Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:07
Büreýde bin Husaýb el-Eslemi

RESULALLAHYŇ ALEMDARY, HORASANYŇ GÜNEŞI, TÜRKMENIŇ BUÝSANJY – BÜREÝDE BIN HUSAÝB EL-ESLEMI

Türkmen halky tarapyndan Büreyde Baba diýlip tanalýan, sahabadan Büreýde bin Husaýb el-Eslemi (Allah Ondan razy bolsun) Yslamyň ilkinji alemdary (tug göterýänçisi) bolup Pygamberimiziň Mekgeden Medinä hijret eden mahaly musulman bolýar. Ebu Aly et-Tusiniň berýän maglumatyna görä Büreýdäniň hakyky ady Amir, Büreýde bolsa onuň lakamydyr. Büreýde hezretlerine Merwde ýaşanlygy üçin Oňa Merwezi hem diýlipdir.

Büreýde bin Husaýb hezretleriniň musulman bolşy barada şeýle rowaýat edilýär:

Mälim bolşy ýaly Mekgeli müşrikler Pygamberimiziň Medinä hijret etjek gününiň agşamysy her bir taýpadan bir adamyň gatnaşmagynda öýüni gabapdy. Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem öýünden çykjak wagty bilelikde hüjüm edip Ony öldürmegi maksatlaryna düwüpdiler. Pygamberimiz bolsa Özüne tabşyrylan amanatlary öz eýelerine yzyna gowşurmak üçin öz düşeginde Hezreti Alynyň ýatmagyny tabşyrdy. Ir säher bilen Ýasin suresini okap müşriklerin arasyndan sag-aman çykyp Hezreti Ebubekir bilen Medine ýoluna düşdiler. Müşrikler ep-esli wagtdan soň Pygamberimizin öýüne girip Onyň düşeginde Hezreti Alyny görenlerinde aljyrap geň galdylar. Bu gezek Pygamberimizi diri ýa-da ölü getirene 100 düye sylag-serpaý etjekdiklerini yglan etdiler. Şeýlelikde her kim şol uly serpaýy aljak bolup Pygamberimiz bilen Ebubekiriň yzyna düşdiler. Bureýde Husaýb el-Eslemi hem olardan biridi.

Resulallahyň (sallallahu aleýhi wesellem) Mekgeden Medinä eden kyn we howply hijretiniň soňky pursatlarydy. Olar ýolda ençeme kynçylyklary Allahyň ýardamy bilen sag-aman geçip, Medinäniň golaýyndaky Gamim diýen ýere gelenlerinde, kimdir birileriň özlerine tarap gaty haýbatly gelýändiklerini gördüler. Olar mekgeli müşrikleriň Pygamberimizi (sallahu aleýhi wesellemi) diri ýada ölü getirene uly serpaýlar beriljekdigini eşidip Resulallahy (sallallahu aleýhi wesellemi) we Ebubekiri (Allah Ondan razy bolsun) tutmak üçin ýola düşen Büreýde we adamlarydy. Büreýdäniň mülk ýerinden geçip barýan Pygamberimiz bilen olaryň aralarynda şeýle gürründeşlik geçýär ilki bilen Pygamberimiz Hezreti Büreýdeden soraýar.
- Adyň näme?
- Büreýde. Büreýde söziniň manysy salkynlyk bolanlygy üçin Pygamberimiz Ebubekire ýüzlenýär we aladalanma eý Ebubekir salkynlyga ýetdik diýip tefeül edýär, ýagşylyga ýorýar. Soňra täzeden Büreýdä ýüzlenýär.
- Haýsy taýpadansyň?
- Eslem taýpasyndan. Bu gezegem Pygamberimiz eslem söziniň manysy barada tefeül edip täzeden Ebubekire ýüzlenýär we salamata gowuşdyk diýýär. Pygamberimiziň şeýle arkaýyn gürleýşini gören Hezreti Büreyde hem Pygamberimizden sorady.
- Siz kim? Pygamberimiz bolsa ýüreklerdäki buzlary eredýän mylaýym sesi bilen.
- Men Abdullahyň ogly Muhammetdirin.
- Hany Ol özüni pygamber diýip yglan eden kişi senmi?
- Hawa men Allahyň Resulydyryn.
Şeýle hal-ahwalat soraşylyp tanyşylandan soň Büreýde we adamalary Hezreti Pygamberimizi gören wagtlarynda düýbinden üýtgediler. Içindäki erbetlik duýgusy birden mähir-muhabbete öwrüldi. Büreýdäniň bar arzuwy bolan 100 düýe ýadynada düşmedi. Resulallahyň (sallallahu aleýhi wesellemiň) gözüne sereden wagty: "Senem dünýäniň üç teňňesine tama etdiňmi?!. Ýogsada men seni, beýlesiň öýdemokdym." diýýän ýalydy. Ol bu garaýyş garşysynda düýbinden başga adama öwrüldi. Süraka bin Malikiň içki dünýäsini birden nurlandyran ýa-da bolmasa Abdullah bin Selamyň ilkinji gezek görende: "Bu ýüzde ýalan ýokdyr, bolubam bilmez" diýdiren ylahy syr, Büreýdäniň kalbynam ýumşadypdy. Büreýde we adamlary dessine musulman boldular. Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) olara Merýem süresiniň başyny öwretdi soňra olar Pygamberimiziň (aleýhissesamyň) arkasynda durup bilelikde ýassy namazyny okadylar.

