Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:55
Saadi we Mewlanadan...
Ejeň gybatyny etmek


Şirazly Saady maňa gowja gürrüň äýdyp berdi.
Biri barmyş.
Şeý diýýämiş:
- Biriniň gybatyny etmeli bolsa, onda ejemiň gybatyny etjek.
Sebäbi men ejemi halaýan.

Geň zat.
Ejesini halaýan biri ejesiniň gybatyny etjekmiş.
Düşündiňizmi?
Men düşündim.
Siz nähili pikir edýäňiz?

Ejeňi öldürmek


Şirazly Saady Şirazda galybersin, biz Konýa tarap gideli.
Konýada Möwlana bar.
«Ganady bekemedik guşuň beýiklere uçmagy howpludyr.
Ynsanyň goly-ganaty onuň aklydyr.
Adamyň akly azlyk etse, onda özünden başga akly tapsyn, oňa gulak assyn» - bu sözler Möwlanadan.
Men onuň aklyna gulak asdym.
Diýdi:

- Şirazly Saady saňa «Ejesiniň gybatyny edýän adamy» gürrüň beren bolsa, men saňa «Ejesini öldüren adamyň» gürrüňini bereýin.
Ol adamdan:
- Ejeňi näme üçin öldürdiň? – diýdiler.
- Oňa gelişmejek haramzadaçylyk edeni üçin – diýip jogap berdi.
- Ýeri, emma Ejeň ýanyndaky haramzadany öldürseň bolmaýamy? – diýenlerinde:
- Her gün birini öldüreýinmi? – diýen jogaby berdi.

Seniň başyňa näme iş gelse, ony nebsiňden gör.
Nebsiňi düzelt, ony terbiýele ki, her gün biri bilen dawalaşmaga mejbur galma.

Men pikir etdim.
Ejemiz – iň ýakynymyz.
Bu rowaýatda Ejäniň mysalynda bize has ýakyn bolan Nebisiň gürrüňi gidýär. Möwlana: «Men rowaýatda Ejäni öldürdim, sen Nebsiňi öldür» diýýän ýaly.
Emma nädip nebsiň damagyny çalmaly?

Nebsiňi öldürmek

Möwlana dowam etdi:
- Nebsiň damagyny çalmagy öwredeýinmi?
Jemagat namaza durdy.
Sap-sap, setir-setir, nyzam-nyzam.
Ymam «Allahu ekber» diýip tekbir getirdi.
Ähli kişi gurbanlyk goýun ýaly bu älemden çykdylar, başga äleme girdiler.
Tekbiriň manysy «Allahym, biz Saňa gurban» diýmekdir.
Goýun gurban keseňde hem «Allahu ekber» diýilýär.
Ol nebsi keseňde hem şeý diý.
Ten Ysmaýyl, jan Ybraýym ýalydyr. Jan teniň üstünden tekbir getirer.
Nebis üçin «Allahu ekber» ýiti bir gylyçdyr.
Onuň başyny tekbir çekip kes, jan panylykdan ebedilige çyksyn.
«Allahu ekber» bilen başlanan namazyň, edil «Allahu ekber» bilen kesilen gurbanlyk malyň ýaly bolsun.
Namazyň gurbanlygyň bolsun.

Namazda hem edil kyýamat günündäki ýaly setir-setir durarsyň, Allaha hasabyňy berersiň.
Jenaby-Hak diýjekdir:
- Beren möhletimiň içinde nämeler etdiň?
Ömrüňi nähili geçirdiň?
Güýjüňi-kuwwatyňy nämä harçladyň?
Göz jöwheriň nämä ýarady?
Arşa degişli bolan gözüňi, gulagyňy, aklyňy nähili ulandyň?
Gazanjyň.... Eliň..... Aýagyň... hasabyny ber.

Müňlerçe şeýle sowallara jogap tapmak kyndyr.
Kyýamda duran ýeriňden, başyňy egersiň, rüküwe gidersiň.
Utanjyňdan Haka ýalbararsyň.
Ýene Jenaby-Hak diýer:
- Başyňy galdyr, Rabbyň soraglaryna dogry jogap ber.

Rüküwden başyny galdyrsaňam, uzak saklanyp bilmersiň.
Ýene aýaklaryň ysgyny gidip, ýüzün ýykylarsyň, seždä gidersiň.
Haka ýalbararsyň.
Ýene-de Jenaby-Hak:
- Başyňy galdyr, seždeden gal, hasap ber - diýer.

Başyňy galdyrarsyň, soň ýene seždä gidersiň.
Ýalbarmakdan başga alajyň ýok.
Jenaby-Hak gaýtalar:
- Gal ýeriňden, senden hasap isleýän.

Ol haýbatdan galmaga mejalyň bolmaz.
Oturarsyň.
Hakdan ýene sowal:
- Hany nygmatlarymyň şüküri?
Beren baýlygymdan gazanjyň näme?.

Haraý gözläp sagyňa seredersiň:
- Eý, uly Zatlar, şefagat ediň. El-aman!

Jogap geler:
- Berlen wagt tamam boldy.
Wagtyňy dogry ulanmalydyň.
Häzir her kimiň nebsinde gorky doly.

Çepiňe bakarsyň, dogan-garyndaş, dost-ýar, ata-babalardan haraý islärsiň.
Olardan jogap: «Biz kim? Öz gaýgymyz özümize ýetik. Bizden eliňi çek!» - bolar.
Ne o tarapdan, ne bu tarapdan haraý bar.
Näme etjek biçäre?
Işiň çetin...
Her kimden umydyny keser, elini açar:
- Ýa Rabbim! Her kimden umydymy kesdim.
Owalda-da, ahyrda-da maňa ýardam etjek Sensiň! - diýip doga başlar...

Eý, dost!
Aýdara söz galmady.

2022 ý

© MANGO
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 193 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 4.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 16
avatar
3
1 Medicall • 23:43, 13.12.2022
Ejesiniñ gybatyny edip, onuñ bar günäsini özi alaýyn diýendir, biriniñ gybatyny etseñ gybaty edileniñ günäsi ýeñleýär diýilýär-a
avatar
1
2 Medicall • 23:45, 13.12.2022
Nebsiñ damagyny kanagat çalyp beramasa..

Ýöne nebis ejä deñelen bolsa, ýanyndaky "haramzada" özüñ bolýan bolsañ, her gün birini öldürmeli bolmazdy, ýanyndaky "haramzadany" (özüñi) bir öldürip dynardyñ bolýandan bolup durmy o ýerem birhilijesine))
avatar
0
3 Medicall • 00:06, 14.12.2022
Oýlandyrdy, hezil edip okadym, sagboluñ!
avatar
1
4 Мango • 00:29, 14.12.2022
o "ejäni öldürmek" gürrüňini şeýleräk jemleýär, üns ber.

"Seniň başyňa näme iş gelse, ony nebsiňden gör.
Nebsiňi düzelt, ony terbiýele ki, her gün biri bilen dawalaşmaga mejbur galma".

ýagny, nebsiňe sataşjak "haramzadaçylyklara" garşy iň gowy göreş özüňi, "ejeňi" terbiýe etmek ("öldürmek"). garşy tarapdaky "haramzadany" öldüreniň peýdasyz, gowusy özüňe ýakyn nebsiň bellisini etmeli...
suw meýilli gurbaga ýaly nebsiňe terbiýe berip bilseň, köp meseleler çözüljek ýaly (ýagny başyňa geljek meseleler).

ýene gaýtalap okasak:
"Seniň başyňa näme iş gelse, ony nebsiňden gör.
Nebsiňi düzelt, ony terbiýele ki, her gün biri bilen dawalaşmaga mejbur galma".

---
ýöne, aýtmak aňsat, ýaşamak kyn....
hemmämize gaýrat.
avatar
1
5 Мango • 00:32, 14.12.2022
100-de 100 dogry düşünipsiň.
gybatyň haklysy barmy bilemok, umuman nähak gybat üçin sogaplaryň bilen haklaşylýar diýýärler...
avatar
1
6 Medicall • 00:34, 14.12.2022
Hawa,hakyky.
ýene her kimden beter özüñe özüñ gerek bolýañ bu meselede, ýagny, "ilki özüñi terbiýele"
avatar
1
7 Мango • 00:35, 14.12.2022
nebsiňi öldürmek sopyçylykda bir derejemi, üstünlikmi... şeýle bir zat bar bolmaly.
ýöne nebisem adamda ýaradylan bolsa, olam gerekdir.
mesele ony terbiýelemekde.
nebis terbiýesiniňemm basgançak-basgançak derejesi bar eken.
iň pes nebis - özüne zyýan edýän nebis...
ýokarkylary ýadymda däl, gözlesek tapyp bolar.
avatar
0
8 Medicall • 00:44, 14.12.2022
Dogry, şeýleräkdimi anyk ýadymda däl: nebis az-maz bolmalam adamda, ýöne öñüñe düşürmeli däl, jylawyndan çekmegi başaryp nebsiñ däl özüñ öñde bolmalymy, şeýleräk. Gowy düşündirip bilmedim.
avatar
0
9 Мango • 00:56, 14.12.2022
degişmek üçin, bir wakajyk.
bir dost oglan bar, bile barýas, ýolumyzam ors bazarmy, teke bazarmy... bazaryň içinden geçmeli.
dostum bir zad-a iýesi gelip göwni küýsedi:
- bir hili nebsim şondan al-da iý diýip dur, bir bahaladaly-la şony - diýip satyjydan bahasyny sorady.
gymmadyragam däl-de gaty gymmat geldi öýdýän bahasy.
ýaňky dost diýýä:
- nebsim! şony iýesim gelýä diýip pohuňy iýipsiň. alamyzok - diýip duran ýerinde nebsini terbiýeledi.
diýen edilmedik nebsem ýüzüni sallap yzymyza düşüp gaýtdy :-)
avatar
0
10 Medicall • 01:00, 14.12.2022
Şol wagt puly köpüräk bolsa nebsi ýeñerdimikä hä, ýa-da özi?! ::)
avatar
0
11 Мango • 01:07, 14.12.2022
soň aýlyk alan güni, eýesine diýenini etdirendir diýip pikir edýän. :-)
avatar
0
12 Мango • 01:11, 14.12.2022
namazdaky hereketler - kyýam, rüküw, sežde, oturyş, iki egniňe salam bermek - bulary Möwlananyň özüçe kommentariýa edişini okamda menem epesli wagtlap "tok uran" bolup gezipdim.
olaryň görüşi, bakyşy tapawutly, gürrüňi täsirli.
avatar
0
13 Medicall • 01:16, 14.12.2022
Dagy näme, Olaryñ düşünşiniñ, görşüniñ birje damjasy ýaly düşünip, görüp bolsady käşgã
avatar
1
14 Mekan • 10:01, 15.12.2022
Amallar niyetlere görädir diyen epigraf bilen başlayyn.

