Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:16
Ilki ýürek ölýãr /dowamy 3
Eger ýüregim ölen bolsa, men näme üçin «ýokardakyň» erbet gorkanyna gynandym? Näme üçin ýylany öldürmän goýberdim?
Eger ölmedik bolsa, onda näme üçin men ýylany elime alamda gorkmadym? Näme üçin ne begenjimden, ne-de gorkudan ýüregim gürsüldemedi? Elimde ýylan tutsamam, ýa biriniň elini gyssamam indi maňa tapawudy ýokmy? Ýa men ony kerçemelimidim?“
Ak kagyzyň ýüzünde şygyr-şygyr ýöreýän ruçkasyny saklady.
- Ýazyjym, sen barkaň bu zatlary nämäme ýazyp otyryn-a?
- Ýazanyň gowy. Bolýan zatlardan baş çykarmagymyz gerek. Ýaňky ýylan nireden geldi?
- Menem haýran? Men oňa-da, ýüregimiň ýoklugyna-da galýusinassiýamyka diýipdim.
- Bilýäňmi näme, sen şu günden beýläk ähli bolýan zatlary ýeke-ýeke ýaz. Beýle-beýle zatlary entek hiç kim başyndan geçiren däldir.
- Ýazgylaňňy tassyklamaga gerek bolar öýdýäňmi?
- Biri tassyklar ýaly, men ýalan zat ýazamok
- Onuň ýalandygy, çyndygy hiç kimi gyzyklandyrmaz. Her kim „Bu bolup biljek zatmy, ýa-da ýok?“ diýer.
- Ahyrynda ýüregiň ýokdugy belli bolar ahyryn.
- Nädip? Doktora barar öýdýäňmi?
- Başga çäräň barmy?
- Ýazanlaryňa ynansynlar diýip doktora baraýynmy? Ondan-a gowsy hiç zadam ýazma.
- Sen alym adam. Pawlow öz ölüminiň gelşini ýazdyrypdyr ahyryn?
- Men Pawlow däl.
- Pawlowyň itlerinden birem dälsiň, şeýle dälmi?
- Ýok, şeýle. Biziň hemmämiz tejribä ýaraýas.
Ol adam öňündäki kagyzyň ýüzündäki „Ýürek ölümi“ diýip ýazanyna gözüni aýlady-da, ony düýrläp zyňyp goýberdi. Arkaýyn aşhana geçip eti gowurlan palowy bişirmäge durdy.
- Häzir jaň etsem oglum öýündedir.
- Ol işden çagyrdylar diýip gitmedimi näme?
- Diýibersin. Häzir jaň etsem öýdedir.
- Öýde däldir. Her kime özüň ýalydyr öýtme.
- Ol mendenem beterdir. Mendenem bir basganjak galarak, ol meniň dowamym.
- Goýsanaý.
- Jedelmi?
- Öýde bolsa näme diýjek?
- Hany barlap göreli...
- Alo, Sahy, özüňmi?
- Hä, kaka? Keýpinemi?
- Göni öýe gaýdansyň diýip jaň edýän.
- Häzir eşigimi çalşyryp gitjek. Näme gulluk?
- Gulluk – dulluk. Sag-aman işle.
- Dulluk ýadadan bolsa, öýlenäý.
- Öýlenjek bolsam wagtynda öýlenerdim. Indi meni kim başyna ýapsyn.
- Ilçilikdir, tapylar. Oýun däl, ugruna çyk diýseň-ä daş edeýin?
- Goýsanaý, seňem tapýan zadyňy.
- Dogrudan. Ýaňy öýde-de şony aýdyp bilmän kösenip otyrmydyň? Öňdenem öýlen diýjek bolup ýördüm. Illeň kakalary ýetmiş ýaşabam öýlenip ýör.
- Aý, bir gäbi azandyr-da.
- Ýok, kaka, aýal garraňsoň gerek diýýä.
- Kimaý ol?
- Bile işleýän ýoldaşymyň kakasy. «Ýokardakyňam-a» bardyr?
- «Ýokardaky» diýýäniň kim?
- Kaka, sen meniň nirede işleýänimi bilýäňä. Dogrudan, göwni söýen ýylan etini iýer.
- Ýylan etinimi? Ýylan etini iýsem özümem ýylan bolaýmaýyn? He-he-he.
- He-he-he...
- Ýaşymyň soňunda ýylan etini iýdirjek-dä sen maňa. Bor-da. Alsak öýe-dä eýe bolar ol?
- Ýogsa-da aýal edinip alaňsoň öýüňe eýe bolar-la.
- Hany telefonda biderek gürrüňi goýaly. Işden sypynyp bilseň geläý diýjek bolýan.
- Maslahaty dowam edeli diýseň barjak. He-he-he.
- Gelmeseň ýagdaýyňa seret. Palow-a häzir bişer.
- Sypyp bilsem bararyn, ýöne söz bermäýin. Baramda birden gapy ýapyk bolmaz ýaly ilki jaň edäýeýinmi?
- Edäý, ýöne indi ýapyk bolmaz...

* * *
- Sen ony utandyrak bolýaň, gördüňmi nätdi? Aýtdyma bir basganjak ýokarydyr diýip, Göwni söýen ýylan etini iýer diýýär. Öýlen diýýär. Umuman dogry pikir.
- Ýüregiň ýiteni ýürekdeşiň ýoklugyndanam bolup biler.
- Bundan soň meniň ýürekdeşim hälki ýylandyr.
- Hiç aklyma syganok, ol nirden çykdy? Töwerek beton, asfalt, bir giden adamlar. Şeýle ulalýança hiç kim görmändir. Özem hiç kimi çakmndyr. Çakan bolsa, bilinerdem, öldürlerdem.
- Ol ýylanam däl bolaýmasyn? Biz ýaly adamdyr.
- O nähili?
- Işde siňek diýilýänem bar, äýnekli ýylan diýilýänem.
- Olaňky bir lakam. Bilýäňmi seniň lakamyň näme?
- Ýok.
- Bilýäň, boýun alasyň gelenok.
- Kölegesiz diýäýýäler öýdýän.
- Kölegesiziň ýüreksizden tapawudy näme?
- Tfu, hemmesem edebiýatçylardan. Ýürekde mähir barmyş. O nämäň mähiri? Gaharam, ýigrenjem, mähirem... ýene näme?.. gaýgy-aladaňa çenli hemmesi beýniden gaýydýar. Olaryň döreýän ýerem beýni, işleýän ýerem beýni. Ýürekde gandan başga zat ýok. Ýogsa-da, subut etsinler. Ýüregiň haýsy damary, haýsy öýjügi mähirden dolumyş? Beýniň belli-belli öýjügini gyjyndyryp adamy agladybam bolýar, güldüribem. Ýürekde ýok ahyryn beýle zat! Diwara ýürek bilen peýkamyň suratyny çekip ýören nadanlardan tapawudymyz ýok. Hany ylym? Günäsini dökjek bolup, oduň üstünden towsup ýörenlere gülmelem däl. Biziňem şolardan artyk ýerimiz ýok. Bar zat ýürekdemiş?! Wraç bolmaly ekenim. Şo ýüregi elime alyp myžžygy çykýança öwrenerdim.
