14:45 Maksat Hudaýberdiýew "Tikinçi gyz"2022 | |
Nakgaşçy bu işinde ýokary we pes gözýetimden serediş ýerlerini birlikde ulanýar. Dik gorizontallyk işi has-da dabaralandyrýar. Bu eser " Tikinçi gyz" diýlip atlandyrylsada onuň haýsy keşde çekip ýa näme tikýäni mälim däl bize,emma suratkeşiň aýtmak isleýän pelsepesi uly öýüň ýüzüniň tuwagy bolan gyz perzendiň edebi hem göreldesini görkezmek isleýän ýaly. "Güler ýüzli ýigidiň gyz uýasy bolmasyn, gyz uýasy bolsada güler ýüzi solmasyn." aýtgynyň aňyrsynda öý ojak abraýynyň eýesi gyz mertebesi hakynda aýdylýar.Tikin çatyn bilen meşgul bolan türkmen gyzynyň öýden çykman abraýyny saklamagy şol ojagyň mertebesidir. Şonuň üçin bolsa gerek nakgaş öýüň içini şeýle beýikligi bilen şekillendirendir. Şeýle beýiklik eseriň gahrymany bolan şol gyzyň mertebesidir... Döwletmyrat Durdyýew sungaty öwreniji Gündelik ýazgylary 27.09.2023ý | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |