Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:50
Ýürek

ÝÜREK

Ýürek Allaň ruhsaryny görendir,
Diýmäň oňa: «Köşeş ýa-da gorsanma!».
Ol arş ruhy siňip, keremden dörän,
Onsoň nädip, ýerleşsin dar gursagňa?!

Ol – mukaddes,
Onda Hakyň demi bar,
Urgusynda pygamberiň dogasy.
Ol şatlyk ýagmyryn arzuwlap ýören
Bahrul-ahzan derýaň ýalňyz guwwasy.

Söýüp, duýup, uýup bilýär, ýene-de...
Ýürekdeşin tapsa, şol dem gülleýär.
Ol jennediň ysy kimin kükeýän,
Gülmi ýa?!

© Gurbanmyrat SARYÝEW.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 104 | Mowzugy paýlaşan: kysmat | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Lacrymosa • 18:56, 21.01.2024
Progres bar, Gurban Sary! Öňler SEN eje, kaka, ene, ata, gyz doganlar, jigiler, ýegençiler, agalar, daýylar we daýzalar, iň esasam SARY GYZ hakda ýazýadyň, menem içimden ,,By zaluwat – maşgala lukmany diýen ýaly şahyrlaryň ,,maşgala şahyry” diýen sortundan öýdýän. Diňe maşgalasy hakda ýazyp ýatyy, maşgalasyny edebileşdirmek bilen maşgalasyny ebedileşdirjek bolýar öýdýän” diýýädim. ,,Poeziýany şahsy bähbitlerine ulanmak bilen birlikde poeziýany şahsylaşdyrjak hem bolýar öýdýän’ diýerdim. ((((Ýogsa-da öz poeziýaň-a hususylaşdyryp bilerdiň))) Hakykatda-ha hususylaşdyrma poeziýa degişli däl, importuň ornuny tutýan önüm öndürip bilersiň, emma daşary ýurt poeziýasynyň ornuny tutýan poeziýa döredip bilmersiň. Hususylaşan bolsa onda ol poeziýa däl” diýerdim. Bu gezek hakyt, biz---okyjylar, halk köpçüligi, jemgyýet üçinem goşgy ýazaýypsyň-a sen, diýmek sende progres bar, sary Gurban! Sen çyn şahyr bolup başlapsyň. Onsoňam 2024-nji ýyl ---şahyrlaryň, poeziýaň ýyly ahyry! Şu ýyl şahyrlaryň döremeli we döretmeli ýyly. Senem döredip ýatma-da özüňi hem döretjek bol! Bu diýildigi --- ,,kämillige ymtyl!” diýildigi. Özem bu ymtylyş gabra girýänçäň gitmeli.... Hazyrmysyň?!
avatar
0
2 sussupessimist • 19:12, 21.01.2024
Bu Gurbanmyrat Saryny beyleki leglegi çagyryan awtor bilen bulaşdyrdyň oydyän, Lacrymosa jan. Şonda ejesine, jigisine, gelnine (iki pay) goşgulary bardy. Ya ikisem şeyle bolsa, bilmedim.
avatar
0
3 Lacrymosa • 19:28, 21.01.2024
ýazyp-ýazyp, goýup-goýup, haýy gaçandansoň, üýşürip okajak şu şahyry dp Süleýman Hojanepesowyň goşgularynyň birinem okaman ýörün, emma Gurbanmyrady hemen okaýan, bir täzelik boluberýä onda.
Munuň ,,Huýrlukgam", ,,Ahmedim" ,,Ýusubym" diýen ýaly goşgularam
enesine-atasyna ýüzlenilen-ow
avatar
0
4 Kyyas • 21:14, 21.01.2024
W-w-o-u ine bu goşgyña dilini şemala tutan itiñ bolşy ýaly erenim ýerine gelmedi...
Berekella
avatar
0
5 Мango • 15:39, 22.01.2024
"Ýürek Allaň ruhsaryny görendir..."

RUHSAR
1) Yanak, yüz, çehre.
2) Kadın adı. ... Gül-i ruhsar da gül yanaklı anlamına gelen bir ifadedir.

hmmmm.... gördümikä?

Kuran-a kalb (ýürek) barada agyp-dönüp duran нестабильный diýýä... (ýlaňyşmasam) Pygamberimizden dogada bar (ýa-da Kurandan) ..."kalbymy sabit tut" diýip...

tak şto ýüregi beýle bir öwübermeli hem däl...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202