Büreýde bin Husaýb, Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) Medinäniň serhedinden girjek bolanda: "Eý Allahyň Resuly Seniň ýaly beýik bir Pygamber ýanynda tugy bolmazdan Medinä neneň girip biler. Bu gelşikli bolmaz" diýip, derrew kellesindäki sellesini çykaryp, naýzasynyň ujyna daňýar we Allahyň Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellemiň) öňünde Medinä girýär. Şeýlelikde Yslamyň ilkinji alemdary bolmak mertebesine eýe bolýar.

Hezreti Büreýde (Allah Ondan razy bolsun) Resulallah (sallallahu aleýhi wesellem) bilen birlikde on alty söweşe gatnaşdy. Bedir, Hendek, Uhud, Haýber söweşine we Mekke ýeňişine gatnaşypdyr. Mekke ýeňişinde iki sany baýdak bardy, biri Büreýdede, beýlekisi Najiýe bin el-Agjemdedi. Huneýn söweşinde bolsa Hezreti Büreýdäniň taýpasynyň (Eslem) iki sanjagy bardy, olaryň birini ýene Büreýde hezretleri göterýärdi. (el-Isabe, 1/506) Allahyň Resulynyň ölüminiň öň ýanynda serkerdelige belleýän Hezreti Üsameniň goşununda ýene tug göterýänleriň biri ýene Büreýde hezretleridi.

Bir gezegem Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) Hezreti Büreýdäni Hezreti Aly serkerdeliginde (Allah ikisindenem razy bolsun) bilen birlikde Ýemene ýörişe iberýär. Ol şol ýöriş barada başyndan geçen wakany şeýle gürrün berýär: "Hezreti Aly bilen Ýemene iberilen goşuna goşulypdym. Şonda Hezreti Alynyň maňa gödeklik edenligi üçin Ony Allahyň Resulyna arz etdim. Seredip otursam Allahyň Resulynyň ýüzi gitdikçe üýtgedi we maňa şeýle diýdi: "Diňle Büreýde, men müminlere öz-özlerinden has ýakyn dälmi?". "Elbetde, Siz bize bizden has ýakynsyňyz"diýdim. Şonda Resulallah (sallallahu aleýhi wesellem): "Onda men kimiň seýýidi (serweri, baştutany, serkerdesi) bolsam, Aly hem şonuň seýýididir." diýdi."(el-Bidaýe,7/344) Allahyň Resuly bu ýerde wezipe we ygtyýar beren bir serkerdesiniň sözüni diňlemegiň ýa-da garşy çykmagyň, özüne edilen ýalydygyny düşündirjek bolýar.

Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) hijretiň bäşinji ýylynyň Şaban (Meret) aýynda bolan Müreýsi ýörişinde Hezreti Büreýdäni ilçi hökmünde garşydaşlaryna iberýär we Büreýde hezretleri hem baryp el-Haris ibn Ebi Dyrar bilen gürleşýär. Alan jogabynam Resulallaha ýetirýär. (et-Tabakat, 2/63)

Älemleriň Serweri Hezreti Muhammed (sallallahu aleýhi wesellem) oňa öz taýpasy ýagny Eslem taýpasynyň hüşür-zekatyny ýygnamagy tabşyrýar. Büreýde bin Husaýb ömrüniň dowamynda ylym bilen hem meşgullanýar. Hezreti Büreýde (Allah Ondan razy bolsun) Allah Resulyndan (sallallahu aleýhi wesellemden)ýüz elli töwerek hadys rowaýat edýär. (Et-Tuhfetüllatife: 1/213; Mesâilü Imam Ahmed: 1/264)

Büreýde bin Husaýbyň iki ogly bolupdyr. Biri Abdullah, beýlekisi Süleýman. Bulardan Abdullah Merwde kazy bolupdyr. (Tehzibü’l-Kemal: 14/328) Abdullahyň kakasy barada şeýle diýenligi rowaýat edilýär: "Kakam Merwde wepat etdi we şol ýerde hem jaýlanyldy. Ol gündogardaky musulmanlaryň serkerdesi we nur saçýan yşyk çeşmesidi. Sebäbi Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) Büreýde hezretlerini gözöňünde tutup: Sahabalarymdan biri gündogarda bir ýerde ölse, kyýamat güni ol ýerde ýaşaýanlaryň öňdenbaryjysy we yşygy bolar``(Deylemî, el-Firdewsbi me’sûri’l-hitâb, 3/506; Aclûnî, Keşfü’l-hafâ, 2/252)

Hezreti Büreýde, Allahyň Resulynyň bu dünýeden bakyýete göçenden soň Medinede kän galmaýar. Basra şäheriniň alynmagy bilen ol ýerik göçüp gelýär. Basra şähärinden soňra Yslamy teblig (ýaýratmak, düşündirmek) maksady bilen Horosana, ýagny, gadymy Merwe göçüp ýerleşýär. Onuň nesliniň käbirleri bolsa Bagdada göçüp gidýärler. (et-Tabakat, 4/241)

Ol ömrüniň soňky ýyllaryny häzirki gün Baýramaly şäheriniň ýakynyda ýerleşýän gadymy Merwde ýaşaýar. Ýezid bin Muawiýe döwründe Merw şäherinde Hijri on üçinji ýylynda dünýeden ötýär. (El-Isabe, 1/286) Häzir gubury gadymy Merwde, Gadymy Merwiň häkimi bolup ýaşaýan Sahabadan Amr bin Hakem el-Gyfariniň gubury bilen ikisi bir ýerdedir. Bu iki sahaba türkmen halkymyz tarapyndan Pygamberimizden ýadygärlik we belent mertebeli, hormatly myhman hökmünde kabul edilýär we zyýarat edilýär. Keremli Allah bizi kyýamat-magşar güni Onuň bilen birlikde haşr eýlesin, bizi Onyň şefagatyndan nesipdar bolanlardan kylsyn.

Hezreti Büreýdäniň rowaýat eden hadyslaryndan üç sanysy:

1. Abdullah, kakasy Büreýdeden şeýle eşidipdir: "Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) bir adamyň Allahdan şeýle diýip dileg edenini eşitdi: Allahym Seniň Allahdygyňa we Senden başga hiç hili taňry ýokdugyna, Seniň Ahad we Samed`digiňe, dogurmadyk we dogrulmadykdygyňa we Seniň deňiň-taýyň we meňzeşiň ýoklugyna şahadat edip Senden dileýärin we ýalbarýaryn! Muny eşiden Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) ``Janym gudrat elinde bolan Allah`a kasam edýärin, bu adam Allah`yň iň uly atlary bilen dileg etdi. Eger kim Allahyň bu iň uly atlary bilen dileg etse, oňa hökman jogap beriler.`` diýdi. (Tirmizi, Sünen, 5/515)

2. Hezreti Büreýde Allah Resulyndan (sallallahu aleýhi wesellem) şeýle rowaýat edýär: ``Üç zat adamyň gödekligini we edepden binesipdigini görkezýär. Aýakda durup hajat etmek, namazy okap gutarmanka eli bilen maňlaýyny süpürmek we sejdedekä irginmek.``(Haysemi, Mecmeuz’z-Zevaid, II/830)

3. Hezreti Büreýde şeýle aýdýar: Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) bazara gidende şeýle dileg ederdi: ``Allahym, bu bazaryň we içindäkileriniň haýyrly bolanyny Senden dileýärin. Bu bazaryň şerinden we içindäki her-tüsli erbetlikdenem Saňa sygynýaryn. Allahym, bu bazarda ýalan sözlemekden, aldadylyp erbetlige duçar bolmakdan, nähak söwda etmekden Saňa sygynýaryn. (Mecmeuz’-Zevâid, IV/77)
Bölümler: Taryhy Şahslar | Görülen: 114 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 4.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
2
1 Mekan • 06:28, 27.03.2023
O nähili Ynsan ki ony öldürmäge diýip çykýalar, iman edip dönýäler.
O nähili Ynsan ki Ony duşman bellänler hem doganyna ynanmaýan zatlaryny Oña amanat goýýalar.
O nähili Ynsan ki öz bagryndan önen çagalaryny diriligine ýere gömýän doñýürek kişiler Oñ söhbetinden soñ garynjany basmaga dözmeýän rehimdar bolýalar
O nähili Ynsan ki...
avatar
1
2 Medicall • 19:15, 28.03.2023
Gymmatly maglumatlar, ýüregi duýgulandyryjy pursatlar..
Bize okamaga ýetireniñiz üçin Alla razy bolsun!.
Iki jahan Serwerine salam we salawatlar bolsun!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203