Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:41
Gülki. On ýedinji onluk

GÜLKI. ON ÝEDINJI ONLUK

-“Möjeklerem dok, goýunlaram abat” diýen nakylyň manysy name?
-Diýmek möjekler çopany we itini iýendirler.

***

-Aýtsana goňşy jan, siz nädip baýadyňyz?
-Gysgaça aýdaýynmy ýa uzyn?
-Gysga aýt.
-Bir sözde aýdaýyn. Ogurladym!

***

Äri öýüne gelse, öz dosty bilen aýalyny bir düşekde görýär. Ol derrew dostuny atyp öldürýär. Äriniň bu eden işine äýaly käýinýär:
-Sen aklyňdan azaşdyňmy? Göreniňi atyp ýörseň, dostsyz galarsyň-da!

***

-Ýollaş mollym, name üçin ikilik baha goýduňyz-aý?
-Birligi ekzamene geleniňiz üçin, beýleki birligem jogap bermäge synanyşanyňyz üçin.
-Ýollaş mollym, ýene-de ýekeje birligi şu ýerden gidenim üçin goşaýyň-da!?

***

Nikalar öýünde.
–Men ömrüme nikalar öýünde işläp gelýärin, meniň wezipäm adamlara şatlyk paýlamak. Hormatly Aýna we Artyk jan! Siziň nikaňyzy bozuk diýip yglan edýärin! Gutlaýaryn!

***

Köp kişi witaminiň, proteiniň, aminokislotanyň, ýaglaryň…ýerini alkogolyň tutýandygyny aýdýarlar.
Käbirleri bolsa alkogolyň aýalyň, çagalaryň, öýüň, işiň… ýerini hem tutýandygyny aýdýarlar.

***

REKLAMA
Bu aýakgabyň bir taýyny satyn alan adama, beýleki taýy mugt beriljekdir!

***

Çaýhanada iki dost Ýolbars bilen Öküz keýp edip otyrmyşlar. Ine, birden Ýolbarsyň jübi telefony jyňňyrdaýar, aýaly oňa „derrew öýe gel“ diýýär. Ýolbars Öküz dosty bilen hoşlaşýar we ýerinden turup öýüne gitmekçi bolýar. Öküz bolsa Ýolbarsy hamala „Aýalyň diýenini edýäňmi? Aýalyňdan gorkýaňmy? Men-ä seň ýeriňe bolan bolsam aýalymyň diýenini etmezdim...“ diýen ýaly gepler bilen duzlamaga başlaýar. Dostunyň bu kinaýaly sözlerine Ýolbars şeýle jogap berýär:
-Dost jan! Sen bir zady bulaşdyrma? Meniň aýalym Ýolbars aýal, seniňki ýaly Sygyr däl ahyryn....

***

Himiýa mugallymynyň iň soňky sözi:
“Çagalar! Bu tejribe hiç hili howply däl!“

***

Himiýa ugrundan okaýan talybyň iň soňky sözi:
”Ýollaş Professor, ynanaýyň, bu hakykatdanam gaty gyzykly reaks…”

Çeşme: http://eyho.8m.net/b-gul17.htm
Bölümler: Degişmeler | Görülen: 80 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Мango • 11:50, 30.10.2023
bäh...
ol hyýar bilen süýt içýän kelle aždarhaň sag kellesi eken özem...
çep kelleden gatam görmeli welin sag kelle şeýdýän bolsa...
avatar
0
2 Medicall • 13:42, 30.10.2023
himiýa mugallym, talyp tejribede partladylarmyka?
avatar
0
3 Мango • 13:46, 30.10.2023
"haýsy okuw jaýyka?" diýibem sora :-) hahahaha
avatar
0
4 Medicall • 13:51, 30.10.2023
))))
avatar

Старая форма входа
Total users: 202