18:04 Şahyr hakda rowaýat | |
ŞAHYR HAKDA ROWAÝAT mesnewi şekilinde Bu rowaýat mälimmiş gadymdan bäri, Çaklama bar: dörände türkmen dutary, Babagammar ýa-da Aşyk Aýdyñ pir, — (şolaryñ haýsam bolsa bolmagy mümkin) Şabradanda perdeden ilkinji sazy, Saz bilen eşidipdir şirin owazy: ”Eý, adamzat! Seniñ bu gudratyñ bilen, Özüñem haýran galdyñ, añk etdiñ menem. Yhlasyña medet, ylhamyña bereket, Ýöne, sen tijen-de, ýene bir zat döret! Bolmasa, seni günde akýan gözýaşlar, Sähel wagtyñ içinde igleder, çöşlär. Söndürip bilmersiñ sen gözýaşyn bilen, Ylham odun—ýüregiñde möwç alan” Şondan soñ ýüreklerde şygyr gaýnapdyr. Şygyrlar bolsa aýdym bolup ýaýrapdyr. Ýene aradan ep-esli wagt geçipdir, Şygyr hakda gürrüñ patyşa ýetipdir. Günleriñ bir güni, şa perman ýazypdyr, Halkyna ýetirmegi jarça buýrupdyr: “Geljek çarşenbeden patyşañ köşgünde Aýdym we gazal diñlenjekmiş her günde. Kim-de-kim goşgy düzüp başarýan bolsa, Hem-de şanyñ gül ýüzün göresi gelse, — Hemme myhmanlar üçin gapylar açyk. Söwüş soýlup, uludan açyljak saçak. Dañ bilen gelmelidir şanyñ huzurna, Kim-de-kim boýun egmese şu buýruga, — Başynda ölüm bardyr, maly talañly (Gözi ýetýändir muña her düşünjeli-añlyñ)”. Ýedi gün dowam etdi gazal aýdyşyk, Güýmäpdirler şany özara ýaryşyp, Ahyrynda patyşa üçüsin saýlap, Galanyna rugsat berdi serpaýyn paýlap. Birinjä hemleli ýüzlenip patyşa: “Eý, it ogly! Meni tanaýarmyň? Men şa. Sen meni adalatsyz masgaralapsyñ, Bitiren işlerime ýüzleý garapsyñ. Maña ahlaksyz, akmak, betpäl diýipsiñ. Ganhor, parahor, namart, ketjal diýipsiñ. Ganhorlygymy sende subut ederin, Ertire goýman, şu gün dara çekerin”. — Diýip, şa ýüzlenipdir ikinjä soñra: “Hudaýdan gorkañokmy, eý, messepsiz ýañra?! Öwgä başyñ aýlanyp, çakdan geçipsiñ, Meni “pygamber” diýip yglan edipsiñ. Şygyrlañ üçin gözden, dilden galarsyñ, Ýa-da dowzah odunda lowlap ýanarsyñ”. Aşä öwen şahyry ýurtan kowupdyr, Öte geçeni—dabanyndan soýupdyr… Soñ şa üçinjiden soranmyş: “Nä beýle, Ne öwüpsiñ, ne döwüpsiñ? Syryñ çözle! Aklyña aýlanmak henizem bir pille. Ýa meñ garşyma gurjakmydyñ bir hile?” Şahyr boýun egip, dyzyna çöküp: “Şahym, Seni ýazgaramda-da egsilmez ahym! Magtamda-da mertebäm bir garyş galmaz, Göwnemeýän işimi ýüregim şöýmez. Gorkulydyr güýçlini dirikä depmek, Ölenden soñ ýazgarýan— namart hem akmak. Şonuñ üçin iñ gowusy dymmaklykdyr, Has gowusy il ugruna yñmaklykdyr”. Üns berip diñläpdir patyşa şahyry Belli netijä gelipdir ol ahyry: “Sarpa goýýan hakykaty aýdanyña Hormat goýdum gazalyña aýdymyña, Perman yglan ederin—sen indi “Şa hurr” 1) (Bu uly hormata başyn egipdir şahyr). Meniñ raýatymda şu günden şeýläk, Sen azat. Muny hemmeler goýsunlar belläp. Wasp etseñ bor Watannyñy hem halkyñy, Her şygryñ agramna bererin altyny”. Ynha, şeýdip şahyrdan Şahyr döräpdir, Eziz halkynyñ mertebesin gorapdyr. Wagtal-wagtal birden düýşmi ýa hyýalmy? Meniñ göwnüme Şahyr ölmedik ýaly— Entireklesem mydam golumdan tutýar, Eger-de ýalñyşaýsam günami geçýär. Meniñ şatlygyma bile şatlanýar ol, Yhlasyma aýak goşup batlanýar ol. Diýýär ol maña: “Mert hem nurana bolgun, Hemmelere deñ hormat we sarpa goýgun. Borjumyz pakyra rehimli bolmakdyr, Şol gamlansa gamlanyp, gülse gülmekdir. Şöhrat lybasyn geýme, —agyr labyrdyr, Ýokary uçdugyñça şonça agyrdyr. Soýseñem, söýülseñem mydam dag bolgun, Töhmet garasy ýokmaz tämiz gar bolgun. Ýene-de bir söz: —bir ýazyksyz är bolmaz Hem ynsaplynyñ ýüzi hiç haçan solmaz”. Öz ykbalyn geljekde çözer adamzat, Gaýgy, sütem, mätäçlik—bolar hemme ýat. Şonda şahyrlyk “käri” ömürlik ýiter, Şeýdip şahyrlar beslän arzuwna ýeter. (ﺤﺭ شا 1) Ş a (pars)—patyşa h u r r (arap) —azat, erkin © Kakajan BALKANOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |