Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

04:34
Azat Jumaniýazow"Hüwdi"

Halypa suratkeş Azat Jumaniýazowyň “Hüwdi” eserinde awtoryň öz ykbaly ýatyr. Durmuş pelsepesine çuňňur ýugrulan şeýle eser her bir tomaşaçyny biparh goýmasa gerek. Çünki bary ýogy iki sany gahrymanyň üsti bilen görkezilen eseriň mazmunynyň özeninde özüniň hüwdi sesine, ata mährine zar bolan unudylmajak çagalyk ýyllarynyň ahmyry ýatyr. Eserde çagalykda gunnaga gunnan, gülkiňe guwanyp, düşünip düşünmän aglan agyňada agy gatyşykly hüwdüläp, uzak gijesini sallançagyň baş ujynda oturyp daňa golaý irkilen mähriban käbesini görmegiň arzuwy duýulýar. Ata agras ýere bakýar. Iki sany uly dünýäň söýgisine ömriniň ahyrky günlerine çenli zar bolan suratkeşe abraýly maşgala, perzent, agtyk görmek nesip etdi. Çagalar öýünde terbiýelensede ezizilerini şeýle şekilde göz öňüňe getiren suratkeşiň bu eserinde ykbalyň agyr urgysynyň ajy hasraty ýiti duýulýar.

Döwletmyrat DURDYÝEW
Sungaty öwreniji
Gündelik ýazgylary 2023
Bölümler: Suratkeşleriñ döredijiligi | Görülen: 190 | Mowzugy paýlaşan: Merw | Teg: Döwletmyrat Durdyýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
-1
1 Мango • 21:31, 26.08.2023
Tehnikasy Durdy Baýrama-da meňzemän duranok.
Ilki seredeňde “näme üçin ejesi däl-de enesi” hüwdileýä diýdirýä.
Soňra pürenjekli enä, ýuzi salyk ata üns berseň düşnükli bolýar.
Bellik: sallançak oturanlara gaty ýakyn. Üwrelse özlerine degjek ýaly.
Sallançagyň daňylan agajam ejizje.
Çaýly kaseleriň içi biri sary beýlekisi gök.
Atada enede bir liniýada oturdylypdyr…
Üstünlikler.
avatar
0
2 Merw • 06:41, 28.08.2023
Başlangyç bilim alýan çaga öwüt berip duran ýaly aýdýan zatlaryňyz. Ol halypa suratkeş. Diýýäniňiz uly hassahanaň lukmanynyň ýazyp beren dermanlaryna ýagny hatyna düşunmän ol harpyň eýle ýazypsyň bu harpy beýle ýazyp diýýän ýaly şu wagtky aýdýanlarynyz. Düşinmeseňiz iň gowusy dymmaklyk.
avatar
1
3 Мango • 10:48, 28.08.2023
halypalara söz aýtmaly däl, düşünmeseň dymmaly...
nireden çykýa şeýle prinsipler?

meniň pikirimçe pikirlenmek, soramak, soraga çekmek, jogabyny tapmak dogry ýaly. düşün-düşünme dymmak diýlen zat gowy dälmikä diýýän...
avatar
0
4 Мango • 10:49, 28.08.2023
Azat halypaň diplom işi gowy bolana meňzeýär..
avatar
0
5 Merw • 13:06, 30.08.2023
Mango daýy bu pronsipler hiç ýerdenem çykanok. Bu ýerde kartına düşünýän ýaly gürleýäňiz aslynda şeýle bir düşünýän adama däl siz. Sebäbi Rembranda deňäň Umarowyň narly işini googlede özbek nakgaşy Muhtarhan Isanowyň döredijiligi bilen bileje goyup görüň şonda az kem düşnükli bolýar siziň sungata garaýşyňyz. Gepiň gysgasy göçürilen işi arşa galdyrýar öz duýgusy bilen döredilen zada bolsa tankytlap kemini goýaňzok. Eserlere töwerekleýin seredäýiň haýyş!
avatar
-1
6 Medicall • 15:58, 30.08.2023
tekstdäki gramatik ýalňyşlyklar:
bary- ýogy
söýgisine - söýgüsine
ömriniň - ömrüniň
terbiýelensede - terbiýelense-de
urgysynyň - urgusynyň
gunnaga gunnan - gundaga gundan
agyňada - agyňa-da

@ Merw, meň eden belliklerim surat hakda däl-de, tekstdaky gramatiki ýalňyşlyklardyr. bu ýalňyşlyklary ilki goýanyňyzda-da görüpdim-de, "bor-la, yrsaraýan ýaly bolmaýyn..." diýip geçip gitdim. Bu gün teswirlerde görsem ýene şu posta dolanyp gelipsiňiz-de, ol ýalňyşlyklar ýene gözüme basylyp dur-da. Şondan bellemän dymyp geçmegi nädogry hasapladym. sebäbi ýalňyşlyklara dymmak, kemçiligi aýdyp bilmezlik gowy adam bolmak däl.
(halypalaňam ýalňyş ýerini hökman aýtmalydygyny öň özüňizem nygtapdyňyz-a , şonuň üçin bu belliklerimi göwnüňize almajagyňyza ynanýan!)

