11:54 Tükeniksizligiñ eýesi | |
TÜKENIKSIZLIGIŃ EÝESI Ol hakynda men ilkinji gezek kiçijikkäm,kakamyň aýdyp beren ertekilerinde, hekaýatlarynda, rowaýatlarynda eşidipdim. Onuň şeýle beýik mana eýedigi mende barha uly täsir galdyrýardy ( ol täsiriň täsirinden hiç haçan hem çykyp bilmesem gerek). Soňabaka bolsa, men ol hakda eşidenlerimden kanagatlanman başladym. Sebäbi ony meniň öz gözüm bilen göresim gelýärdi. Emma onuň üçin hat-sowatdan baş çykarmaly eken. Şeýlelik bilen men oňa ýakynlaşdyryp biljek ilkinji ýodany tapdym we ýuwa-ýuwaş onda ýöremegi öwrendim. Ilki “A” soňra “B” ýaly birnäçe ýodalardan geçmeli boldum. Soň şol ýodalary birleşdirip, täzeden ýöräp gördüm. Başda haýal,kem-kemden çaltlaşyp,iň soňunda bolsa, ylgap diýen ýaly ýöremegi öwrendim. Men näçe ylgadygymça,oňa şeýle bir ýakynlaşýardym,şeýle bir ysnyşýardym weli, asla ondan aýrylyşyp bilemokdym. Näçe çaltlaşdygymça,onuň gürrüňleri,hekaýatlary köpelýärdi,men bolsa, şonça-da oňa imrinýärdim. Ol maňa düşünýän, meni özüme düşündirip berýän, ünji-aladalarymy, gam-gussamy alyp yzyna sabyrlylyk, şatlyk gaýtaryp berýän ýeke-täk dostuma öwrülip barýardy. Onuň bilen köp ýerlere bile syýahata çykardyk. Wagtymyň köp bölegini onuň bilen geçirenim üçin, oňa mähir bilen “Dostum!” diýerdim. Emma wagt geçdigi saýy, oňa durmuşymda dostdanam artyk orun berip başladym. Ol meniň mydamalyk hemrama öwrüldi. Ol köp zatlar babatda meniň gözümi açýardy, käte bolsa, meni şeýle bir ahwala düşürýärdi welin, men guş bolup Asmanda uçup, balyk bolup ummanlarda ýüzýärdim. Wah, şeýle pursatlarda içki dünýämde bolup geçýän zatlary size görkezip bilsedim, ýöne ol täsin ýagdaýy suratlandyrmaga sözüň güýji ýetmese näme?! Meni gynaýan zat, onuň hazynalar gorunyň juda köpdügi we meniň şol hazynalayň hemmesine eýe bolup bilmeýändigimdi. Sebäbi men oňa ýakynlaşdygymça, onuň heniz açylmadyk hazynalarynyň üstünden barýaryn. Bir söz bilen aýdanyňda, ol tükeniksizlik. Men onuň tükeniksizligine aşyk boldum. Men onuň bilen bolan söhbetden soňra, ýene topragyň gül ysyna beýhuş bolup, şemalyň sallançagynda üwrelýän. Asman elimden çekip meni öz boýnuna mündirýär. Gözümi açsam,ol maňa garaşyp otyr. Biz ýene täsin syýahata çykýarys... Ol bolmadyk bolsa, belki men-meniň özüm bolmazdym. Özüneçekijilikde, akyl-paýhasda meniňem oňa meňzäsim gelýär. Ol tükeniksizligiň eýesi – kitap. © Meñli AŞYROWA | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |