Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

07:31
Asylzada
Asylzada

(hekaýa)

7-nji mart güni, 5-ji “Ç”synpyň okuwçysy Tahyr irden okuwa gelende, synpdaş oglanjyklaryň başagaý boluşyp, her kim öz partadadaş gyzjagalaryň bahar baýramlary bilen gutlap, sowgat gowşurýanlaryny görende, mugallymy, Oguljan Ýazmyradownanyň düýn, sapakdan soň oglanlary alyp galyp: “Çagalar, öýüňize baraňyzda ejeňizi, eneleriňizi we gyz doganlaryňyzy gutlamany ýadyňyzdan çykaraýmaň! Ertir mekdebe geleňizde-de synpdaş gyzlaryňyzy hökman gutlaň, ýöne “näme sowgat alsamkam” diýip, azara galyp ýörmäň. Göwün etseňiz—birje ruçkajyk, ýa depderjik berseňiz hem bolar. Güljagaz gowşursaňyz-a, hasam ýerlikli bolar”, diýeni güppe ýadyna düşüp, sakga durdy: “Sowgat öýde galypdyr...” diýip, tukatlandy. Ol dek düýn mekdepden soň, ýörite, dükana sowulyp, partadaşy Seýlä niýetläp, daşyna gyzyl çigildem çekilen farfor çaý kürüşgesini alypdy. Ony agşam ejesi haşamlanan haltajyga salyp, agzyny ýüpek bant bilen bogup berdi. Irden mekdebe gidende unutmaz ýaly sowgady belli ýerde goýup, irgözin ýerine geçip ýatdy we ertire çenli ýadyndan çykardy.
Agşam ýatmanka, atasy enesiniň baýramyny gutlap, gowşuran güldanyň içindäki çemeni görkezip:
—Tahyr jan, sen hem partadaşyňa güljagaz gowşuraýmaly ekeni. Eger makul bilseň, ertir ir bilenjik bileje gidip, gül dükana sowulaýaly!? —diýip, onuň razylygyny sorady—Her näme bolsa-da gül bahar baýramynyň gelşigi-dä. Göwnüme bolmasa, seň ol alan kürüşgäň bir hili görnügi ýok ýaly,—diýip, ýaşuly seresaplyk bilen ýaýaplady.
—Biziň synpymyzda şu wagta çenli baýramçylykda gül gowşurmak däbe girmändir.
—Örän gowy. Sen ilkinji bolup başyny başlarsyň, beýlekilere görelde bolarsyň.
—Aý, ata, men-ä ýeke özüm utanýan-ow...
—Hiý, gül gowşurmagam bir utanç bormy? Anha, ataň maňa duşaly bäri her baýramymy ullakan çemen bilen gutlaýar. Ynha, bu owadan çemene sered-ä: ataň dükandaky gülleriň barynyň başyny bogup, ullakan dessä öwüräýipdir-ä —diýip, enesi ýylgyryp çemeni sypalady.
Tahyr içinden: “Bular dilleşipdirler öýdýän” diýip, belli karara gelip bilmän, enesiniň, atasynyň soragly nazarlaryny jogapsyz galdyryp, uka gitdi.
Tahyr, ertesi, ir bilen işe gidip barýan kakasyndan galmajak bolup, hasanaklap ýörşüne, diňe portfelini alyp ýetişdi, hatda ejesiniň yzyndan gygyryp galanyny hem eşitmedi.
Ol partasyna golaýlanda, güpbe sowgat ýadyna düşdi, ädimi haýallady. Seýlä seredende, eginleri gysylyp, bir çogdam boldy, ýuwaşja “Salam!” diýdi. Eli sowgatsyz bolansoň, dil bilen onuň baýramyny gutlamagyň gelşikli boljaklygyny, bolmajaklygynam aňşyryp bilmedi; näme diýjegini bilmän,ýerine geçip, ýüzüni aşak sallap oturdy. Onýança, Seýliň jorasy, Çynar gelip “Seýli, saňa näme berdiler?” diýip, jogaba garaşman, elindäki täzeje jübi kalkulýatoryny güjeňledi. Seýli sesini çykarman, biygtyýar ýüzüni aşak sallady we assyrynlyk bilen gabak astyndanTahyra seretdi-de, derrew ünsüni sowup, portfelinden bir zatlar gözlän boldy; öňündäki açyk kitaba güýmenen boldy...
Jaň kakylmagyna entek bäş-on minut bardy. Şadyýan çagalaryň ala-wagyrdysy, Tahyryň ýüregine düşüp başlady, göýä öz üstünden gülünýän ýaly, çym-gyzyl bolup ýere giräýjek bolýardy. Onuň kellseine birden bir ajaýyp pikir geldi we ýüzi ýagtylyp gitdi. Ilki penjeginiň, soň jalbarynyň jübülerini bir-birden barlaşdyrdy: “Içigar galmyş diýsäni”—diýip, her gün ir bilen berilýän puljagazyny, penjegini geýjek bolup durka, sagadyň ýanynda goýany ýadyna düşdi. “Ýadyň bar bolsun-la, atamyň ýatkeşligem meňkiden gowudyr” diýip, ol öz-özüne igendi.
