözünde Şasoltanyñ duýgusynyñ şeýle päkdigini, ýazyjyñ öýlenendigini bilmedigini ulyy duýgudaşlyk bilen, gynanyp gynanyp aýdýar...

Eger Şasoltan beýle päk obraz bolsa entek durmuşa çykmadyk gyzyñ, öýlenmedik ýigide-de şu sözleri özüne diýdirmegi gyzyñam näderejede kellesine şemal kakanlardandygyny görkezýär:
"Ýüregime adyňy dodaklarym bilen ýazaryn", "Süňňüňe süňňüm bilen söýginiň suratyny çekerin" bu zatlary gyz bolup diñläp agzyñy açyp oturmak.. Onda-da şol obraza özüñi salyp, ola sözlerden lezzet alyp oturmak. gyz maşgala üçin gelişmändir. (beýle sözler gyz maşgalany üýşendirmeli, yza tesdirmeli, ejap etdirmelimika diýip bilýädim )Şasoltanyñ eýýam duýgularynyñ ýeñländiginiñ, päk duýgynyñ ýoklanandygynyñ alamaty şol herekedem.
"Size ýazylan hatlar" - gözden geçirdim,doly okasym gelmedi. "gahrymanlañ"
ikisinem halamadym men-a, agzyñy suwardar derejede beýik eser däl.
avatar
0
5 Medicall • 22:59, 13.03.2023
Birem ruhdaşymy agtarýan diyip özüñi beýlekilerden düýpgöter başga, adaty däl hasaplamak ýalñyşlygyñ iñ başlangyjy. Iknji ýalñyşlyk her kimden, ýolda yzda, awtobusda ruhdaş arap her kimiñ içini biljek bolup, içginlik etmek bulam ýalñyşlygyñ has ulysy.
avatar
0
6 Medicall • 23:09, 13.03.2023
Soñunda gowy akyl ýetirenine begendim. Akylly jemläpdir. Akyllyja gyz bolupdyr)

Bir zat anyk: Ýüreginde, ruhynda ýazmak duýgusy bar ynsan mydam nämedir bir zat, ýa-da kimdir birini agtarýan ýaly köplükde-de bikarar bolýan ýaly bolmak adaty bar. Aslynda şol wagt oña ylham ýetenok eken diýip düşünipdir awtor.
Jemlemedäki pikirlerini haladym.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203