Namazdaky hereketler baradaky pikir yöretme gowken.

Ýöne, fakat, но, but. Ejeli yerleri biraz çigräk yaly.

Dagap yatan pikirlerimi gabap, bir yere jemlejek bolsam köp söz gerek. Köpsözden gaçjak bolayyn.

Tymsal ya-da obrazly aytmak edil dürbi yaly daşdaky zady yakynlaşdyrmaly ya äynek yaly мутный zatlary dury görkezmeli. Yokarky tymsallar bolsa gaytam düşündiriş talap edyä hem hem has çylşyrymlylaşdyrya

Birinji gybatly tymsal barada. Diñe bir nukdaynazardan seretseñ dogry hem. Yöne gybatyny edyän kişiñ etini (hatda maslygyny) çeynän yaly yeri hem bar ahwetin.

Ikinji tymsal. Başda öldürmek diyyä, soñ terbiyelemege geçip gidyä.
Dogrusy terbiyelemek.

Ol kişi ejesini öldürmeli däl eken. Terbiyelejek bolmaly eken. Kyndyr, belki mümkinem däldir, belki "küykini diñe gör düzedyändir". Yöne nebsi terbiyelemekden kyn däldir. Iñ kyny nebsi terbiyelemek. Men(menlik)=nebis yagny adam=nebis.
Nebsiñ nebsi emmareden (emir beren nebis) nebsi kämile (kämil nebis) (başgaça nebsi safiye (sap, arassa nebis)) nebsi çenli 7 basgançagy barmyş.

Başdaky diyşim yaly. Amallar niyetlere görä. Gowy zat aydyljak bolnupdyr. Biziñ okyjylarymyzyñ dini düşünjeleri entek bekemedikmikä diyip pikir edyän. Heniz çaga diyip pikir etmeli. Çaga bolsa süyt bermeli, et bermeli däl. Has beterem çig et bermeli däl.

Ol ägirtleñ ruhundan we olaryñ duygularynyñ terjimeçisi mangodan ötünç sorayan. Belki (bil ki) bu aydanlarym meñ nadanlygymdan
avatar
1
15 Pero • 11:23, 29.04.2023
Gowy pikir alyşma bolupdyr,gaty gowy...Mango diýýäñiz-ä "Aýtmasy añsat..." diýip. Dogry, amal etmek kyn. Emma şeýle zatlary okap köşeşýä adam. Meselem, yzygider waleriyana (däri-derman bir ýeriñe peýda bolsa,baş ýeriñe zyýan) içip ýöreniñden şeýle kitaplary köpräk okap gezseñ gowy. Üstesine-de şeýle ajaýyp pikir alyşmamalr - teswirler bilen bile okasañ,täsiri has güýçli bolýar. Ýagşy zatlary ýene bir gezek okamagymyza sebäp bolanlary Allaýalkasyn!
avatar
0
16 Мango • 12:00, 29.04.2023
arhiwlerde ýitip giden ýaly bolan zatlary täzeden tozanyny kakyp getirýäni üçin adminlere-de minnetdar bolýan.
ýagşylyga sebäp bolanlaryň hemmesinden öň ýazanyndan, soň täsirlenip gaýtalanyndan, okanyndan, okadanyndan.... hemmesinden Allah razy bolsun.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203