Nähili bolsa-da siz hem halypa bolmaly adam. Mugallymyň ýazan kiçijik tekstinde şunça ýalňyşlyk gitmegi okuwçylaryň gelejegi hakda oýlanmaga mejbur edýär...
size örän jogapkärçilikli işiňizde uly üstünlikler ýar bolsun!
avatar
0
7 Мango • 17:45, 30.08.2023
Muhtarhan Isanowy gözletdim interneden.
ol özbek däl eken, gyrgyz suratçysy eken.
işleri gyzykly.
ol diýýän Muhtarhanyň nary şulardyr-da.

ine-de Umarowdan meniň halan narym. men-ä meňzeşlik görmedim.

onsoňam nary gaty kän suratçy çekýär. azerilerde-de kän.
Muhtarhan bilen Rahmanyň tehnikasam bir däl.
gysgaça aýdyşyňyz ýaly Rahmanda kopiýaň "k"-sam ýok.
onsoňam men Rahmanyň suratlarynyň halamadyk ýerlerinem aýdym. halanlarymam aýtdym.
edil şonuň ýaly kimiňkem bolsa pikirimi aýdaryn.
ylalaşman bilersiňiz. mesele ýok.
men şahs barada gürrüň edemok, eser barada gürrüň etdim.
avatar
0
8 Merw • 17:56, 30.08.2023
Mango agamyz bilen çekeleşýäs welin size gaty degýän däldirdä bagyşlarsyňyz Nurdan hanym. Ikiňizem dogry belleýäňiz men öteräk geçýän bolmagym ahmal onda-da bagyşlan ýöne ikiňizdenem köp zat öwrendim işiňizde uly üstünlik. Jedelli soraglar bolmasa ösüşem bolmaz. Ikiňizede minnetdar ýene bir gezek.
avatar
0
9 Medicall • 19:21, 30.08.2023
(mugallyma şunuñ ýaly zatlary öwredip oturmagam birhili, emma gynansakda öwretmeli bolup dur @ merw daýy.:)

@ merw daýy, sen teswiri çekeleşikli ýazyp oñarañog-a, hökman şahsyýete ýetýäñ, dawa başlaýaň, çekeleşikli pikir alyşmak diňe eser barada bolmaly. sende bolsa beýle ukyp ýok.

onsaňam @ merw akga,, bu teswiriñiz siziñ düşünjäñiziñ çäginiñ näderejede dardygyny görkezýär: çünki men siziñ tekstdäki gramatiki kemçiligiñizi bellik etdim. Mango ýazanlañyzy okamadymam, diñe teswirler diyen ýerdäki siziñ postuñyzyñ adyny görüp öñki gören gramatiki ýalñyşlyklaryñyz ýadyma düşüp, postuñyza seretdim we ýazdym.

Sebäbi meñ her samyrdyny okap oturara wagtym ýok, diñe pikirine hormat goyyan adamlamyñ pikirini wagtymy alsa-da bir zat öwrensem peyda diyip okayan. Siziñ teswirde edilen belliklere çydaman agzalara ýazýan teswirleriñizi okamok. Çünki siziñ diñe gaharly jogaplar ýazyanyñyzy bilyan. Bu maña ýazan teswiriñiz özüme yazanyñyzy bilensem okadym, bu teswiriñizdenem siziñ kemçiligiñizi aýdylsa çydaman aýdan adama nähak betgümanlyk, töhmet etmekdenem gaýtmajak müñkir biridigiñizi görkezýär.

Giñiräk boluñ, bu ýer wirtual dünýä, at familyasyny bir ýerden öwreneniñiz bilen hiç kimi real tanañzok. Tanamaýanlaryñyza betgüman pikirleriñiz bolsa özüñize agyr ýük boljakdygyny unutmasañ ýagşy bolar.
avatar
0
10 Merw • 05:40, 31.08.2023
Wiii köşeşiň mena siziň wawwaly ýeriňizden basaýypdyryn. Adyňyz turmadygym. Mugallymçylyk meselesinde bolsa diňe mugallym düşiner oňa siz entek daşda şoň üçinem öz hünäriňiziň ussady boluberiň. Meň goýanlarymam pozmagyňyzy haýyş edýärin!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203