Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:40
Altynjan-Togrul beg. Dowamy II bölüm
II bölüm



Altynjanyň dogluşy
Köne hanedanyň täze dowamy...

Abdylmälik bir syratly, edenli ýigit bolup ýetişdi. Ýöne silsilatyň umydy bolan Abdylmälikdenem hiç ogul-gyz bäbekler önüşip-örňeşibermedi. Ilkinji iki bäbejik jansyz doguldy, indiki bäbejigem myllyk, keselbent boldy. Oňa Sadylla diýip at goýdular.
Ulalyp başlansoň, Abdylmäligiň gökdäki arzuwy ýerde gowuşdy. Onuň ata-baba gandary Mamunyň başyna towky bolup inen türkmeniň täze soltany Mahmyt Gaznaly 1017-de Horezmini boýun egdirdi. Abdylmälik düýp gandarlaryna gulluk etmekden halas bolup, garahanylaryň hyzmatyna geçdi.
Bir gezegem soltan Mahmydyň hut özi Zamahşara geldi. Soltan täjini güne lowurdadyp, altyn-kümüş bezegli haladyny galgadyp, dal bedewini kişňedip, wezir-wekillerini, nöker-gulamlaryny, gapydanlaryny daşyna toplap, Abdylmälik hanyň howlusyna giräýen badyna içki jaýlaryň birinden täzeje doglan bäbejigiň çyrlap çykýan sesi eşidildi. Oguz hanyň ogly Gün handan gaýdan inçe tary yzarlaý-yzarlaý, ýitjek-ýitjekde Alla bir Gün ýaly nurly gyz perzent berdi. Soltanam, Abdylmäligem muny ýagşa ýordular. Abdylmälik tolguna-tolguna bäbejigi Mahmyt Gaznalynyň eline berdi. Soltan Hakyň gudratyny ýüze sylyp, soltanlyga ýaňyja birikdiren ýerinde öňünden bir keramaty çykaranlaryna joşup, bäbejigiň gulagyna azan aýdyp, “Gyzyňyzyň ady Altynjan bolsun” diýip bir söz aýdar boldy:
Köne hanedanyň täze dowamy,
Balaňyzyň ady Altynjan bolsun!
Gyz baladyr How enäniň owazy,
Gyzyňyzyň ady Altynjan bolsun!

Adyny biz berdik, badyny Alla,
Geýinjegi ýüpek, dakjagy tylla,
Ýa, Biribar, Arşdan özüň nur ýolla,
Gyzyňyzyň ady Altynjan bolsun!

Ata mähir bersin, enäge söýgi,
Jeýhunyň balygy, Köýteniň keýgi,
Ýanýoldaşy bolsun türkmeniň beýgi,
Gyzyňyzyň ady Altynjan bolsun!

Sözi ýerde galmaz soltan Mahmydyň,
Dowamaty bolsun gadym aslynyň,
Perwerdigär, hormatyna Ahmediň,
Gyzyňyzyň ady Altynjan bolsun!
Bu pursatlary soltanyň ýakynlarynyň arasynda duran, maňlaýyna şöhratly gelejek ýazylan bir görmegeý ýigit Muhammet Togrulam synlap durdy.
Elkyssa, soltan Mahmyt ähli goşuny, emeldarlary bilen Yzmykşirden gaýtdy.
Bölümler: Dessanlar | Görülen: 82 | Mowzugy paýlaşan: TmBürgüt | Teg: Baýram Akatow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 sussupessimist • 14:34, 10.02.2024
Ýamman az-azdan goýýaňyz-la?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203