Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:46
Seýsiň körpesi

SEÝSIŇ KÖRPESI
hekaýa


Elli ýaşlaryndaky Ýazow seýis atbakar Meýlise: «Bar, hol bedredäki suwy dök!» diýdi. On alty-on ýedi ýaşlaryndaky ýetginjek Meýlisem ýerinden towşan turan ýaly turup barsa, bedre boş.
— Seýis aga, bedre boş-a?!
Ýazow seýis Meýlisiň geň galyp seredýän ýüzüne gülüp seretdi-de:
— Aý, onda içindäki suw bugarandyr-da — diýdi.
Bir günem ol Meýlisi ýanyna çagyryp:
— Alsakaryň ýalyny inçejik-inçejik edip örsek näder? — diýdi. Meýlis birsalym böwrüni diňledi-de:
— Nädip? — diýdi.
— Daşary ýurtly futbolçylaryň käsi saçyny örýär-ä, telewizorda görmediňmi?
— Gördüm. Gelişermikä?
— Gelişmese, çözäýeris.
Meýlis iş edinip, seýsiň aýdyşy ýaly, Alsakaryň ýalyny örmäge durdy. Burnuna salybrak geplegen obadaş dosty Seýit onuň deňinden: «Samsykm-aý sen?» diýip geçip gitdi. Örümleri başardygyça inçe ören Meýlis yza çekilip, atyny synlap gördi. Gelişmänem durmadyk ýaly. Ýöne başga kişiler-ä atynyň ýalyny örüp ýörenok. Seýis bu gezekki oýnuna hasam hezil edip güldi. Gülen bolsa-da, utanjyna ýüzi gyzaryp giden Meýlis derrew örenlerini çözüşdirdi. Bahana bilen aty täzeden gaşawlap, guýrugyny-ýalyny daraşdyrdy. Atbakar ýoldaşlary Meýlisiň türkanalygyna gülüp gönendiler.
— Näme-how, ýalyny örüp, durmuşa çykaraýyn diýseňem-ä Alsakaryň at?
— Seýis bir zat diýse etjek dälmiň ýogsam?
— Ilki kelläňi işledäý.
— Işledýän-dä. Ynanmajagam bolýan. Onda-da seýis agaň menden başga işi ýog-a. Indi diýenini etmen.
Onýança seýsem bir ýerden çykdy.
— Kim-aý o meň diýenimi etmejek bolýan?
Meýlis aýdan sözlerine ogurlykda tutulan ýaly utandy. Sesini çykarman, ýeňsesini tüňňerdip gitdi. Ýazow öteräk oýun edenine düşündimi, nämemi, «Aldamaga oglan ýagşy, Hudaý ursun garryny» diýip, uludan dem aldy.
Dogrusy, seýsiň bu oýunlary Meýlise hoş ýakýardy. Seýis beýleki atbakarlaryň hiç biri bilen ýalandan-çyndan beýle degişenokdy. Atbakarlaryň arasynda Meýlise gözi gidip: «Seýsiň körpesi» diýýänlerem bardy.
Ýazow Meýlisiň yzyndan gygyrdy:
— Meýlis, hany, gel bärik!
Meýlis nalaç yzyna dolanmaly boldy. Seýsiň hälki gülüp duran ýüzi çytylypdyr.
— Bar, çekisi üzülen eýeriňi getir, oňaraly.
Meýlis eýerjaýyndan eýeri alyp geldi. Ikisi oturyp, eýeriň çekisini abatlamaga girişdiler. Gözüniň gytagy bilen Meýlise seretjek bolup, seýis temeni barmagyna çümdürdi.
— Haý, seň, içigara galmyş.
Ýazow temen çümen ýerini basyp, ganyny saklady. Meýlis dermanly gutudan ýod getirmäge ylgady. Onuň yzyndan garap, Ýazow içinden: «Şujagazy, näme, beýle gowy görýärkäm?» diýdi. Çala ganjaran barmagyna ýod degirdi. Onuň bir eýlesine, bir beýlesine geçýän Meýlis: «Ötýärmi?» diýip sorady.
— Hemmesem senden.
— Men näme etdim, wiý?
— Näme, wiý? Özüňe wiý.
Meýlis Ýazowyň bolşuna jykyr-jykyr güldi.
— Boldy-da saňa-da.
— Eý, atbakar, sen meň bilen gaty öwrenişäýýäňmi? Ýeňsäňe bir şapbady çalaryn welin, wiý bolar saňa.
Meýlis birsalym sessiz oturdy. Birdenem hiç zat bolmadyk ýaly goňşy athanadaky Almagözi öwdi.
— Gowy at gerek, seýis aga?
— Erbedem däl. Ýöne seň Alsakaryňça ýok bolaýmasa?!
— Aý, özümiziňki bolansoň diýäýýäň. Alsakar onuň tozanyna-da eýgermeýä.
— Jedelmi?
— Jedel. Utsam näme?
— Menden doňdurma. Seň atyň galaýsa-da, Atbakarlaň öňünde ýigrimi, ýok, elli gezek oturyp-turarsyň.
— Gepleşdik.
Seýis edil deň-duşy ýaly Meýlis bilen el kakyşdy. Soňam atbakarlary çagyryp, jedele şaýat etdi.
Alsakar bilen Almagöz bedew baýramynda açylyş baýragyna çapmalydylar. Alsakary işledýänem, çapuw güni çapjagam Meýlisiň özüdi. Jedelden soň seýis ýörite diýen ýaly Almagözi synlamaga çapuw ýolunyň gyrasyna çykdy. Ikiýaşar diýer ýaly däl, syrdamdan gowy at. Ýöne, näme üçindir, aýaklaryny ýere äwmän basýan ýaly. Alsakar onuň ýanynda uçganaklap barýar. Ýa ýüregi giň-de, parahatmyka? Aý, giden bir doňdurma bolsun.
Ine-de, bedew baýramynyň ilkinji çapyşygyna — açylyş baýragyna goşuljak atlar ýola çykdylar. Alsakary münüp oturan Meýlisiň gözi Almagözdedi. Olar toýhanadan ýanaşyk ugradylar. Alsakar Almagözden Meýlisdenem beter çekinýän ýaly, jylawyna buýdurman, ondan arany açjak bolýardy. Emma seýis Meýlise: «Aty başdan goýberäýmegin» diýip, berk tabşyrypdy. Almagözüň ýuwaş-ýuwaş yza galyp ugramagy Meýlisi aljyratdy. Ýa onuň çapyksuwary atyny saklamagy has gowy başarýarmyka? Alsakar welin gitdigiçe bat alyp, çapuwyň öňüni çekýän iki atlynyň biri boldy. Ol Meýlisiň jylawy gara güýjüne çekýändigini syzmaýan ýalydy. Ine-de, soňky öwrüm. Meýlis jylawy çala gowşatdy. Muňa begenen ýaly Alsakar burnuny parladyp, öňde barýan at bilen ýanaşdy. Meýlis gapdallaşyp barýan garşydaşynyň atyny gyssaýanyny gördi. Diýmek, olaryň bar çapyp bilşi şu. Meýlis jylawy ýene biraz gowşatdy. Alsakar öňe saýlandy. Onuň aýaklary ýerden göterilip ugran guşuň ganatlary ýaly zarply, çalt hem sazlaşykly hereket edýärdi. Atynyň badyna Meýlisiň keýpi göterildi. Ol atynda beýle bat bardyr öýdüp çakam etmändi. Görsene muny! Şowhuny asmana galan märeke Meýlise tarap süýşýän ýaly. Pellehana-da Alsakar öňe omzadygyça ýakynlap gelýär. Ähli töwerek deňinden ok ýaly geçip, alysdakylaram oňa ýakynlaýar. Golaýynda bir garşydaşam ýok. Hemmesi hol yzda!
Meýlis ýeňip gazanan halysyny egnine atyp athana geldi. Onuň münüp oturan atam, özem ýene bir aýlawa goýberseňem, ýadaman geljege meňzeýärdiler. Meýlis gele-gelmäşe seýsine: «Alsakar uçdy, seýis aga, uçdy!» diýip gygyrdy. Ýazow bir atynyň boýnuna, bir Meýlisiň arkasyna kakyp: «Gördüňmi ediberişini!» diýýärdi. Ol Seýidi doňdurma ylgatdy.
— Her kime birini, gowusyndan al!
Doňdurmalaram geldi. Olar paýlanmanka Meýlis keýp bilen atbakar ýoldaşlaryna ýüzlendi:
— Doňdurmany meň arkamdan iýýänsiňiz.
Ýazow: «Duruň, duruň!» diýip, Seýidi ýanyna çagyrdy. Doňdurmalary stoluň üstünde goýdurdy. Soň Meýlise ýüzlenip:
— Sen utuldyň-a, ogul. Saňa doňdurma ýok. Hany, bol. Ýigrimi gezek diýipmidik ýa ellimi? Oglanlar şaýatdyr.
Atbakarlaryň tarapyna geçen Ýazow olara gözüni gyrpyp goýberdi. Atbakarlaryňam keýpi göterilip, Meýlise: «Bol-da, bol» boluşdylar.
Beýle oýny bir-iki ýyl mundan öň eden bolsalar, Meýlisiň ýarym-ýaş aglajagy gürrüňsizdi. Häzirem bogazy dykylyp ugranyndan ol gülen boldy. Zordan:
— Baryňsan-aý, aty ozduran kim? — diýdi.
Ýazow:
— O-ho! Näme, Alsakaryň seýsem senmi? Bu gezek ol kim münse-de ozýardy. Bolýa, sen ony gowy çapdyňam, oňa gowy seretdiňem. Almagöz Alsakardan galdymy, ozdumy, şony aýt? Biz nämäň jedelini etdik? Erkek bol, sözüňde dur — diýdi.
Meýlis «erkek bol» diýleninden oturyp-turmaga başlady. Her oturyp-turanyny sanap, atbakarlar Meýlise hem gyjalat berýärdiler, hem çapak çalýardylar.
— Kyrk sekiz, kyrk dokuz, elli, elli bir, elli iki...
— Boldy-how, dur indi.
Ellide kesilen çapaklar soň üznüksiz çarpyldy. Atbakarlar Meýlisiň daşyny gurşadylar. Olar ony ýokaryk oklap-gapmaga hyýallandylar. Ýazow: «Duruň!» diýip, olary saklady.
— Her zadyň çeni bar. Alyň hany doňdurmalaryňyzy bişmänkä.
Atbakarlaryň hersi bir doňdurmany aldy. Seýit Ýazowa-da birini getirip berdi. Stoluň üstünde ýene bir doňdurma ellenmän durdy.
— O kimiň paýy? Kim almady?
Atbakarlar, seretseler, Meýlis aralarynda ýok. Ol Alsakaryň ýatagynda hynçgyryp-hynçgyryp aglaýardy. Adynyň tutulyp gygyrylýandygyny eşidip, ýüzüni-gözüni süpürişdirdi. Seýit Meýlisiň doňdurmasyny alyp geldi.
— Meýlis, al paýyňy!
Seýit Meýlisiň aglanyny gören badyna bildi. Yzy bilen gelýän ýoldaşlaryna «gidiň» diýip yşarat etdi. Ol ýuwaşlyk bilen Alsakaryň ýatagyna girdi.
— Seýis aga: «Oýun etdim, doňdurmaňy iý» diýdi.
Seýidiň uzadan doňdurmasyna Meýlis seredeýinem diýenokdy.
— Meýlis, çyndanam seýis aga seni hemmämizdenem gowy görýär-ä. Bilýäň-ä. Aňryňa bakan bolmasana. Sen erkek kiş-ä.
Meýlis Alsakaryň ýatagyndan eli doňdurmaly çykdy. Çykyşyna-da atbakarlar bilen üýşüp oturan Ýazow daga tarap däl-de, athananyň beýleki çetindäki boş ýataga tarap öwrüldi. Ýataga rejeli basylyp goýlan bedeleriň biriniň üstüne çökdi. Seýidem onuň oturan bedesiniň bir çetinde özüne ýer tapdy. Iki dost bir-birine egin direşip oturdylar.
— Bilýäňmi, Meýlis, meňem seň ýaly gowy bolasym gelýär. Bilemok-da näme üçindigini, meňki bolanok. O gün sen gelmediň-ä, şonda seýis agaň bolaýşyny bir görsediň. Maňa gygyrýa: «Näme üçin alyp gaýtmadyň?» diýip. «Ýaranokdy, ejesi goýbermedi» diýýänem welin: «Ejeňiziň ýanyndan aýrylyp bilmän ýörsüňiz. Ullakan oglanlara meňzeş däl siz» diýýä. Men işden galsam, näme üçin gelmediňem diýenok. Diýse-de: «Indi galma!» diýýä, bolany. Seni nätdi? Öz güpbüsini geýdirip: «Üşäýme!» diýip.
— Bilýän onuň meni gowy görýänini. Halynam: «Birinji baýragyň, öýüňize äkit» diýdi. Ejemem begener. Şonda-da...
— Özüň ilki jedel etmeli däl-dä.
— Edemde näme? Siz-ä diýmediňiz, oturyp-tur diýip?
— Hawa, näme boldy, oturdyň-turduň? Gaýta, keýp etdik.
Seýit saklanyp bilmän gülüp goýberdi.
— Sen bir içimi ýakmasana. Aý, bolýa. Menem ulalaryn. Ýetimligimem... ýadymdan çykyp gider.
«Bular näme gelmedi?» diýip, oglanlaryň yzyndan gaýdan Ýazow Meýlisiň soňky sözlerini aýyl-saýyl eşitdi. Hyrra yzyna öwrüldi. Gidip bilmänem oglanlaryň oturan ýerlerine tarap gaňryldy. Olaram turup ýatakdan çykyp gelýärdiler. Olaram Ýazowy gördüler. Näme-de bolsa, uly adam Ýazow seýis:
— Nirden çykdyňyz-aý? — diýen boldy. Deňine ýeten Meýlisi gujagyna gysdy.
— Näme, öýkelejek bolduňmy? Saňa meň körpäm diýýäler-ä. Ýogsa, mende senden başga oglam ýok. Ulujamam sen, körpämem. Hany, ýör, dördünji çapuwda-da at çapmal-a sen...

