Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:06
Allaberdi Öwezdurdyýew "Obam"


Watan hakda kän eserler döredildi. Aýdym, surat, heýkel we ş.m. ýöne watan küýsegini gandyrýan eser meniň pikirimçe hut watanyň özünden başga uly eser ýokmyka diýýän. Şu gün bir waka meni öz ilimde ýaşap öz dilimde gürleýändigme şeýle buýsandyrdy. Tatarystan döwletinden gelen medeniýet işgärleri Marynyň Kemine adyndaky teatrynda konsertini görkezdi. Görkeziliş gutaransoň welaýat kitaphanasyna bardyk. Girenimiz hem şoldy. Yz ýanymyz ýaşy 70 onundan giren ýerli ýaşaýjy tatar zenany agtygy bilen geldi. Hem öz ildeşleri bilen öz dillerinde salamlaşyp konsertada gijä galandygyny , öz dilindäki çykyşlary küýsändigini aýdyp göz owazy ýaşdan doldurdy. Tatarystanyň halk artistleri bolsa oňa göwünlik berip öz halk aýdymlaryny öz dillerinde aýdyp başladylar. Ýaňky tatar daýza has hem aglady. Elini kükregine urup aglady. Çagalygmyň ýaşlygymyň geçen ýerleri diýip müňňürdi. Aýdymçy zenanlar hem ony gujaklap agladylar. Töwereginde duranlary şeýle bir tolgundyrdy hiç kimiň gözi ýaşsyz galmady. Şol wagt çagakam ejemiň "Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl ağlar, ýurdundan aýrylan ölünçä" diýeni ýadyma düşdi.. ýöne nakyldaky ýaly ýedi ýyl däl ekeni ejem ýanýoldaşdan ýeke galany bäri 35 ýyl geçse-de häzirem aglaýar. Emma Watandan aýrylylyp ýat ýerlerde ýaşamaklygyň ezýeti ondanam ulydygy öz özünden düşnükli.
Men bolsa "Ol ýurda gitjek, bu ýurda gitjek gelmäýmesem..." diýip magtanyp ýörenleriň gursagynda Watan küýsegi döremeýärmikä diýip pikirlenýän...

© Döwletmyrat DURDYÝEW
sungaty öwreniji

Gündelik ýazgylary 18.10.2023ý
Bölümler: Suratkeşleriñ döredijiligi | Görülen: 130 | Mowzugy paýlaşan: Merw | Teg: Döwletmyrat Durdyýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Medicall • 21:45, 19.10.2023
"Müsürde şa bolandan, Öz iliñde geda bol" diýilýär-da. Ýöne gep owadanlamaga aýdylmadyk şeýle atalar sözleri. Watanyñ gadryny Watandan aýra düşen biler diýilenini etjek bolup ýörmän, Watanyñ gadryny Watandakak bilmeli biz perzentleri.

"Ýat illerden watan bolmaz
göbek ganym Watandadyr"
avatar
0
2 Merw • 00:23, 20.10.2023
Hakyky örän dogry belleýäňiz.
avatar
0
3 Мango • 14:08, 21.10.2023
suratyň diňe aşaky sag burçuny haladym, goýun sürüp gelýän oglanjykly bölegini...

galan ýeri şowsuz ýasama gürünýär.
ol boş takyrlykda gara öýden başga zat ýokmy?
ne agaç, ne mal-gara (ýekeje ýerde mal ýatak görünýär)...
birhili öli oba ýaly.
bu obada çopan oglandan başga adam-gara ýok ýaly.
birinji plandaky üç sany gara öýüň gapysy näme üçinden aňry tarapa açylypdyr. umuman jaýlaryň gapysy şemalyň ösüşine görä laýyklap açylýar. eger beýleki jaýlaryň gapysy bir tarapa açylan bolsa, onda bu öňdäki jaýlaryňkam şo tarapa açyljak ýaly.

gysgaça, suratyň aşaky sag tarapy ajaýyp.
avatar
0
4 Мango • 14:14, 21.10.2023
tatar aýally waka täsirli eken.
ýöne, häzirki döwürde islendik milletiň wekiline öz taryhy watanyna göçüp gitmäge päsgel-ä ýokmuka diýýän.
tatar aýaly watansyzlykdan aglandyr öýdemok, onuň elmydamalyk ýaşaýan ýeri onuň watany hasaplanýar. ol aýal ýöne öz tatarlaryny görüp begenjine aglandyr, elbetde tatarystany hem küýsändir.

dürli sebäpler bilen başga ýurtlara gidýänleri men-ä "watan küýsegsiz" diýip aýyplap bilmerin.
ol başga mesele.
avatar
0
5 Medicall • 23:37, 21.10.2023
Suratdaky ýaly obany men-a gördüm, ýeke-je agaçsyz, ot çöpe gurak, yzan - çuwan adamsyz, goýun guzyny bir ýere äkidip, getirýän oglanjyk(larly).
Emma ol ob:a "öli oba" diyip bolmazdy, "gurak oba" diyseñ bolardy.. sebäbi ol obada-da ADAMLAR ÝAŞAYARDYLAR. Özlerem juda türkana, sãhraýy-sada, geljekde gowulygyñ boljagyna uly ynam bilen ýaşaýarlardy.
avatar
0
6 Medicall • 23:45, 21.10.2023
Nähili bolsa-da, nähili gowy ýaşayan bolsa-da Watan Watan bolyar, iñ ýönekey mysal, öz ýurduna durmuşa çykanam bolsa, öz şäherinden, dogduk obasyndan başga ýerlä çykyp, atasy öýünden daşda ýaşayan zenanlar üçin çagalygynyñ, ýetginjekliginiñ ýaşlygynyñ geçen ýeri oña şeyle bir ezizdir, hatda ol şa zenany yaly saklanyan bolayanda-da, ýürejiginiñ bir künjinde obasy, şäheri mähribanlyga bürenip ýatandyr.. Ehhh, başdan geçirmeseñ duymarsyñ ol yagdayy.... Ýa-da başdan geçirene-de "olam bir, bulam bir bolsa" onda oñ başky watany,
çagalygynyñ geçen ýeri bilen meselesi başgadyr.
avatar
0
7 Medicall • 01:39, 22.10.2023
Ýene adam milletdeşleriniñ, ata-babalarynyñ ýurduna haçan parhsyz bolup biler: haçan-da dogmanka, döremänkä başga ýurda, başga milletleñ arasyna ene-atasy gaydyp olam şol barylan ýurtda dogulan bolsa. Onda oña öz ata-babalarynyñ ýurdundan başga milletli dogulan ýurdy ýakyn görünip biler.

Muña mysal: bir işdeşim bar, ermeni gyzy. Ol aýdýar:"Türkmenistany şeýle bir gowy görýan, Ermenistana baramda hiç durasym gelmedi. Emma ejem-kakam biz üçin bärde ýaşaýarlar, ýogsa añryny köp agzaýarlar, köp ýatlayarlar..." diýýär.
Tatar dayzanyñ-da bärde doglan çagalary üçin tatar görenlerinde aglarlyk derejede tatarystany gowy görüp batan däldirler:) emma özi doglanda Tatarstanda doglan bolsa onda oña şu wagtky ýaşaýan ýurduny näçe gowy görse-de, hiç göçüp gitmek islemese-de, git göç diýilse-de göçesi gelmese-de " WATAN küýseginden aglan däldir" diýmeklik ýalñyş bolardy.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202