- Sençe öwrenen bardyr.
- Bar bolsa näme üçin ýazmaýalar?
- Ýürekde hiç zat ýok diýip ýazsynlarmy? Kim ony bilenok?
- Uf, şu dünýedäki ýasama düşünjelerden şeýle bir ýadapdyryn welin sen goýaý.

* * *

Ol adam biygtyýar döşüne baran elini meniň seredýänimi görüp, ýuwaşjadan aşak goýberdi. Syr bermejek bolup hiňlenjirän, ýyljyraklan boldy. Ýüzünde welin ýylmanaklygyndan nam-nyşan galmandyr. Gözlerine sähel bahana tapylsa ýaş aýlanjak bolup durdy. Aýagyndaky öýde geýýän köneje, mata şypbygynda nazary saklandy. Ol şeýle mähremdi, mähribandy, eger ölseň soň ony geýjek gümanyň bolmaz... Bujagaz çäýnekden çaýy belli günleriňe gelenler içer.
Ol adamyň göwnüne gözüne ilen zat ondan aýrylşyp barýana döndi. Ýerdäki könelşip ugran fabrik halysyna, köpden bäri reňk-bejergi görmedik jaýynyň diwaryndaky suwagynyň gopanja ýerine çenli. Ol ýuwaşlyk bilen oturgyçdan turup, beýleki jaýdaky düşegine geçdi. Düşegi adatdakysyndan has ýumşak ýaly boldy. Aýakuçdaky eplengi ýorgany emaý bilen ýazdy, ýapyndy.
- Nähili ýyly! Ysam öz ysym... Bu zatlary taşlap ölüp ötägitmeli bolarmykam? Men entek garramogama? Meniňem hakym bardyr-a il ýaly pensiýa çykmaga? Bu kesel nähili kesel? Atuw berlen ýaly şeýdip duýman durkam, ölüp gidibermelimikäm? Atuw berler ýaly günäm näme? Ýekeje özüm aýlyjagyma kaýyl, ýaşapjyk ýördüm... Ýok, ýazyjym, entejik ýaşap ýörün...
Ol adam soňky sözlerini diýip diýmän düşeginden turdy. Gaşlary welin ýazylmaýardy. Gije bir çene baranam bolsa geýinip daşary çykdy. Tomus gijelerinde howa has ýakymsyzdy. Bir gyzyp, bir sowaýan şemal ýapraklary darap iki ýana at salýardy. Holha gara pişik mawy gözlerini ýaldyradyp zibilhanaň arkasyna aýlandy. Biri-birine degiş duran beýik jaýlaň arasyndaky darajyk köçe bilen uly ýola tarap sowulan ol adam nirä, näme üçin barýanynyňam pikirini etmeýärdi. Hiç kimi, menem diňlemän, düňle ýaly ýöräp barýardy. Ine-de uly ýol. Maşynlaryň sary çyrasy, köçeleriň çyrasynyň sarysy... Aýam ýokarda saralyp, tegelenip dur. Ol adam sarylyga düşmejek bolup töwerekden başga reňkleri gözleýärdi. Emma, hatda gara asfalt köçe-de çyraň ýagtysyna saralyp görünýärdi. Ýene biraz ýörese dynç alar ýaly edilen kiçiräk meýdança çykjagy aklyna geldi.
Bu meýdança ol adam her gün irden ylgamaga gelerdi. Meýdança ala garaňkydy. Onuň isleýänem şoldy. Ortaradaky çüwdürim kiçeňrägem bolsa bagyň howasyna täsirini ýetirýärdi. Meýdançaň oturgyçlarynyň birinde kimdir biriniň oturany göründi. Ol adam ony birbada tanamasa-da, ýakynyna gelenden soň tanamajak gümany galmady. Bu Ybraýym gojady. Olam tanady. Indi salamlaşmazlygam mümkin däl. Ýogsa, gojaň bolup oturşy gaçgynynyň adamdygyny gözüňe dürtüp durdy. Ol adama-da hiç kim gerek däldi. Salam berse-de, elleşip görüşmedi. Ýene goja salamdan soň dil ýarman oturmagy özüne aýp bildi.
- Giçläpsiň-le?
- Aý, hawa. Ýatmankam gezim edeýin diýdim.
- Oňarypsyň. Şeýtseň rahat ýatarsyň.
- Gezim edeniň bilen rahat ýatyp bolýan bolsa bolaýmajakmy?
- Hä näme beýle? Güni seniňkiden rahat adam ýokdur diýýädim. Ýa ýekesirejek bolýamyň?
Ybraýym goja bir ýana süýşüp oturgyçda ýer açdy.
- Ybraýym aga, men oturmaýyn. Ýekesiremekdenem beter, mesirgejek bolýan bolaýmasak, bizde başga dert ýok.
- Meslikden beter dert gerekmi? Mesligi goýun göterer, oňam garasy diýilmeýärmi näme?
- Şo-da. Özüňem ýagşymyň, Ybraýym aga?
- Biziňkem näme, „Dert ýamany garylykdyr ýaranlar“ diýilýän-dä... – diýip, goja kikir-kikir güldi.
Bu gülki ol adamyň has hem kejebesini daraltdy. Hoşamaýlyk edibem durman ol ýoluny dowam etdirdi. Içinden Ybraýym gojaň ýeke gyzynyň gaçyp durmuşa çykyp, iki sany öýeräýmeli ogullarynyňam bir biderek zadyň üstünde oňuşman, kiçisiniň ulusyny pyçaklap öldüreni, soň onam türmede agasynyň dostlarynyň öldüreni hakynda eşidenlerini ýatlady. Gaçyp gidende ýüzüni görmen diýen gyzyny öýüne göçürip getirip, giýewisi bilen bir ýerde ýaşamaga mejbur bolan Ybraýym gojaň, öýde-de karary ýetmän, köplenç daşardadygyny ol adam bilýärdi.
- Menem oglumyň ýanyna göçüp baraýsam, Ybraýym aga ýaly daşarda günümi geçirmeli bolaýmaýyn?
- Seniňki edil beýle bolasy ýok. Töweregiňe seret, adamlaň ýüzüniň tapawutly bolşy ýaly, gün geçirşem başga-başgadyr.
- Şonda-da öz çatmaň öz çatmaň bolaýmasa.
- Sen janyçkalaňdan aýrylyp bileňok. Adamyň nähili duýgyny başdan geçirip, aňynda nähili pikir öwürýändigini daşyna aňdyrman bilýäni, uýat ýerini ýapýanyndanam gowy ýaly bolup dur.
- Dagy näme. Ýör, öýe dolanaly.
Ol adam öýüne gelşine ýatmak bilen boldy. Çyralary söndürende aňynyňam pikirlenmek ukybyny söndürip ýatasy geldi. Kellesine näme gelse kowýardy. Oýanmaga synanşan islendik ýatlamasyny bada-bat öçürip hiç zady ýatlamajak bolýardy. Kellesi soňa-baka içiniň goşy zyňylan boş sandyga döndi. Diňe şondan soň uklap galdy. Düýşüne Maýsa girdi. Ol heniz gyzka çolaja köçede duşuşyşlary göz öňünde janlanmaga başlady. Maýsa nähili owadandy! Alabaharda üstüniň gary erän, göklüginden ýaňa gözüňi iýip barýan hakyky maýsalyk meýdanyň owadanlygam onuň ýanynda hiç zatdy. Ol adamyňam şol bir wagtky ýigitligi. Ilkinji gezek Maýsaň uzyn saçyny goşawujyna ýygnanda owuçlary zerden doldumyka diýipdi. Olaryň hem ýumşak hem parlaklygy haýran edipdi. Soň Maýsaň elleri! Inçeden uzyn barmaklary! Barmagyndaky ýüzügini bahana edip ilkinji gezek Maýsaň elinden tutdy. Beýle batyrlyk edip bilenine begenjinden ýüregi agzyndan çykaýjak bolýardy. Elinden tutup durşuna, göge galkmaga başlady. Kalby heýjana geldi. Şatlygy ony asmana çüwdürlen suw mysaly göterip alyp gidip barýardy. Ganaty ýok, uçýardy. Iň esasysam ýeke däl, Maýsasy bilen. Ýa bu Maýsaň ruhumyka? Uçup o dünýä... Birdenem Maýsa elinden sypyp aşaklygyna gaýtdy. Aşakda ýer. Asfalt. Ýoluň gyrasyndan geçýän trotuar. Maýsany ýere ýetmänkä tutjak bolup, aşak inmekçi boldy. Emma göwresi gaýyp, towlanyp hiç aşaklap bilmedi. Hernäçe yhlas etse-de, duran ýerinde towlanjyrap durmakdan başga zady başarmaýardy. Towlana-towlana ol ýylana öwrüldi. Onýança-da Maýsa ýere ýetdi. Öňküje ýatan ýerinde, hol aşakda gyzyl nokada öwrülip, gana bulaşyp ýatyr. Ol adam elini, aýagyny galgadyp aşak inmekçi boldy, emma ne eli bardy, ne-de aýagy, howada gaýmasyny dowam etdirýärdi. Niredendir bir ýerden N. we şoňa meňzeşler peýda bolup biri onuň agzyna suw damdyrjak bolýardy, ýene biri krosword çözdürjek bolup sorag berýärdi. Olar daşyny gallapdylar. Ol adam elsiz göwresi bilen towalnyp, haşşyllap, kellesini bulap olary kowjak, aşakda ýatan Maýsasyny görjek bolýardy.
Aşakda, Maýsaň ýanynda bir ýerden ejesi, soň kakasy, soň ol adamyň ejesi-kakasy peýda bolup, tiredeş garyndaşlaryna çenli adamlar toplanyp ugrady. Gelenem ol adamy soraýardy. Ol adam gaýyp ýören ýerinden «Men bärde, men bärde» diýip şubela gygyrsa-da, ony hiç kim eşitmeýärdi. Birdenem deňine guş sypatynda ogly uçup geldi.
«Sen ejemiň ölümine sebäp bolan…» diýip, üstünde pel-pellemäge başlady. Ol adam oglunyň goşa ganatyny, guş sypatyny geň görmekdenem beter, bürgüdiňki ýaly içiňden geçip barýan, ýiti gözüne haýran galdy. Ogulam kakasyna ýyrtyjy guş ýaly, şeýle aýylganç seredip biljek eken.
- Senmi ýüregimi öldüren? Şeýdip ejeň aryny aldyňmy?
Gaty ganatlaryny şapyrdadyp uzaklaşmaga başlan ogly, kakasynyň yzyndan gygyryp aýdan soňky sözüni eşidip yzyna gaňryldy. Onuň bu gezekki seredişi öňküsiniňem çeni däldi. Ol häzir kakasynyň üstüne gonup, egri çüňküni garnyndan geçirjege meňzeýärdi. Ol hakykatdanam yzyna öwrüm etdi-de, ganatlaryny käwagt bir kakyp göni kakasynyň üstüne gaýtdy. Gözünden çokmak isleýän ýaly depesinde pelpelledi. Gaty ganaty bilen kakasynyň ýüzüne urmaga başlady. Ol adam kellesini bulap, towlanjyrap ýyrtyjy guşdan goranmaga jan edýärdi. Birdenem her goly inçeräk, özi ýaly ýylana öwrülip göwresinden çykdy. Ol muňa begendi. „Gel indi gelip bilýän bolsaň“. Guş gorkarly däldi. Ol bir zarbada ýylanlaryň birini penjesine gysyp goparyp aldy. Ol adam gopan golunyň agyrsyna oýandy...
Aşagynda galyp gurşup giden goly şol bir wagtky keçeden geçen gana çygjaran goludy. Ol adamyň mejalsyz gözleri ýene ýumuldy. Dar basgançakda iki ýana aýlanýan üsti Maýsaly tabyt, döşünden itmesini goýmaýan Ybraýym aga gözüne görnüp ony aljyraňňylyga salýardy. Özüni dürsemek üçin maňa ýapyşyp, dikeljek boldy. Emma dikelip bilmedi. Ony gara basýardy.
Birdenem ölüpdir-de, dört sany sakally adam ony ýuwmaga geldi. Içinde biri aýat okaýardy: «...Kalplarynda hassalyk bolan münafyklar bilen käfirler hem netijede: «Allah bu mysal bilen nämäni düşündirmek isledikä?» diýsinler...», ýene biri doga sanaýardy, beýleki ikisi bolsa özara gybat edýän ýaly düşnüksiz pyşyrdaşýardy. Olar hereketsiz ýatan Ol adamyň köýneginiň iliklerini ýazdyrmaga durdular. Köýnegini çykardylar. Guşagyny aýyrdylar. Jalbarynyň syrmasy jygyrdap beýnisini gemirdi. Ol adam ýuwaş-ýuwaş ýalaňaçlanmakdan utanjyna, sypmak üçin dyzady. Emma, gymyldabam bilmedi. Bunuň mejalsyzlygyndan däldigine düşündi, özüni ölüp, gatan ýaly duýdy. Ony çyp-ýalaňaç etdiler. Aňy ýerinde bolansoň ol utanjyna näderini bilmeýärdi. Aýbyň bolsa ýaşyrmaly, ýöne nädip? Bialaçlykdan ýaňa ol laýdan çykan gurçuk ýaly birden düýrükýärmikäm, birdenem ýalaňaç endamynyň sypalmasyna gerilýärmikäm diýýärdi. Gaty süňkleriniň aňyrsynda, arkasynyň çep tarapynda, pilçesiniň aşagynda birden-birden sanjyp gidýän agyra çydaman ugrady. Boýun damarlarynyň içindäki ganynyň guýulara ýer tapman, gataýanyny duýdy. Hernä yhlas bilen öli ýuwýan ýaşulynyň daşy mataly ýumşak ellerine damarlary ýumşap, süňkleri gagşap ugrady. Ol özüne janlanarmykam diýip garaşdy. Emma dirilerli däldi.
- Meni nämäme ýuwýaňyz? Ýazyjym aýtsana bulara! Görsene, öleňsoň ýuwanam bolýalar! Ölüňem ýuwup, hapasyny gutaryp bolarmy? Men tutuşlygyma, derrew gömülmeli hapa ahyryn…
Öz jesediniň ýuwulşyny oýalykda ýaly görýän ol adam gygyrjak boldy. Başarmady. Üstüne perde ýerine deşik-deşik mata tutup, ýene birem suw akydyp, ýaşulylar başagaýdy. Olar bir zada ýetişjek bolýan ýaly howlugýardy. Indi ýalaňaç bedeniniň ýüzünden ýöreýän el ýumşak däldi. Onuň aşagynda demirtiken bar ýalydy. Çümýärdi, endamyny gyýym-gyýym gyýýardy. «Beýtmäň» diýmeden geçen, dem-düýtsüz ýatyşy ol adamy şeýle jebirleriň berilmegine kaýyl, hatda muny isleýän ýaly görkezýärdi.
- Ýazyjym, wah şu wagt gabaklarymy gymyldadyp bilsemem, diri eken diýşip bujagaz ýaşulylar dyr-pytrak bolar...
Iň ýönekeýje hereketinde – gabagyny gymyldatmasynda şeýle uly many, güýç bardyr öýdüp şu wagta çenli pikirem etmedik ol adam gabagyny galdyrmaga dyrjaşdy. Dirilikde özüne-de bildirmän çalt açylyp-ýumulyp duran gabaklar häzir sähelçe-de tirpildemeýärdi. Ähli güýjüni jemläp bir agyr ýüki ýerinden gozgamakdanam beter yhlas edýän ol adam, gabagynyň şeýle agyr ekendigine, özünde şony galdyrmaga-da erkiň ýokdugyna gahary geldi. Gahardanam peýda ýok. Öldüňmi, öli bolubam ýatmaly. Ol-a demirtiken bilen ýuwulmak eken, etiňi çeýneselerem çydap ýatmaly...

* * *

Ol adam zordan gözüni açdy. Şonda-da, ölüşi, jesediniň ýuwulşy göz öňünden gitmedi. Häzirem özüniň ölüdigine ýa diridigine düşünip bilmeýärdi. Penjireden düşýän ýagty, üstünde ýatan diwany, stoluň üstündäki fonodoskop, kitap tekjesi... gözüniň düşen zady diriligiň alamatydy. Emma ýaşulularyň öňünde çyp ýalaňaç ýatyşy, gatan bedeni ölülikdi. Görmedik-tanamadyk ýaşulylarynyň onuň ölüsini ýuwuşlary, şonda gabagynam gymyldadyp bilmän ýatyşam gözüniň öňündedi. Hatda ýaşululardan biriniň okan aýatam gulagyna gelip durdy.
„O dünýe bu dünýeden azda-kände tapawut etmelidir ahyryn.Ýatan ýerim gabryň içi däl, öýümiň jennet däldigem belli. Ýa dowzahdamykam? Jennetdenem, dowzahdanam öň, eden etmişiňi, günäňi boýnuma goýmak üçin ýaşan öýüme getiren bolaýmasynlar? Eden jenaýaty boýnuna goýulanda jenaýatkär jenaýat eden ýerine äkidilmeýärmi näme?! Onda günämi boýnuma goýjak nirede? Hany Hudaý? Ol öz wezipesini maňa görünmän ýerine ýetirer. Garaşaýyn, nämeden başlarka ?“
Ol adam töweregine diňşirgenip eslije ýatdy. Arasynda ýüregine diň saldy. Emma üýtgän zady duýmady. Deminiň gidip-gelýänine begendi.
„Ýok men diridirin. Meni ýuwsalaram gömmän goýberipdirler. Jaýym gitdigiçe ýagtylýar, diýmek Gün dogýar. Ýüregim urmasa-da demim gelip-gidip dur. Gymyldap bilsem turaryn.“
Gurşan goly, aýaklary çala gymyldasa-da doly diýenini etmedi. Olar erbet agyrýardy. Eline direnip dikeldi, aýaklaryny owkalaşdyrdy. Gurşugy ýazyldygyça aýaklaryna jan girýärdi. Men ellerini owkalap berip oturşyma:
- Ýüregiň ýoklugyndan ganyň kyn aýlanýarmyka? Bolmasa ýene doktora jaň edäý? – diýdim.
- Öň näme gördüm jaň edip? Häzir aýagymyň gurşugy ýazylsa turaryn, doktor nämäme gerek?
- Doktor diýilse seniňki bolanok.
- Men doktordan gorkamok, kesellemekden gorkýan. Doktora ýüz tutduňmy, sen keselli.
- Keselli bolanyň öli bolmakdan gowy dälmi näme?
- Ýazyjym, bar zady gapyşdyrmasana. Düýş görüpdirinmi, basyrganypdyrynmy, indem oýandym. Görýäň-ä ölmändirin.
- Menem ölümiňi isläp duramok.
- Eh! Isle sen, isleme sen, ajalym ýetse, öljek däl diýsemem ölerin. Ajalym ýetse diýsem, ajal yzymdan kowalap gelýän güjük däldir, bilýän. Her kimiňem ölümi yzynda däl-de, öňünde. Ajaly kowalap ýören biziň özümiz. Ajalym meni ýetmez, men ajalyma ýeterin. Häzir bolsa, ýerimizden turaly.
Ol adam ýerinden turdy.
„Hany gezim edip gelemizsoň rahat ýatjakdyk-la. Haý, Ybraýym goja, men aýtmadymmy rahat ýatmagyň beýle aňsat däldigini“.
