17:34 Ýat ülkeden bir görnüş | |
ÝAT ÜLKEDEN BIR GÖRNÜŞ Saman şlýapaly garry bikäniň, Yzyndan selkilläp güjügi barýar. Ýok, güjük däl, bir biçäre ýekäniň, Döşünden itilen geljegi barýar. Bikesi garrapdyr, külbesi sowuk, Baransoň öňüne nan bir oklansa. Gitmez ol ýüzüni birýana sowup, Gijäň köçe itlerinden gorkansoň. Ýyldyz sanap Aýa üýrýän ol itler, Tüýdüm-tüýdüm eder, cykaýsa birden. Bikesini taşlap ol asla gitmez, - Ejiz gelýär zynjyrjygyn üzerden. Bikesiniň inçe zynjyrjygy däl, Ýekelikdi ony bogýan hem gysýan… Dostum, bu ülkede şeýle bir it kän, Hemem ýalňyz galan bir giden ynsan. © Ylýas AMANGELDI Çeşme: http://www.ekizler2.com/index.php?q=2&ac=posts&id=35 | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |