17:27 Seni ýatlap | |
SENI ÝATLAP Indi hiç zat ýüregimi gozganok, Ýer ýok onda şatlyga-da, gama-da. Düýn gowy dostumyň kyrkyny sowdum, Bu günem bir toýda boldum tamada. Dünýäniň şowhuny azalan ýaly, Ýekelik höwesi aňyma ýaýran. Edil häzir jaýlar uçup gitse-de Ahmal, men şoňa-da galmaryn haýran. Her zat boljak eken ýagty dünýäde, Bolman biljek eken, bolmaly zadam. Hergiz ýazgydyndan närazy bolsa, Ýürekdeş dostuny küýseýär adam. Menem seni küýsäp, meýdana çykdym, Çopantelpekleri söýdüm, ysgadym. Şolara-da ýaman nebsim agyrýar, Olaryňam galan ömri gysgadyr. Çünki, ýene güýz gelipdir äleme, Çygly şemal kän öwüsýär ilerden. ...Seň bile sary gül ýygardym weli, Uzakda sen gülüň parhyn bilerden. Çary ÝEGENMYRADOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |