14:52 Wagt bilen ikiçäk | |
WAGT BILEN IKIÇÄK Ýetmiş bir ýyl mundan öň ýanyma gelipdiň. Şondan bärem ikimiz bile. Gaty köp adam, köp zat maňa sendenem ýakyn durupdy. Emma hemmesi gitdi, diňe sen galdyň. Men saňa «Wagtym ýok» diýipdim. Hawa, ýoksuň öýtsem-de, sen bar ekeniň. «Wagtym ýetenok», «Wagtym geçdi», «Wagtdan yza galýan», «Wagtym bolsady»... diýibem çyk- dym. Ýöne, Gurbannazar şahyryň «Gazaply kazysy», sen «mydam başymda» ekeniň. Gurbannazar halypanyň ýaşka düşünenlerine gojalyp akyl ýetirjek bolýaryn. Geldi-geçersiň öýdýärdim. Tutuş ömre «Ylgap barýan keýigiň şahynyň kölegesinde kölegelän ýaly bir möhlet» diýen akyldaryň sözüne haýran galypdym. Barysy dogry eken. Wagt, sen keýik bolup ylgap barýarsyň, biz bolsa kölegäňde saýalamaga ýetişip bilsek bolany. Haçan başlananyňy bilmänkäk, tamamyňa erişdik. Seni utdummykam diýenler utuldy, senden öňde barýandyryn öýdenler yzda galdy. Kimlere baky ýatlanmak berdiň, kimleri unutdyrdyň. Kakamyň: «Bu dünýeden geçme- jek ýokdur» diýen sözlerini ýatlap, wagtyň däl-de, biziň geçip gidip barýanymyza düşündim. Häzir ikimiz ikiçäk. Napoleonyň sürgün edilen adasynda «Bu ýerde wagtdan başga hiç zat ýok» diýşi ýaly bolmasam-da, töweregimdäki zatlarda diňe sen gözüme ilýärsiň. Göwnüme bolmasa, töweregimdäki zatlardan diňe sen meni goýup gitmejek ýaly. Töweregimdäkiler «Wagty doldy, sanalgysy gutardy» diýenlerinde-de sen menden aýrylmajak ýaly. Muny hiç kim bilmez. Her kim öz derdi-aladasy bilen galar. Mümkin, seniňem, meniňem keşbimiz, durkumyz üýtgär. Seniň üýtgewsiz minutdyr sekintlaryň togtap, başga bir hala geçer. Emma sen menden aýrylmarsyň, menem senden. Men şol pursatlarda, hakykatdanam, seniň gadyryňy bilerin. Meniň üçin iň gymmatly zadyň sendigine düşünerin. Sen meni täzeden ýaşatmaga başlarsyň. Diňe şat edersiň, hiç ýerde ökündirmersiň. Bilimi bükmersiň, başymy aşak sallamaly etmer- siň. Menden ozmarsyňam, galmarsyňam. Biz bir göwre bolup ýaşarys... Beýle umyt, beýle arzuw maňa nireden geldi? Täret alyp oturan Abdulkadyr Geýla- nynyň köneje mis kündüginiň birden altyna öwrülişi ýaly bir zat dälmi bu?! Şonda Geý- lany hezretleri «Bu ne bela?» diýip, altyn kündügi eliniň tersi bilen zyňyp goýbermän- dirmi näme? Altyn kündük yzyna gaýdyp gelende, ol ony ýene, ondanam aňyrraga zyňmandyrmy? Bu hereketlerini ol tä altyn kündük öňküje mis kündügine öwrülýänçä dowam etdirmändirmi? Men bolsam, öz ýasan «umydyma» şeýle berk ýapyşýaryn. Wagtym, her niçik bolanda-da, sen meni ýeke goýma. Soňky gün «Men özüme berlen ukyby başardygymça açyp görkezmäge çalyşdym» diýer ýaly maý ber. Bu sözüm ýalan çykmaz ýaly galanja pursadymda-da der dökmäge gaýrat ber. Meni ýüzügara etme. Belki, azabym ýerine gowşar. Maňa «Wagtyny boş geçiripdir, eli boş geldi» diý- meseler bolýar. © Ylýas AMANGELDIÝEW ýazyjy. ® Türkmenistan gazeti. 05.04.2023 | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |