Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:58
Ilki ýürek ölýãr /dowamy 2
Maýsanyň ölümi bilen ömründe iň aýylganç wakany başyndan geçirendirin öýdüp ýüzüni ýerden galdyrman ýören ol adama has kyn günler garaşýardy. Durmuşda bir aýylgançlyk özi ýaly başga bir aýylgançlygam yzyna tirkäp gelýän bolarly. Maýsa pahyryň ýedisi güni ýygnanan mähelle üçündäkidenem kän boldy. Töweregiň, goňşy-golamlaryň üstüne ol adamyň asla tanamaýan adamlaram goşulypdy. Olar özlerini tanadanlarynda esasan aýalynyň daşgynrak garyndaşlary bolup çykýardylar. Emma hemmeden soňa galan, ýüzi dolmuşyrak, buýra gara saçly, dogumy ýüzüne çykyp duran, orta ýaşyna-da ýetmedik biri goňşy-golamam, garyndaş-beýlekem däl eken. Gürleşende gaty hoşamaý bu adam, prokuraturanyň sülçüsi bolup çykdy. „Şu taýdan aýagy taýyp ýykylaýdymy, bende?“ diýip bolkona aýlandy. Soň „Prokuratura çakylyk ýazyp oturman dilden aýtsamam bararsyňyz-la. Agam, biziňem borjumyz. Ony-muny soraşdyrarys. Kyn görmäň. Ertir irden dokuzda on altynjy otaga baraýyň. Amanowyň ýanyna diýseňiz görkezerler.“
Ol adama ertesi gün sülçi Amanowy tapmak kyn düşmedi.
- Il-gün bir gowy zat. Maňa galsa bendäni ýere depin etmänem oňarjak däl. Şäherde garyndaşymyzam ýok. Obadakylar bilenem aýda bir gezegem görüşilýän däldir. Şäher durmuşy-da özüň beletsiň.
- Diýmek şäherde ýakyn garyndaşlaryňyz ýok. Aýalyňyzyňkam ýokmydy?
- Garryja ejesi bardy. O pahyram ýaňy bir aýlykda ýogaldy.
- Waka bolanda aýalyňyzy ilki gören Ybraýym aga diýdiňizmi?
- Hawa. O mydam diýen ýaly daşarda.
- Nädip ýykylanyny ol görmänmi? Size zat gürrüň bermedimi?
- Aýagy taýaýdy öýdýän diýdi. Ýöne ýedinji gatda näme bolup ýörenini o nä bilsin?
- Näme siz onuň aýdanyna ynanmazçylyk edýäňizmi? Ýa başga gören-eşideniňiz barmy?
- Ýok gören zadymam ýok, eşiden zadymam. Men başda aýtdym ahyryn, men öýde bolsamam, içki jaýdadym. Öz işleri bilen girip çykyp ýören aýalymyň bolkondan nädip ýykylanyny görmedim.
- Şo gün aýalyňyzyň özüni duýuşy nähilidi? Tukatmydy? Gaharlymydy? Aljyraňňymydy?
- Üns bermändirin. Mydam bir bolşudy-da. Kän içindäkini daşyna bildirmeýärdi.
- Siz aýalyňyzyň kir serilýän simi düzedişdirjek bolup ýykylanyny ýene bir gezek tassyklaýaňyzmy?
- Men-ä başga sebäp göremok.
- Men bolkonyňyzdaky o simi gördüm. Ýasyňyza gelen goňşularyňyz bilen gürleşdim. Her kim geň görýär. Özi ýykylmajak ýaly diýýärler.
- Nä bileýin kysmatydyr-da.
- Siziň bilen bir öýde ýaşaýan biri aýalyňyzyň öz janyna kast edenini aýdýar.
Sülçüň garaşyşy ýaly bu habara ol adam özüni ýitirdi. Elini owkalaşdyryp sesini çykarman otyrdy. Kärine ökde sülçem dymyşlygy bozmady. Agyr ýuwdunyp ol adam zordan „Kim ol? Olar ýaly zatdan habarly bolsa, öňünden maňa aýtsa bolmaýarmy?“ diýdi.
- Öňündenmi?
- Dagy näme? Söweş gutaransoň batyr köpeler edýäler.
- Olaram edil şol gün bu wakaň boljagyny bilmändirler. Umuman... Soňky bir aýyň dowamynda aýalyňyz gaty gussaly gezipdir.
- Bolup biler. Adam-da kä gün gamlyrak bolýar, kä gün açygyrak.
- Aýalyňyzyň soňky bir aýda gaty sus gezenini ogluňyzam tassyklaýar. Ýarawsyz bolup kakam bilen doktora gatnadylar diýýär.
- Hawa doktora gatnatdym.
- Haýsy doktora?
- „Gyzyl haja“.
- Nerw keseli bilen baglanyşyklymy?
- Ýok. Aýal ugrundan.
- Bolýar. O goňşyňyzyň aýdýany ýalanam bolup biler. Goňşularyňyzdan siziň aýalyňyz bilen hatda sene-mene edeniňizem görmändiklerini aýdýanlaram bar.
- Il bilýändir.
- Ýöne o aýal... – sülçi görkezme bereniň aýal adamdygyny dilinden sypdyranyna ökünen ýaly sözüni soňlaman biraz sägindi – siziň maşgalaňyzdaky agzalalygy öňden bilýärdim diýýär. Aýalyňyz bilen ýakyn tanyş, jora eken diýseňem boljak.
- Men aýalymyň ýeke-täk ýakyn gatnaşýan adamsyny bilýän, olam oglumyň mugallymy. O şolmy?
- Size tapawudy näme? Eger ol şyltak atýan bolsa, sözüni ýalana çykarmaly borus. Ýok, dogrusyny aýdýan bolsa-da, onam subut etmek gerek.
- Menem tutsaňyz oglum ýeke galar.
- Diýmek aýdylýan zat ugrunda bar-da?
- Ýok. Men töhmede ynanyp, meni tutsaňyz diýjek boldum.
- Size beýle töhmet atar ýaly, duşmançylyk edýänem bardyr öýdýäňizmi?
- Ilçilikdir, her haýsysy tapylyp biler. Maňa ynanmasaňyz Ybraýym agadan soraň. Ýokarky gatda goňşym bar, şondan soraň.
- N.-mi? Siz ol aýal bilen bile işleýäňiz dälmi?
Sülçiň „N.-mi?“ diýşini Ol adam halamady.
- Bile işlämde näme?
- Gürleşip gördük. Gerek bolsa ýene-de gürleşeris. Edaraňyzda-da sizi sylaýan ekenler. Şujagaz ýere gol çekiň. Ýaňky beren soraglaryma jogaplaryňyz. Isleseňiz okap görüň.
Ol adam ýazylanlary ýeke-ýeke okap çykdy. Soraglaryňam, jogaplaryňam gysgadan anyk ýazylanyny görüp haýran galdy. Bu ýazgydan sülçüň näme niýetiniň bardygyna asla düşüner ýaly däldi.
- Bu-da şäheriň çäginden çykmaly däldigiňiz hakynda karar. Şu gün hepdäň ikinji güni. Dördünji günem görüşeliň. Şu günki gelýän wagtyňyz geläýiň. Işiňize özümiz habar ederis.
- Şo gün, onsaň, dynarmykak?
- Kimden? Hä, bu işlerdenmi? O siziň özüňize bagly.
Ol adam özüne nähili baglydygyny göz öňüne getirip bilmän, sülçüň bu gepine nähili düşünjegini bilmedi. Onuň „Oglumyň mugallymdyr“ diýenem dogry bolup çykdy. Emma, goňşy mugallym gaýtmyşym etmedi.
«Sen näme şundan soňam ogluňa kakaňdyryn diýjekmi? Sen oglum diýseňem ogluň saňa kaka diýmez. Ony sopbaş ýetim goýan özüň. Etjegiňi edip, indem çagany ara goşup, halymsyramaň näme? Sensizem ony adam eden tapylar. Beýle çagaň aladasyny edýänlerden bolsaň, ejesine zulm etmeseň bolmaýarmy?» diýdi.
- Mugallymdan mundan gowsuna garaşmalam däl. Telefonam etmesem gowy boljak eken. Öýüne baran bolsam dagy kowardy. Onuň bar pikiri ogluma arka çykan bolup, iliň öňünde abraý gazanmak.
- Baryny eden özüňkäň bagşa birni günäkärlemek nämä gerek? O mugallym bolmasa, ýene biri tapylardy. Ybraýym agaňam aýrylyşjak bolup suda baryp ýöreniňden habary bolmaly.
- Goýsanaý, ýazyjy. Habary bolany bilen Ybraýym aga maňa garşy görkezme berer öýüdýäňmi?!
- Nähak gan ýerde ýatmasyn diýip, aýtsa aýdar oturar-da.
- Aýtsyn, bar senem git-de aýdaý. Oturyp gelmeli bolsa, oturar gelerin. Oturyp gelýänlerem özüni mençe görýändir. Hudaý urany pygamber hasasy bilen dürter etjek-dä siz.
- Meni ara goşma. Men ýöne, Ybraýym agaň bar zatdan habarlydygyny ýatladýan.
- Ony diýjek bolsaň bu binada kim kimden habarly däl? Sülçiň: „N.-mi?“ diýen bolşuny eşitmediňmi? Sülçi olaň hemmesiniň görkezmesinem alandyr, gybatynam diňländir. Ýöne bary biderek. Ýapyşara bir zat eşiden bolsa, sülçi meni bir eýýäm ýygnatmajakmy?
- Sülçi „Goňşularyň „Sene-mene edeninem görmedik”diýdiler diýmedimi näme?
- Dagy näme diýsin? Şonda-da birden... Eger türmä düşsem meňkiň gutardygy. Institutda-da işletmezler, alymam bolmaryn. Botanika bagyna bagban edibem almazlar. Entek türmeden diri geljegimem belli däl. Näme etmeli? Näme etmeli?

* * *

Ol adamy soňam birnäçe gezek soraga çagyrdylar. Ahyrynda-da Maýsa pahyryň özüni günäkärläp işi ýapdylar. Maýsaň ölüminde Halk sudunyň däl, wyždan sudunyň öňünde etmişini boýun alsa-da, ol adam ýene-de iň soňunda esasy günäni aýalynda görüp, esli wagtlap özüni aklap gezdi.