© Ylýas AMANGELDI
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 105 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Ylýas Amangeldi | Рейтинг: 2.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
1
1 Мango • 14:54, 06.05.2024
bulaşyk jedel....

Meýlis ...goňşy athanadaky Almagözi öwdi.
— Gowy at gerek, seýis aga?
— Erbedem däl. Ýöne seň Alsakaryňça ýok bolaýmasa?!
(seýis Alsakary öwýär. Alsakar ozar diýýär)
— Aý, özümiziňki bolansoň diýäýýäň. Alsakar onuň tozanyna-da eýgermeýä.
(Meýlis Almagöz ozar diýýär...)
— Jedelmi?
— Jedel. Utsam näme?
(Meýlis "utsam näme" diýýär, Meýlisiň utuşy nähili bolmaly. aslynda ol Almagöze ozar diýýädi. Meýlisiň utmagy üçin haýsy at birinji gelmeli - öz aty Alsakarmy ýa beýleki Alsakar? Onda näme Almagöz ozar diýýär?)
— Menden doňdurma. Seň atyň galaýsa-da, Atbakarlaň öňünde ýigrimi, ýok, elli gezek oturyp-turarsyň.
— Gepleşdik.

bulaşyk dämäý?

---
osoňam, Meýlis atynyň ýalyny futbolistleňki ýaly örendä näme boljakmyş?
men-ä gaýtam tersine, bir hili türkmen konserwatiwliginiň ýüze çykmasy ýaly görýän, Meýlisiň üstünden (atynyň ýalyny örenine) gülmelerine...
adatdan, türkmençilikden, däpden-dessurdan çyksaň, ýa-da bir zada творческий çemeleşseň gülki obýekti bolýaň... bu gowy häsiýedem däl.
---
türkmende şol bir (däliň bellän) palow bişiriş stili bardyr.
emma, özbekler palowyň ençeme görnüşini bişirýärler...

ertirden başlap her dürli palow bişirip görüň.
atyňyzyň ýalynam örüň, hat-da reňkläň fioletowyý reňke....
dogruda walla.... üýtgäliň how bizem.... :-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203