10:54 Gülki. On altynjy onluk | |
GÜLKI. ON ALTYNJY ONLUK Ependi Türkiýede okaýan ogluna hat ýazýamyş: “Salam oglum! Sag-aman okap ýörmüň? Bu hatly bukjaň içine öz aýdyşyň ýaly 20 $ salyp iberýändirin. Onsaňam bir zady berk belle, 20-lik iki nol bilen däl-de bir nol bilen ýazylýandyr!...“ (Düşünmediklere düşündiriş: ogly 200$ sorapdyr, kakasam 20$ iberipdir :-) ) *** Tomus günleriniň birinde, obada. Gapysyz bir hajathanada bir adam işini bitirip otyrmyş. Ýoluň gyrasyndan barýan bir daýza muny görüp: -Toba-toba! Ölmeseň her zat görjek ekeniň. Oglum, hajathanaňa gapy daksaň bolmaýamy? -Aý, daýza. Bu ýerde ogurlar ýaly zat ýog-a! Gapy nämä gerek? *** -Jorajan, äriň nirde işleýä gyz? -Üç aý bäri çakyr zawodda işlän-ä bolýa, ýerçeken. -Ýeri onsoň, işini halaýamy? -Nä bileýin artyp galmyş. Işe gireli bäri öýe dolanmasa näme.. *** Bir aýagy gysga, gözleri çaşy, saçlary düşen, eşikleri sal-sal bir ýaş ýigit “Gelinlik tapyp berýän edara“ gelýär we sakawlap: -M-m-ma-maňa owa-wadan, wepaly we baý ge-ge-gelinlik gerek! –diýýär. -Size diňe aklyndan doly azaşan biri äre baraýmasa... -Zyýany ýok! A-a-aklyndan aza-a-şanam bolsa bolýa. M-men razy... *** MASLAHATLAR: 1. Agtyklaryňyzy gowy görüň, sebäbi olar ulalansoň siziň ogluňyzdan aryňyzy alyp berer. 2. Haýwanat bagyny gezip öýe gaýtjak bolanyňyzda: „Gaçyň! Ýolbarslar kapasadan çykypdyr!“ diýip gygyryp ylgap görüň. *** -Kosmosda näme edip bolanok? -Asylyp bolanok! *** Iki sany it derdinişýä diýýä… Birinji it: -Meniň hojaýynym gaty gowy adam, maňa günde etlije süňk berýär, gezdirmäge çykarýar, sypalaýar, suwa düşürýär… Ikinji it onuň sözüni bölýär: -Meniň hojaýynym-a edil it ýaly… *** Ependiniň oglundan mugallymy soraýar: -Ependiýew, hany sen aýt. Watan goragçysy ilki bilen näme etmeli? -Ilki bilen özüni Harby komissarlykdan goramaly, ýollaş mollym! *** Ependi aga Gurtly kölünde gaýyklara esewan bolujy bolup işe girýär. Onuň işi gaýyklary kireýine ulanmaga bermek we wagty gutaranda yzyna almakmyş. Ine bir gün ol kenarda oturan ýerinden eli dürbüli suwda gaýykly ýüzüp ýörenleriň birine bokurdagyna sygdygyndan gygyrýar: -Heý! Eşidýäňizmi 99-njy gaýykdakylar! Wagtyňyz gutardy, kenara dolanyň! 99-njy diýýän size, derrew yzyňyza dolanyň! Ependi aga şeýdip, epesli wagtlap gygyryp durýar... Ahyry Ependiň ýanyna onuň kömekçisi gelýär: -Ependi aga, bizde bary ýogy 70 gaýyk bar ahyryn. Näme “99-njy gaýyk” diýip gygyryp dursuň? Bu sözden soň Ependi aga ýeňsesini gaşaýar we ýamaşgan gas gatyrak gygyrmaga başlaýar: - 66-njy gaýyk! Näme boldy size how? Sesleniň ahyryn!!! 66-njy! *** Gümrükhana işgäri daşary ýurtdan gelen turistiň goşlaryna seredip durşuna şeýle diýýämiş: -Hany, derrew bir zady anyklaly. Bu goşlaryň haýsylary siziňki we haýsylary meniňki? Çeşme: http://eyho.8m.net/b-gul16.htm | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |