14:58 Muhammet Gubyýew "Ýaşulynyň portreti " 2014 | |
Goja göni maňa seretýär. Içinde nämäň harasady gopýar bilmedim, göz okarasy nemlenipdir. Onuň edil şu keşbi atam pahyryň durşuny ýadyma saldy. Şol gün beýik watançylyk urşy hakynda gürrüň berdi... Menem okuwa gitmedik çagadym.Men oňa bary ýogy ýekeje sorag berdim.. "Ata meňem kakam uruşda galdymy.." diýip düşinmän beren soragyma dişini gysyp gözi nemlendi. Jogap bermän dymdy... Emma urşuň gutaranyna 75 ýyldan gowrak wagt geçse-de kakamyň ýoklugyna ýaňy otuz bäş güýzü arka atyldy.. indi obada atamy hem kakamy gören gözler hem azaldy... Belki-de suratkeşiň hakydasynda şeýle wakalar otyrandyr...bilmedim. Emma şu eser gahrymanynda atamyň şol wagtky soragymy jogapsyz goýan pursady doňdyrylan ýaly bolup dur... Döwletmyrat Durdyýew sungaty öwreniji Gündelik ýazgylary 29.09.2023ý | |
|
Ähli teswirler: 0 | |