Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:33
Gülki. Ikinji onluk

GÜLKI. IKINJI ONLUK

Krokodil Gena 10-njy etaždan ýykylýar.
Asfaltyň üstüni görer ýaly bolanok, daş töwerek gan, bölek-bölek et.
Gara gana boýalan Genaň ýanyna Çeburaşka ylgap gelýär.
-Gena jan! Näme boldy! Ýagdaýlaň nähili?
Krokodil Gena bolsa:
-Öläýdim öýdýän!!!!

***

Uç sany öwünjeň daýhan öwünýär:

1) –Men şeýle bir pamidor ýetişdirdim, şeýle bir pomidor ýetişdirdim, göterip oturgyçda goýdum welin, oturgyjym döwüläýdi how!

2) –Onyň dagy näme?! Meniň ýetişdiren pamidorymy zordan göterip tapçanyň üstünde göýdum! Tapçan göterip bilmän, aýaklary çagşap gitdi!

3) –Menem bir pamidor ýetişdirdim welin, sen goýaý! Ähli maşgalamyz bolup zordan eşek araba ýükledik how....

Şu ýerde beýleki iki daýhanyň ikisi iki ýerden:
-Howwa, onsaň eşek arabaň döwüldimi? –diýip soraýar.

-Ýoklaý! Ondan beteri boldy – pamidoryň içinden ullakan gurçyk çykyp, eşegimi iýdi oturuberdi!

***

Keselhanaň öli saklanýan ýerinde iki sany öli gepleşýär:
-Men gije bäşinji etaždan bökerin diýip dostlarym bilen jedelleşdim. Soňra hiç kime duýdurman bökjek ýerime galyň düşek ýazyp goýdum. Özümi bäşinji etaždan okladym welin bir gaty zadyň üstüne düşdim.
-Men bolsa öýsüz gedaýdym. Bu gije nirde ýatarkam diýip aýlanyp ýördüm welin, ine görsem bir tentek köçede düşekçe ýazyp goýupdyr...

***

Pensiýa çykan generalyň agtygy atasyndan soraýar:
-Ata, sen haçan ölýäň-aý?
-Näme, agtyjagym, buny näme üçin soradyň?
-Aý, hiçla-aý. Ýöne harby orkestr diňläsim geldi-laý.

***

Suratçy pasport üçin surat almaga çukçalaryň arasyna gelýär. Olary surata düşürýär we suratlary çykaryp başlaýar. Emma olaryň hemmesiniň ýüzlerini meňzeş görýär-de, hiçisi bilmez diýip, diňe bir suratdan birtoparyny çykarýar. Çukçalaryň arasyna gelýär we suratlary hemmesine paýlap çykýar. Hemmeler şadyýan, begençleriniň çagi ýok! Ýöne çukçalaryň arasyndan biri öz suratyna seredýa, seredýa, hiç düşünip bilenok, ahyram şeýle diýýär:
-Özi-hä hemme zat gowy, ýüzümem meniňki. Emma, köýnegim meňki däl-de Keşaňky! Geň görmeli öz-ä!!!

***

Prokuror şaýatdan soraýar:
-Eger-de soraglaryma nädogry jogap berseňiz, size namäniň garaşýanyny bilýäňizmi?
-Hawa, bilýän! Maňa „Mersedes“ söz berdiler

***

Agaç jaýyň içinde, gyşyň içinde, ors peçiniň üstünde bir Iwan çilim çekip otyr. Onuň aýaly bolsa daşardan sowugyn içinde egninde 2 bedre suw göterip öýe girýär.
Iwan çilimjigini sorup pikire batýar: “Aýalymyňkydan hezili ýok, suwjagaz daşamakdan başga işi ýok! Men bolsa kelle döwmeli, nädip ýaşamalydygy hakda...”

***

-Ependi aga! A seni näme diýip partiýa almadylar?
-Mykgy tirýekilerde tirýek çekdiň diýýäler...
-A sen çekemok diýsediň!
-Nädip diýeýin? Olaryň özleri bilen çekdik ahyryn..

***

-Aýnany söýýäňmi?
-Söýýän.
-Ol hem seni söýýämi?
-Hawa, menem ony söýýän.

***

Ýol polisi bir sürüjini saklaýar. Sürüjä eýle-beýle diýip azar bermäge başlaýar. Gahary gelen sürüji polise diýýär:
-Ýolllaş seržant, men saňa „Kozýol“ diýsem maňa näme bolar?
-Gulluk borjumy ýerime ýetirýärkäm söweniň üçin sen günäkär bolardyň...
-Onda men saňa söwmän diňe sen „kazýol“ diýip pikir etsem bolarmy?
-Bolarmyka diýýän, sebäbi pikir etmegi hiç kim gadagan edenok.
-Şeýle bolsa, men seni „kazýol“ diýip pikir edýän...

Çeşme: http://eyho.8m.net/b-gul2.htm
Bölümler: Degişmeler | Görülen: 77 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203