«Men näme görülmedik, ilden çykgynç bir iş etdimmi? Özi kesel tutup, aýalynam keselledip ýören ýeke menmi? Birentek doktor şol keseli bejerip, hak alyp, çagasyny ekläp ýör. Şeýle nermi-näzik, ilden üýtgeşik namysjaň bolaňda-da, ýedinji gatdan özüňi oklap bolmaz-a. Bar men hiç, ogluňy ýetim goýmaga neneň dözdüň… Käşge seniň saçyňdan bir tarynyň ýolunanyna degýän bolsam, men şeýtdi diýip janyňa kast eder ýaly…»
Boljak iş bolandan soň ol adam elindäki hatyna baýrynyp aýalyny gorkuzmak, dyza çökermek pälinden özi howp edipdi. Özüni zäherli ýylana deňäp ýigrendi. Içinden «Men bir gömülgen. Gömülip ýatan ýylan. Biri eline kepjesini alyp adam sypatyndaky men ýylany kerçem-kerçem etsedi» diýmäge çenli baryp ýeten ol adam özüni hiç haçan şeýle ýigrenmändi. Eline kepje düşse welin, ol ähli ýigrenjini şeýle «zäheri» aňyna guýan, şeýle haty goltugyna gysdyryp goýberip, ony ýylan eden M.-den çykarjakdy. Özünden öňürti ony kerçem-kerçem etjekdi. Ol adamyň aňynda bolup geçýän bu gowgalardan bihabar M. o wagtlar Maýsa pahyryň üçünem, ýedisinem sowuşyp ýördi. Dostunyň içini hümledip, gözüni alardyp ýörşüni ol başyna düşen ýasdandyr diýip çaklapdy. Biraz soň ol adam M.-e bolan ýigrenjini basyp, ony bagyşlajak ýalam edipdi. Çünki kyn gününde onuň iň ýakyn maslahatdary ýene M. bolup çykypdy.
O günler Maýsaň ölüminde günäkärlenip Ol adamyň soraga çagyrylýan günleridi. Sülçi aljyradyp barýardy. Ol adamyň «Menem bassaňyz çagany sopbaş ýetim goýarsyňyz. Beýtmeseňiz bolmaýarmy? Bir alajy ýokmy munuň?» diýmesine sülçi ýüzüni gatadyp:
- Adamlara haýran galýan. Etjeklerini edýäler-de «Bir alajy ýokmy?» diýmäge başlaýalar. Ýa maňa duşýanlar şeýle? – diýdi. Ol adam tas sülçä «Özüňem ilden üýtgeşik dälsiň» diýipdi. Ýene dilini dişledi.
Dadyna suda ýüz tutmakçy bolup ýygnan hatlary, hasam M.-iň beren haty ýetişdi. Maýsaň ýaramaz kesele uçurap özüni bejerdendigi hakyndaky haty okap, sülçi edil öz ejesi aýplanan ýaly lampa aşak oturdy. Hat galpdan ýazylandyr öýdüp M.-iň edarasyndan düýbüni barlap gördi. Emma bu elhençligiň «düýbi düzdi».
Sülçi dagy alaç tapman ol adamyň özüni gepletjek bolup: «Ony şeýle kesele kim ýolukdyryp biler?» diýip sorady. Bu sowalyň jogabam M. bilen taýyn edilip goýulypdy: «Ony merhumdan soraň. Özüň ýaramaz gezseň, kesel ýokuşdyrjak tapylar»…
Şeýdibem Ol adam kerçelmedi, kepje pil ýere oklandy. Şol günem M. ýeňişlerini „ýuwmak“ üçin bir çüýşe arak alyp dostunyňka geldi. Öý eýesem bir çüýşe çykardy. Köp içilse soňuny bozýan ol adamyň bu gezek turuwbaşdan ýüzi salykdy. Ýarylyp bilmän hümläp oturşyna, ikinji çüýşe ýarpylanyberende içndäkini daşyna çykardy.
- Bilýäňmi näme, biz ýeňmedik, ýeňildik. Maýsa bigünä halyna öldi, menem günäkärkäm ýeňenlerden bolup arak içip otyryn. Sen düşünýämiň şuňa? Ýok düşünmersiň. Sebäbi seniň ýüregiň meňki ýaly ýanyp duranok. Seniň beýniň öýjüklerinde meniňki ýaly köz ýok. Ýedinji gatdan özüni oklap gana bulaşyp ýatan aýalyňy gujaklap göreňok sen entek.
- Sen näme maňa-da şony isleýämiň?
- Saňa nämäni isleýänimi bilesiň gelýämi? Men… men… sen tetellini elimden gelse kepje pil bilen ýylan kerçän ýaly kerçärdim, düşünýäňmi?
- Aý goýsanaý, ýüz gram içdigiň ýok gürrüňleri tapyp başlaýaň. Ertesem bagyşla diýip jaň edip otyrsyň.
- Ýok, men saňa bagyşla diýmen. Sen… sen… maňa aýalymyň ruhunyň öňünde-de iklik etdirdiň. Oňa öz agzym bilen şyltak atdyrtdyň. Maýsamyň tämiz ruhuny hapalatdyrdyň. Sen meni zäherli ýylan etdiň.
- Özüň dälmidiň dirikä o bendäni hapalan? Bu masgaraçylyga çydaman ölensoňam onuň ru-u-hunyň tämizliginiň gürrüňini eden bolýaň.
- Bar zada seniň şol hatyň günäkär. Sen şony ýazyp berip, tutaryk edin diýmedik bolaňda men Maýsaň ýanynda demimem alyp bilmezdim. Men şol hatyňa aldandym. Şol nejis hatyň bilen ony gorkuzaryn öýtdüm. Düşünýäňmi? Maýsam öldi halas boldy. Maňa-da on ýyl, on bäş ýyl beren bolsadylar, oturar gelerdim. Gelmän türmede çüýresemem gynanmazdym. Jezamy çekerdim. Ýok, o-da bolmady. Men ölmedimem, çüýremedimem. Ýok çüýredim, ölmän çüýredim, sen meni diriligime çüýrütdiň. Sen… sen… şoňa düşünýärmiň?
- Haý-haý-haý, görsene muny, her kim goňşusyny günäkärlär, dostuny günäkärlär, enesini-atasyny günäkärlär welin özüm günäkär diýmez. Sülçi daşda däl barda...
- Sen enäni-atany nämä ara sokýaň? Maňa akyl öwreden bolmaň näme? Çyk öýden, gözüme görünme.
- Hä, gorkduňmy? Türmede çüýremek dilde aňsatdyr. Bilseň sen maňa taňryýalkasyn aýtmaly.
- Saňa taňryýalkasyn aýdar ýaly kim sen? Seniň ýalyny, meniň ýalyny Taňry ýalkamaz. Onsaňam meniň saňa bergim ýokdur, taňryýalkasyn aýdar ýaly. Maýsa üçinem, özüm üçinem aňryýany bilen hasaplaşandyryn.
- Näme beren puluňa gynanýadyňmy? Gönüjäňi aýdaýmal-a.
- Ýok bol diýdim men saňa.
Gaçyp diýen ýaly öýden çykyp, arany açyp barýan M. ol adamy jogapsyz goýmady. Yzyna gaňyrlyp soňky awusyny pürkdi.
- Başarsaň özüň ýok bol. „Ýokardakyňam“ men tapyp berdimmi saňa?
- Ýok bol diýdim… deýýus…
M.-iň yzyndan gygyryp galan ol adam ýumrugyny howada galgadyp janyna jaý tapmady. Saçagyň gyrasynda togalanyp ýatan boş çüýşäni edinji gatyň penjiresinden daşaryk dazyrdadyp zyňdy. Onuň bilenem çäklenmän, hamala her zyňan çüýşesi M-e baryp degip duran ýaly, saçagyň üstündäki içi arakly çüüýşänem bireýýäm garaňkylyga siňip giden dostunyň yzyndan, öňküsindenem gara çyny bilen zyňdy. Aşakdan döwlen çüýşeleriň ilki biriniň, soň ikinjisiniň pagşyldysy eşidildi. Ol adamyň göwnüne ikinji ses çüýşäňki däldi-de, ony zyňanda ýüreginiň sogrulyp, asfalta urlup, çym-pytrak bolup gitmesiniň sesi ýaly boldy. Ol adam döşüni ýassyga berip uzak gijesini aglap geçirdi. Bu serhoş adamyň bolup ýatyşyny görüp, ýedinji gatdan özüni oklan aýalynyň däl-de, edinji gatdan zyňan arak çüýşeleriniň agysyny aglaýar diýseňem diýip oturmalydy. Hakykatda ol özüniň şol çüýşelerçe-de bolup bilmeýändigine, asfalt trotuara pagşyllap urlup bilmeýänine aglaýardy. Dogrusy, ol muňa soň synyşypdy...

* * *

Şol bir wagtkysy ýaly, özüni dograp geçmeli poýezd şakyrdap, ol adamyň gözüne görnüp, sydyrdyp geçip gitdi. Erbet tisgindi.
- Belki ýazmarsyň? Muny ýazmaň nämä geregi bar?
- Ýüregiň şonda... gorkyňdan...

* * *

Ol adam bu wakany gaty seýrek ýadyna salardy. Hakydasyna geldigi titiräbererdi. Ony ýatlamajak bolardy, ünsüni başga zada sowardy.
Şol gün... Hawa, şol gün, M.-i öýünden kowandan bir hepde-on gün soň, onuň on ýaşlaryndaky, özüni ýaşyndan uly görkezýän oglunyň gözleri kakasynyň tüýsüniň üýtgänini çala aňdy. Emma, oglan akly beýle çylşyrymly ýagdaýlara düşünerden ejizdi. Gaýta, «Kaka, ejem nähili gowudy! Gowudy gerek, kaka?» diýip, bilmezlikden ýarasyna duz sepýärdi.
Ol adam şol gün özüni otla kakdyrmagy karar edipdi. Şäheriň çetinde ýandak güllerini çöplemäge gidende üstünden geçen gara ýag demirýoly göz öňüne gelip çalaja ýylgyrdy. «Ine meniň halasgärim! Demirýol! Demirýola ýeteýin-de, baryndan dynaýyn» diýip öýünden çykdy. Niýetine ýetmek üçin bolup barşyna ilki düýşüdir öýtdi. Aňynda diňe demirýoluň gaýtalnyp durmasy, töweregindäki ýaşaýyşyň bolsa özüne täsir etmän, nirädir uzaklara şakyrdap barýan otly ýaly akyp durşy, ony düýşde ýaşap ýören ýaly etse-de, häzir düýşi däldiginem ol oňat bilýärdi. Ähli hereketlerini öz erkinden çykyp edýänini aňýardy. Ony Maýsaň yzyndan gitmegiň ýiti islegi gynaýardy. Ol isleg ýürek-bagryny gyýym-gyýym edip, indem damagyny çalmak hyýalyna münüpdi.
Suwsuz çöl beýewanda teşnelikde galanyň bir damja suw tapylsa, ähli zada razy bolşy ýaly, häzir ol adamam boýny zynjyrlyja güjüge dönüp, isleginiň yzyna düşüp, bar zada kaýyl, selkilläp barýardy. Bar erki isleginiň elindedi. Ädimleri özüniňki däldi, dury pikirlenmek, edýän işiniň manysyna düşünmek ýokdy. Gürs-gürs urýan ýüregi münen niýetine bir urgusynda ters diýse, beýlekisinde dürs diýýärdi. Gözleri elek-çelekdi. Sary boşlukda hiç zat parhyna däldi. Ýogsa köçäň gyrasynda çigit satyp oturan daýzaň ýanynda saklanyp, bir guýguçjyk çigit alanda-da, şol çigide güýmenip, pikirem üýtgese üýtgäp biljekdi. Emma, çigidem almady, asla çigitçä golaýlamadam.
Demirýol şäheriň o çetindedi. Pyýada barardan daşdy. Ol adam öýünden çykmanka oňa nähili ýetjekdiginiň çyzgysyny aňynda çyzypdy. Jübüsindäki onlugynyň bäşini berende taksi ony şäheriň çetine çykarjakdy. Saklan taksisiniň sürüjisem geplemezek adam eken. Diňe aljak pulunyň pikirini öwrüp oturan ýaly, ol adamyň ýüzüne-de bakanokdy. Mümkin ol bu müşderini düşürip, indiki müşderini almaga ýetişmegiň aladasyndadyr, kim bilýär? Şäherden çykyp, ol adam çola ýerde düşüp galmakçy bolanda-da, sesini çykarmady. Onluga gaýtargyny ýedi bersemmikäm ýa-da bäş bersemem bolarmyka diýip pikir etdi. Müşderiniň gaýtargysyna parhsyzdygyny görüp, güýmeň-süýmeň etdi. Pul çykarmak niýeti bar ýaly, elini jübüsine sokan boldy. Onýança-da gaýtargysyny almak aňyna-da gelmeýän müşderi maşynyň gapysyny ýapdy.
Günbatardan ösen sergin şemal ol adama taksiçiniň bermedik kömegini bermäge ýetişjek bolýan ýaly ýüzüni, saçyny sypap geçdi. Munuň bilenem kanagatlanman ony durşuna gujaklady. Şemalyň sowujak «teni» ýakasyndan girip endamyny jümşüldetdi, ony aňyna aýlajak ýaly etdi. Öňem bir gezek, Maýsaň özüni oklan bolkonyna çykanda, öz niýetinden gorkyp, aljyrap töweregine garanjaklapdy. Ýene töweregine garady. Emma, häzir bir ädim beýlesinde oglunyň mähri, gülküleri bilen elinden çekýän ýyly otag ýokdy. Töwerek ýalaňaç, açyklykdy. Uzak bir ýerde torgaý saýrady. «Bu jelegaýda senden başga menem bar...»
Ol adam torgaýyň «men baryna» üns berjege meňzänok. Ol häzir özüniňem dünýede barynyň-ýogunyň parhynda däl. Gözi demirýolda. Hol-ha bir otly ýetip gelýär. Aýak aldygyna ylgasa… Ylgamady. Onuň niýeti heniz bişmedik ýara ýaly ýüregine yza berip durşuna, ýarylyp bilmeýärdi. Onsoňam onuň göz öňüne getirýän ölşünde otlynyň öňüne ylgap barmaly däldi. Onuň beýnisinde başyny goýmaly demirýol relsine, üstünde süýnüp ýatmaly ýagly agaçlara çenli hemmesi aýan görnüp durdy.
Geçen otly şakyrdap gözden ýitip barşyna barha bat alýardy. Ine-de gözden ýitip gitdi. Ýazyň sowujak şemalam bir batlanyp, soň, otly geçensoň öz ejizligine düşünen ýaly gaýyp boldy. Demirýol, tutuş dünýe boşap galdy. Ol adama aýagynyň aşagyndaky çagylyň şagyrdysy, geçip giden otlynyň sesinden gaty eşdilip ugrady. Ol relse ýakyn gelipdi. Saklandy. Çagylyňam şagyrdamasy galdy. Ol aýagynyň burnuna seretdi. Gözi köwşünde däldi. Ýogyn, ýasy, gara ýag şpallara bakýardy. Otlynyň tekerlerinden syçyran ýaga kirlän çagyl daşlaryny sanaýan ýaly ýeke-ýeke gözden geçirýärdi. Demirýoluň polat relsi göwnüne sowujak görnüp, hälki şemaly ýatlatdy. Ýazyň bu günki mylaýym howasynda, egni ýuka köýnekli bolsa-da, yssylaýardy. Ýanyp barýan ýüregi sowugy küýseýärdi. Niýetine düwüşine görä aňyrdan otly çala görünende demirýoluň üstünde kese ýatmalydy. Aýaklaryny uzadyp, kellesini gara relsden daşyna çykaryp, oňa eginlerini berip, arkan ýatyşyny aňynda görýärdi. Otlynyň agyr tekerleri onuň ýüregini ezip döşünden geçmelidi. Şonda ol hiç bir agyrynam duýup ýetişmez…
Agyry… Dişiniň agyrsyna-da çydaman bökjekläberýän adam ölümden gorkanda-da, agyryny göz öňüne getirip gorkýan bolsa gerek. «Maýsaň yzyndan gitmek» hakynda netijä gelende, ol ilki bilen bu işiň agyrsyz bolmagy hakynda oýlanypdy. Onuň pikiriçe otlynyň tekerleri ejiz göwresini ýüzüniň ugruna parçalap geçmelidi. Şonuň bilenem bary gutarmalydy. Edil gara asfaltyň üstünde gyrmyzy ganyna bulaşyp ýatan Maýsaňky ýaly…
Ol adamyň gulagyna otlyň sesi gelen ýaly boldy. Demirýoluň ugruna seretdi. Gündogara tarap uzap ýatan demirýol tükeniksiz merdiwana meňzäp gözýetimde ýitip gidýärdi. Ol adam gözýetime siňip gidýän uzyn şekile maýyl bolup bakdy. Turup onuň ugry bilen ylgaberesi geldi. Arman, ol Maýsa duşurjak ýol däldi. Gaýta tersine, bu ýol üstünde keserip ýatsa, Maýsa duşuryp biler. Ýatyp relse gulagyny goýdy. Otlyň sesi barha aýyl-saýyl eşidilip ugrady. Günbatarsyna seretdi. Uzyn merdiwanyň gutarýan ýerinde bir gara nokat göründi. Bu otly bolmaly. Ol adam hasyr-husur göwnüne getirişi ýaly iki sany gara agajyň arasynda gaty demirleriň birine ýeňsesini berip, beýlekisine aýaklaryny atyp ýatdy. Bu ýatyşyna ýatsa otlynyň tekerleri boýnundan düşjekdi. Damagy çalynan towuk ýaly bolup ölmek islemedi. Biraz gobsunyp ýokary süýşdi. Pilçesi gaty demir relse gabat geldi. Ýeňsesi çagyllyga ýetmän, kellesi asyl-asyl bolup galdy. Elek-çelek gözleri gök asmanyň ýer bilen sepleşýän ýerine – görünişi baş-aşak gözýetime dikilip doňdy. Oňa häzir başaşaklyk düzüwlik. Mümkin hakykatdanam başaşaklyk düzüwlikdir? Çünki, onuň pikiriçe, ýaşamak däl-de, ölmek dogry. Bu «dogrulyk» oňa hiç zady saýgartdyrmaýardy. Kellesiniň bijaýlygynam, boýnuna düşýän agramam. Diňe elleri ýatmaly ýerini tapmanmy, ýa-da, çüýrük ýüp ýaly üzülip gitjekdigini bilýän ýaly bir uzaýardy, birdenem döşüň üstünde tapyşýardy. Olar ahyry özüne tarap uzap gelip, soňam otlynyň gelýän tarapyna geçip gidýän demir relsiň üstünde gondy. Ýatmaly ýerini tapyp rahatlanyp, indem ony sypdyrmajak bolýan ýaly barmaklary relsi penjeledi.
Otlynyň sesi barha golaýlaýardy. Näme üçindir ol zoguny çaldy. Ol adamyň günbatara – otlyň gelýän tarapyna seredesi gelenokdy. Eger seredäýse, otly sakga durberjek ýalydy. Ol özüniň derleýänini duýdy. Birden gygyraýmaýyn diýip hyrçyny dişledi. Relsleri penjelän elleri hapa ýagy syzdy. Rels otlynyň agramyna titiräp başlady. Ol adam göwresini gaplan galpyldyny saklamaga dyrjaşdy. Emma, özüne zor saldygyça-da beter galpyldaýardy. Otly ýene-de zoguny çaldy. Ol bu gezek has uzyn gygyrdy. Otlynyň sürüjisi ýolda bir zadyň ýatanyny gören bolmaga çemli. Ol adamam otlynyň özüne barha ýakynlaýandygyny görmese-de, on iki süňňi bilen syzýardy. Otly her näçe zoguny çalsa-da, badyny gowşatmaýardy. Ýene-de sähelçe salymdan ol adam Maýsaň yzyndan gitmek niýetine gutulgysyz ýetmeli.
