00:05 Bagyşla, meni | |
BAGYŞLA MENI Sary söýgiň bagtsyz geçmişin ýatlap, Sary ýaprak dökülip dur hasratdan. Onuň aýan bolmaz umytlaryny, Saklap otyr dökülmedik ýapraklar. Bir ýalňyşdan kiçi boldum durmuşda, Forma bolup galdy söýgiň mazmuny, Ýazylan zatlaram etdirmedi hiç, Meň dünýämiň ýazylmadyk kanuny. Onsoň ýene täze şapaga garap, Siňip gijeleriň sessiz tümlügne, Men arzuwym bilen ýaşadym ýördüm, Öňki zatlar galyberdi öňlügne. Ynam ýüregimde dem aldy durdy, Diýdi ýokmy bir söýgini bagyşlan? Ahmyrdan doldurlan sary günlerem Özi bilen alyp gider ýagyşlar. Ejizlik Haýp bolupdyr sen hakdaky sözlerim, Ýalan meniň juda garaşan bagtym Sen ýitip gidipsiň garaňkylykda, Entek meni tapyp bilmedik wagtyň. Tapaňsoňam saklamaklyk bor görgi, Tapaňsoň ýitirmek seniň ykbalyň, Iň ýigrenji hem iň ýowuz ýazgydy, Saňa baky bagş edipdir ynsabyň Aramyzda kän ýakynlyk hem mähir, Aramyzda kän gedemlik hem gahar, Meň soragly gözlem, seň müýnli yşkyň, Maňa juda ezýet berdi her sapar. El bilen edenin egninde çekýär, Ýürek bilen etdim, aldym almytym, Saňa gaty merdem aýal duşupdyr, A sen meniň juda ejiz ýazgydym Dileg Bir demden bölünen siňmeýän ejir, Bölünmedik dünýä, bölünen adam Bar zada kaýyllyk bar zatdan kejir Gussalaram geçýän borly howadan. Didelemde ýanan pikir gyzarýar, Gara başa ýüz müň elem syganok. Dünýä täze hasratlaryn dogurýar, A şatlyga näm bolýanyn bilemok. Otur onsoň galamyňa gün bermän, Aklykelte şatlyk ýokmuka diýip? Säher ýene dogaň bilen ýalbarman, Täze adam isläp beýikden beýik. Ýa dünýäni halas etjek gussadan Ýa gussaly dünýä düşünip biljek, Öz janyny diläp alyp Ussadan Dogsun Adam üçin bazara geljek. © Bägül ATAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |