Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:01
Merdan Paýtykow "Güzer"

Merdan Paýtykowyň bu eserini ilki görüp men rus peýzaýlaryndan täsirlenýär diýip tankyt etdim. Elbetde rus äheňleri realizm çeperçilik akymyň labyzlylygy ýiti. Emma şol tankytdan uzak wagt geçmänkä suratkeşiň käbesiniň biwagt aradan çykmagy bilen onuň düýp goşunda, çagalygyny geçiren öýünde bolmaly boldum. Howanyň sowuklygy, onuň howlusynyň öň ýanyndan geçýän köne güzer, çolaryp galan kenara gözüm düşip suratkeşiň hakykatdan hem naturadan iş edenine düşindim. Birmahalky gyzykly kenar indi gyşyň ümsümliginde gussa batyp otyr. Biz bolsa öz perzendinden kemally suratkeş çykaran merhum enä degsin edip howludan çykdyk. Gussa çümen goja kenaryň suwy üznüksiz akyp dur. Heňňam bolsa şol suw ýaly dowam edýär.

(Şol ýeriň fotosy)

Döwletmyrat Durdyýew,
sungaty öwreniji
Gündelik ýazgylary.2021
Bölümler: Suratkeşleriñ döredijiligi | Görülen: 259 | Mowzugy paýlaşan: Merw | Teg: Döwletmyrat Durdyýew | Рейтинг: 4.7/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 17
avatar
2
1 Мango • 15:59, 20.08.2023
Öňler adamlar öz köçeleriniň soňynda dünýe gutarýandyr öýdýämişler.
Başga-da köçeleriň bardygyny hyýalam edenokmyşlar.
Dünýede welin köçe känmiş…
avatar
0
2 Merw • 22:01, 20.08.2023
Howa bizem şolaryň nebereleri. Süňňümiz döwrebap bolsada ganymyzda şol ata babalarymyzyňky ýaly sadalyk höküm sürýär. Şonuň üçinem rus peýzažyndan gelip gelip Baýramalyda has owadan ýeriň bardygyna ynanmajak boldum. Ýalňyşybam tankyt etdim. Soňam ökündim...
avatar
1
3 Seýrаn • 09:30, 21.08.2023
Türkmen nakgaşlary hem köçeden çykmagy başarsalar rus diýdi, italýan diýdi, ýene diýdi diýen ýaly hudožniklerden gowy iş etjegine ynanýan. Hatda, häli-häzirde hem ökdeleri kemala gelýär. Ýöne olaryň mugallymlary şol bir köçe bilen ýöretjek bolup jan edýär. Şägirtler hem ol dogrudyr öýdýär. Suraty haladym.
avatar
1
4 Мango • 11:11, 21.08.2023
meniň köçeli köçe gürrüňim başga köçelere sapyp gitdi. :-)
hawa, öz köçäňden çykmagam, başga köçelerden ýöremegem, o köçeleriň täzeligini bize ýetirmegem gerek zat. ýogsam şol bilýän köçäň, bilýän köçäň....

aslynda, köçeli gürrüň @Merw dostumyza maslahatymdy.
ýagny diňe öz köçäňiziň oglanlarynyň waspyny edip ýörme, goňşy obalarda-da suratçy kän diýjek bolupdym.
ine indi göni diýmeli boldy. :-)

ýöne, hawa-da... ilki öz köçäňi gujaklamagy başarmaly, soň öz obaňy, soň öz şäheriňi.... şeýde-şeýde adamzady gujaklamaga çenli gidibermeli... aslynda şo proses çalt bolup geçse has gowy.
avatar
2
5 Мango • 11:17, 21.08.2023
surat barada.
gowy realistik surat.
hakykatdanam ors peýzažyna meňzeýär.
häzir ol agaç (köpri-hä däl, ady nämekä şoň), kenardaky agaç çykyntydan aýagy walenkaly, egni buşlatly, eli legenli Nataşa gelip kirini durlap gidäýjek ýaly... :-)
avatar
0
6 Merw • 13:39, 21.08.2023
@Ses türkmen nakgaşlary öz köçelerinde haçanky çykany. Ol köçede nakgaşlar soýuz döwri ýöräpdi. Diňe kolhozçy ýa traktorçy ýa pagtaçy. Indi olar dürli temalara ýüzlenip ähli köçeleri geçdiler. Onsaňam rus ýa italýan suratkeşleri bilen deňäp oturma türkmeniň guýma gursak zehinlisi saýry milletiň dürtme gursagyndan has kämil. Mugallym ýaş nakgaşlara güýç berýär tema ýa žanr saýlawlarynda mugallym olary mejbur edenoga ol mejburlyk taryhda diňe 19 asyr rus akademýasynda bardy türkmen akademiýasy erkinligiň ýeri
avatar
0
7 Merw • 13:43, 21.08.2023
Wah Mango daýy örän dogry aýtýaňyz. Ozalam öz obamy doly tanamok okuw diýip obadan çykanyma 10 ýyl boldy. Gelsem yzymdan örän meşhur suratkeşler ýurduny täzeläpdirler. Şolary öwrenip ýetişmedigme häzirem gynanýan.. şonuň üçinem ilki obamy tanap soň başga obalara geçmesem aýyp bolar. Beýlekiler hem köçede ýatmaz olaram hökman ýetirerin
avatar
0
8 Merw • 13:51, 21.08.2023
Menem şol pikirde bolup tankytlapdym. Emma şol kenarda nakgaş Merdan oglanka ejesi agylda duran mallara suw daşandyr, ýa ýuwulan kirlerini çyrpandyr...ýa suratkeş oglanka şol güzerde epgekli tomuslaryna eli aýagy ýygyrt atýança suwa düşendir... Şol kenary göz bilen gormeseň söz bilen ynandyryp bolanokda.. indi şol çolaryp galan kenarly iş suratkeşe hemme zady ýatladyp durandyr... Şonuň üçinem hem, maňa şu işi sataý diýseňem rus suratkeşi Repiniň ýa Italýan nakgaşy Karawadjonyň eserlerinden gymmada düşjek. Öz mähriban käbäňi ýatladyp duran çagalygyna dolap duran işi satmakdan boýun gaçyrdy. "Men çagalygymy başga birine satyp bilmernä" diýen söze özüm utandym...
avatar
0
9 atayeva • 23:00, 21.08.2023
Surata düşünmek üçin sözüň kämil bolmaly. Gynansamam, ähli hudožnikler bu jümlä düşünmeýärler. Söz bolmasa, suratam bolmaz. Bu surata-da ruslaryň düşündirişini okap düşünäýmesem men-ä
avatar
-1
10 Merw • 06:53, 22.08.2023
Ilki edebiýatda Kerim Hally ýa Gülşirin Hanowa, Seýitmyrat Geldiýew,Kakamyrat Rejep,Laçyn Pürje we ş.m ýaly derejelere ýetseňizdi onda türkmen hudojnikleriniň işlerinede ýüzüňiziň ugruna düşinerdiňizmikäňiz öýtýän... Sebäp olar suratkeşler bilen ýakyn aragatnaşykda