Doly özüne gelen ol adamyň ýene-de şol gezim eden meýdançasyna gidesi geldi. O ýeri häzir hasam çoladyr. Ýene geýinmek, ýedinji gatdan aşak düşmek ol adama ýamaşgan uklamakdan, aýylganç düýşleriň girdabyna düşmekden kän enaýy göründi. Ýeňillik bilen geýindi, penjireden daşaryň ümsümligine bakdy. Gören erbet düýşüni ýatan ýerinde goýup gidýän ýaly düşegine ýene bir gözüni aýlady-da, ýuwaşja ädimläp jaýyndan çykdy.
Köçede maşyn-gara ýok diýen ýalydy. Tegelek aý aşak iýnip jaýlaryň arkasynda galypdyr. Gara asman patrak ýaly ýyldyzlardan ýaňa buraw bilen deşim-deşim deşilipdir. Meýdançanyň agaçlary başlaryny ýaýkaşyp, pyşyrdaşýardylar.
Görsene muny, Ybraýym goja! Henizem gitmändir. Gijäň içinde çyradan düşýän ölügsije ýagtyda-da, başga biri bolaýmasyn diýer ýaly däl. Öňkü ýerinde, öňküsi ýaly çugtduryp otyr. Ol adam bu gezek goja duşanyna begendi. Her nähili ýagdaýda bolsa-da, ýeke-hä däldi.
- Ybraýym aga, sizem ýatyp bilmediňizmi?
- Howaň ýakymy ýokmy, şu günler öýe sygamok. Gijämem deň, gündizem.
Iki adama niýetlenip ýasalan kiçeňräk oturgyçda gyslyşybyrak sygyşmaly boldy.
- Ýeriňi daraldaýdymmy?
- Göwün sygsa göwre sygar. Sygyşmajak bolsa-da, tutuş dünýä gözüne dar görner, göwün peläkede.
- Oturgyçlaram dar ýasaýalar.
- Sen sygdyň dälmi, menem sygdym.
Gojaň ýüzi güldi. Ol adam welin çynlakaýlygy küýseýärdi. Şonuň üçin bolsa gerek, ara düşen dymyşyklygy uzaga çekdirmän, boş gürrüň başlamanka, gyssanmaç içindäkini daşyna çykardy.
- Ybraýym aga, köpden bäri şuny sorasym gelip ýördi. Oňat adam diýýäler, erbet adam diýýäler. Oňat adam nähili adam bolýar, hä?
Gojaň öňünde altmyş ýaşlam bolsa, ol adamyň beren soragy ýaş oglanyňky ýaly göründi. Gürrüňdeşiniň gara çynydygyny görüp, Ybraýym aga ardynjyrady.
- Oňat adammy? Wah, şonuň nähili adamdygyny bilip bolsa, her kim şol bolaýmajakmy. Ynha, ejem pahyr bardy, gowy adamdy, şony bilýän. Ýöne nähili gowy adamdy diýseler welin, aýdyp biljek däl. Onsoňam, hiç kimem ejem erbetdi diýesi ýok.
Ybraýym agaň ejesini ýatlanda dem alyşam has aňyrdan çykyp, ýüzi ýagtylyp gitdi.
Ol adam „Maňa-ha beýle däl“ diýmän zordan saklandy. Gojaňam ýüzüniň açylmasy uzaga çekmedi. Şu petişlikde-de üşedýän ýaly eginlerini ýygyrdy, gürrüňini dowam etdirdi.
- Indi dünýede zyýanlyksyz adama gowy diýibermeli bolupdyr. Biri beýlekä zyýanyny ýetirmeýän bolsa gowy boldugy.
- Her kim şony diýýär. Ýöne bu ýeterlik däl bolaýmasa?!
- Ýogsa ýeterlik boljakmy? Şonda-da kim bolsa bolaýsyn, gabrystanda „Pylany nähili adamdy?“ diýlip soralsa, „Gowy adamdy“ diýip gygyrýas. Özümize gezek gelende-de, şuny islämizsoň diýýäs. Ýogsa, her kimem bilip ýörendir kimiň kimdigini.
- Ybraýym aga, siz-ä gowy adam. Men muny ol-a gabrystan eken, o dünýede sorasalaram arkaýyn aýdaryn. O dünýe diýilýän çyn bolsa?
- Menem ynanamokdym welin, şol çyn bolaýmasyn? Her zadyň soňunda hasap-hesip edilýär. Biz-ä tutuş bir ömri ýaşadyk. Oňam hasaby çykarylsa gerek. Sen maňa gowy adamdy diýip şaýat bolsaň, şolam uly ýeňillik. Şu oturgyçda oturyp kän gezek o dünýede beriljek soraglary özbaşyma çak edip gördüm. Çaşan garry-da, şujagaz oturgyjyň üstünde ýeke özüm, ýary gije o dünýäni göz öňüme getirjek bolýan. Günä-de edildi-dä oglum, bu ýaşa çenli. Şol günälemden öz öňümde özümi aklajak bolýanam welin başardanok. Hemme zady görýär diýilýän Allaň öňünde-hä bu asylam başartmaz. Boýnuňy sallap „etdim“ diýip duraýmasaň aklanyp biljek gümanyň ýok.
Ybraýym agany bu gezek der basdy. Gojaň der gatyşykly ysy Ol adamyň burnuna urdy.
- Boş zatlardyr olar Ybraýym aga, özüňi horlap ýörme. Bu dünýeden gör näçe adam geçipdir. Ýene-de gör näçesi geçjek. O dünýede olaň baryndan ýeke-ýeke sorag etjek bolsaň, gutarar ýerde gutarjakmy? Bolmajak zatdygy görnüp dur-a.
- Uzaga çekmez, oglum. Men bütin ömrümi saňa aňry gitse bir günüň içinde gürrüň berip çykyp biljek. Bir güne-de çekesi ýok-la. O ýerde-hä meniň samahyllymy diňlemezlerem. Saklaga-da „Muny näme üçin etdiň, muny näme üçin etmediň?“ diýerler. On ýyllap alan bilimiňi instituta gireňde üç soragjyk bilen mugallym kesgitläp oturmanmy? O taýda bolsa...
Goja gürrüňini dowam etdirip bilmedi. Göwünli-göwünsiz gülen bolaýdy. Esli oturyp soň sözüniň üstüni ýetirdi.
- Şol sorag-jogaba çekileňde bilner gowudygyň erbetdigiň.
- Oňa çenli bellisi bolmajak bolsa, soňam bilindi näme, bilinmedi näme?
- Sen muny begenýän ýaly edip aýtdyň-la...
- Üýtgeşik begenemogam, gynanamogam. Il bilen gelen toýda baýram diýjek boldum.
