Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:40
Bir rowaýatyň täsiri

BIR ROWAÝATYŇ TÄSIRI

Ýakynda bir rowaýat okadym. Ol “Ideal (kämil) ner” diýlip atlandyrylýar.

Rowaýatda dört sany syýahatçy hersi bir nere münüp ýola düşýär. Uzaga çeken hem başdan geçirmelere baý bu syýahat soňlananda syýahatçylar gören, başdan geçiren wakalaryndanam beter nerlerine haýran galypdyrlar. Nerler syýahatyň juda agyr geçen ýerlerinde-de, sähelçe-de ejizlemän uzagy nazarlap, syýatçylara gaýta syýahaty dowam etdirmäge ruhy itergi beripdirler. Şeýle wepadar, çydamly hem güýçli nerleri saýlap alanlaryna olar begenipdirler. Başga hiç bir müngi malynyň neriň duran ýerinde durup bilmejegine göz ýetiripdirler. Olar begençlerine nerlerine heýkel dikeldesleri gelipdir. Şonda syýatçylardan biri: “Biziň elimizden ýazmak gelýär. Aramyzda suratçymyzam bar. Geliň, nerler hakynda herimiz bir gowy eser döredeliň” diýipdir. Ony ýoldaşlary goldapdyrlar.

Ilki suratçy işe girişipdir. Uzyn gün nerleriň ýanynda bolan suratçy ahyrynda işini gutardym edipdir. Onuň çeken suratyny gören ýoldaşlary: “Bu surat asyrlara galar” diýip, oňa uly baha beripdirler.

Ikinji syýahatçy kyssa eserini ýazmak üçin iki gün, iki gijesini sarp edipdir. Onuň nerler hakynda döreden eserinem ýoldaşlary “Ajaýyp” diýşip gowy görüpdirler.

Üçünji syýahatçy “Men nerleri goşguda taryplajak” diýip, üç gün möhlet sorapdyr. Üç günden soň uly poemany ýazyp boldum edip, ony ýoldaşlaryna okap beripdir. Şygyr setirleri şirin bolansoň onuň ýoldaşlaryna täsiri kyssaçynyňkydanam güýçli bolupdyr.

Dördünji syýahatçy öz döretjek eseri üçin bäş gün möhlet sorapdyr. Ol bir top ak kagyzam ýanyna alyp çadyryna girip, bäş gün iş başyndan aýrylmandyr. Bäş günden soň ýoldaşlarynyň ýanyna gelende onuň çadyryna alyp giren bir top kagyzyndan diňe ikisiniň hersinde bir jümläň ýazylandygyna oturanlaryň gözi düşüpdir. Birinji kagyzda uly harplar bilen, owadan edilip “Idial (kämil) nerler” diýlip ýazylypdyr. Ikinji kagyzda bolsa: “Nerler diňe öz nerlik borçlaryny ýerine ýetirdiler” diýlen jümle bar eken.

Bir göräýmäge bu sada rowaýatda dördünji syýahatçynyň gelen karary meni serpmeden gaýdan ýaly etdi. Onuňam düýp sebäbi menem ner hakynda – kakam dagyny halas eden ner hakynda täzeden bir zatlar ýazmagyň hyýalyndadym.

Ol nerem taryplanmaga mynasyp ner. Ýoldaşlary bilen argyşdan gelýärkäler kakam dagy çölüň jümmüşinde, gazaply gyş güni syrgyna gabat gelipdirler. Gar ýerden göterilýärmi, gökden ýagýar saýgarar ýaly bolmandyr. Ýol-yz galmandyr, hatda ileri-gaýranam kesgitlär ýaly däl eken. Içiňden geçip barýan ýelden goranjak bolup, üsti ýükli düýeler bozlaşyp, bir-birlerine gysylşyp, çökmäge hyýallanyp ugrapdyrlar. Emma duraýdygyň, düýelerem çökäýse doňup galjagyň görnüp dur. Kakam nerini gyssapdyr. Ýoldaşlaryna-da “Düýeleri çökeräýmäň, gyssap duruň” diýip gygyrypdyr. Kakamyň neri öňlerinden çekip, üstündäkileriňem gyssap gelmegi düýelere çökere maý bermändir. Olar mejbury ýöremeli bolupdyrlar. Ýöne nirä, haýsy tarapa ýöremeli? Kakam owsaryny boýnuna atyp: “Neriň özi biler nirä gitjegini” diýen karara gelipdir. Ýoldaşlarynyň bir topary oňa: “Terse barýas” diýip gygyrypdyrlar. Kakam nerine ynanypdyr hem öz diýenini tutupdyr. Terse barýas diýenler özleriniňkini dogry hasaplap, bölünip, öz saýlan ugurlaryna gidipdirler.

Garaňky gatlyşanda-da apy-tupan ýatmandyr. Asmanda-da ne ýyldyz görünýär, ne Aý. Bir gije ýöränlerinden soň ertesi jahan ýagtylanda, kakam dagy özleriniň haýsy oýdadyklaryna, haýsy alaňlardan geçendiklerine düşünip bilmändirler. Ýene-de nere ynanmakdan başga alaç galmandyr. Ner janawer käýerde bir säginjek ýaly etse-de, kellesini bulaýlap, dodaklaryny şalkyldadyp, ýene burnuny parladyp öňe omzamasyny goýmandyr. Ahyrynda demirýola ýetenlerinde kakam dagy dogry gelendiklerini aňşyrypdyrlar. Onda-da ne dogry gelmek, ner olary obaň edil üstünden eltipdir.

Ine, şeýle neri taryplasyň gelmezmi? Emma oýlanyp oturýaň welin, olam diňe nerlik borjuny ýerine ýetiripdir.

Nerli gürrüňimi kakamyň başyndan geçenlerden mysal alyp dowam etdirsem geňlemäweriň. Ogula kakasyndan ýakyn adam ýok. Kakam hakynda gürrüň açylsa men häzirem gulaga öwrülýän. Eşidenlerimem göni aňyma ornaýar. Hemme ogullaram şeýle bolsa gerek. Atalaryň ýoly ogullara ýörelge bolup galýar. Şol ýörelgä eýerýän ogul, pikire batyrýan pursat boldugy kakasyny (kimler ejesini, kimler agasyny, kimler halypasyny) ýatlaýar. Içinden olardan mysal getirýär. Dogry netijä gelmäge olary tutaryk edinýär. Menem häzir kakamy onuň şöhratyny artdyrmak ýa-da ýagşylykda ýatlap ony razy etmek niýeti bilen däl-de, şol wakalary tutaryk edinmegi maksat edinýärin.

Bu ýazgylary ýazjagymy bilen ýaly kakam “Kakaňyz hiç kimden üýtgeşik däldir. Bolup bilse, hemme adamlar ýaly bir adamdyr” diýip, köp gaýtalardy. Ýöne obamyzda bir garry enäniň ýogalmanka ähli neberesini ýanyna çagyryp: “Owaly Alla, ýerde-de garry başlyk sebäp bolandyr siziň şeýdip, örňäp gitmegiňize. Garry başlygyň özi beýlede dursun, neberesinden birini närza etseňizem men sizden razy däldirin” diýip sargapdyr. Garry başlyk diýip obada kakama diýýärler. Uruş, açlyk ýyllarynyň öň ýany obanyň garamatyny ütüne alan kakam ony ýigrimi bäş ýyllap göteripdir. Şol ýyllar kakam obadaşlaryndan birini açlykdan halas edip bilse, öz çagasyny halas eden bilen deň görüp işläpdir. Edeni ugruna bolup obada açlykdan ölýänleriň sanam töwerekdäki obalardan eşidilýänden az bolupdyr... Kakam şonda-da “Men diňe wezipämi berjaý etdim” diýerdi.

“Wezipäňi berjaý etmek” diýlen jümläň şeýle kän zady öz içine alýandygyna ýaşyň könelişdigiçe çuň düşünýäň. Hatda kämilligem onuň içinde eken. Şahyr haçan kämil şygyr ýazýar? Haçanda şahyrlyk wezipesini doly berjaý eden mahaly. Bagşam iliň bagşysy bolmak wezipesini berjaý edip bilende özüne ussat, kämil bagşy diýdirýär. Daýhana, işçä, kakam ýaly oba başlygyna gezek gelende-de bu şeýle. Biz şonda-da ýönekeý çopan itiniň sürini gorajak bolup möjekler bilen garpyşyşynda uly gahrymançylyk görýäris. Aslyýetinde, ol eýesiniň günde beren ýalyny ödedi, öz wezipesini berjaý etdi. Elbetde, şol wezipäni berjaý etmegiň ýerine, gorkusyna guýrugyny ýamzyna gysyp, goşa tarap gaçýan itleriň bolmagy möjek bilen darkaşa giren köpegi has hem abraýly edýär. Ýöne biriniň ejizlemegi beýlekisiniň mertligi däldir.