Näme üçindir birden ol adamyň şol ýiti islegini kanagatlandyryp, Maýsasyna gowuşdyrjak güýji göresi geldi. Çalt ýüzüni günbatara öwürdi. Hälden howada asylyp duran ýeňsesi daşlara degip olary ýakymsyz şagyrdadyp goýberdi. Daşlaryň sesi beýnisindäki öýjükleriniň içine düşüp, erbet seslendi. Günbatardan elhenç gara bela ýakyn gelipdir. Ol adam gorkusyna halas bolmak üçin towlanyp göwresini relsden düşürmekçi boldy. Şaglap gelen otlyň sesi gulagyny gapdy. Demirýoluň gyrasyna dökülen çagylyň üstünden togarlanyp barşyna dünýesi çöwrüldi. Birdenem dünýe çöwrülmesini goýup diňe tirkeş-tirkeş wagonlar beýnisiniň içinden geçýän ýaly, deňesinden geçmäge başlady. Ýiti islegi ýene-de islegliginde galdy…
Sähelçe ýetişmedik bolanda ol adam häzir bu wagonlaryň geçişini görmeli däldi. Teninden çykan ruhy görse görer, emma gara gözler görmek ukybyndan galmalydy. Sähelçe… Ol adam şol sähelçä begenibem bilenokdy, gynanybam. Döş kapasasyndan çykyp bilmäninemi ýa-da ýyly gursakdan zor bilen çykaryljak bolanynamy, ýüregi henizem çapalanyp durdy. Älem-jahanda dem alara howa ýetmeýärdi. Asyl ol ýokdy. Suwdan çykarylan balygyň gyssanyp, hiç bir peýdasyz agzyny açyp ýumuşy kysmy, ol adamam dem almaga derek, ýöne «haş-haş» edip ýatyrdy. Ine-de wagonlaryň iň soňkusy geçip gitdi. Otlyň ýelginine goşulyp, hälki semal has batly gelşine ony ýene garsa gujaklady. Oňa ýüregi küýsän sowuklygyny getirdi. Derden ýaňa myžžyk bolan tenini şemal buz bolup örtdi. Ol şemal däldi-de, bu wakany daşyndan synlap ýören perişdelerden biriniň «özüňe gel» diýip üstünden guýan bir bedre sowuk suwy mysalydy. Şemal maksadyna ýetdi — azaşan ynsany özüne getirdi. Dünýäň lerzan urup durmasy gowşap ugrady.
Ol adam dikeldi. Dikeleni bilen gözleri garaňkyrap gitdi. Birazdan özüni dürsedi. Gara ýag elleriniň ýagyny ýüzyne çalmajak bolup goşarlarynyň, bilekleriniň ýag degmedik ýerleri bilen ýüzüne ýelmeşen daş bölejiklerini syryşdyrdy. Onuň gözüniň ilki gören zady başy tüsse-dumanly şäher hem-de onuň bilen arada ýatan gara demirýol boldy. Şäher tarapa däl-de, boş, düz meýdana tarap togalanan eken. Sesimi çykarmasamam men oňa golaý bardym. Ol maňa naýynjar bakyp:
- Öýüme gaýdasym gelýär – diýdi.
Ol adamyň halyna dözer ýaly däldi.
- Men mundan nädip ätläp geçerin?..
- Näme ýogsa, indiki otlyň gelerine garaşjakmy?
Bu sowalyma näme jogap berjegini bilmän ol ýoluň ugry bilen günbatara biygtyýar seretdi. Ýaşmasy golaýlap, has gyzaran Gün gara relsiň gutarýan ýerine gonup, ony ýalbyradyp görkezýärdi. Ol adamy bagryna basasy gelýän, üstünden ätletmeýän, özüne çekiji demirýol Günden gaýdan demir gollara meňzeýärdi. Bu gollaryň özüne çekijiliginiň, ýalpyldysynyň aňyrsynda hapa gara ýagyň ýatandygyny ol indi bilýärdi. Gün bilen arada indiki «gara belaň» peýda bolaryna garaşmak islemedi. Şähere tarap bir-iki ädim ätse, relsden ätläp geçäýmelidi.
Öýüne barsa-da, Maýsasynyň özüni oklan bolkony bardyr. Oglunyň dili başga zat diýip dursa-da, möleje gözüniň ejesini sorap durşuna çydamalydyr. Gözüň boş bolkonda, öz ejizligiňden, M. ýalyňam ýüzüne göni bakyp bilmeýänligiňden, namartlygyňdan ýana-ýana aglamalydyr…
Ýüregindäki Maýsa gowuşmak hakyndaky ýiti islegi ýuwaş-ýuwaşdan ýene-de janlanyp ugrady. Ol adam ätläp geçip bilmän duran relsiniň üstüne çökdi.
«Maýsam, Maýsam sen meni nä güne goýup gitdiň…Ýazyjym, sen maňa düşün, häzir gidäýsem sähel salymdan duşuşyp biljek Maýsamyň üstünden atanak çekip gitdigim bolar. Şeýdip ondan aramy açamsoň, özümi ömürboýy günäli duýmakdan gorkýan. Maýsamyň ýüzüni ýapyp duran gyzyl gyňajy göz öňümden gidenok...»
Hälki «gara beladan» gorkusyndanmy ýa göz öňündäki gyzyl gyňaçdanmy ol adamyň ysgynsyz dyzlary titiremäge başlady. Hälden bäri içinden hernäçe «Maýsam» diýip gaýtalasa-da, sesi çykmaýan ol adamyň dykylyp duran bogazy ýyrtylan ýaly boldy. Ses edip aglady. Onuň bu agysyny, başyny sypap geçmesini goýmaýan ýaz şemalyndan başga bir men eşidýärdim. «Ýok, Maýsam, men saňa ýetip bilemok. Diriligiňde-de ýetip bilmedim, öleňsoňam ýetip bilemok…» Agy gatyşykly ejiz sesi bilen ýene-de bir zatlar diýdi. Ony saýgarmak, hat-da maňa-da başartmady.
Birdenem gahrymanymyza güýç geldi. Ol hapa çagyllary penjeläp, iki penjesinem daşdan doldurdy. Olary zarp bilen ýerden göterip zarp bilenem yzyna urdy. Bigünä daşlar, özi ýaly daşlara degip, hersi birýana syçyrap gitdi. Gara ýag penjesi daşdan boşanda, ejesinden şarpyk iýen wagtkysy ýaly ol adamyň nähak ejir çekýän diýip ýüregi syzlap gitdi. Säginmän, batly ädimleri bilen demirýoldan ätläp geçdi-de, şähere, öýüne tarap ugrady. Ädiminiň badyna ol tas taýyp ýykylypdy. Hernä ýykylmady. Içinden «Ýaşajak bol, ýaşajak bol. Bu saňa ölmekden kyn düşmez» diýip barşyna, gaty-gaty ýöräp demirýoldan daşlaşdy. Içinden gaýtalap-gaýtalap aýdýan sözleri demirýoldan ätläp geçende Maýsasynyň üstünden ätläp geçdimmikäm diýdiren ýaramaz duýgusyny basyp ýatyrmaga kömek etdi. Ol gaňyrlyp yzyna seretdi. Yzynda edil ýaňam üstünde ýatan demirýoly öýkeli ýaly garalyp galdy.
Ölüp bilmedige ýaşamakdan başga alaç ýok. Ol adamam ýaşamaly boldy. Dälliremedem, ölmedem...

* * *

Ol adam ýaralanan gaplaň ýaly maňa alarylýardy.
- Hawa, dälliremedimem, ölmedimem. Dälliredäýjeksiň, öldüräýjeksiň, arkaýyn bol, ýaşaryn! Ýaz, demirýoldan öýüme gelişimem ýaz. Ýaz, baryny ýaz. Adamlar bilsin adamyň kimdigini...
Ol adam arkasyna öwrüldi aňyrlygyna gaharly ýöräp ugrady. Men ondan birjikde çekinmän, yzyndan ýetip, goltugyna girdim. Onuň şobada gahary ýatdy, iteklemäge derek gaýta meni özüne gysdy. Ýazgylarymy ýazmagymy dowam etdirdim.

* * *

Ol adam demirýoldan ätläp geçip, üsti-başy gara ýag, bialaç ädilýän aýaklarynyň yzyna düşüp gaýtdy. Bu bolup barşy oňa, otlyň aşgynda galyp ölüp gitmekdenem beter ejir çekdirendir, kim bilýär?
Iki-ýeke öňünden çykýan adamlaryň ýüzüne seredip bilmeýärdi. Nätanyşlar şeýle täsir edýärkä tanaýan adamlary duşaýsa dagy nähili bolar?
«Öýde ogluma nädip görünerin?»
Aýaklary kelläň geljek karary bilen işi ýok, ähli hukugy özüne geçirip, şähere tarap ädimläp gidip otyrdy. Bu sypatda öýe barandan, ýamaşgan gara ýag relsiň üstünde süýnüp ýatmak Ol adamyň gözüne eý görünmäge başlady. Emma, aýaklary, häzir diňe beýnisi däl, tutuş kellesi egninden düşäge-de, öňüne geçip «Dur, yzyňa dolan. Beýdip ýaşap bilmersiň. Öleniň gowy. Dolan!» diýse, ony mynjyradyp, depeläp geçjekdi welin, yzyna dolanmak beýlede dursun, hatda saklanjagam däldi. Mynjyramak islemedik beýni başga çykalga tapdy. Ol öz eýesine elini galdyrdyp taksi saklatdy. Ýyljyraklap, üst-başynyň ýagy üçin sürüjüden ötünç soratdy:
- Aýyplaşmaweriň. Ýaňy razýezdde ýük düşürmeli boldy. Institutymyza priborlar geldi. Aýagym taýdy-da relsiň üstüne ýykylaýdym. Hernä ýeňsäm degmedi. Alym halymyza bize-de ýük düşürdýäler-dä. Bolmasa oturgyja ýaplanman oturaýaýyn.
Sürüji näçe müşderi islese-de, beýle sypatdaky adamy maşynyna mündüresi gelmedi.
- Bäri-bärde razýezd barmy, agam?
- Şondan bärik pyýadalap gelşim-dä. El galdyran maşynymam duranok. Sen bir gaýrat etdä.
