Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:34
Antonim

ANTONIM


Sen diýýäň: «Saralyp barýar ýüregim»,
Men diýýän: «Ýarylyp barýar ýüregim».
Sen saralyp, men ýarylyp bu söýgi,
Ýanyp-ýanyp eredi.

Sen il-günüň göz-dilinden gaçýarsyň,
Men hiç kimiň ýok ýerinden gaçýaryn.
Dilim ýetýär, gözüm görýär bir seni,
Gaç, ýarym!

Şatlyk-şowhun seni asmandan asýar,
Meni gaýgy-gussa ýere «gömüp» ýör.
Bulutlar begenip bukýarlar seni,
Il-gün meni görüp ýör.

Süýji sözler aýdym bolýar diliňde,
Meň zybanym «şel açan» deý dymyp dur.
Ýagyş ýagýar, damjalarny synlaýaň,
Ömrüm damyp dur.

Sen şu gün, ertiriň suduryn çekýäň,
Meni püçek bolan geçmişim çekýär.
Arzuwlardan ganat ýasap dursuň sen,
Men ýüregimi «tikýän».

Seň göwnüň terlenýär, keşbiň ne gözel,
Men «garraýan», öz-özümden gorkuplar.
Saraldyň – solmadyň.
Ýandym – ýanyp durun,
Çoýuplar...

Gurbanmyrat SARYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 85 | Mowzugy paýlaşan: Saryýew | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Medicall • 12:18, 10.05.2023
Gurbanmyradyň "sary" sözüni köp ulanýanynyň sebäbi bu goşguda aýan bolan ýalymy

Täsinje tilsimler ulanylyp ýerine düşen goşgy bolupdyr, ýanýan bolsaň çoýýansyňam, ýakmasa, ýanmasaň ýazmarsyňam, ýakýanyna şükür et:)
avatar

Старая форма входа
Total users: 202