Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:22
Çapar - hekaýa


ÇAPAR

Bu waka Beýik Watançylyk urşunyň gutaryp, adamlaryň parahatçylyk döwrüniň hözirini görüp ýören döwürleri bolupdy. Entek käbir hojalyklarda sürüm üçin kündä goşulan öküz ulanylýardy. Obada birlän-ikilän “lökge” maşyny peýda bolsa-da, ilatyň ýörgünli ulagy at bilen eşekdi. Halkyň arasynda “Amyderýanyň gözbaşyndan emeli derýa gazyp alyp gaýtjakmyşlar. Ol derýa Garagumyň orta bilinden akyşyna gidip, Hazara guýjakmyşynyn. Onuň uzynlygy we giňligi Murgap derýasyna gaýra dur diýýärmişin” diýen gürrüň ýaýrapdy.
Şamyrat aga geçen ýyl goşun gullugyndan gelen uly oglunyň toý sähedini belläp, dogan-garyndaşlaryna toý çakylygyny ýaýratmagyň ugruna çykdy. Ol ilki bilen uzagrakda ýaşaýanlary habarly etmegi ýüregine düwdi we maslahat soraşmak üçin hataryň ýaşulysy, Atasary agaňka ugrady.
Olar saglyk-amanlyk soraşansoňlar, Şamyrar aga habaryna başlady:
—Atasary kaka, men-ä, bir hoş habar bilen gelendirirn.
—Aýdyber, inim!
—Gulmyrat jana guda bolduk, toýyň sähedinem belledik. Özüňi hem bütin maşgalaňyzy toýa çagyrýan, ertir däl birigün bolsa, kiçiräjik “Geňeş” toýyny edäýsem diýýän.
—Tüweleme, iş bitirpsiň! Enşallah, toýyňa bararys. Sag-salamat gezip ýörsek, “Geňeş” toýyňa-da bararys, “Geňeşli biçilen don gysga bolmaz” diýipdirler.
—Murgapdaky inim, Ýazmyrada habar etmeli... —diýip, Şamyrat aga az salym dymdy, soňra,—Ertir “Teke bazara” gelen murgaplylara tabşyryp goýbersemem kabul ederdi welin, elinje, özüm, öýlerine baryp aýtsam göwnüme jaý boljakdy. Eşekli ýola düşsem bir tarapyna ýarym salkyn gitjek, giçlik bararyn, bir gije ýatyp gaýtmaly boljak, meň bolsa bärde bir topar aladam ýatyr. Bolmasa, Çapary alyp gidäýeýin!? —diýip, Şamyrat aga soragly nazaryny Atasary aga öwürende, ol loh-lohlap gülüp:
—Şamyrat, atymy gysganýandyryn öýdüp ýalňyş düşünäýme, Çapar müngüsini menden başga kişä rowa görýän däldir. Ýöne, ony münjek bolsaň bir şerti berjaý etmeli borsuň. Şu taýdan özüm mündirip, jylawy eliňe berip goýbereýin, eýere özüňi atansoň, juda zerurlyk çykaýmasa atdan düşäýji bolmagyn, Çapar menden başga kişä boýun egýän däldir. Şamyrat sessiz sorag bilen Atasara seretdi, ol sözüni dowam etdi:
— Bir aýagyň ýere degensoň, ol ýanyna golaýlaşdyrmaz, ýöne atlanansoň, edil ulygyz ýalydyr—asyllydyr hem düşbijedir. Gorgunla diýseň, gorgunlar-öňňürdikle diýseň öňňürdiklär, golowratmasaň bolýar. Ýöne weli, eýerden düşdügiň ata münmek tamaňy üzäýgin, aýagyňy üzeňňä basjagyňy bada-bat aňýandyr. Her eder-hesip edeer, ýanynya golaýlaşdyrmaz. Ynha şu atyň şular ýaly kejir häsiýeti bar. Birden Murgapdan pyýadaja gaýtmaly bolaýma—diýip, ýylgyrdy.
Atasary aga bilen Şamyrat aga şertleşip, atyň ýanyna golaýlanlarynda, garador Çapar eýesini görüp hokrandy. Indi höwre goýlan, ýedi-sekiz ýaşar bedewiň aýlawdan galanyna iki-üç ýyl geçen hem bolsa, ýatakda duran mala meňzeş däldi: onuň ýalpyldap duran sagrysy, merdem syraty gaýnap duran güýç-kuwwatdan habar berýärdi. Atasary aga atynyň ýalyny sypalap durşuna:
—Çaparym-a, Çaparym!
Meniň ýürek açarym.
Hergiz ýola düşemde,
Ganat baglap uçarym.
At her gün eýesiniň agzyndan eşidýän mylaýym, mähirli sözleri bilen ylalaşýan ýaly başyny aşak-ýokaryk galdyrýar. At eýesiniň esbaplaryny almak üçin kümä girenini görüp, bir ýere gidilýänini aňyp, begenjine teblede duran ýerinden gozgalaň tapdy: tolgunyp, iki ýana eýläk-beýläk gezmelemäge başlady we Atasary agaň kümeden çykaryna sabyr edip bilmän, kişňäp goýberdi.
Atasary aga atyň jylawyny Şamyart agaň eline tutdyryp durşuna:
—Bar, Alla ýaryň bolsun! Sag-aman baryp-gel, salam aýt! Ýaňky aýdanymy ýadyňdan çykaraýma! —diýdi. Şamyrat agaň bir eli bilen jylawy gysymlap durşuna, beýleki eli bilen eýeriň gyrasyna berkidilen gamçyny çözjek bolup synanyşýanyny synlap durşuna,—Aý, gamçyň geregi bolmaz. Çagalarma ýeke gezek şarpyk çalmaýşym ýaly, Çapara gamçy gezänim ýadyma düşemok, ol ýöne yrym üçin eýeriň gaşyna daňylyp goýulaýandyr. Baraňsoň bir bedre suw görkezäýgin, öňüne bede-sede dökjek bolup alada etme, barybir Çapary günde iki gezekden kän naharlamzok. Şamlygyny öýden iýer.
Ýorga Çapar ilkibada eýeriň üstünde oturan nätanyş ýolagçynyň hüý-häsiýetini öwrenýän ýaly gurtýöreýşi bilen öz maýdalyna ýöräp başlady. Şamyrat agaň uzyndan daýaw göwresi Atasary agaňkydan agyrrak, satanlary tagaşyksyzrak bolansoň, ol kesekiň atynyň üstünde özüni birhili oňaýsyz duýýan ýaly boldy we içinden: “Muny Çapar bir duýmabilsedi” diýip aladalandy.
Çapar bykynyna degýän üzeňňileriň urgusyna hürseklemedigine ýa däldigine düşünmän, säpjäp-säpjäp, öňňürdige geçdi, Şamyrat aga atyň garşysyna çykmady. Ep-esli ýol geçensoňlar, düzlük gutaryp, belentli-pesli çäge ulgamlary görnüp başlady. Şamyrat aga jylawy sähelçe özüne çeken badyna, Çapar ýorga ýöreýşine geçdi. Murgaba ýakynlarynda ýene düzlük başlady, Şamyrat aga üzeňňisi bilen atyň böwrüne hürsekläp goýberdi welin, özünden näme talap edilýänine düşünen at begenjine ýüzün salaýdy. Bular ýaly duýdansyz tizlige garaşmadyk Şamyrat aga elleri bilen eýeriň gaşyndan nädip ýapyşanyny özi hem duýman galdy. Yokarda oturandan hiç hili garşylyk bolmansoň, Çapar çapyp keýpden çykdy. Gatnawly gumak ýola düşenlerinde, Şamyrat aga atyň jylawyny çekende Çapar ýene ýorga geçdi.
Şamyrat ýer sasdyryp, Ýazmyradyň işigine baranda Gün çala gyzdyryp başlapdy, ol atdan düşmän:
—Ýazmyrat! —diýip, öýdäkilere eşidiler ýaly edip gygyrdy.
Daşky aşhanadanÝazmyradyň aýaly çykdy. Ol ýaşmagyň aşagyndan salam berip, adamsynyň öýdedigini we öýe girmekligi yşarat etdi.
—Amanmy-sagmy gelin?! Men öýe girip oturmaýyn, toýa çakylyk getirdim, habarymy aýdyp, eglenmän ýola düşeýin.
Onýança, içerden egnine howlukmaç donuny ýektaý ýapynan Ýazmyrat, bosagadan daşary ätläp:
—Şamyrat kaka salawmaleýkim! Hany, atdan düş-dä!
—Waleýkimessalam! Toýa aýtmaga geldim. Gulmyrady öýerýäs.
—Örän gowy-da. Şeýdip, käwagt-käwagt begendirip duruň-a how!—diýip, Ýazmyrat atyň üstünde oturan agasy bilen ikelläp görüşdi—Hany düş-dä, onda.
—Wah, men gyssanmaç, başga-da aýtmaly ýerlem bar—diýip, Şamyrat aga ýalan sözlänini ýuwmarlajak boldy. Muny aňan Ýazmyrat:
—Näme, indi Ýolötene-de baryp gaýdaýsam diýýäňmi? —diýip, ýylgyrdy. —Aýda-ýylda bir gezek gelýäň, hany düş atdan, bu gün ýatyp gidersiň!
—Atyň eýesine “şu gün gelerin” diýip gaýdypdym, oň gözi ýoldadyr, amanat maly aman-sag gowşuraýyn.
—Ýatmasaňam, bir käse çaý bir içip git. Uzak ýoldan geldiň, arkaýyn aýagyňy ýazyp ýadawlygyňdan saplanarsyň. Atyň hem birneme dynç alar. Aýnagözel! Naharyň bişýänçe bize çaý bersene! Herimize aýratyn demle, Şamyrat kakam ajyrak iýýändir—diýip, aýaly eşider ýaly gygyrdy.
Şamyrat aga inisiniň özelenip durşyna dözmän atdan düşmeli boldy.
Çapar aga-iniň söhbetdeşligine päsgel bermän, bir nokada seredip, butnaman durdy. Ol diňe haçan Ýazmyrat jylawdan tutyp, teläriň sütünine ýönelende, gozgandy.
Aga-ini çaý başynda könäni ýatlaşyp, öýle bolup gidenini hem aňmandyrlar. Şamyrat aga ynjalykdan düşüp:
—Men indi öýlänimi okap, ýöräýin—diýip, inisine rugsatly nazar bilen seretdi.
Olar daş çykanlarynda, Çapar öňünde goýlan bir bedre suwy içip gutaraňkylapdyr. Ýazmyrat sütüne daňylan jylawy boşadyp, agasynyň eýere münerine garaşdy. Şamyrat aga sag eli bilen eýeriň gaşyndan tutyp, sag aýagyny üzeňňä goýjak bolanda, at gapdala süýşdi. Onuň ädiginiň burny üzeňňä ýetmän ýere patylap düşdi we maňlaýy atyň sagrysyna degdi. Ana, şonda Şamyrat agaň hakydasyna Atasary agaň sargydy ýadyna düşdi.
Aga-ini her hili pirimleri ulanyp gördüler: gop berer ýaly sekä ýanap gördüler, jylawyň ujuny teläriň sütünine gysga baglap gördüler—at bir ýerde duranok, syrtyny bulap dur. Teý, ahyry bolmansoň, Ýazmyrat goňşysyny kömege çagyrdy. Çapar garşydaşlarynyň sanynyň köpelýänini görüp, howsala düşdi we her gezek Şamyarat aga gapdalyna golaýlanda jyrtlamaga başlady...
Şamyrat aga Çapary idip obaň çetinden girende, Gün aşaky eňegini zeminiň erňegine batyryp başlapdy. Ol ýolboýy ýaşlygyny ýatlap gelşine, dostlary bilen taýlykdan saplanan ýaş atlara baş öwredişi ýadyna düşdi: “Şamyrat, sen indi garrapsyň, garrylygyňy boýnuňa alaý” diýip, içini hümledip gelşine, Çaparyň kişňemesinden özüne geldi¬¬—Atasary agaň öýüniň alkymyna gelipdirler.
Atasary aga tanap iýşip oturan ýerinden, Şamyrat agaň pyýada, ýüzüni sallap, sowuk-sala salamlaşyp, Çapary ýatagyna eltip, sesini çykarman argyn halda öýlerine tarap ýönelinini synlap haýpy gelip, ýeke kelam söz gatman ony sessiz ugratdy we içinden: “Wah, inim men saňa mazaly düşündirip, berk sargap goýberipdim-ä” diýdi.
Çapar öýüne sag-aman gaýdyp gelenine begenip, çasly sesi bilen kişňäp goýberdi.

©Kakajan Balkanow
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 70 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 1.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203