Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

06:37
Çüýşe alýan adam

ÇÜÝŞE ALÝAN ADAM

Bir başyndan girdiň Mawyteberiň,
Eşek arabaňda žyk-žyk ses edip.
Kakasy arakhor gamsyz çagalar,
Elleri çüýşeli gelýär seredip.

Olar ejelerniň halal gazanjyn
Çüýşelere siňýäninden habarsyz.
Meger, seniň çüýşe çöplän arabaň,
Saňa gazanç, biziň üçin gabyrdyr.

Şeýdip çagalarnyň çüýşe pulundan,
Kembagt ejeler bişirer nahar.
Içgisöýer ojakbaşylar bolsa
Arak puly diýip üýşenip bakar.

Eşek arabaňda žyk-žyk ses edip,
Belaň damjasy deý her öýe damdyň.
Sen bagtsyz öýleriň gözýaşy siňen
Çüýşelerin satyn alýan adamdyň.

25.03.2024ý.

© Gurbanmyrat SARYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 230 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 1.2/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 20
avatar
0
1 Pero • 09:31, 13.04.2024
...tikenekletdi
avatar
0
2 Мango • 10:33, 13.04.2024
Mawyteber - owadan at eken.
bu obaň adymyka?

goşgy sosial meseleli.
erbetlige sebäp bolanam erbetlik eden ýalydyr -diýilýämi?
çüýşe toplaýançam özüne ýetik günä paý alýandyr onda.
ýa "çörek puly üçin edýän" diýýärmikä?
ýöne, günäň ulusy maşgalaň rysgyny sowurýana  degişlidir...
avatar
0
3 Ak-sary • 14:12, 13.04.2024
Mukamyñkymyka diýipdirin şu goşgyny arada
avatar
0
4 Aýgül_Baýadowa • 15:19, 13.04.2024
Gowy gördüm şu goşgyny.  Öňki ýaly çat maňlaýymdaky stolda oturan bolsa, baryp, ýüzüne-de aýdardym muny)))
Gurbanmyradyň soňky paýlaşylan iki goşgusam sosial mesele jähtden. Beýleki goşgusyny näme sebäpden halamadymkam?!
avatar
0
5 Merdan • 01:03, 16.04.2024
Çüýş alýan adamyñ näme günäsi bar. Aslynda arakda da günä ýokdyrla. Çen bilen içäýmeli welin...
avatar
0
6 derwushhana • 22:30, 16.04.2024
Goşgynyň sosial manysyny görmek bolýar goşgu-da şeýle çemeleşmeler köpräk gerek. Ýöne döwür şeýle döwùriñ remixsi däl de şular yaly oz goryan duyyan zatlan boyunca yazylsa gowy. Tuweleme
avatar
0
7 Merdan • 09:21, 17.04.2024
2024- nji ýyla gelip bu temada ýazmagyñ özi döwüri ters görmek bolaýmasa. 30 ýyl mundan ozal diyseñ hä diyip bolar, ýada 40 ýyl yza süýşip has erbedirăk bela neş belasy hakda diyip bolar. Häzir bular ýaly çemeleşme (ýöntemliginden daşgary) awtoryñ döwür baradaky düşinjesiniñ yzagalaklygyny gorkezýär.
Häzirki sosial belalar
1) Ărden aýyrlşan gelinleñ öylenmedik oglanlary azdyryp öylenmekden alyp galmak derjä çenli eltmegi we bu öz gezeginde uly gyzlarada zyýan.
2) Herhili stawka we humar oyunlar (1x bet we şm)
3) Algy bergi meselesi...

