TÜRKMEN EDEBIÝATY


13:01
Çopan

Ol ýönekeý çopan,
türkana çopan,
Gülli Garagumda erkana çopan.
Ýok onuň diplomy,
ýok ýazan tomy,
Ýok, çopan asmanyň astronomy.

Sagady, kompasy — asmany
oňa
Ýel salgy biýr ýyldyzlary agaryp.
Onuň depesinde asmany dursa
Ýitmezem ol,
gitmezem ol azaşyp.

Şapakdan, ýyldyzlaň durulygyndan,
Gijeleriň eýmenç garalygyndan,
Ýeliň gara bulutlary kowşundan,
Ol ertirki howaň tutumyn aňar,
Günüň batyşyndan,
Aýyň dogşundan.

Tüssesinden, mör-möjegiň sesinden,
Agyr dymyşyndan ýalaňaç gyryň,
Goýunlaň manyly göreçlerinden,
Açar tebigatyň saklaýan syryn.

Ol ýönekeý çopan,
türkana çopan,
Kesbine bagş eden paýhas-aňyny.
Tebigatyň iň ajaýyp synçysy,
Tebigatyň iň ajaýyp alymy.

© Nobatguly REJEBOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 34 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Teg: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Kyyas • 17:47, 25.11.2023
Hakyky çopanlaryñ köpüsi şeýle bolýar. Bir goñşym ömrüne çopan bolan sagat sorasañ minudyna çenli güne seredip aýdardy.çöle gidip sygyr bakdyk welin gijänin içinde ol guýudan oña ýol tapyp barardy. Ýa da gar ýagjagyny ýagyş ýa ýel boljagyny aýdardy.
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE