Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:43
Ümsümligiñ sesi

«ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär


ÜMSÜMLIGIŇ SESI

Goý diýseler,diýsin iki gelen ýok
Men sözlere däl-de duýga ynanjak.
Pioninañ sesi gelse bir ýerden
Bir wagt öz çalan sazlam agynjak.

Sümme tokaýlykdan tapýan özümi,
Elimde saýawan,gözlem uzakda.
Ṣol tanyṣ köçeden ýöräp barýaryn,
Barça ýer ṣeýle bir yssy gözüme.
Ruhum meni aldap bilmez asla-da
Uzyn-uzyn agaçlaryñ astynda,
Göm-gök otluk ýodajykdan ädimläp,
Baýryñ üstündäki öýüme bakýan.
Ol indi meñki däl,eýesi başga.

Emma neçüýn müñýyllyklar geçensoñ
Ruhum ala-böle öýüni idäp,
Awara bolup ýör,bilsedim käşgä
maksadyn.Tapsadym,özümiñ bilmän,düşünmän,
Gözläp ýören ýitigimiñ sebäbin.

Belki hut behişdiñ özüni taşlap,
Belki-de dowzahdan alyp izini
Dolanan köñlümi ne kowup bildim
Ne güldirip bildim onuñ ýüzüni.
Ruhuma diñ salsam,dymýar natuwan,
Bir zat ýatlaýan deý gözüni ýumýa.
Syrlary arz edip, sanaýan dogam
Ýollarda büdredi,dergähe ýetmän.

Gaýdýan dünýäñ depesinden düñderlip,
Suw diýip gaçanym batgalyk çykýa,
Pürs diýp ýapyşsam suwýylan çykýa
Ahyry sen çykýañ meniñ bagtymdan
Salgym azabyndan halas eden çyn!

Habar goşdum gözelligiñ dilinde
Düşünmediñ,başga dilde geplediñ.
Onsoñ menem seniñçeläp öwrendim
Bile awa gitdim daglara sary
Tüpeñiñden seçme bolup seçildim.
Bir wagt wasp eden gözelliklermiñ
Gursagyna ajal bolup sünjüldim.
Ýenjildim içki ses zenzelesinde,
Şondan bäri hiç günüme goýanok
Heññamlardan dönen bimaza ruhum.

Birmahalky öýüm bilen birzatlar
Habar bermek islän ruhumy diñläp,
Pikirlermiñ sargysyny sypyrdym,
Boşatdym zyrjyrdan duýgularymy.
Ýatyrkam,oýakam,gezmeläp ýörkäm,
Söhbetlerde,jedellerde düşlämde,
Manzara syn edip göwün hoşlamda,
Doga-dileglermi sanadym ýördüm...

...Aldamaýan bolsa syzgyrlyk eger
Boş ýere däl ruhumyñ ýol sökeni.
Garşy gidip ýüregimiñ emrine,
Ykbalymy ýaşamaýan ekenim.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 281 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Meñli Aşyrowa, ELEGANT ESER baýragyna | Рейтинг: 3.2/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 18
avatar
0
1 Mekan2 • 12:32, 20.02.2024
5/10

uzynrak

Pioninañ sesi gelse bir ýerden
(Bir wagt öz çalan sazlam agynjak)

şu setiri ýaýa almalymyka diýýän. soňky bendem bölmän yzyny dowam edilse nähili borduka.

Pioninañ sesi gelse bir ýerden
(Bir wagt öz çalan sazlam agynjak)
Sümme tokaýlykdan tapýan özümi,
...........
avatar
0
2 derwushhana • 13:47, 20.02.2024
Gowy obrazlar bar
şygyrda + 10/5
avatar
0
3 Arzuw_Umydow • 15:46, 20.02.2024
Seçme bolup atylansoñ yza gaýdylmasa (soñky bentde) gowy bojak ekeni
avatar
1
4 sussupessimist • 16:49, 20.02.2024
Kemter gaýdýan ýerleri kän, şonuň üçin nämäniň hasabyna beýle süýndürmegiň gerek bolandygyna düşünmedim.
"Söhbetlerde,jedellerde düşlämde,
Manzara syn edip göwün hoşlamda,"