Taksiçi gözüni alartsa-da, mundan soň hiç zat diýmedi. «Agzyndan aragyň ysy gelenok. Durmuşda her zat bolup bilýär» diýip pikir etdi. Ol adam özüni zordan maşyna atdy. Bir taksiçiň maşynyna münmek üçin şeýle kiçelmeli bolaryn öýtmändi. Büküdip, arkasynyň ýagyny oturguja çyrşamajak bolup oturşy, ýalan sözlänine utanjyna büküdip, ýere girip bilmän oturana meňzeýärdi.
«Ýok, ýazyjy, men ýalan sözlänime büküdemokdym. Men maňa ynanlaryna utanjymdan büküdýärdim. Gör, ynandy! Ýalan sözleme diýmedi. Ýalanam bolsa, özüň ynanyp aýdyp bilseň, saňa ynanmazçylyk etjek adam ýok...»
Biraz arkaýynlaşyp, gobsundy.
«Durmuşda hiç kimem hakykysyny aýdanok. Her kim öz ýalany bilen töweregini aldap, ýaşap ýör. Seret muňa, maşynyny arkaýyn süren bolup otyr. Hakykatyny aýytdyrsaň welin ýa aýalyndan, ýa oglundan, ýa kakasyndan, ýa ejesinden, dostu-doganyndan ya-da hemmesinden birlikde ýanar-tütär oturar».
Sürüjem göz gytagyny müşderisinden aýyranokdy. Könelip giden çeholuny onuň puluna täzeletmäň hasabyny çykarýardy.
- Çeholyň enesini üwrediň-aý, dost. Meniňki bitsin, seniňki ýitsin-aý adamlaňky.
- Ýolda galaýynmy dagy, menem öýüme aşmala?
- Nätseň, şony et how. Ýene meni götinogry etjek bolýaraý. Demirýola seni men ýykdymmy? Görä, indi şu çeholda adam oturar öýdýäňmi?
- Ýag etmejegä bolýan.
- Etjegiňi etdiň, relsiň gara ýagy ýuwanyň bilenem aýrylmaz.
- Bolmasa, tölemeli bor-da.
- Töläňde-de täze mata alyp tikdirmeli. Giden görgüçilik. Häzirden aýdýan elli manat bermeli bolarsyň.
- Elli manat?
- Näme kän görýäňmi? Arzan düşer öýtseň özüň tikdiräý. Men saňa iň arzan bahasyny aýtdym.
Ol adam sesini çykarmady. «Demirýolda baryndan dynmak» oňa nähili gymmat düşdi! Elli manat onuň aýlygynyň ýarsyna golaýdy. Taksiçem ilki bir dymyp otyrdy. Emma diýen bahasyna müşderisiniň razydygy entek anyk däldi.
- Berersiň gerek?
- Bererin how, bererin.
«Pul janyňy alsyn. Ýöne, pul janlaryny almaz bular ýalylaň, gaýta, halasgäridir pul. Pula, ýalana bürenip, ýaşar ýörer. Dogryňy aýdanyň bilenem, öleniň bilenem üýtgejek zat ýok».
Beýnisi şeýle netijelere gelip, aýagy bilen ylalaşyga girip ýörkä, «Oglum öýde bolaý bilsedi hernä, sürüjiň puluny bermäge ylgadar ýaly» diýip, pikir etmäge-de ýetişdi. Sähel salym mundan öň «Ogluma nädip görünerin?» diýişi ýadyna-da düşmedi. Ine-de, öýlerine ýetdiler.
- Häzir alyp çykýan.
- Dur, öňem ençemesini gördük. Çykmanjyk geçäýýäler.
- Onda näme edeli? Meň-ä ýanymda pasport-beýlekim ýok. Wiý dur, şahadatnamam bolma-la.
Ol adam şahadatnamasyny ölemden soň kimdigim bilinsin diýip ýörite ýanyna alypdy.
- Şahadatnamaňy başyma ýapaýyn-maý. Bar çaltyrak git-de getir. Özem ellidir.
- Bor-bor...
- Dur. Getir ýaňky şahadatnamaňy.
Ol adam gara ýag eli bilen jübsünden çykaran şahadatnamasyny sürüjä uzatdy.
«Görýäňmi, ýazyjym, adamy. „Halyň teň görünýä-le. Üstü-başyň özi ýykylanyňka meňzänok. Bir derdiňä bar, agam“ diýmez. Häzir şuňa «Aýalym özüni öldürdi. Menem özümi öldürjek bolup, başarman yzyma gelýän» diýäýsem dagy üstümden gülüp, ilkinji duşan müşderisi bilen gybatymy etmese, zat bilmedigim. Bolmanda «Dünýede başga aýal gytmy?» diýip galar. Sen bolsa bulaň ýüzüne seretmäge utandyrjak bolýaň. Bulaň garagynyň içine bakmalydyr. „Me, elli manadyň“ diýip puly maňlaýyna ýelmemelidir. Çynyňy gizläp, ýalanyňy aýtmalydyr. Dünýe, dünýe. Muňa «ýalançy» diýmegem bärden gaýdýar...»
Ogly kakasynyň keşbine geň galyp baksa-da, sürüjä elli manady berip, eli şahadatnamaly geldi. Relsiň üstüne ýykylşyny ogluna-da ynandyrmak kyn düşmedi. Ol diňe «Öýe getirmäge edaraň maşyny ýokmudy?» diýip sorady. Oňa-da «Olam şo wagt bir ýerigä güm bolup gidipdir, kireýe giden bolaýmasa. Başymyzyň sadakasy bolsun. Puluň çykmaýan ýeri ýok» diýip jogap berdi.
- Taksiçi ýaman gaharjaň adam eken. Eşikleriňem gara ýag edipsiň. Ýuwanyň bilen aýrylmaýaram.
«Eşigiň garasy hiç-le...» diýen ol adam oglunyň möleje gözüne hernäçe parahat bakmaga çalyşsa-da, syrynyň açylaryndan gorkup, ýanyndan gaçanyny kem görmedi. Birdenem baryny ýeke-ýeke gürrüň berip, içini dökse, derdi ýeňlejek ýaly boldy...
- Näme üçin ogluňdan syr gizleýäň? Aýt baryny, ol seň ýeke dikraryň. Aýt, aýdylmadyk haykatdan zäher syzar.
- Ýok. Durmuş özi akymyna goşup halas edip durka, garşysyna gidirjek bolýarmyň? Häzir ýuwunmaly, ähli hapalyklardan ýuwunmaly. Ýuwunmak üçin bolsa hökman ýeke galmaly, ýekelik halasgärim. Ýeke dikraryň! Ýeke dikrarym bolanda näme, diňleýärkä nebsi agyrar, gynanar. Soňam ejesi ýadyna düşende ýüzüme tüýkürer. Oglum ýüzüme tüýkürenden aýbymy ýaşyranym dogry bolmazmy?!
- Ogluň bilenem derdiňi paýlaşyp bilmeýän bolsaň, özüň öz ýüzüňe tüýkürdigiňdir.
- Her niçigem bolsa başga biriniň tüýküliginden öz tüýküligiň gowy. Ony ýuwudybam ýörmeýäsmi näme...
Darajyk hammam jaýyna giren ol adam gapyny yhlas bilen içinden gulplady. Wannany ýyly suwdan doldurdy. Onuň içine girip çyp ýalaňaç ýatyrka:
- Aklyma aýlanmadyk bolamda men häzir şeýdip ýyly suwuň içinde däl-de, sowuk tabydyň üstünde ýalaňaç ýatardym, onda-da böleklerimi çöpläp bilseler – diýdi.
- Oňa derek sen aglamazdyň, töweregiňdäkiler aglardy.
Ol adama «aglamazdyň» diýsemem gözünde bir damja-da ýaş görmedim. Gözi däl, tutuş göwresi aglaýan ýaly, aglap bilmedigiçe ony der basýardy. Gaharyna içinde ýatan suwuna ýumrugyny urjak boldy. Düwülgi ýumrugy howada galdy. Edil ýaňam dup-dury suwuň ýüzüne hapa ýag al-ýaşyl gaýmak bolup ýaýrapdyr. Hapa ýagyň suwuň ýüzünde älemgoşar ýaly dürli reňkde öwşgün atyp duruşyna üşerlip seretdi. Gahary ýatdy.
- Görýärmiň şuny, ýazyjym! Indiden beýläk durmuşym hapa ýag ýaly bolsa-da, ony kesesinden seredene şunuň ýaly al-ýaşyl öwsüp, owadan görüner ýaly ederin. Başgalaryň boýnuna towky bolup ilýän şeýtanyň oýunlary meniň boýnumdan halas ediji halka bolup iler. Esasy zat gark bolup suwuň düýbüne çökmejek bolmaly...
Men ol adama näme jogap berjegimi bilmedim. Hammamyň dymyk, bugly howasyndanmy menem der basdy. Şol wakadan soň ep-esli wagtlap gahrymanymyň gapysyndan barmadym. Ol menem unutdy, özünem...

* * *

- Wah, hezil edip ýaşap ýördüm, ýüregim ýitdi, senem bir ýerden çykdyň. «Ýokarkam-a» geljek diýipdi. Oglumyňam gelmegi mümkin. Aý, oglum uzak oturasy ýok. Ýa jaň edip bu gün gelme diýäýsemmikäm. Öz aýalyň bilen ýaşaşyp ýören bolsaň şeýdip zowzullaklap ýörmelem däl.
- Onda-da Maýsa ýalysy bilen!
- Oň nämesi üýtgeşikmiş, şo dälmi meni şu günlere salyp ýören. Boldy meniň başyma namysjaň?!
- Ol-a namysyňy ýitirmek eken, ýüregiň ýitende-de hiç zat bolanok diýjek bolýaňmy? Adamsyna bagly bolaýmasa. Kim bar günäni-sogabam bilenok, namysam oňa hiç zat.
- Hawa-la, kim bar namysjaňmyş, watan diýip bir galajyga ýygnanyp uly döwlet bilen urşa girýär. Nämemiş şehit boljakmyş. Bolduňam-da şehit, onsoň nämä?
- Şu ýagdaýyňda şehitlere dil ýetirmäňde bolanokmy?
- Ýagdaýyň, ýagdaýyň diýip sen meni günüme goýaňok. Ýa öldürjek, ýa däliretjek. Ýürek diýilýän, bilýäňmi kime gerek, on sekiz ýigrimi ýaşly oglana-gyza gerek. Olam söýüşmek üçin. Ondan soň şol ýüregi ýatlaýan bir barmy? Iki agyzlaryndan ýüregime düşme diýerler. Ýürek indiki adamlar üçin münülip düşülýän meýdança öwrüldi. Ýalanmy ýogsa?
- Seňkem öňde bir tilkiň alyp bilmeýän üzümine turşy eken diýişine barýar. Ýekeje gürsüldisine zar bolup otyrkaň nasos diýdiň, meýdança diýdiň.
- Ynsan hakykatdanam geň mahluk. Şu wagt ýürek diýilýäni görseň durşuna gan bolup ýatan lokga etdir. Şonym ýitipdir diýip ala-basga galyp otyryn. Ne gözel aýagyny kesdirmeli bolýanlar nädip çydaýarka? Agyrysy hiç, seni ýöredip ýören, gözüň görüp duranja aýagyň ýokdugyna, indem hiç haçan bolmajakdygyna çydamakda iş bar.
- Boýun bolmak diýibem bir zat bar-a.
- Çydamaňda-da etjek alajyň ýok bolsa, boýun bolup ýaşaberýäň, şeýlemi? Onda Maýsa-da ýaşabermelidi-dä, näme üçin ýaşamady? Gury meňem günümi bulady.
- Aýrylyşjak diýip özüň bir zat tapdyň.
- Ýok mesele mende däl, özi öňi-soňy ölmeli diýdi.
Ol adam oglanka-da ölüm hakynda köp pikir ederdi. Dogrusy ölmegem däl-de, bir gezek mundan artyk ýaşamazlyk gowy diýen netijä gelipdi. Öňi-soňy ýeriň aşagynda çüýreljek bolsa ýaşap, görgi üstüne görgi görüp ýörmek nämä gerek? Öl, jaň kakylanda sapagyň gutarşy ýaly bary gutarsyn. Bu pikiri çyna ýazmaga golaýlaberende bir sadakadamy, ýa-da ýoldaşlaryndan birindenmi, öýlenmedik oglan ýogalanda tabydyna gelinaljysyna daňylmaly atgulagyň daňylýandygyny eşitdi. Muny eşidende özüni tabydyň üstünde, atgulagam gapdalynda galgap barýan ýaly boldy. Gelinaljyň ýerine-de bir topar gölegçiler. Toý ýerine-de ýas. Hemme kişi öýlenmedik oglan ýogalypdyr diýip gynanýar. Ol edil öl diýlip durlan ýaly içinden «Ölsemem, öýlenip, toýumdan soň öleýin» diýen karara gelipdi.
- Wah, şol wagtkyja ýüregim. Heniz ölüm-beýleki bilenem ýaralanmadyk. Ol-a ýara eken, ýüzünde ýekeje gasynam ýokdur. Hem sagdyndy, hem tämizdi, hem terdi. Maýsany nähili söýerdi, adyny ýatlanymdan edil tansa çykan ýaly towsaklabererdi. Saçyna barmagyň degdi diýip agzymdan çykyp barýandyr. Ýüzümi güldürerdi, dilimi saýradardy.
- Bilýäňmi haçan sen Maýsaň döşünden itipdiň, oňa gapyl diýipdiň? Gedemligiň bilen ýüzüne atanak çekipdiň?
Ol adam bu sowala jogap bermedi. Mundan artyk öýünde-de ýeke oturmaga karar tapmady. Telefony öňüne alyp „ýokardakysyna“ jaň etdi.
- Bu men.
- Tanadym. Ýagşy bolýaňmy?
- Ýok. Seni görmesem gutulamok. Göroglam Agaýunusuna gözi düşende sagalar eken.
- Işden sypyp bilemok. Kabinetimdäki «siňek» şeýle-de gep gözläp ýör. Ol ikimiz hakynda-da bir zatlar aňjak bolýan ýaly.
- Aňyp geçsin, tiziräk gelmeseň ýedilere oglumam gelermikä diýýän. Garaşýan.
- Bolýar. Men ýöne açdyryn.
- Menem dok däl. Ýoldan bir zatlar alyşdyraý, N-uşa.
N. köp garaşdyrmady. Iýere-içere alan zatlaryny stoluň üstünde goýup durşuna jykyrdap gülüp gürrüňe başlady.
„Bilýäňmi, bir waka boldy, gülüp ýykylarsyň. Ýadyňa düşýämi serwandymy satjak diýýädim. Ahyry biri aldy. Bir firmaň eýesi. Ýükçülerini iberipdir. Iki sany ýaş oglan. Biri gaty dilewrja hem uzyndan, görmegeý oglan eken. Köwüşlerini çykaryp içeri girdiler. Serwandy göterip lifte çykardylar. Menem ýaňky owadan oglana gyssanjyma köwşüňi geý diýjek bolup „Balagyňy geý, oglan“ diýäýipdirin. Içimden «bile bolaýsaň» diýip pikir edendirin-dä. Ýaňkylar hezil edip güldüler. Men hem utanjyma ýere girip bilemok, hem gülen bolýan.“
N.-ň bu gürrüňine ol adam güljeginem bilmedi, gülmejeginem. Şol iki arada çala açyk galan gapydan otaga uly bir ýylan süýnüp girip ugrady. Ol hindi ýylanbazlarynyň boýunlaryna çolap oýnaýan ýogyn ýylanlary ýaly äpetdi. Ol adam birbada gözlerine ynanmady. Hem M.-e «Sen tetellini kepje pil bilen ýylan kerçän ýaly kerçärdim» diýeni ýadyna düşdi. Şeýle ýogyn ýylanyň şäheriň merkezindäki on alty gat binanyň edinji gatyna çykyp, şeýle arkaýynlyk bilen gapydan girmegi bolup biljek zat däldi. Ýylan gelşine diwanyň aşagyna sümülip gitdi. Ol adamyň dili tutuldy, zöwwe ýerinden galdy. Hiç zatdan bihabar N. oňa geň galyp bakdy.
- Sen hökman doktora görünmeli. Göwnüme bolmasa ýüzüň reňki üýtgän ýaly.
N. stoluň başyna geçen ol adamyň ýanyna usullyk bilen baryp, maňlaýyna elini degirdi. N. ol adamyň sowuklygyndan ýylan ellän ýaly tisginip gitdi. Ol adam N.-ň tisginşini görüp diwanyň aşagyndaky ýylanam unutdy. Emma diliniň „Ýylan“ diýenini özem bilmän galdy.
- O nämäň ýylany?
Ol adamyň oslagsyz aýdan bu sözüni N. ilki öz sowuklygyna diýýändir öýtdi. Soňam özüne çekdi. Emma bu-da manysyzdy.
- Greklerdemi, ýylana ölümsizligiň simwoly diýilýäni?
- Grekler nirden ýadyňa düşüp ýör?
- Sen gelmänkäň telewizorda gördüm. Ýylanyň ýüregem ýok oýdýän?
- Bilmedim. Bar bolaýmasyn. Ýüregi bolmasa gan nädip aýlansyn?
- Meniň bilşime ýürek gaty köp jandarda ýok. Garynjalarda, kebeleklerde... umuman mör-möjeklerde. Adamam ýüreksiz ýaşap bilermi?
- Adammy? Adam ýaşamaz. Gurluşy başga. Arteriýa bar, wena bar. Birinde hapa gan, birinde arassasy. Ýürek bolmasa olar garyşar... Fu, seňem tapýan gürrüňiňi. Ýüreksizem adam bolarmy?! Muny mekdep okuwçylaram bilýär. Ýa bilgeşleýin edýäňmi?
- Ýok. Ýöne bu ýerde başga bir mesele-de bar, ýüreksiz adam nädip öler? Ölmän ýaşar ýörermi?
- Gyýw, sen aklyňdan azaşyp ýören bolaýma?
- Nädip öler? Gany aýlanmasyny goýaýarmyka?
- Goýsana oýnuňy. Ýok zatlaň gürrüňini edip, başymy agyrtjak bolup çagyrdyňmy meni?
- Ýok. Ýöne birden kelläme geläýdi.
„Dogrudanam men muny näme üçin çagyrdym? Şuňa baryny aýdaýsammykam? Ýok, ýok. Gowsy muny çaltyrak ugradaýyn“. N. ikinji gezek ol adama elini degirdi. Ýene tisginip elini çekdi. Içinden: «Ýylan diýip durany şuň özi bolaýmasyn? Ajdarhalykdan geçip, ýuwha bolan ýylan islän zadyna öwrülip bilýärmiş diýibem eşidipdim?» diýdi. Ol adamdan endamyň näme beýle sowuk diýip soramakdanam çekindi.
- Men gaýdaýyn. Üstümize ogluň geläýmesin. Işden rugsat almalam däl ekenim.
Näzi çekilmänsoň, gahar edip, hem gorkup, çalarak towlanjyrap N. çykyp gitdi. Ol adam derrew diwanyň aşagyna seredip gördi. Ýylan öz öýüne gelen ýaly kellesini pola goýup gaty rahat ýatyrdy.
„Bu meni çakyp öldürer. Ýok, gözüme görünýändir. Ajalym bolaýmasyn? Men näme üçin gorkamok? Ýüregim näme üçin gürsüldänok? Olam menden gorkanok“
Ol adam ýüreginiň ýokdugyna gaharlanan bolup ýylanyň guýrugyndan ýapyşdy. Ýylan gözüne görünýän salgym bolup, eli boş geçer öýdüpdi. Emma eliniň aýasyny dolduran tene endamy dyglap gitdi. Goýberesem gelmedi. Gysyp mynjyratmaga-da güýjem, gaýratam çatmady. Diňe biraz silkeledi. Ýylan muňa çala garşylyk görkezjek ýaly etdi. Ýene-de jansyz ýatan ýüp ýaly silkilen ugruna süýreldi. Ýylany sypdyrman Ol adam ýerinden turdy. Boýy bilen boýdaş sallanyp duran ýylan onuň aýagyna degmejek bolýan ýaly kellesini çalaja galdyryp iki ýana towlanýardy. Çaksyn diýýän ýaly şypbykly aýagyny ýylanyň agzyna has ýakyn getirdi. Aýagyň ysyny halamadyk ýylan kellesini has ýokary galdyrdy. Bu oýnuň uzak dowam etmezliginiň mümkindigi kellesine urup, ol adam ýylany taşlap goýberdi. Bu gezek ýylan öz agramyna aşak, Ol adamyň aýagynyň üstüne patylap gaçdy. Başga biri bolsa gorkudan jany bogazyna gelerdi. Ol adam welin parahatdy. Ýylanam göwni bir ýaly towlanyp ýene diwanyň aşagyna gitdi.