Söz bolmasa surat bolmaz düşinjän özüne aýdylan zat ýaly bolup dur. Ilkidurmuş döwründe çeken zatlaryna komentariý berip düşindirenokdylar. Olarda söz hem ýokdy. Sözden öň duýgy hem şekil kemala geldi.

Ruslaryňkyny okasyň gelse gadagançylyga ýok. Onsaňam sungaty öwrenişde bizä ýarysyny parslardan ýarysyny özbekden terjime edip galanynam özümizden toslap hekaýa ýa goşgy ýazmaýarys. Biz diňe kartinadaky wakany ýa suratkeşde bolan duýgyny açyp halka aýtmakda.
avatar
2
11 Pegas • 07:33, 22.08.2023
Merw akga, salawmaleýkim. Näme üçin köp teswirleriňizde ha gytaklaýyn, ha gönümel edebiýaty, goşgulary, goşguçylary hetjikleýäňiz (şu sözüň has sypaýy sinonimini tapmadym)? Paýlaşýan surat eserleriňizde başga biri siziň görýän zadyňyzy däl-de, başgarak bir zat görýän bolsa, ony näme üçin oka tutup ugraýaňyz? Hemme adam siz bilen deň pikirli, deň gözli bolmaga borçly däldir ahyry?!
avatar
-1
12 Merw • 08:05, 22.08.2023
Waleykum salam ýok mena hiç hetjiklämok. Hetjiklemek bir zat düşündirmek işi dogry taraplaryny aýtmak bir zat. Aslynda düşinmän ýaňramaklyk hetjiklemek dälmi näme? Surata düşip surat hakda gürrüň edilse has gowy boljak ýaly. Mahatma Gandiň halwa iýip halwa hakda gürrüň edişi ýaly...
avatar
0
13 Seýrаn • 09:35, 22.08.2023
Başga obalara gezim etmäge çykanlary kowalap yzyna dykýanlary göremsoň diýýän. Göýä çägi kesgitleýän ýaly.

Nakgaşçylyk duýguly žanryň biri, tehnikasyny öwretjek bolup, talybyň ýa okuwçyň duýgusyna erk edesleri gelýär.

Şeýle bir nakgaşlary tanaýan welin, dünýäň ýüzüne syganok.
avatar
0
14 Seýrаn • 09:41, 22.08.2023
Merw, ol sananlaryňyzça ýazýar meň tanaýan Ataýewam bolsa. Hatda, ilkinjileriň hatarynda agzanlaryňyzdan gowy hem ýazýar. Oňa şübhäňiz bolmasyn.

Söz bilen surat mysal meň üçin deňräk derejede. Söze erk edip bilýän, ýazanlary bilen galdyrýan täsiri güýçli. Bu, ötüki suratkeşler bolsa reňk bilenem berip biler. Barybir tomaşaçy öz akyl çäginde an ýetirýär.
avatar
0
15 Seýrаn • 09:42, 22.08.2023
Köçeli gürrüňe düşünendirislaý bizem. Belki Merw agzanyň niýeti tanalmaýanlary ýüze çykarmakdyr?!
avatar
1
16 atayeva • 12:21, 22.08.2023
Onda men yakyn aragatnaşykda daldigim ücin düşůnemokmykam? Aý diyyardimlay oz ozume Bagul jan senem ýakyn gatnaşykda bolmaly diyip welin, "Adamlar sungata diňe gulluk edip bilerler, ýöne şol gulluk gözelligiň özi ýaly arassa bolmalydyr" diýen sözlerim ýadyma düşýär-dä

Maňa yarysy ozbek yarysy eyrandan ogurlanan diyjek bolyansyň welin, diymek onda meni eyran bilen ozbekler okayan ekenidä. Yakyn aragatnaşykda bolmamsoň, men hiĉ mynasyp zadymy görüp ya bilip bilemokda.
avatar
0
17 Merw • 19:11, 22.08.2023
Ýakyn aragatnaşyklarynyz bilmedim Bägül hanym. Ýöne sungata gulluk edip daş töwereginden üzňede däl siz. Men sizi ogurlyk zat ýazmakda aýyplamaýaryn ters düşindiňiz men şol göçürip eser döretýänlere aýtdym özüňize çekmäň.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203