diýen ýaly setirler, şeýle kapyýalar bilen eseri näçe uzaltsaň-uzaldyp oturybermeli. Üstesine-de, formasy kän bir işlenmedik, belli bir struktura emele gelmedi. Islendik eserem özüniň çäginde aýratyn bir dünýä bolmaly, öz kanuny, öz obrazlar sistemasy bilen. Bu eserde şol ýok.
Ady - klişe. Google-da gözletseň, "Ümsümligiň sesi" diýip kän zat tapyljagyny aňýan, Звуки тишины diýseňem tapar. Simon & Garfunkel atly gowy görýän köne gruppamda The Sound of Silence atly gowy aýdymam bar, 60-njy ýyllar bolsa gerek (köpiňiz kinolarda eşidensiňizem).
Awtora üstünlik.
3/10
avatar
1
5 Rowaç • 10:01, 21.02.2024
Syrlary arz edip, sanaýan dogam
Ýollarda büdredi,dergähe ýetmän.

Bolmanda, şeýleräk setirler köpräk, beýleki setirleriňem sany azyrak bolsa, tasa gelse-de gelerdi. Gürrüň sanda-da däl-de, pikir yzygiderligini gerek ýerinde dartgyn, gerek ýerinde beýleki serişdeler bilen beýan etmekde. Setir sanlaryna kän diýilýän bolsa, onda okyjynyň almaly zadyny alyp bilmän galanlygyndandyr. Gysbylyk, çugdamlyk bilen mazaly ýugrumyny ýetirilse, çorba çykararlyk eser çykmagy mümkin. Gurbannazaryň "Indi besdir hol gaýanyň düýbünde" diýip başlaýan goşgusyny ýatlatdy. Hem şonuň üçin hem-de siňdirilen zähmet bar, onsoň 4/10 diýip bilerin.
avatar
0
6 aygull • 15:04, 21.02.2024
Ümsümligiñ güñleç sesi bar aslynda.
5/10
avatar
0
7 Hyýalbent • 18:52, 21.02.2024
5/10
Awtora üstünlik
avatar
0
8 paragraph • 04:42, 23.02.2024
6/10
avatar
0
9 garagar • 20:51, 24.02.2024
5/10
avatar
0
10 Lacrymosa • 21:02, 24.02.2024
gulagyňy deşip barýan ümsümlik, seň sesiňe 10 bal
avatar
0
11 Küle • 19:13, 25.02.2024
2/10
avatar
0
12 Gerceknazar96 • 20:03, 27.02.2024
Şular ýaly uzynlyga zerurlyk barmyka? Üýtgeşikligem tapmadym. Şoňa göräde 4/10. Awtora döredijilikde üstünlik arzuw edýän .
avatar
0
13 Балканов • 21:56, 03.03.2024
Käbir goşgylara doly düşünmek üçin şahyryň kommentariýasy zerur. Durşuna duýgylar. şahyry ýakyndan tanaýan adamlar bu goşgyň doly manysyna düşünip otutandyrlar.
Goşgy oňat, bellik etmäge miltim ýok.
Üstünlikler!
avatar
0
14 Мukam • 22:09, 03.03.2024
Gaýdýan dünýäñ depesinden düñderlip,
Suw diýip gaçanym batgalyk çykýa,
Pürs diýp ýapyşsam suwýylan çykýa
Ahyry sen çykýañ meniñ bagtymdan
Salgym azabyndan halas eden çyn!

Şu bendi aýyrsan gowy görünjek goşgy. Şu bendi ýöne bir häki...

Awtor halypa şahyrlardan bolsa gerek. Emma uzaltmasynyñ bir alamty bar. Üstünlik!
avatar
0
15 Gülkamat • 15:21, 04.03.2024
Awtora üstünlik arzuwlaýan
avatar
0
16 LegLek • 20:12, 04.03.2024
5/10
avatar
0
17 janjennet • 13:44, 13.03.2024
5/10
avatar
0
18 Gülkamat • 17:09, 21.03.2024
6 bal
avatar

Старая форма входа
Total users: 203