„Bu ýöne zat däl. Öldüräýsemmikäm? Öldürjek bolsam janhowluna çakaýsa?“
Bolýan wakalaryň syrlylygy ol adamy howsala salyp ugrady. Hasyr-husur telefona ýapyşdy.
- Oglum gyssagly gel, saňa görkezjek zadym bar.
- Menem bir ýumuşa çykyp barýan. Kaka, agşam barýan diýdimä.
- Köp wagtyňy aljak däl.
- Kaka häzir düýbünden mümkin däl.
- Bor-da onda...
„Bulam gereklense bir iş tapynar.“
Ol adam gyssanyp ýene diwanyň aşagyna seretdi. Ýylan gaty arkaýyn ýatyrdy. Ol adam eline pol ýuwulýan agajy alyp ony dürteklemäge başlady. Ýylan has aňryk çekildi. Aňryk çekildigiçe-de ol adamyň beter göhi gelýärdi. Birdenem ýylan guýrugy bilen kakan ýaly etdi. Agaç jorta döwüldi. Ol adam elindäki döwük agaja geň galyp bakdy. Ol beýle bolar diýip asla garaşmandy.
„Bu oglum ikimize-de aldyrtmaz. Zoologiýa institutynda ýylançylar bolmaly. Olary örüzsem, ýylanam gözüme görünýän bolsa? Uly binaň ýedinji gatynda ýylan näme işleýär?! Onda bu agajy men döwdümmi? Ýa bijaýrak urup döwäýdimmikäm? Ýok-la guýrugyny kakanyny gözüm bilen gördüm-ä. Göwnümedir. Iň gowsy ýataýyn. Onda-da şu diwanyň üstünde!“
Ol adam şeýle etse dogry bolar diýen netijä geldi. Özüni ynandyrmaga çalyşdy.
„Hemmesi gallýusinasiýa. Sen alym adam ahyryn. Häzir bir zatjyk garbanmaly-da ýatmaly. Arkaýyn, ähli damarlaryňy gowşadyp, hindi ýogalary ýaly ýatmaly. Dynç almaly. Ýüregiňem ýerindedir, ýylanam ýok“.
Ol adam N.-iň getiren zatlaryndan günortanlyk edinjek boldy. Emma iýibem seri bolmady. Diwanyň aşagyna ýene bir gezek seretdi. Ýylanyň şol ýatyşydy. Ýene içinden gallýusinasiýa diýip gaýtalap, özüne zor edip diwanda süýndi. Aňy ýadan bolmaga çemeli, ýuwaş-ýuwaş uka gitdi.
Düýşüne jigisi Halyl girdi.
- Halyl… Halyl… Halyl jan senmiň asyl? Ýogalanyňa baryp näçe ýyl geçdi!? Ýa menem äkitmäge geldiňmi? Dodajygyň çapylan ýeri şindem bitmändir.
- O hiç. Sen bu oglanjygy görsene?
Halyl ýanyndaky ýedi-sekiz ýaşlaryndaky bir oglanyň başyny sypap durdy hem ýyly suw ýaly jana ýakymly sesi bilen geplemesini dowam etdirýärdi.
- Muňam ady Halyl. Seň agtygyň.
- Meniň agtygym ýok.
- Bar, ýöne dünýä inenenok.
- Dünýä inenok?
- Hawa, dodagynyň çapylaryndan gorkýar.
- Sen oňa aýtsana, dodagy çapylmaz. Ataň seni gorar, hiç kime ýykdyrmaz, ýanyňdan aýrylmaz diý.
- Ol saňa ynananok. Enesinem...
- Enesinem, senem men ýykmadym-a?
- Menem aýydýan welin, onda näme üçin ejeň ony urdy diýýär.
- Seniň ýeriňe men ýykylan bolsam ejem seni urarmydy? Urmazdy. Urmazdy gerek?
- Ejem gaharjaň-a.
- Gaharjaňam bolsa seni urmazdy. Urmazdy, urmazdy...
- Ol poýezddenem gorkýar...
Nämä ýaňzydylýanyna düşünen ol adam öýkesi içine sygmaýan, emma ony daşyna çykarmagyňam ugruny tapmaýan çaga ýaly bogazy dolup, mundan artyk gepläp bilmedi. Şol bir wagtky poýezd öňünden şakyrdap geçmäge durdy. Halylam, oglanjygam poýezdiň aňry tarapynda galdy. Halyl yzyna öwrüldi-de ýuwaş-ýuwaş daşlaşmaga başlady. Poýezd geçip gidende olar eýýäm ýokdy. Bogazy dykylan Ol adamyň sesi öz içinde galdy:
- Dur Halyl. Meni bagyşla. Halyl jan men näme üçin seni dirikäň häzirkim ýaly gowy görmedimkäm?
Birdenem pişik oýnaýan ýaly ýylan oýnap oturan öz oglanlygyny görüp, ol adam tisginip oýandy.
Gyzaryp ýaşyp barýan Günüň şapagy penjirä, gana boýan ýaly, gyzyl reňk çaýypdyr. Ol adam diwandan düşmän onuň aşagyna seretdi. Alagaraňkyda ýylanyň bardygy saýgarmady. Ýylan gidendir öýdüp begenjine tarsa ýerinden turup çyrany ýakdy. Ýene-de diwanyň aşagyna seretdi. Ýylan gitmändir. Ol adam oturgyja özüni goýberdi. Könelip giden oturgyç onuň agramyna jygyldap gitdi.
- Oglum geler welin muny öldürerin.
- O seniň ruhuň bolaýmasyn?
- Ruh diýdiň, ýene diýdiň. Men bilýän, öldüň gutardy. Ruh näme işlesin?!
- Ýaňky Halyl näme? Sen ýaňy onuň ruhuny öýkeletdiň.
- O bir düýş. Derdi kekirdegine ýeten adamyň düýşi.
- Bilýäňmi näme, sen bir wagt pygamber pygamber bolýan bolanda daşlanmazdy diýipdiň. Sen Halyly dirikä gowy bolany üçin ýigrendiň, pygamberi hem pygamber bolany üçin seniň ýalylar daşlady.
Ol adam gözüni ýumdy. Ýene uzaklaşyp barýan poýezd gözüne göründi. Ýalpa gözüni açyp saçyny penjeledi. Bir seretse diwanyň aşagyndaky ýylan daşyna çykyp barýar. Onuň towlanyp akyp baryşyny görmäge göz gerekdi. Özünden, dünýesinden göwni hoş, towlanyp, süýkenip, her bir hereketinden lezzet alyp akyp barýar. Ýogsa gözünde gorkunçlyk, agzynda zäher. Teni dagam buz ýaly, içinde ýüregi bara meňzänok.
„Kleopatra-da ölümsizligiň bakylyga alyp gitmegini - özüni ýylana çakdyryp ölmegi saýlap alypdyr. Gitme, gel ýylanym, gel ruhum. Isleseň çak, isleseň öp. Menem seni saýladym“.
Towlanjyrap barýan ýylan bu çakylygy eşiden ýaly yzyna gaýtdy. Ol adam dişini gysyp, ýylanyň gelip çakaryna garaşyp oturmaga güýjüni jemledi. Ony guýrugyndan tutup ýokary göterşini ýatlady.
„Indi näme birden gorkup başlaberdim? Kleopatraň ölüşi gorkuzdymy? Käşkä Kleopatra bolsaň öleniňe-de degýär. Bu dünýede ejirden başga gören, armandan başga çeken zadym bolmady. Indem öz ajalymy özüm çagyryp ölmelimi? Ýanymda ne janym galdy, ne-de janyçkam. Halas ediň diýip gygyrsamam dadyma ýetişjek ýok.“
- Kaka, näme ýatyrmyň? Açsana gapyny.
- Oglum, jan oglum. Häzir bardym.
Ol adam suwa gark bolmakdan gorkup barýanyň kenary görüp begenşi hem oňa ýetmäge gyssanşy ýaly gapa tarap ýönelenden, hälden bäri parahat ýylan, haşşyllap öňüni gabady.
- Küş ýok bol. Men saňa näme etdim. Küş diýýän. Ýogsa-da häzir bogazyma sygdygyndan gygyrýan.
Ýylana seniň gykylygyň bildirýän ýeri ýok. Ol gazap bilen kellesini galdyrdy. Sähel artykmaç hereket etse öljekdigini aňan ol adam doňan ýaly bolup galdy.
- Kaka. Ýa hammamdamyň?
Onuň dili tutulyp, ogluna jogap beribem bilenokdy. Ol edil ýaňam ýylany çagyryp „Isleseň çak, isleseň öp“ diýip durdy diýseň ynanar ýaly däldi. Ýene-de ýylanyň özi köşeşdi. „Diýenlerimi bitirmeseň janyňy jähenneme iberäýerin“ diýip elindäki ýesir guluna hökümini aýdyp gutaran zalym ýaly gyňyr-gyňyr seredip, towlanjyrap ýene diwanyň aşagyna girip gitdi. Ol adam şindem ýerinden gozganyp bilenokdy. Aýaklarynda ysgyn mydar galmandy.
- Kaka.
Bu gezek oglunyň sesi has gaty çykdy.
- Barýan.
Gapyda garaşmakdan ýadap göwünlerine her zatlar getirmäge başlan ogly bilen gelni içerden gelen gyryljyk jogaby zordan eşitdi.
Ol adam bolup ýören zatlary ogluna gürrüň bermekden bireýýäm ýüz öwrüpdi. Muny oňa ýylan tabşyryp giden ýalydy. Çyrany ýakdy. Diwanyň aşagyndaky ýylanyň sowuk hem içiňden geçip barýan gözlerine ýene bir seretdi. Baryp gapyny açdy. Oglunyň gaharyna-da, öýkesine-de üns berenokdy. «Uklaýypdyryn» diýdi. Onuň „Hany bir zatlar görkezjek diýýärdiň-ä“ diýmesine „Näme görkezeýin? Şonuň ýaly bir gep tapmasam gelýäňizmi näme?“ diýip jogap berdi. Onam diliniň ugruna „isleseňiz gaýdyberiň“ diýen ýaly aýdyp goýberdi. Ogly aşhanadaky gelniniň ýanyna turup gitdi.
