Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:13
Altynjan-Togrul beg - IV bölüm
Aly şa ogly Şamälik
IV bölüm

Erkek başdyr, aýal boýun,
Baş mydam aýala boýun...
Altynjanam kenizlerini daşyna üýşürip bularyň duşundan ala meýdanlara awa-şikara gidiberdi. Ýöne gyz göwni awda, ýigit göwni gyzda. Altynjan dagy ýaňy bir elguşlaryny salyp, bedewlerini çapdyryp, towşany kowalap ýetiberenlerinde, beýik Oguz döwletiniň iň soňky patyşasy Aly şanyň ogly Şamälik deýýus öňlerinde dikilgazyk bolup dur nökerleri bilen. Bular saltyklaryň ganym duşmanydy. Duşmançylygyň başy aýaldan başlandy. Saltyk beg Aly patyşanyň subaşysydy. Saltyk beg Aly patyşanyň aýaly Karkara hatynyň gyzyna öýlenmän, grek gyzyna öýlendi. Muňa jyny atlanan Karkara hatynam “Şu Saltygy ýok et!” diýip adamsynyň gulak etini guratdy. Adamsy ölensoňam, bu ýigrenji ýaş patyşa ogly Şamälige geçirdi, özi öljek-öljekde-de iň soňky sargydy şu boldy. Şol aýalyň ýigrenjäm tutuş şalygy dargatdy soňrak.
Bu gep bu ýerde garaşsyn, Altynjandan habar alalyň.
Şamälik Altynjany ilkinji gezek gördi, gören badyna-da aşyk boldy.
Eý, gözel gyz, kim bolarsyň, perimi sen, peýkermi sen?
Men kim bolamda bitiň biynjalyk bolýamy seň?! Ýoluň bilen boluber.
Men saňa aşyk boldum.
Diliňi andak-mundak uruberme, Abdylmälik hanyň gyzydyryn men.
Abdylmälik hanyň hormaty beýik. Ýöne sen meňki bolmaly. Başgaça bolsa toýuňa gan çaýkaryn.
Bir şeýtseň-ä maňa-da gowy bordy. Bigünä adamlara azar berip ýörüpdirin. Bahana bolardy.
Arman, han gyzy bolaýýaň-da – diýip, Şamälik Altynjany aňyrsyna geçirmegi berk göwnüne düwüp, öz ýoluna gidiberdi.

Togrulyň kellesiniň dawasy
Eý, ýaranlar, mert ýigidi mert tanar...
Indi habary Oguz hanyň zemini ogly Deňiz hanyň neberesinden alalyň. Deňiz hanyň ogly Dukak, onuň ogly Saltyk, onuň ogly Mikaýyl, onuň ogly Muhammet Togrul. Mikaýyly hile bilen öldürdiler. Çagry bilen Togrul iki dogany babalary Saltyk terbiýeledi. 1025-nji ýylda Mahmyt Gaznaly aldaw bilen saltyklaryň serdary Arslan Ýabguny ele salyp, Hindistanyň Kelejar galasyna gabandan soň, (o pahyram şo ýerlerde ölüp gitdi, ogly Gutulmyşyň, saltyklaryň yhlas etmegine seretmezden) Togrul saltyklara serdar boldy.
Togrul ýetginjek döwri Gökdaş begiň gyzy Mahyma aşyk boldy. Ýöne ony garyndaşlykdan peýda görjek bolup, afrasiýaplylara durmuşa çykardylar. Iki aýdan soň Mahym gyz dünýeden ötdi. Üç ýyldan soň Togrul Nur welaýatynyň walysy Isgender ibn Nurjanyň Altyn atly gyzyna öýlendi. Ýöne aýy-güni dolan hamyla halynda sanjylama tutup olam dünýeden ötdi.
Şo halda gezip ýören Togrul bir gün özüniň ak öýünde otyrka, bir zeberdest ýigit gapydan girip:
Sen Togrulmy? – diýdi.
Hawa, men Togrul.
Onda men ýekme-ýek darkaşda seniň kelläňi aljak.
Haý berekella! Ýör bäri kelle gerek bolsa!
Şeýdip, ikisi kynyk obasynyň kenaryndaky ala meýdana çykdylar. Şeýlebir döwüşdiler, biri beýlekisinden belent geldi. Ahyrsoňy, Togrul ýat ýigidi ýere ýykyp, bogazna gamasyny diredi. Şonda bir pursat oýa batdy: “Beh, bu mert ýigit gelegelmäşe kellämi aljak diýdi. Janyny orta goýup söweşdi. Munuň bir hikmeti bar bolsa gerek. Gel, özünden soraýyn”:
Eý, ýigit, meniň gara başymy neýlärsen, içalymy, görip, yzçymy, kim sen? Men nä seniň kerweniňi taladymmy, naçaryňy zorladymmy?!
Maňa kazynyň soragyny berme-de, öldür öldürjek bolsaň, kim bolamda saňa näme?!
Seni mert gördüm ýigit. Ejizläniňe kemsinme. Bu dünýäde biri ýeňmeli, biri ýeňilmelidir. Gel, gowusy ikimiz dogan okaşaly.
Gel, okaşsaň – diýip, Gökhun galkyp galdy. – Dogan senden zyýat bolmaz.
Şeýdip, ikisi aýaga galyp, aýalaryny dilip, gan garyp elleşip, gujaklaşdylar. Şundan soň, Gökhun näme üçin kelle küýsäp gelenini Togrula aýan etdi.

Ilkinji duşuşyk
Şuňkar guş men, haky saýrar dillerim...
Şo pursat Togrul mähetdel etmän, Zamahşar galasyna düşünişmäge ugrady ýigitleri bilen. O günler Abdylmälik han saparda gezip ýördi.
Altynjan gala seňňerinden daşary baksa, aşakda bir degenek ýigitler derwezeden girjek bolup gelýärler. “Öz-ä boluşlaryňyz saltyklara meňzeş, arzuwlan arym – awum alnyma geldi öýdýän?!” diýip, Altynjan eňdi aşak. Serbazlary, kenizleri bilen derwezäni gaýym ýapyp, iki elini bykynyna tutup duruberdi.
– Biz talaňçylyk üçin gelmedik. Biz Abdylmälik han bilen düşünişmäge geldik. Näme derwezäni ýapýaňyz?
– Abdylmälik han häzir ýok. Siz oňa galanyň daşynda garaşyň.
– Derwezäni aç! – diýip, bir deşlek kişi elindäki ýatagany bilen Altynjana hemle atdy.
– Içerik goýberjek däl!
– Goýberersiň!
– Goýbermen!
– Biz gowy niýet bilen geldik.
– Kim siz?!
– Biz kynyklar.
– Togrul saltyklymy?
– Hawa, hawa, Togrul saltykly.
– Senmi şol?!
– Kim bolamda saňa näme?! Aç derwezäni!
– Sen Togrulmy?
– Togruly näme etjek? Derwezäni aç!
– Ýok, ýok!
– «Derwezäni aç!» diýýän men saňa!
– Howla goýberjek däl!
– Goýberersiň! Ýatagany böwrüňden geçirerin – diýip, deşlek kişi gaty arkaýyn süründi. Elindäki ýataganyny Altynjanyň döşüne diredi. “Özüň-ä bir daýanykly ýigit ekeniň, Togrulam sen bolsaň gerek” diýip, Altynjan hanjaryny çykaryp, çep eli bilen aýlap bir goýberdi welin, bokurdagyndan gan pöwdürlip çykan Batman atly ýigit şo ýerde jan berdi ýatyberdi. Yzdaky haşym Tahyr Batmany ýykmajak bolup, goltuklaberjek wagty Altynjan onuňam böwründen ýaňkynyň elinden gaňryp alan ýataganyny sokup çykardy. Bulam hyrkyldaý-hyrkyldaý jan tabşyrdy şo ýerde.
Bu bolanlary uzakdan synlan Togrul derwezäniň ýakynyna gelip haýran galdy.
A gyz, taşla eliňdäki hanjary.
Taşlamaýan. Erkek bolsaň, ýaragly wagtym gel garşyma.
E-eý, byradarlar, eşidýäňizmi bu tulanyň diýýän sözlerini!?! Durşy bilen dogum-a bu. Birinji gezek görýärin men beýle dogumly urkaçyny. Biziň Tahyrymyz bilen Batmanymyzy öldürdi bu! Bu tula meniň kellämi almak islän gyz bolmaly! Şo gyzdyr!
– Bularyň içinde Togrul ýokmy?
– Hä, Altyn gyz, saňa Muhammet Togrulyň kellesi gerekmi?
– Gerek!
– Ynha, seniň ideglän kelläňi men elin getirdim. Al, şu gara kelle seniňki! Aýt, sen meniň kellämi alyp näme etmekçi? Ýassyk edinjekmi?
– Tepük etjek!
– Näme, näme?.. Tepük?
– Seniň küýze kelläň tepüge-de, güýe-de ýarar öýdemok men.
– Hasan, Nasyr, eşidýärsiňizmi, meniň kelläm tepüge-de, güýe-de ýarajak dälmiş – diýip, Togrul şyg-şyg edip güldi.
– Iliň halal gazanjyny talap ýaşandan ölen ýagşydyr. Entek siz päliňizden taparsyňyz. Ili agladyp, gan gusduryp, elindäki iň soňky tötegini zorluk bilen alyp, pälinden tapmadyk ýokdur. Alamanyň soňy sakar dowzahdyr. Erkek bolsaň gel döwüşeli – diýdi.
Altynjan hanjaryny serkerdä urjak boldy welin, o bir tilsim ulanyp, gyzy başyndan aýlap-aýlap, honda zyňyp goýberdi. Altynjanyň jany bokurdagyna geldi. Herniçik bir dyz galyp özüni dürsänden soň birden towsup, gamasyny salyp iberdi, Togrulyň döşi gyltyzrakgetdin dilnip gitdi. Altynjan bu beg häli ýykylar, şindi ýykylar diýip, ýere seredip garaşdy. Soň başyny galdyrsa, ýigit ganyny sarkdyryp dim-dik dur. Nökerler Altynjana topuldylar welin, Togrul eli bilen degmäň diýip ümledi. Bu gyzda özüne ýakynlyk duýdy. Ol uzyn gamçysyny başujunda aýlap-aýlap sypdyryp goýberdi welin, Altynjan gamça dolanyp, Togrulyň gujagyna dolaýdy.
Biz gepleşmäge gelipdik ahyry, gideli – diýip, nökerler howsala düşdi. Togrul olara rugsat berensoň, ýigitler jesetleri ýygnap gitdiler.
Togrul Altynjany honda zyňyp goýberdi-de, depesinden gamçyny inderip başlady. Altynjan sesini çykarman çydady.
Aýt gyz, mende näme aryň köýdi?
Altynjan “Ine, şunuň üçin” diýip bäş keleme söz aýdar boldy, Togrulam jogabyny berdi:
Altynjan:
Aslym Güneş, ýanmak üçin gelip men,
Mähriban daýymyň gany bar sende.
Dünýä düşmän kä aglap, kä gülüp men,
Kalby ýaradaryň jany bar sende.
Togrul:
Aslym Deňiz, otlar görsem basar men,
Hiç adam oglunyň gany ýok mende.
Her işimde Haka gulak asar men,
Hiç adam oglunyň gany ýok mende.
Altynjan:
Mert kişiler Watan diýer, il diýer,
Namart ogly özüm diýer, pul diýer,
Gamly köňlüm ganhoruňy bil diýer,
Asly mert gerçegiň huny bar sende.
Togrul:
Il-gün halan imanlylaň biriýem,
Ýanyp duran iman bilen diriýem,
Geljek saltyk soltanlygnyň şiriýem,
Hiç adamyň nähak gany ýok mende.
Altynjan:
Tylla gözel, iki diliň bir ýaly,
Güman gelse, iman gider bir ýana,
Sözleriňde bir hakykat bar ýaly,
Belki, nähak ganyň yzy ýok sende.
Togrul:
Şuňkar guş men, haky saýrar dillerim,
Hak sözli men, sarpa goýar illerim,
Nyşany men deňiz, derýa, silleriň,
Mährem dogan daýyň gany ýok mende.
Togrul Altynjanyň öňünde çöke düşüp, gözlerine bakyp:
Men seniň daýyňy öldürmedim. Ony meniň adymdan bir ilden çykan eden, bizi duşman etjek bolup – diýdi. Altynjan hem onuň ýalan sözlemejekdigine ynandy, hemem hakyt çyn aşyk bolaýdy. Togrulam Altyngyr atly bedewini çagyryp, “Şu gyz göwnüňe ýaraýarmy” diýdi welin, atam baş atdy.
O şo halat Abdylmälik han dolanyp geldi. Togruly tutup eltdiler. Ony dyza çökerip goýup, Altynjanyň eline gamçy berip, “Al indi häki urgular üçin aryňy” diýdiler. Emmaki Altynjan ýakyn baryp, gamçyny galdyryp, Togrulyň gözlerine bakanda, ini gowşap gitdi ömründe birinji gezek. Hiç bogny ysmady. Hem hyjuwyna bäs gelmän, hem özüne düşebilmän, täze bir duýgudan ýaňa serhoş bolup, gamçyny zymdyryp goýberdi bir ýaňa. Şeýdip, ikisi biri-birine çyn aşyk bolaýdy.
Прикрепления: Картинка 1
Bölümler: Dessanlar | Görülen: 64 | Mowzugy paýlaşan: TmBürgüt | Teg: Baýram Akatow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203