- Il bilen däl ogul, ýeke-ýekeden, ýekeje-ýekejeden. Bu dünýede başyňa gelýänlerem, o dünýe-de başyňa geljeklerem şeýledir. Uruşda aýagyny aldyran dostum bardy. Bende häzir biziň göz öňüne-de getirip bilmän oturan zadymyzy bir ýyl, hawa-da bir ýyldan biraz köpräk wagt bäri görüp ýatan bolmaly. Şo bende agaç aýagyny tyrkyldadyp: „Wagt-wagt şu aýagym abat aýagymdan gözüme gowy ýaly görünýär. Nirä bassa-da, nämä bassa-da gury agaç-da, bildimem edenok“ diýerdi. Indi men özümi mysal alyp diýýän, içimden: „Özümiz tutuşlygymyza şo bendäň gury agaç aýagyna döndük, arassanam bilemizok, hapanam. Tyrkyldan bolup barýas“.
Ybraýym aga ýene gülümsiredi.
- Gowsy gidip ýataly, ýaşuly.
Ol adam tas «ýaşulyşka» diýipdi.
- Ýatylyp bolunýan ýer nire? Menem gideýin-le şo ýere. Hi-hi-hi.
- Wagty gelende goýaslary ýok.
- Göwnüňe degäýdim öýdýän?
- Aýdýanyň näme? Ýok-la, ýok-la.
- Bolýar ýatsak ýataly. Sagadam bir çene barandyr. Menem seniň bilen ýöräýin.
- Ýör ýöreseň, ugrumyz-a bir.
- Hemmäň ugry birdir, hi-hi-hi.
- Ybraýym aga, näçe görgi görseňem, şol gülümsiräp ýörmegi bize-de öwretsene.
- Ony öwrenme gerek däl. Gülüber. Aglasyň gelip bogazyň dykylyp dursa-da gülüber. Aglaýaňmy sen, gülýäňmi sen, baş çykaryp bilen adam bolmaz. Özüň baş çykaryp bilseň, şol bes. Bar indi liftiňe münde uç ýokarlygyna. Baryňyz meniň depämde otyrsyňyz, onsoň men neneň aglamaýyn-gülmäýin. Hi-hi-hi.
- Bolýar sag-aman ýatyp turuň.
- Bolýar sag bol. Ukyň tutmadyk gijesi ýaňky ýere baraý men bardyryn. Gülüşesiň gelse.
- Bararyn, Ybraýym aga, hökman bararyn.
- Hökman diýme, hökmanlygy ýok, ýatyp bilseň ýat arkaýyn. Ana, liftiňem geldi.
Birinji gatda ýaşaýan Ybraýym aga bilen hoşlaşyp, ol adam lifte mündi. Bir mahal gujagynda Maýsa, o dünýä çenli äkit diýende ýedinji gatda sakga duran lift ony ýene göterip ugrady.

* * *
Bu gün eýýäm ikinji gün, ol adam ýüreksiz oýanyp dünýä diňşirgendi. Ir oýanýan köçäň sesi çala gelýärdi. Ýuwaşlyk bilen elini döşüne ýetirdi. Dym-dyrslyk. Maýsaň ýogalan gününiň ertesem ony edil şunuň ýaly ýürekgysgynç ümsümlik gurşapdy, soňam geçipdi. Bu-da geçer.
Telefon jyňňyrdady. Ol adamyň şonam galdyrasy gelmedi. «Ýokardakysyndanam», oglundanam ýadapdy. Birdenem işden bolaýmasynlar diýip telefony aldy.
- Hawa.
- Turduňmy, ýigrenji. Uzak gije gorkymdan ýatyp bilmedim. Niräme seretsem seň ýylanyň.
- Men...
- Dur, gepleme. Maňa seň sesiňem ýigrenji...
Ol adam telefony goýup goýberdi. Gaharam gelmedi, gynanmadam. Aşhana gidip çaý goýundy. Stoluň üstündäki gap-gaçlary ýuwuşdyryp ýygnaşdyrdy. Çäýnegini çaýkap oňa käkilik otly çaýyndan atyndy. Stoluň üstünde ýatan fonodoskoby eline aldy.
- Bu guralyňyz geçen asyryň guraly, ýazyjym. Häzir hiç zada-da ýaranok? Hiç zada. Onuň bilen sesini diňläp bolýan ýürekler däl indiki ýürekler.
Ol adam tapan bu pikirine çyny bilen güldi. Elindäkini bir çete oklap goýberdi.
- Kimde bar seniň diýýän ýüregiň? M.-demi ýa N.-demi? Olar ýalylaňka ýürek diýmezler, içinden gan aýlanyp duran iki klapanly, dört kameraly nasos, nasos diýerler olaňka!
- Sende şolam-a ýok.
- Hawa, ýok. Gowu-da ýok bolsa, iň bärkisi ýürek agyrydan-a ölmen!
Ol adamyň ýüzüme hem gülüp, hem naýynjar bakyşyna dilimi dişledim. Häzir oňa bir gep az iki gep köpdi. Gulagynyň biri gopup gaçan bolsa, bir bada ile çykmasa çykmazdy. Ýöne soň rezin gulak ýasatdyrardy, saçyny ösdürerdi, görünmez ýaly ederdi, ugruny tapardy. Ýüreksizlik welin, ugruny tapyp boljak zat däl. Ony hiç kim görmese-de, özüň görýäň. Ýokdugyny hiç kim bilmese-de özüň bilýäň. Ol adamy köşeşdirer diýen pikir bilen kelläme gelenini aýtdym.
- Agaçlaram ýüreksiz ýaşap ýörler-ä!
- Agaçlarmy? Agaçlar bilen işiň bolmsyn. Agajy ynsana deňejek bolma, bilip goý, o saňa beton däl, demir däl – ýumşakdyr, päkdir, ýylydyr. Agaç ýaly mährem, sabyr-kanagatly, ýazyksyz zat ýokdur. Şahalaryny ýaýradyp, ýapraklaryny gerip, özüçe ýok, biz ýaly mahluklary saýalar oturar. Sesinem çykarmaz, gybatyňa-da goşulmaz, kä wagt bir başyny ýaýkar. Ýöne olaň başyny ýaýkanyna kim bakýar?! Men olaryň şahasyny sallap, gyşyn-ýazyn şol bir oturdylan ýerlerinde oturyşlaryna çagakam gynanardym.
Ol adam Maýsaň özüni oklan bolkonyna çykdy. Çilim otlandy. Birbada daşaryk seredesi gelmän, bolkonyň germewine arkasyny berip durdy. Öňünde öýi, arkasynda dünýä. Ömürboýy öýüni daşardaky dünýäden aýratyn, özbaşdak ýaşatmaga dyrjaşyp gelipdi. Elek ýa suw diläp bir goňşusynyň gapysyndan barmandy. Hiç bir goňşusam onuňka gelmändi. Hiç kime azaram bolmandy, hiç kimiň azarynam çekmändi. Tünegine daşardan diňe öz islän zady içeri girip bilýär, daşyna-da şeýle. Emma, hakykatda şeýlemi? Gaýta tersine islemeýän zadyndan içersi doldy, çykmasyny islemeýän zadam edil suw syzan ýaly, akyp gitdi. Adamlaryň dogan bolup ýaşasy gelýär, hem kesekiň durmuşyna garyşmagy hiç kim dogry hasap etmeýär. Ýene-de kesekiň gybaty iň süýji, iň gyzyklandyryjy, iň wajyp gürrüň... Kesek, keseki kesek...