Näme etmeli? Seýli kitap okan bolup oturyşyna, bolup geçýän hadysalary ýekänme-ýekän, gözleriniň gytagy bilen syr bildirmän, synlap otyrdy. Tahyr lapykeç bolup: “Ýeri, şu wagt şol pulum bolan bolsady, jaň kakylmanka mekdebiň dükanyndan bir zatjagaz alybam ýetişjek ekenim”. Onýança birinji sapagyň jaňy kakyldy. Tahyr gerdeninden agyr ýük aýrylan ýaly uludan demini aldy, ýöne şonda-da, ol meseläniň çözgüdiniň her hili görnüşlerini seljermegini dowam etdirdi, hatda mugallymyň düşündirýän sapagyna hem üns bermesini goýdy: “Indiki jaňda Şageldiden karzyna soraýyn” diýip, ol mugallymyny diňlän kişi boldy-da, ýene-de öz aladasy bilen gümra boldy: “Ýa, Seýliň sowgadyny dokuzynjy martda gowşuraýsammykam? Atam “hiçden giç ýagşy” diýýärdi.
Jaň kakyldy. Tahyryň haýal etmän Şageldiň ýanyna baryp boýnuny burup haýyş edişini, soň Azat bilen birnäçe sekunt gepleşip, ellerini silkip, synpdan ylgap çykanyny, ikinji sapagyň jaňy kakylansoň, onuň keýpsiz, boýnuny sallap ýerine geçip oturyşyny boýdan-başyna synlap oturan Seýliň oňa nebsi agyrdy.
Tahyr ikinji sapagy hem göwünli-göwünsiz geçirdi—ýoldaşlaryna gahary gelýärdi: “Edil şu gün hemmesi garyp düşäýmelimi, haýsyndan sorasaň puluny eýýäm sowup dynypdyrlar, awtobusa müner ýaly sähelçe teňňelerini galdyrypdyrlar...”
Tahyr ikirjiňlenip, näme etjegini bilmän, ahyry belli karara geldi-de, gyssagly synpdan çykyp gitdi. Ol ylgap barşyna mugallymlaryň otagyndan Oguljan Ýazmyradownany tapdy:
—Oguljan Ýazmyradowna! Men gyssagly öýe jaň etmeli.
—Hä, näme boldy—diýip, synp ýolbaşçysy ör-gökden geldi.
—Telefonyňyzdan atama til kakyp beräýiň-dä! —diýip, çaga özelendi.
—Häzir ballym— diýip, mugallym sumkasyndan jübi telefonyny çykardy-da, Tahyryň beren nomerini aýlap, telefony okuwçysynyň eline tutdyrdy-da, oňa howsalaly seretdi. Tahyr atasynyň “Allo” sesini eşiden badyna:
—Ata, bu men. Sen derrewjik meň krowadymyň baş ujundaky sowgatly haltajygy getirip gitsene, ýadymdan çykarypdyryn. Wiý, onsoňam, sagadyň ýanynda pulum bardyr ony hem alyp gaýt! —diýip, dymdy we atasyny diňledi-de:
—Ýok, ol kürüşge meňki däl, ony ertirki baýramçylygyny gutlap, synpdaşyma gowşurmaly—diýip, atasy bilen gürleşip durşuna, arasynda “hä-hawasyny” ýetirýärdi. Ahyryn: —Bolýar, alsaň alaý! Näçe wagtdan gelersiň? Hoş onda. —diýip, atasy bilen hoşlaşdy-da, telefony mugallymyna berip:—Sag boluň, Oguljan Ýazmyradowna! —diýip, ol mugallymlaryň otagyndan çykyp gitdi.
Tahyryň atasy üçünji sapagyň arakesmesine ýetişdi. Ol agtygynyň tabşyrygyny artygy bilen ýerine ýetiripdir—ýolda gül satylýan dükana sowulyp, ýaňy açylyp barýan çigildemleriň iki dessesini haşamladypdyr. Çemenleri agtygyna uzadyp durşuna:
—Me oglum, sowgadyň ýany bilen gül gowşursaň has hem gelşikli bolar—diýip, desseleriň birini agtygyna berdi. — A, bu çemen bilen bolsa mugallymyňy gutla!—diýip, ikinji çemeni hem uzatdy. Tahyr Seýliň sowgatlaryny gowşuryp, mugallymlaryň otagyna ylgady. Synp ýolbaşçysyna çemen gowşuryp, ýüregine gelen arzuwlary bilen mugallymyny gutlady:
—Oguljan Ýazmyradowna! Baýramyňyz gutly bolsun! Janyňyz sag bolsun! Elmydama meň ejem ýaly şadyýan boluň we hiç haçan kesellemäň—diýip, sägindi.
—Sag bol, köşek minnetdar! Beýdip azara-da galyp ýörmelem däl ekeniň-dä, ýönekeýje gutlag hatyny gowşurasam bolardy.
—Dogrymy aýtsam, Oguljan Ýazmyradowna, gül gowşurmagy atam maslahat berdi—diýen-de, mugallymalar gülüşdiler. Tahyr mugallymlaryň näme üçin gülýändiklerine düşünmedi we ýaýdanjyrap:
—Onsoňam,... —diýip sägindi. Mugallymlaryň bilesigeliji ýüzlerine gözüni aýlady-da: —Aý... —diýip, sözüni soňlamaga çekindi.
—Tahyr jan, çekinme-de aýdyber—diýip, synp ýolbaşçysy ony ruhlandyrdy.
—Oguljan Ýazmyradowna, bu meniň hususy haýyşym, ýöne synpdaşlarymam meň ylalaşarlarmyka diýýän.
—Gizlin bolmasa, aýdaý!.
—Biz Size juda ysnyşypdyrys, tä mekdebi gutarýançak, biziň synpymyzda galaýyň-da! —diýip, Tahyr mugallymynyň ýüzüne naýynjar seretdi. Mugallymlar ýene gülüşdiler. Oguljan Ýazmyradowna okuwçysynyň päk ýürekden eden duýdansyz haýyşyna birbada jogap tapman, haraý isleýän ýaly işdeşlerine göz aýlady we ýüzüniň gyzýanyny aňyp, derrew yzyna öwrüldi:
—Synpyňa baraý! Arkaýyn boluň, men sizi taşlap hiç ýere gitmen. Attestat alýançaňyz ýanyňyzda bolaryn—diýende, Tahyr:;
—Urra!-diýip, duran ýerinde böküp yzyna öwrüldi. Ol gapa ýetende, mugallymlaryň birini oňa “Ynha geljekki jentlmen!” diýen jümlesini eşidip ýetişdi.
Dördünji sapagyň arakesmesinde, Seýliň joralaryna sowgadyny görkezip duranyna gözi düşüp, Tahyr biygtyýar ýylgyrdy we şol wagt atasynyň: “Oglum, gyz-gelinlere terje gülden oňat sowgat ýokdur” sözleri ýadyna düşdi. Soň ol bu günüň şowlylygyna begenip, mekdebiň howlusynda “kowalaşdy” oýnap ýören oglanlaryň arasyna siňip gitdi.
Gijöýlän kakasy ejesiniň baýramyny gutlap, oňa ullakan bägül dessesini gowşurdy. Öý dabaraly baýramçylyk ýagdaýyna öwrüldi. Agşam baýramçylyk saçagynyň başynda ol kakasyndan:
—Kaka, jentlmen bolanda näme bolýar-aý?
Kakasy maslahat soraýan ýaly aýalynyň ýüzüne seretdi-de, ardynjyrap:
—Jentlmenmi? Jentlmen diýip mähirli, mylakatly, mährem, rehimdar, sahy, geçirimli edepli merdana adama aýdylýar. Onuň ýüz keşbi nurana, egin-eşigi päkize bir sypaýy, salyhatly adam-da—diýip, çemçesini okarasynyň erňegine goýup, dowam etdi: —Onuň hereketlerem gelşikli. Bir söz bilen jemläňde, jentlmen diýmek asylzada diýmek bolýar. Olar ýaly adamlar hakykatdanam durmuşda ýygy duşýar, howaýy däl.
Tahyr kakasynyň suratlandyrýan adamsynyň keşplerini tanyş adamlarynda seljerip otyrka, sanalan häsiýetleriň aglabasyny atasynda bardygyna göz ýetirdi: “Onda meň atam asylzadalaň hataryna girýär-dä!?” diýip, oýlandy-oýlandy-da, morta soragy orta atdy:
—Onda atam howaýy däl-de, hakyky, asylzada-da? —diýip soranda, atasy jogaba derek “loh-loh” güldi, onuň gülküsine beýlekilerem goşuldylar. Agtygynyň içi jogaply soragyna enesi makullaýjy jogap gaýtardy:
—Seň ataň asylzadalaryňam hakyky nusgasy—diýip, atasynyň öňüne ikinji nahary goýup durşuna agtygyna ýüzlendi. —Hä, köşegim ony näme üçin soradyň?
—Ol sözi mekdepde mugallymlaryň birinden eşitdim we düşünmedim—diýip, soň kakasyndan sorady: —Kaka, sen hem jentlmenmi? Kakasy duýdansyz soraga şobada jogap bermän, oýlanansoň:
—Ony men bilemok oglum. Ol “dereje” jemgyýetiň köpsanly pikiri esasynda kesgitlenilýär. Ýöne men hem ataň ýaly asylzada boljak bolub-a dyrjaşýan—diýende, oturanlar hezil edip gülüşdiler.Tahyr öz oý-pikiri bilen gümra boldy. Atasyna kybapdaş hüý-häsiýetlerini deňeşdirip otyrşyna: “Atama meňzeýän ýerlerim bar eken-ow!” diýip öz ýanyndan hoşal boldy.
Bagtyýar, şadyýan maşgala bahar baýramçylygyny sagalaňly geçirdi.
Şol baýramçylykdan soň, Tahyr her ýyl, bahar baýramynyň öňüsyrasy atasy bilen gül dükanynda her dürli güllerden bogulan çemenleri saýlap, terligini saklar ýaly öýüň salkynjak ýerinde ýygşyryp, ertirki baýramçylyga ykjam taýynlyk gördüler.


