Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:44
Boýun alyş
BOÝUN ALYŞ

Eje!
Men saňa bir zatlar aýtmaly boljak,
Köpden bäri gözýaşymda gizlämsoň,
Pikirlerim çolaşdyryp gözlämsoň,
Öňki ertekiňe gaýtmaly boljak.

Boýun aljak arzuwlarym çalşanym,
Seniň üçin saýlanymda başga ýol,
Men özümi unutmaga çalşaryn,
Çünki saňa beýle ýakyn däldi ol.

Bizde senden başga baýlygam ýokdy,
Seňem bar baýlygyň ertekiň wagty,
Gaty mert bolduk- da, üýtgetdik bagty,
Üýtgewsiz adamda bagt bolanokdy...

Ejesiniň arzuwyna ynanyp,
Özüni çalşanlar maňa düşüner.
Gämi deňiz bilen gitdi yranyp,
Gämiçä- de surat galdy düşülen.

2012-nji ýyl
© Bägül ATAÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 106 | Mowzugy paýlaşan: atayeva | Teg: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Kyyas • 23:34, 11.07.2023
Gowy a,b,b,a; a,b,a,b görnüşde

Gaty mert bolduk- da, üýtgetdik bagty,
Üýtgewsiz adamda bagt bolanokdy...

Menem öñlin soñlyn ýazýan welin şu ýere kän alyp bilmedim.
Üýtgewsiz adamda bagt bolanokdy birhili soñlanmadyk pikir, köp nokat goýupsyñam welin... Welindä
avatar
0
2 Мango • 09:44, 12.07.2023
Kyýas: "Menem öñlin soñlyn ýazýan welin..."
"boýun alyşyň" içinde gowy boýun alyş bolupdyr :-)
avatar
0
3 Мango • 09:58, 12.07.2023
Gaty mert bolduk- da, üýtgetdik bagty,
Üýtgewsiz adamda bagt bolanokdy...

ilki "bagty üýtgetdik" diýýär, soň "adamyň özi üýtgeýär", sebäbi bagtly bolmak üçin üýtgemeli ("üýtgemeýän adamda bagt bolanok")...
kim üýtgedi bagtmy ýa adam?

kiçijek "pikir çolaşygy".
üýtgedilen - bagt ýaly, hemem bagtly bolmak üçin üýtgän adamyň özi ýaly...
avatar
0
4 aygull • 13:59, 12.07.2023
Berekella,Bägül. Gowy goşgy bolupdyr. Aç-açan mertlik.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202