Bu pikiri edende Ol adam oglunyň mugallymyny, M.-i, bile işleýän ýoldaşlaryny, ähli tanyş-bilişlerini, tutuş adamzady göz öňünde tutdumy açyk bilmedim. Kim bilýär, hiç kimem däl, diňe özüni göz öňünde tutandyr?! Aşaky gatyň bolkonynyň gapysynyň açylany eşidildi.
- Eje, men şu taýda oýnaýaýyn?
Ol adam gulagyna hoş ýakan sesjagazyň eýesini görmek üçin germewden aşak seretdi. Gyzjagaz köneje gurjagyny bir esgä dolajak bolup başyna gaýdy. Ol adam bolkondan çalt öýüne girdi-de, geýinmäge durdy. Tiz geýnip çykybam, ýolda taksi saklady.
- «Çagalar dünýäsi» magazinine äkidermisiň?
- Näme äkitmän agam, münüň.
- Aý sag bola! Adam diýeniň şeýle bolar-la!
- Gaty daşam-a däl. Ýa magazine däl-de şol töwereklere barjakmydyňyz?
- Ýok, magaziniň özüne barjak. Biraz howlukmajyrak.
- Düşnükli. Agtyklaň biriniň doglan günüdir, onam unudansyňyz, indem ýetişmeli. Çalt çykaryn diýseňiz garaşaýyn?
- Garaş diýsem garaşarsyň-la, ýöne garaşdym diýibem eslijä tamakinsiň-dä?
- Beý diýme, agam, göwnüňden çykaranyň maňa bolýar. Ýok, howlukman aljak zadymy saýlajak diýseňiz, o başga gep.
- Saýlap saýlamaz ýaly aljagym bir gurjak-la.
- Onda garaşaýaryn.
Ol adam sesini çykarmady. Içinden «Garaşsyn, göreli-le» diýdi.
Maşyn magazine iki çatyrykdan geçip derrew ýetdi.
- Onda basym çykyşymy edeýin.
Ol adam içi gurjakly gutyny gujaklap diýişi ýaly çalt çykdy. Alan gurjagyny sürüjä görkezesi geldi. Soňam göwnüne ýoknasyzlyk ýaly göründi. Sürüjem guta gyzyklanma bilen seretse-de, sesini çykarmady.
«Bolkondan gitmedik bolsa bolýar».
- Agtyjagyňyz begense gerek, näçe ýaşady?
- Öz agtygyma däl, goňşymyň gyzjagazyna. Gowja çaga. Ýaňy oýnap oturan eken welin, gurjajygynyň el-aýagy gopuk. Täzesini alyp bereýin diýip gaýdyberdim.
- Hä, şeýdiýseňizläň. Häzirki gurjaklar o beýle berk dälmi, derrew bir ýeri gopaýýar. Mende-de bir gyz bar...
Maşyn ol adamyň öýüniň deňine ýetdi. Sürüji özüne uzadylan bäş manady kän görüp gaýtargam berdi. Ol adam muňa ýylgyryp başyny ýaýkady.
Lifte mündi. Tas altynjy gatyň düwmesine basypdy. Ýene ýedinjini basyp öýüne geldi. Eşiginem çalşyrman bolkondan aşak seretdi. Gyzjagaz öz dünýesine gümra, aşakda oýnap otyrdy. Ol adam derrew bir ýüpjagaz tapdy. Ony getiren gurjagynyň biline daňyp aşak sallamaga durdy. Özi bolsa ýüpüň beýleki ujundan tutup, görünmez ýaly yza çekildi. Gyzjagaz ýokardan sallanyp gelýän täzeje gurjagy görüp aň-taňk boldy. Ine-de ol deňine ýetdi. Gyzjagaz gurjagy garbap aldy. Ýüpüň ujy ol adamyň elinden sypyp aşak gaçdy. Gyzjagaz ejesini gygyrmaga durdy.
- Eje, eje seret, Alla jan maňa täze gurjak berdi.
Ol adam aşak boýnuny uzdanda bolkonda gyzjagazyň ýokdugyny gördi. Ejesi gyzyna bir bada üns bermedik bolmaga çemeli. Soň ikisem bolkona çykdy. Ol adama sesleri eşidilip durdy. Onuň hem olara görünesi gelýärdi, hem görünmekden çekinýärdi.
- Haýsy ýerden, gyzym?
- Ýokardan diýdimä, Alla jandan. Ýüp bilen sallanyp geldi.
- Şu ýüp bilenmi?
- Hawa-hawa. Çekdim-de alaýdym.
- Kimkä gyz, bu allajanlarym. Enelerem-ä aşakda ýaşaýar?
Ýokarda ýene on gatyň bolkonlary bardy. Kimden görjek?
«Ýüpi beýle uzyn-a däl. Şo alymsumak ýaşulymyka gyz? Gäbi azan, dul ýer çeken. Ýokarkysyny az görýärmikä?...»
Ol adamyň mundan soňuny eşidesi gelmedi. Ejesi näme diýende näme, gurjagy çaga oýnamaly.
- Eje, eje Alla jan jiginem maňa şeýdip ýüp bilen sallap berermi? Hä? Aýdaý-da eje?
Gelin gyzy bilen däldi. Ol ýokarky gatdaky «garry eprutyň» üstüne barsammykam, ýa-da şu taýdan gygyraýsammykam diýip pikir öwürýärdi. Ah-eý üstüne baryp nä derdim diýip pikir etdi-de:
- Gyýw goňşy – diýip, gygyrmaga başlady.
Ol adam gizlenip saklanyp bilmän ýylgyryp boýnuny uzatdy.
- Goňşy, bu siziň işiňizmi?
- Haýsy iş? Hä gurjakmy? Hawa. Ýaňy magazinden alyp geldim. Täzejedir.
- Bolup galsyn täzeje. Näme bizde pul ýokmy aljak bolsak? Bolduňyz meň başyma pully, ýuka ýürek.
- Men ýuka ýürek däl. Mende asyl ýüregem ýok. Ýöne siz gurjagy zyňmaň. Sowgat diýip kabul edesiňiz gelmese, satyn alaýyň. Ine gutusy, bahasam ýazylgy dur. Otuz manat. Okap göräýiň, oklaýynmy?
- Näme öz halamadyk zadyňyzy bize sokjak bolýaňyzmy? Şujagaz gurjaga-da onça pul berlermi?