©Kakajan Balkanow
2017 ý.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 108 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 1.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 sussupessimist • 10:11, 28.06.2024
"Ony men bilemok oglum. Ol “dereje” jemgyýetiň köpsanly pikiri esasynda kesgitlenilýär..."

gahrymanlar radiotekst bilen gepleýän ýaly
avatar
0
2 Мango • 11:32, 28.06.2024
salam Kakajan aga.
bellik etmäge rusgsat ediň.

Seýliniň synlamagyna kän üns çekdiňiz öýdýän:

1) ..Seýli ...bolup geçýän hadysalary ...syr bildirmän, synlap otyrdy.

2) Tahyryň ...Şageldiň ýanyna baryp ...haýyş edişini, soň Azat bilen ...gepleşip ...synpdan ylgap çykanyny, ikinji sapagyň jaňy kakylansoň, ...boýnuny sallap ýerine geçip oturyşyny ...synlap oturan Seýliň oňa nebsi agyrdy.

---

Tahyryň sapak diňlemezligine-de bir sözlemde  iki gezek gaýtaladyňyz öýdýän:

Tahyr ...hatda mugallymyň düşündirýän sapagyna hem üns bermesini goýdy: “Indiki jaňda Şageldiden karzyna soraýyn” diýip, ol mugallymyny diňlän kişi boldy-da, ýene-de öz aladasy bilen gümra boldy...

---
hekaýaň gurak resmi dilde ýazylan ýaly... 

"Tahyr atasynyň “Allo” sesini eşiden badyna:
—Ata, bu men. Sen derrewjik meň krowadymyň baş ujundaky sowgatly haltajygy getirip gitsene, ýadymdan çykarypdyryn. Wiý, onsoňam, sagadyň ýanynda pulum bardyr ony hem alyp gaýt! —diýip...

şu ýerde: – Ata, sowgadym öýde galypdyr, pulumam ýadymdan çykarypdyryn. Krowadamyň ýanyndadyr, getirip bilmermiň... -diýen ýaly çagaň aýdaýjak sözlerinde aýdylsa gowy boljak ýaly...

1 ýyzzyl.
avatar
0
3 Балканов • 21:47, 29.06.2024
"Каждый имеет право высказать свое мнение в воздух"
Ф. М. Достоевский.
***
Вы тоже правы.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203