Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:20
Altynjan -Togrul beg
I bölüm


Geliň, täze dessan diňläliň!
Türkmen halkynyň şöhratly gadymy taryhy bar. Bu günki gün “Döwlet adam üçindir!” diýýän Gahryman Arkadagymyz, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýýän Arkadagly Serdarymyz bu şöhratly ýoly dowam edýärler. Hormatly ýazyjy, edebiýatçy, publisist, jemgyýetçilik işgäri, il ýaşulusy Osman Ödäýew özüniň “Altynjan hatyn” atly kämil romanynda bu taryhyň bir dabaraly döwrüni janlandyrmagy başarypdyr. Roman halka hödürlenen döwründen başlap okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Romany okan her bir okyjynyň öz milletine, taryhyna bolan ynamy, buýsanjy artdy.
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baýram Akatow bu romanyň uz gözelliklerini, nepisligini, gymmatlygyny halka has çuňňur wagyz etmek maksady bilen eseri özi ýaly gadymy dessan žanryna geçiripdir. Uzak asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň ruhy hemrasy bolan dessanlar Mollanepesiň döwründen bäri ösüşini bes edipdi diýsek ýalňyşmarys. Şonuň üçin, dessan žanrynyň täzeden galkynmagyna ýardam edip biljek bu täze synanyşygy halka ýetirmegi müwessa bildik. Meşhur Gurt Ýakubyň ogly, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Çary Ýakubow bu dessany ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Geliň, täze dessan diňläliň!

“Altynjan-Togrulbeg”
(Taryhy dessan)
Bissimillahy rahman-u rahym! Bu dessan häki bir gep-gürrüňem, birewiň oýlap tapanam däl, barypýatan hakykat. Ynanmasaňyz, Reýhan Birunynyň, Ibn Esiriň, Faruk Sümeriň... kitaplaryny açyp yzarlaberiň. Bularyň hemmejesini rehmetli il ýaşulymyz Osman Öde pahyr öwrene-öwrene bir gözel roman etdi, bizem ony dessan kylmaga çalyşdyk.
Elkyssa
Oguz hanyň asmany ogly Gün hanyň neberesinden eprikogullary Horezminde ýedi asyrlap soltanlyk etdiler. Horezm-ä “Günüň ýurdy” diýmek, eprikogullaram taryhdaky afrigidlerdir. Eprikogullarynyň soltanlygy dargap başlan döwürlerinde Mahmyt Gaznalynyň serdarlygynda ýene bir türkmen soltanlygy döredi, Oguz hanyň zemini ogly Deňiz hanyň neberelerinden saltyklar nesli kuwwatlandy. Bu gürrüň berjek kyssamyz şo-ol üç sany kuwwatly türkmen soltanlyklarynyň biriniň dargan, ikinjisiniň dowam eden, üçünjisiniň dörän zamanasynda bolup geçdi.
Gürgenje hut özleri tarapyndan häkim bellenen Abu Aly Mamun iýen duzuny depip, goşun sürüp, eprikogullaryny gyrgyna berdi. Olaryň paýtagty Käti ýakyp-ýandyryp, Ürgenji paýtagt edindi. Ýöne Horezm şanyň inisi Bugrajyk Abdalyň üç ogluny öldürse-de, özüne degmedi, gaýta, Zamahşar galasyna häkim belledi. Sebäbi birzamanlar, köşkde sözüniň ýöreýän döwürleri Bugrajyk Alp şu zalym Mamunyň Ürgenje häkim bellenmegine ýardam edipdi. Günä-ahmyrlardan ýaňa, Bugrajyk Alpyň derdi içine urdy, üç aýlap galman ýatansoň, boz bedewini alyp Jeýhun kenaryna gezelenje çykarman boldy. Boz bedew edaly ýöräp, hojaýynyny kenara aýlap yzyna dolandy. Bugrajyk Alp atdan düşmän doňup otyr. Pahyr oturan ýerinde amanadyny tabşyraýan ekeni, asyl.
Bugrajyk Alpdan ýedi ýaşly ogly Abdylmälik galdy. Ähli gala, 750 hojalyk, nökerlerdir hyzmatkärlerem şoňky boldy. Bugrajyk Alpyň köne dosty, Arsahüsmişen şäheriniň häkimi Tahyr Afrasyýab oglanjyga eýe çykdy: ir adam bolsun diýip, gyzy Hajary nikalap berdi, Mansur atly doganoglanyna gapydan derejesini berip, galanyň işlerini ýöretmegi üçin Zamahşarda goýdy.

© Baýram AKATOW
Прикрепления: Картинка 1
Bölümler: Dessanlar | Görülen: 98 | Mowzugy paýlaşan: TmBürgüt | Teg: Baýram Akatow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203