Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:41
Şygyr kibisiñ


ŞYGYR KIBISIŇ

Nazaryñ kalbymdan parran geçende
Şygyrdyr öýtdüm.
Hyýalyñ hyñ berse aklyñ içinde
Şygyrdyr öýtdüm.

Dar gursagy ýaryp gitse közleriñ,
Şygyrdyr öýtdüm.
Sarç serime baş öwreden sözleriñ,
Şygyrdyr öýtdüm.

Otly didäñ sowrup birehim uçgun,
Köñlümi çakmaksyz ýakyberýärdi.
Megerem, şygyrsyñ.
Üzñe närse däl
Ýylgyrşyñ şygyr deý ýakym berýärdi.

Dünýäm, dünýä deýin dymýarsyñ neçüýn?
Dillensene, göwnüñde bar nä hyýal?
Sen şygyr kibisiñ, şol deý jadyly
Husnuñ setir, bakyşlaryñ kapyýa.

Çawuş çakan pyşyrdyña imrinip,
Gökden uýaljyrap Aý indi, hana
Bu niçiksi giriftarlyk, eý, Hudaý,
Öñ söze bendidim, a indi saña.

Gelebilmez dahana özge kelam,
Tüçjar zyban misgin düşdi neýläýin.
Togap edip aman diýr şygyr saña,
Aklym telbe, ruhum serhoş eýlänim.

Sen ynsan roýuna girmiş şygyr sen!
Waspyñ sada söze şan girizendir.
Owalynda seni sünnälän Ýazar
Kitap gatlarynda galarña dözmän,
Jan girizendir.

© Mahym NURGELDIÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 163 | Mowzugy paýlaşan: Mekan2 | Teg: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 21
avatar
0
1 Mekan2 • 15:59, 29.02.2024
islegler boýunça konsert diýlişi ýaly, zakaz boýunça paýlaşdym.

awtor obadaşym (golum döşümde aýagurşuny edip oturan smaýlik), birem Çörli obadaşym (ýene şo smaýlik)
avatar
0
2 Medicall • 16:43, 29.02.2024
teswir 1-däki smaýlige. EÝÝÝ YNSAN ROÝUNA GIREN SMAÝLIKK,
owodaşym diýen wolup, tarapgöýlik edeniňe aýagyňy tapyrdadyp ýere wurýarmyň hää))))
avatar
0
3 Mekan2 • 16:58, 29.02.2024
ine şü

$IMAGE1$
avatar
0
4 Mekan2 • 16:59, 29.02.2024
surat goýjak boldum, bolmady
avatar
0
5 aygull • 17:01, 29.02.2024
Mahym jan gowy ýazýar. Hasam gowy ýazar, nesip bolsa.
avatar
0
6 Belki • 18:21, 29.02.2024
Nazaryñ kalbymdan parran geçende
Şygyrdyr öýtdüm.
Hyýalyñ hyñ berse aklyñ içinde
Şygyrdyr öýtdüm.

Ine şu birinji bendi bolmaly. Ady "Şygyr kibisiñ".
avatar
0
7 Belki • 18:21, 29.02.2024
Goýanyñyza minnetdar myhman
avatar
0
8 Belki • 18:23, 29.02.2024
Ynamyñyza minnetdar, Aýgül gelneje. Ýöne has gowy ýaz diýseñiz öñki bolşumam tapmazlygym bar-da ))
avatar
0
9 Mekan2 • 18:36, 29.02.2024
6-a. düzeltilmiştir, Mahym hanym.
avatar
-1
10 Kyyas • 20:13, 29.02.2024
Halypa! Şygyr kibisiñ! Öwmekçi däl el çarpmakçy! Saýta geleniñede hoş geldiñiz diýip, garşy alýas. Hoş geldiñiz, sagaman gelipsiniz!
avatar
0
11 Seýrаn • 13:54, 01.03.2024
Gaty uzak eken goşgy. Her bentde birki setir bar welin, galany nobatçy. Şolary aýryp, gysgaldyp biljek ukypdaken şahyr.
avatar
0
12 Melike • 15:09, 07.03.2024
Şygyr kibisiñ" goşga syn