- Bahasy-da, daşary ýurduňky, hili gowy, aňsat döwülmez. Gutusyny oklaýyn diýýän-ä özüňiz okap göräýiň.
Guty çala gaýyp goňşularyň bolkonyndan sowa geçdi.
- Wah içigargalan. Gelin siz maňa ynanaýyň. Maňa puluňyzam gerek däl.
- Maňa-da siziň gurjagyňyz gerek däl. Geliň-de äkidiň, ýogsa-da aşak zyňýan.
- Haýyş edýän. Gyzyňyzam ony gowy gördi.
- Bar işim siz däl, eşidýäňizmi? Leýla, taşla gurjagy. Hany özüňki?
- Özümiňki köne.
- Ýene uruljak bolýaňmy? Kakaň bir gelsin.
- Haýyş edýän, kyýamat güni goňşudan diý...
Ol adam sözüni tamamlamanka bolkon boşap galdy. Boş bolkonyň ortarasynda islenmedik gurjak ýüzün ýatyrdy. Ol adam oňa eýe çykmalydy.
«Baryp gepleşeýin, belki razy ederin...»
Emma başarmady. Ol adam gurjagyny goltugyna gysyp yzyna geldi. Ejesi bolmasa, gyzy oýnajagam... Diwana geçip lapy keç oturdy. Gyzyl köýneklije gurjak gapdalynda ýatyrdy. Ol adam ony ýene eline aldy. Satyn alanda howlugyp synlap bilmänindenmi jorapjygyna, köwüşjagazyna çenli seredişdirdi. Ýatyryp-dikeldende «Eje» diýip ses çykaryp, gözüni ýumuşyna ýylgyrdy. Onuň owdanja saçjagazlaryny sypady.
- Seniňem ýüregiň uranok, meniňem. Ýeke tapawudymyz men biraz köpräk söz bilýän, özümem alymmyşym. Ýöne seniňki ýaly «Eje» diýmäni welin başaramok. Nähili şadyýan, gülüp duran gözleň bar... Ýöne sen gynanma. Ýüreksiz bolsaň şu tarap-a gowy, häzir seni aşakdaky goňşy öýünde goýmady, şonda-da saňa bildirýän ýeri ýok! Ýürekden begenmersiň, ýürekden gynanmarsyň, ýürekden geplemersiň, ýürekden diňlemersiň... Näme etjek meni gepledip, şeýdip ýüreksiz ýaşasym gelýärdi, şol arzuwyma-da ýetdim. Ömür boýy arzuw edip gelenimiň nämediginem oňa ýetemsoň bilip galdym... Ýöne ikimiziň bir tapawudymyz bar. Aşakdaky çagany diňdiresim gelýär. Oglumy oglum, gelnimi gelnim ýaly söýgüläsim gelýär, agtyk söýesim gelýär. Jigim dodagyny çapdyrmaz ýaly ýerine özümiň ýykylasym gelýär. Häzirem seniň ýeriňe özüm utanjymdan ýere girip bilmän otyryn. Menden däl, başga birinden bolsa, gelin gurjagy hökman alardy. Alardy, eşidýäňmi, alardy. Sen maňa Maýsamy ýatlatdyň. Gyzka oňam mydam ýüzi güler durardy...
- Alman geçsin-le, öýde arak gutarypdyr, ýör magazine gideli. «Ýokardakam»...
- Bilýäňmi näme, şu gün Maýsaň ýogalan güni bolmaly.
- O nirden ýadyňa düşüp ýör, ondan bäri ýigrimi bäş ýyl geçdi.
- Elli ýyl geçse-de, ýigriminji iýýun onuň ýogalan güni. Saham düýn anna agşamsy diýip gelnine palow bişirtjek bolandyr...
Ol adam damagy dykylyp aňyrsyna bakdy. Gahrymanym ýüzüni sowsa-da ony gujaklaberesim geldi. Onuň ýylysy ýerine gelendir. Ýüregem... Ol adam böwrüni diňläp, yzyna öwrüldi. Maňa çiňňerilýärdi.
- Hany termometr, hany termometr – diýip, tekjäň üstündäki termometri gyssanmaç alyp, Ol adamyň goltugyna goýmakçy boldum. Ol termometri yzyna itip, gözlerini tegeläp maňa ýiti seretmesini dowam etdirýärdi. «Ýüregim... ýüregimem urýar». Muny dili däl, menden sähel salymlygam sowulmaýan, ýanýan göreçleri aýdýardy. Fonodoskoba ýapyşdym. Onuň demrini köýneginiň üstünden tutup gulaga dakylýanyny gulagyna ildirjek boldum. Olam maňa ýüregini diňletjek bolýardy hem gözünden biygtyýar, boýur-boýur dökülýän ýaşyny süpürýärdi. Ahyram fonodoskobly elimi tutup gursagyna goýdy. Ýüregi gürsüldäp durdy. Men ony garsa gujakladym. Biz bir adama öwrülip gitdik.
Gurjagy alyp bolkona çykdym. Goňşy gyzjagaz çykanymy aňan bolmaga çemeli, ýokarlygyna bakdy. Meni görüp ýylgyrdy. Derrew ýüp tapdym. Gyzjagaz sallanyp gelýän gurjaga begenjinden çapak çarpyp bökjekleýärdi. Şol wagt edil ýerden çykan ýaly ejesi peýda boldy. Gurjagy gapyp aldy-da, eliniň tersi bilen aşaklygyna zyňyp goýberdi. Men elimi galgadyp galdym. Gurjak kelemenläp aşak gaýtdy. Hiç zada ilişmän, hiç zada degman asfalta uruldy. Meniň dünýäm sarsyp gitdi. Gurjak aşakda gyzylja nokat bolup ýatyrdy. Lifte-de garaşman aşak ylgadym. Gurjagy goltugma gysyp tünegime girdim.
Oglumyň işine jaň etdim.
- Sahy gerekdi?
... Ýokmudy? Soň ýene bir jaň edäýerin.
Öýüne jaň etdim.
- Aýna gelin? Açaýmaly-da şo ýaşmagyňy. Men barýan. Sahy jaň etse-de, gelse-de aýt, kakaň göçüp geljek diýdi diý...

Ylýas AMANGELDI.
Bölümler: Romanlar | Görülen: 69 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Ylýas Amangeldi | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 Hydyr • 20:46, 12.12.2022
Admin bu powest Ylýasyňky, Çep goly terjime edenem Ylýas. Gaýrat ediň, düzediň, düzedip bolýan bolsa
avatar
0
2 Medicall • 02:25, 13.12.2022
Salam Hydyr Aga, hawa, kitaphana.net-da Hydyr AMANGELDI diyilip görkezilipdir, şondan bulaşyk gitdi, düzedildi, Size-de minnetdar!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202