- Näme diýýär? Görkezjek zady näme eken?
- Şoňam bir görkezen zady bolarmy?
- Gyýw bolşuň nähili, o seň kakaň.
- Şeýle kakaly galanymdan sopbaş ýetim galan bolsam gowy bolardy.
- Saňa-da düşer ýaly däl. Birdenä kakam, kakam diýip ölüp-öçüp barýaň, birdenem saňa kaka gerek däl.
- Ýaňy bir sagatlap gapyny bilgeşleýin açmady. Biz binamys, şonda-da gaýtmadyk. Diwanyň üstünde bir nokada diňkesini diken bolup oturşyny göreňokmy?
- Senem telefon eden badyna gaýdaýmaly-da.
- Hawa-la, men atamyň melleginde işläp ýörendirin, gaýdasym gelen wagty gaýdyberer ýaly.
- Häzir naharyň başynda açylşar.
- Men bilýän, ol diňe ýokardaky N-ini görende açylar. Häzirem şol geljek diýendir. Ejemem şuň näzini çekmekden bizar bolup öldi.
- Goýsana könäni ýatlamaňy. Baraýsana kakaň ýanyna. Men häzir ajyja çaý elteýin. Ýene bir gezek ýanyma göçip gel diýip gör. Şol sary içýanyndan arasyny açjak bolaly. Jaýyňy satyp maşyn äbereýin diý. Özüçe ýoklar kileň maşynly.
- Göçeli diýseň beter jyny atlanar.
- Onda-da ýumşaklyk bilen ýene aýdyp gör-dä. Bolmasa oglumyzyň boljagyny aýt. Begener. Olam agtyk küýseýändir.
- Haý näbileýin.
Hakykatdanam ol adam oglunyň „Kaka doktorlar bir „myş“ tapdylar. Ogul agtygyň bolaýjak ýaly“ diýmesine ilki üşerildi. Halyly düýşünde görüşi ýadyna düşdi. Soňam „Seň habaryň ýok. Oň dünýä inesi gelenok“ diýdi.
- Düşünmedim, o näme diýdigiň boldy?
- Dodagynyň çapylaryndan gorkýar.
- O nähili dodagynyň çapylaryndan gorkýar?
Oglunyň bu sowalyna ol adam jogap bermedi. Ýene-de bir nokada diňkesini dikip oturmasyny dowam etdirdi. Ogly kakasynyň bu düşnüksiz gepine düşünjek bolup derde galdy. Ahyrynda-da „Siz çaga seretmegi oňarasyňyz ýok“ diýdigidir diýen netijä geldi. Entek öýlenmänkä kakasynyň „Oňarsaň ýokary bilimli gyza öýlengin“ diýip bizar-petini çykaryşyny ýatlady.
„Aýna ýokary bilimli bolmanda-da, bir çagany idetmäni ilçe oňarar. Bu adamyň ýürek bulamadan başga işi ýok“. Sahy beýleki jaýa geçip bir ýerlere telefon etdi.
- Kaka, hezil edip, bile palow iýäýjekdik, biziňki boljak däl. Işden gyssagly gel diýýäler. Haçan boşajagymam belli däl. Ýatylmanka Aýnany gelip äkidäýmesem.
Oglunyň gitmekçidigini eşidip ol adamyň ýüzi açyldy.
- Ýok, gelniňi ýeke goýup gitme. Özüme borluk palowy özüm bişirerin.
- Etini gowurypdyr.
- Bolýa, bolýa. Seniň işiň şu tarapy ýaman-da. Onda-da gaýrat et, işläber. Palowy ýene bir gün iýeris.
Ogly-gelni ýüzlerine urlan ýaly bolup çykyp giden soň, ol adam diwanyna nazaryny aýlady. Indi onuň aşagyna seretmek hökman däldi. Ýylanyň öňki ýatan ýerinde gözüni bir nokada dikip ýatany ikuçsuzdy. Ol adamam öýünde durasy gelmän geýinip, daşary çykarman boldy. Ýöne nirä, kimlere gitmeli?
- Gowsy restorana gideýin. Bolmasa «ýokardakyny» ýoldaş edinäýerin.
- Ýoldaş nämäňe gerek?
- Seniň gapylyp oturmagyň üçin gerek.
Hernäçe çetime degse-de men sesimi çykarmadym. Ol adam geýnip daşary çykmak üçin gapyny açsa, gapyda «ýokardakysy» ýyljyraklap dur.
- Çagyrmasaňam geläýendirin.
- Men seni alyp restorana gitjekdim.
- Hany ol gysyr geçi gelniň palow bişirmedimi?
- Etini gowurdy öýdýän.
- Biz hiç ýere gitmeris. Häzir palow iýýäs. Ogluň dagyny ýörite kowduň gerek? Görseň ýürejigiňi bilip durandyryn.
- Ýüregimden öňürti sen şü diwanyň aşagynda nämäň bardygyny bil.
- Näme bilmän? Oň aşagyny düýn özüm ýuwdum.
- Ömrüllaňda-da bilmersiň.
- Näme baýrak goýýaň?
- Islän zadyňy.
- Doglan günüme bir gowy köwüş.
- Gepleşdik.
- Seret, özüm saýlajakdyryn.
Ol adam baş atdy.
- Onda... Gyş köwşüň, köneje çemodan, içinde kagyzlaň bar. Onsaňam kir ýuwulýan maşynyň deşilen şlangasy. Bolany.
- Bolanymy? Hany indi bar-da seret.
- Düýn-ä şo zatlar bardy. Soň başga bir zat sokansyň-da.
- Hiç zadam sokamok. Ýöne gorkaýmagyn.
- Näme bar?
- Gör-dä näme bardygyny.
N. diwanyň aşagyna seretdi.
- Hih, ýylan!
- Gorkma, gorkma.
„Gorkma“ diýse-de N.-niň zähresiniň ýarylan ýaly bolanyny görüp, özüniňem ýüzünde gan-pet galmady.
- Waý oň ullakandygyny! Ýene gorkma diýýäň? Meni oňa çakdyrjak bolduňmy?
- Ýok.
- Onda näme seret diýdiň? Jaýa girmänkäm saklasaň bolmaýarmy? Dogryňy aýt. Maýsanam şeýdip gorkuzyp öldüripmidiň?
- Aýdýanyň näme? Men...
- Hawa, sen?
- Men ondan gorkamok. Guýrugyndan tutup görkezeýinmi?
- Waý tutma, waý tutma. Men gideýin, soň näme etseň edäý.
Bolup duran zatlara düşünýän ýaly ýylan diwanyň aşagyndan çykdy-da, öňküsi ýaly haýbatly hem keýp bilen süýnüp gapa bardy.
- Gapyny näme ýapyp goýduň? Açyk bolan bolsa çykyp gitjek eken.
- Gapy bolsa ýapylar-da, men nirden bileýin çykjagyny?
- Sen ony ýörite getirensiň. Häzir ikimizem çakyp öldürer. Ähli syrymyzam ile jar bolar.
- Gorkma. Stolyň üstüne çyk. Eliňe-de şuny al.
Ol adam elleri titireýän N.-e döwülen taýagy berjek boldy.
- Oňa bunyň nämejik?
- N.-uş, sen gorkma. Ol degmedige degenok. Seret arkaýyn ýatyr.
- Sen bilýäňä, ýylandan nähili gorkýanymy? Meni näme üçin çagyrdyň?
- Özüň geldiň-ä.
- Men guraýyn. Dözmän yzyňa düşüp ýörün. Ýok et muny. Polisiýa jaň et.
- Polisiýa oňa näme etsin?
- Näme eder, tüpeňläp öldürer. Näme dursuň? Jaň et.
- Ýok, öldürtmäli. Dözemok.
- Muň diýýänini! O saňa şeýle bir dözer. Telefony ber bäri.
Ol adam telefony bermedi. Gapa tarap ýöneldi.
- Men häzir gapyny açaýyn, çyksyn gitsin.
- Dur, gitme. Çakar. Seni çakyp öldürdigi men gorkymdanam ölerin.
- Gorkma ol meni ýaňam çakmady.
Ol adam gursagyny elleşdirdi-de, ýüreginiň urmaýanyny görüp ýylana garşy ýöräp ugrady. Ýylan ol adam özüne golaýlaşdygyça kellesini galdyrýardy, diwanyň aşagyndaky ýaly busjaga meňzemeýärdi.
- Küş, küş diýdim men saňa.
Birdenem ýylan kellesini aşak goýberip, ol adamyň öňünde süýnüp ýatyberdi. Ol adam çommalyp ýylanyň kellesinden sypasy geldi. Ähli gorkusy birden nirädir zym-zyýat boldy. Ýylany eline aldy.
- Goýber çakar, çakar. Waý! Waý!
Ol adam baryp gapyny açdy. Ýylan onuň elinden näz bilen süýnüp düşdi-de, soňam açyk gapydan çykyp gitdi. Onuň yzy bilen N.-em zym-zyýat boldy. Ol adam onuň yzyndan:
- Nirä? Restoran... – diýip galdy.
Töwereginiň boşap galanyna ol adam ilki bir hili boldy. Edil ýaňam gapyň agzynda haşşyllap ýatan ýylanam, doglan gününe köwüş aldyrasy gelýän N.-em birdenkä ýitip gitdi.
- Sen olary kowmadyň ahyryn?
- Gümlerini tapsynlar-la.
- Dogry aýdýaň, seni däl, gümlerini tapsynlar.
Ol adam gaty parahatlyk bilen kitaplarynyň ýanyna bardy. Ýene M.-e «sen tetellini elimden gelse kepje pil bilen ýylan kerçän ýaly kerçärdim» diýeni aňynda aýlandy. Kitaplaryň üstünden keseligine sokulan papkadan bir ak kagyzy çykardy. Stolunyň başyna geçdi. Kagyzyň ýüzüne owadan edip „Ýürek ölümi“ diýip ýazdy. Soňra täze setriden ýazmasyny dowam etdirdi.

Dowamy bar..
Bölümler: Powestler | Görülen: 67 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Ylýas Amangeldi | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202