Näsagyň dadyna ýetişen lukmana näçe alkyş aýtsaňam az. Ol kärine ussat, kämil lukman. Bu derejä ýetmek üçin ol başgalar süýji ukuda ýatyrka, özüne dözüp, irmän, ýadaman kitaplary dörendir. Näsaga em boljak dermanyň haýsy dermandygyny öwrenmek üçin ähli ukyp-başarnygyny orta goýandyr. Emma şonda-da, ol lukmanlyk wezipesini berjaý etmekden aňry geçip bilmeýär. Biz ol lukmany Lukman Hekime deňemegiň bäri ýanyndan gaýdarys. Ol bolsa mylaýym ýylgyryp: “Men diňe lukmanlyk wezipämi berjaý etdim” diýer. Adyna her gün ençeme salawat aýdylýan Muhammet Pygamberimizem: “Men pygamberlik wezipämi berjaý etdim” diýip, başyny ýassyga goýupdyr.

Bolmanda ýönekeý, ynsanlyk wezipämi berjaý etmegim üçin eýýäm ýetmiş ýyl bäri ýaşap ýörün. Kimiň oglusyň diýenlerinde, planyň ogludyryn diýip bilmäge ýaşymyň ýeteli bärem eýýäm elli ýyl geçipdir. Elli ýylyňam hersi 360-365 gün. Her günüňem pursatlardan doly. Şonda-da “wezipämi berjaý etdim” diýmäge ýaýdanyp ýer dyrmap otyryn...

© Ylýas AMANGELDI

Çeşme: https://makalam.com/bir-rowyatyn-tasiri-617/
Bölümler: Makalalar | Görülen: 90 | Mowzugy paýlaşan: Garagalam | Teg: Ylýas Amangeldi | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Garagalam • 11:51, 29.09.2023
Sag bol Ylýas aga, wezipämiz barada täsirli gürrüňiň üçin.
Hawa, hakykatdanam Pygamberimiz "Şaýat boluň, men wezipämi ýerine ýetirdim, şaýat boluň, şaýat boluň..." diýipdir....
Wezipämize täzeden seretmeli etdiňiz...
Gowy ýazgy.
avatar
0
2 Pero • 14:09, 29.09.2023
Aslynda köp zadyñ baṣy agyrdylypdyr. Hemmesem baryp bir ummana "Wezipe ummanyna " gelip goṣulýan zatlar. Gep,ilki her kim bu dünýädäki wezipesine düṣünmeli,soñra oña nämeleriñ girýänine düṣünmeli. In çetin ýerem ṣol wezipäni amal edip bilmeli. Her kim öz gerdenine düṣýän ýüki göterip bilse-di biz panyda däl-de entegem jennetde bolardyk.
avatar
0
3 Medicall • 23:24, 29.09.2023
Ner ýüküni diñe ner göterip biler. Ýaradylmagymyzda ilkinji wezipämiz ADAM bolmak, Adam, ynsan adyny göterib-a ýörüs, eýgermekde iş bar ýöne. )))

Meñem Atam köp ýyl başlyk bolupdyr, Baýramalyda okapdyr Enem dagyny hem äkidipdir, şol ýerde ýaşapdyrlar, ýene atamyň dogan oglany hem bileräk okapdyrlar, ol-a soñ raýkom diýilýärmi, ispalkom diyilýärmi şon ýaly bir ýerde-hä işläpdir, Dädem ýeke ogullary eken, giç bolupdyr (Enem gürrüñ bererdi bularyñ baryny, Baýramalyda ýaşaýyşlaryny-da gyzyklandyryp, indi undyşypduryn, ýazyp almanyma gynanýan şol gürrüñleri) . Aralykda urşa-da gidipdir, 1 ýyl ýaly, ýõne ýaralanyp gelipdir.
Hydyr-Ylýas agalaryñ kakasyna garry başlyk diyilýan eken, meñ atama Gara başlyk diýe er ekenler. SSSR ýokary sowetiniñ deputatlygyna 3 gezek saylanan eken. Enteklerem ýaşuly nesil tanaýanlar (şol wagtky ýaş nesiller) bizi görse mähir, hormat bilen ýatlaýarýarlar:obanyñ düýbüni tutan atam eken,diýseñ döwletli yrsgally, öñdebaryjy oba bolupdyr, uly gazan mydam daşarda atarylgy, tutuş oba diyen ýaly üýşerdi, garyp ýetimiñ, hor, homsyñ hossary beýik adamdy diýip ýagşylykda ýatlaýarlar. (birhili öwünmek üçin ýazan ýaly boldum-da, Ylýas aga ýatlapdyr welin, atamjany agzasym tutdy durdy, gelşiksiz bolan bolsa geçiresizler) ruhlary şat bolsun!
avatar
0
4 Pero • 08:36, 30.09.2023
Ýatlamak gowy zat,hatda borjumyz diýse boljak. Ruhlary ṣat bolsun!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203