06:18 Kakageldi Täşliýew "Enem we biz"2019 | |
Bu eseri özüni kämil hasaplaýan ençeme suratkeşleriň "ýaşyl peýzaž"laryndan has ýokarda görýän. Çünki eseri Kakageldi Täşliýew çaga wagty ýerine ýetiren hem bolsa ol onuň durmuşynyň doňdurylyp galan pursadydy. Ejeden kakadan ir galan Kakageldi özüni we gyz jigsini görkezýär. Ömrüniň ahyrky günlerinde enesini şekillendirmägä ýetişen ýaşajyk nakgaşçynyň ykbalynda nämeleriň garaşýanyny bilmezdi. Indi olaryň arasynda göz-gulak bolup oturan enelerini hem ýitirdi. Ýapa ýalňyz galan çagalar eserde görkezilen jaýda ýaşapdylar, soňra döwletliler öýünde okuwy dowam etdirdiler. Indi bu ojakda ýaşaýyş togtady. Tamdyra çörek ýapylman, tut agajyndaky hiňillik üwrelmän galdy. Eserdäki arabajykda ýörjen ýörjenligi öwrenen dört perzent sülgüniň jüýjeleri ýaly her haýsy bir tarapa pytrady. Şu esere seredemde her gezek şol okuwçym Kakageldini ýatlaýan... Döwletmyrat Durdyýew sungaty öwreniji Gündelik ýazgylary 30.03.2024 | |
|
Ähli teswirler: 0 | |