Goşgyny öwran-öwran okap, bagşylaryñ sungat çykmajak adamlara "Öwrenip gel" diýip sypaýyçylyk bilen aýdýan sözlerini diýesim geldi. Goşgyñ adyny okañda, "ýüregi" görünýär-ä. Häzirki zaman türkmen dilinde "Kibi" (Gibi) sözüne derek " kimin, ýaly, deý, deýin, dek " diýlen sözsoñulary ulanylýar. Bar, klassyk şahyrlar ulanypdyram diýeli. Emma bu goşgy uly sesi bilen "Meni türk şahyry pylanydan ogurladylar" dp dur-a. "G" sesini "k" sesine öwreniñ bilenem many düşegi başga zat bolansoñ, barybir nusgawylaşanok.
avatar
0
13 Melike • 15:09, 07.03.2024
Onsañam şygyr mukaddes zat. Şonuñ üçinem haýsydyr bir ynsanyñ zenana bolan haý-höwesli garaýşynda şygyr bolup bilmez, hatda ony şygyrdyr öytmegiñ özi nädogry.
Diýmek, bu babatda awtor ýalñyş pikir ýöredýär. Awtor ýalñyşýan ekenidä öwreniberse düzederem
avatar
0
14 Melike • 15:10, 07.03.2024
Dar gursagy ýaryp gitse közleriñ".
Köz ýaranok ýakýar. Beýdip türklerden köre-körlük bilen göçürip, goşgy ýazjak bolmak nämä gerek bolduka? Ýa şan-şöhrat islegi halys maý berenokmyka?
avatar
0
15 Melike • 15:10, 07.03.2024
"Sarç serime baş öwreden sözlerim".
Ser sarç bolup bilenok, sarçlyk duýga mahsus. Bar, bu awtoryñ seri sarç ekend-ä (ynanýan), onuñ önümi bolan söz nädip oña baş öwretsin. Eý, Huday, nädip ýazýalar goşgyny
avatar
0
16 Mekan2 • 15:17, 07.03.2024
Kurany-Kerim şygyrda ýazylmazdy.

beý diýmäweriň, Melike uýam.
avatar
0
17 Belki • 15:35, 07.03.2024
Tankyda jogap bermän, her kimiñ öz pikridir diýip goýardym adatça. Göz öñünde tutar ýalysynam tutardym. Emma gödek tankyt bolsa...
@Melike,
Kibi sözi baryp-ha on sekizinji asyr şahyrlarynyñ ulanyp miras galdyran sözi. Nädip ulanmaýyn? Goşga üns berseñiz şeýle gadymy sözler bardyr başga-da. "Giriftar, misgin, tüçjar, roý..."
Emma siz beýninizi şeýle bir nokada bakdyrypsyñyz welin görübilse görsün-dä.
"Men türk şahyry pylanydan ogurladylar" diýýåmiş goşgy? Kimden ogurladylar? Hudaýa şükûr, şu wagta çenli eser ogurlan adam däl. Indiden soñam beýle ýagdaýa düşürmesin. "Ynsanyñ zenana bolan garaýşy" bah awtorynyñ jynsyýetinem añmansyñ öýdýän.
"Sarç serime baş öwreden sözlerim diýenok sözleriñ diýýär. Hä, onam kabul edip bilmedi bir tarapa bakdyrylan beýin.
Goşgy türke öýkünilip ýazylan däl.Eger şeýle bolanda-da islendik awtor kämil hasaplaýan edebiýatyndan görelde alyp biler. Puşkiniñ, Lermontowyñ höwründe ýazdym diýip aýtmaýarmy Gurbannazar?
avatar
0
18 Mekan2 • 15:43, 07.03.2024
häli gaty neme bolmaka dawleniýäni biraz düşüräýjek bir zatlar ýazasym gelýä welin, içigar, şu wagt kellä zadam gelenok-da. "kaptopril" diýip göreýin hany.
avatar
0
19 Medicall • 16:54, 07.03.2024
@ myhman tiz lukmançylyk kömegi boluw otyrmyñyz:) dozasynam aýdyp göýwer berjek tabletkañ GA bozulan bolsa.
Waleriyanka damjasyny berseñem bor bulara, azajyk köşeşerler ýaly:))
avatar
0
20 Medicall • 16:56, 07.03.2024
Dawa galmagaly öteräk geçiberseler näme boljaklaryny bilýandirler-a hää, habarlary bardyr-a kafeñ içki tertip düzgüninden)
avatar
0
21 Mekan2 • 16:57, 07.03.2024
25 mg
avatar

Старая форма входа
Total users: 203