Aý umumanaý şeýleräk...
avatar
0
8 Merdan • 09:30, 17.04.2024
Hă ýenede bir mesele bar täze öýlenen oglanyñ ýaş gelinini goýyp toýyñ bergisini üzmek üçin başga şähere işlemäge gitmek mejburlygynda galmagy we şo zerary ýüze çykýan herhilijek ýagdaýlar...
avatar
0
9 Мango • 10:57, 17.04.2024
7-ä.
dogry.... şo sanawa "tik-tok, instagram..." belasynam goşsa boljak.
guýuny hapalap at gazanan meşhur kişilerimiz-ä köpeldi... biri-birinden beter...
avatar
0
10 sussupessimist • 13:22, 17.04.2024
tik-tok, instagram-y bela hasaplamagam klişe stereotipläý. Ýaşulylary gepletseň, gönümel: "Internet adamlary azdyrýar" diýip başlaýar. Aslynda TikTogyňam, Instagramyňam, umuman internediň-ä asylam peýdasy zyýanyndan kän. Islendik zady näme maksat bn ulanýanyňa bagly.
moral panika diýen düşünje bar. Bilinmeýän, täze hem ýat zatlar adamlarda şeýle howatyr döredýär. Öňki döwürler (1970-nji ýyllarda) rok aýdym-sazlary ili azdyrýan eken, "olary döredýänler satanist" diýenlerem boldy, ondan soň rep, amerikan kinolary, telewizor...
avatar
0
11 sussupessimist • 13:33, 17.04.2024
Merdan bn ylalaşýan. Bu temadaky eserleň mydama-da aktual bolup galjak ülkeleri şu wagtam ýok däl, ýöne häzir bizde arakhorlyk o derejedäki massowy problema däl. Bu, elbetde, ol barada ýazmaly däldigini aňladanok, ýöne tema täzeçe hem has düýpli çemeleşme gerek.
Içgisöýer ojakbaşy kakalar, kembagt ejeler, olaryň halal gazanjyna getirjek çöregine garaşyp, gözlerini balkyldadyp oturan çagalar... - bu emeller edebiýatda öte ýasama görünýär
avatar
0
12 Aýgül_Baýadowa • 22:36, 17.04.2024
Mawyteberde häzirem arakhorlugyň wawwaly mesele bolmagy mümkin-ä. "Ýer ala, ýurt ala"...
avatar
0
13 Mekan2 • 16:08, 18.04.2024
ses-üýn ýok, dym-dyrslyk...
haýyr bolsun-da!
ýa Adele ýaly "sessizlik bulagyna çümsem, akylym, meni goýbergin!" diýoňyzmy
avatar
1
14 ToylyOraz • 16:54, 19.04.2024
Говы гошгы Арак ичмегин эрбет затдыгыны.. Хеммамиз биляс..догры гозгалан тема.. Йоне

"Olar ejelerniň halal gazanjyn
Çüýşelere siňýäninden habarsyz. "

Шу сетирлер вагшырак эшдилярми... эдил 90 йыллар ядына душяр.. Йоне бу довур бейле Айалнын айлыгына гоз дикип Ичип гезян эркек екла.. эгер бар болсада Ек тук болмаса.. !
Говы гозгалан тема.. Авторын Ичги темасы боюнча йигитлерммзин юрегни агыртмак ун язан болмагам мумкин..! Бейле болса Автордан ве Окыжылардан отунч сорян.! (коплерин халамаян) Говшак тесвирлерим учин отунч сораян!
avatar
0
15 Aýgül_Baýadowa • 17:43, 19.04.2024
ALLA bagyşlasyn, Toýly Oraz, biz kim? Biz bireýýäm bagyşladyk sizi.
avatar
0
16 Mekan2 • 17:49, 19.04.2024
biz indiki ýazjak teswirleň üçinem bagyşlaýas. hatda, ötünç soramaga sebäp bolýanymyz üçin SIZDEN ÖTÜNÇ SORAÝARYS!!!

ýazyp duruň, bizem geçip duraly :-)

ýamman biynjalyk bolýanaý. biri ýagşylyk edip, yzyndanam şol eden ýagşylygy üçin ötünç soraýan ýaly bolýa.
avatar
0
17 Mekan2 • 17:51, 19.04.2024
Siz pikiriňizi ýazyň, Toýly Orazowiç, pikiriňiz ýalňyş bolsa - 1 utuk, dogry bolsa - 2 utuk.
avatar
0
18 Aýgül_Baýadowa • 17:56, 19.04.2024
ToýlyOraz agza birhili perişdepisinträk adam ekeni. Şonuň üçin, bize-adaty adamlara oňaýsyz bolýa-da, myhman2. 
Bizi bagyşlaň, Leopold,wiý ToýlyOraz aga!
avatar
0
19 ToylyOraz • 21:10, 19.04.2024
Хорматлы Автордар Ислендик Сунгат адамсы ынжык болмагы мумкин Мен она догры душунярин.. Себаби камил эсер доретмек ансат дал.. Шонун ун копленч олара агыр соз тасир эдмеги ахмал.. шол себапден отунч сорамагымы ген горман..Сизин Аглабаныз Камил чыкан авторлар шонун ун отунч сорамагым билен Сизин доредижиликден унсининизи сованым ун багышлан... онсанам Биз бейле пак адам дал дине ичмеянлигими айтдым.. шол соз билен сизин хорматынызы гачыран болсам Багышлаверин.. Сайдын ахли агзаларына чын йурекден Чаксиз хорматымы билдирярин Мана догры душуненниз ун Миннетдар!
avatar
0
20 Aýgül_Baýadowa • 22:18, 19.04.2024
ToýlyOraz, minnetdarlyga howlukmaweriň. Her kim birhili düşünegendir bu ýerde.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203