11:16 Baýram Akatowyň goşgularyndan | |
TOPRAK HEM MEN Men — Toprak! Aslyma dolanaryn ýene! Zemin ynsan üçin mähriban Ene. Ýeller sypap, suwlar akar üstümden... Enem deýin agras, sada, ümsüm men. Saňa baky örkün baglar ogullar, Asyl, giň jahanda sensiz oňulmaz. Biz bir göwre Watan topragy bilen, Atalar gorapdyr kükregi bilen. Ata-babam bakýar owuç toprakdan, Ene-mamam bakýar her bir ýaprakdan. Ata Watan dursa, Ene Ýer dursa, Men ýaşaryn Watan ýüregi ursa: Elwan şapaklary baýdagym bolar, Sähraň sesi senam — aýdymym bolar... Şeýdip, bakylykda tutarys mekan, Watan, Toprak hem men — bir göwre bir jan! 03.03.2021ý. * * * Sen meniň ilkinji — iň soňky yşkym, Ýüregimden ýakyn — asmandan alys. Senden gitmek ne kyn, barmaklyk has kyn — Alasarmyk haldan ýadadym halys. Indi boýun boldum agyr ykbala, Ömrüm geçjek agyr aýralyk bile. “Ýat hem gelse, ýyglap geçer bu hala”, “Ölen deý dolanmaz aglamak bile”. Hem senli, hem sensiz öter giderin, Ömrüm — bir köpürjik howada gaýýan. Ýasalan palçygma batar giderin, Özümi hemme zat hem hiç zat saýýan. Başujumda galgan akja baýdajyk şemala, ygala, jirim-jirim bor. Aç eşekýassyklar geler haýdaşyp, Negözel bedenim gürüm-jürüm bor. Soňra dowam eder mensiz ýaşaýyş, Menem indi dünýä bolmaryn azar. Yşk aýdymyn aýtsa ýazlarda ýagyş, Sesin goşmak islär bir ýalňyz mazar. * * * Men Adam atany gördüm, Ol meniň kakam ekeni! Oňa kakamdyr öýderdim, Ol bolsa Adam ekeni. “Gak, gak, gargajyk” aýdaňda Biten eken ganat-perim. Arman, atasyz goýduň-da, Ganat-perim ýaýjak ýerim. “Hany, maňa çörejigi”, Gözläp elewredim käte. Bulutda gördüm keşbiňi, Dolan çagy sabyr käsäm. “Çörejigi kim iýmeli, Jigim ikimiz iýmeli”. Ganat bereniň ruhuna Bagş edip, “Omyn” diýmeli. Jigilerim adam boldy, Özümem indi ata meň. Görogly deý ýaşasa-da, Derdi egsilmez ýetimiň. Kakamdan on ýaş uly men, Uçsadym “Gargajyk” bolup. Arzuwym: oňa meňzesem, Ýoly hem göwni açyk bolup. Gördüm şol Adam atamy! Garrapdyr — eli hasaly. Ruhum aýasynda aýap, Ölçäp ýör sogap-hatamy! 18.07.2021ý. * * * JORAM* “Dostuň” manysyna giç düşündim men, Ol meniň barlygmyň güwäsi eken. Oň bilen ähli zat, onsuz hiç kim men, Dost ýagty jahanyň höwäsi eken. Ýöne neden bu barlygyň manysyn Düşündirdiň bu barlykdan ýok bolup?! Bileňde nä ýom-ýok zadyň gadyryn, Gezeňde nä gije-gündiz şok bolup?! “Tur, köp ýatma, ýör — diýip — aw-şikara”, Gelersiň-le! Ynha, kakylar gapym. Kalbym öte mynçgalanýar gijara, Gözüm gapa dikip, düýrügip ýatyrn. Ömrüm geçer indi zol gapa garap, Ahyr seň gapyňda tutaryn mekan. Kä howpurgap tupan ýaly howsala, Toba edýän, beter-beter bela kän. Zemindäki dostlar çyn däl ekeni, Iň gowusy orta ýolda kaşlady. Gel, köňlüm, dost istäp Arşa bakaly, O Ýar bilen bäs edişmez başgasy. Toýlara giderdik, indi ýaslara, Ýalňyz ýarym melek eken, jyn eken. Bu gowgaly dünýä ýalan bolsa-da, Kalba salan yzalary çyn eken. 21.01.2021ý. *Jora — adam ady * * * ÝARAŞYK Ynha, men, ynha, ten, ynha-da, kalbym! Aýagňyň burnunda süýnüp ýatyryn. Hala möňňür, agla, hala ýer deý dym, Şoňa: güýji ýetýär adam pahyryň. Boldy. Bolan işe asla çäre ýok. Bendäň ýarsy gara, deň ýarysy ak. Ýigrenmäge nije bahanaň barsa, Söýmäge-de şonça bardyr, diň salsaň. Jebraýyl men, hem Ezraýyl bir tende, Hem Jenneti, hem Dowzahy bir bende. Senem girip görmän meniň dünýäme, Bolşuň meňzeş bir ejeňi diňläne. Goh tursa, gep baryn geplejek bolup, Sen-ä ejeňlere gidip hezl edýäň, Men içýän, namartlyk etmejek bolup, Iç hümledip, öýde, daşda gezm edýän. Bilseň, aýry bolan her bir gijämiz Meý-meýlisli toýy boldy şeýtanyň. Artyk bes, etmäý ses, bolşumyz hebes, Ýigrenji ýeňäýsek, ýollarmyz aýdyň, Günlerimiz goşgy, aýlarmyz aýdym... Aýaklam gandally, gollarym bagly, Bosagaňa döndüm, ýüregim dagly... Müň gussa, dert bilen ejiz köňülde, Bulaşyp ýatyryn seniň öňüňde. Hala, ýaşat, ýogsa, janymy algyn — Ynha, men, ynha, ten, ynha-da, kalbym! Baýram Akatow | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |