TÜRKMEN EDEBIÝATY


04:13
Dahylsyz jeza / hekaýa

DAHYLSYZ JEZA

«Nätmeli?.. Ýa... ýa-da... ýa bolmasa...» ýaly «ýa»-lardan düzülen başly-barat sowallar ony soňky döwür halys usurgadyp, enter-pelegini öwrüp taşlapdy. Ýaşajyk beýni ikuçsuzlygyň, üzlem-saplam pikirleriň garşysyna göreşmekden ejiz geldi. Howurly duýgular juwan ýüregi daglap-daglap aldy. Şeýle halatlarda ol uludan dem alanynda, agzyndan-burnundan ýalyn çabraýardy...
Ýogsa näme, epeý adamlary aldym-berdime saljak beýle ýagdaý Gaýrat ýaly heniz ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik ýigdekçä eýgertjekmi diýsene?! Eýgertmedi... Şol sebäpli ol bir gün aýgytly karara geldi. Şol kararyň durmuşa geçmegi üçin oňa şahsyýetini tassyklaýan resminama gerek. Onuň wagty hem basym dolmaly. Onsoň...
Onsoň Gaýrat başyny alyp gider. Gaýdyp, bu obada ýüzüni sallap, egnini ýygryp, özüni müýnli duýup, namys astynda ýegşerilip gezmeli bolmaz. Hiç kimiň ony, onuňam hiç kimi tanamaýan ýerinde ýazylyp-ýaýnap ýaşar. Gijelerine hopugyp oýanmaz. Gündizlerine-de bir işjagaz tapsa, şoňa güýmener, aňynda köwsarlaýan alaçsyz pikirlere üns bermäge-de eli degmez. Ýogsa-da, dogduk obasynda durmuşyň al-ýaşyl güljagazlaryny çirtip ýaşamaly halyna, haýsydyr bir ýat iliň, keseki adamlaryň gujagyna janhowluna özüni urmagynyň sebäbi näme ýa-da sebäpkäri kimdir öýdýäňiz?! Elbetde, ony dokuz aýlap dar garnynda göterip, giň dünýä getiren, iýdirip-içirip, zada zar etmän, ekläp-saklan ejesi. Heý, ene-de bagryndan önen balasyny beýle ýowuz ýola atararmy diýsene?! Atarjak ekeni...
Sapargülüň ganynda aýagyny gyşyk basmak häsiýeti öňdenem bar ekenmi, ýok ekenmi, belli däl, ýöne janyndan eý görüp, ölüp-öçüp baran adamsy mundan iki ýyl ozal ýürek agyrydan ýogalansoň, sarpasyny saklap ýyly geçinçä dek gezdi. Şol döwrüň içinde-de assyrynlyk bilen pully, maşynly erkegiň ugruna çykdy. Çaky, niýeti hem oral aýal bolmanka, ýaşlygyň hezilini görmek, hemem üç ýetimege hossar tapmak bolmaly. Her kim yhlas bilen haýsy işe ýapyşsa-da, hökman netije gazanýar. Ine, Sapargülem «ýitigini» tapdy. Özem şäherden. Ilki-ilkiler käte bir obadan çykyp gitse, soňabaka şäherlik aladalary artyp ugrady. Ýaňy işşekçer jahyl çykan Gaýratyň ýüreginde bolsa nähilidir bir otjagaz köräp başlady. Ahyrynda ol ejesinden:
– Soňky döwür şähere kän gatnaýaň weli, eýgilikmi? – diýip sorady.
– Wah, oglum, şu çaka çenli iş gözläp barmadyk gapym galmady. Ahyry bir ynsaply kişi işe aldy. Düýn-öňňinlikde şoňa başladym. Saňa-da aýdaýyn diýip ýördüm...
Bu sözleri eşidensoň, hälki otjagaz ýylp-ýylp edip, bir sönen ýaly etdem-le, ýöne, ymmata sygmajak wejeralyk kiçijik oba sygjakmy diýsene. Sygmadam, oba arasyna gepem ýaýrady. Birki sany synpdaşy-ha Gaýratyň ýazzy maňlaýyna bu gara tegmili bazyrdadyp basdam. Şonda hälki otjagazam uly alawa öwrülip, ýaşajyk ýüregi jazyrdadyp aldy. Soňam sary dillerini ýalmandyryp, ýokarlygyna süýşüp bardy-da, gögele beýnini lasyrdadyp gaýnatdy. Käte-de gözüniň hanasynda bugaryp, dulugyndan syrykdy.
Balasyna beýle belany az gördümi, nämemi, Sapargül bir ýyl geçip-geçmän, garnyny gäberdip ugrady. Gaýrat şony duýanynda, gaty erbet boldy. Başda näderini bilmän, gözüni mölerdip, obanyň ilersindäki depelige aňkarylyp durdy. Birdenem, şol tanyş ot bu gezek duýdansyz dabanyna basylan ýaly, gitdi ýüzin salyp, hälki aňalyp duran tarapyna. Gün batyp, garaňky mazaly gatlyşansoň, gözlerini çişirip yzyna dolandy. Şol pynhan ýerde ol öz-özi bilen arkaýyn iç döküşip, dertleşen bolsa gerek, gije sarsman ýatdy. Ýöne daňdana golaý hopugyp oýandy. Birsellem gözüni petige dikip ýatdy-da, zöwwe ýerinden galdy. Hasanaklap barşyna, içki jaýyň burçundaky könelişen sandygyň gapagyny açdy. Onuň düýbünden bilek boýundan sähel ulurak gara bir zat çykardy. Ol Gaýrata kakasyndan ýadygär galan, daşyna gaýyşdan gyn geýdirilen uzyn gama. Gaýrat garaňky jaýda ony ýalpyldadyp, jigileriniň ýanynda dünýäden bihabar ýatan ejesine tarap dogumly ädimläp ugrady. «Wah, sendenem, garnyňdakydanam bir dynaýyn-la... Bir içimi sowadaýyn-la...» Ýöne perzentlik söýgüsimi, dözümsizlikmi, haýsydyr bir güýç onuň badyny aldy. Ol atylyp daş çykdy-da, gitdi ýene şol depelige tarap... Ine, şol ýerde-de aýgytly karara geldi. «Gideýin, owarra bolup gideýin. Şol heleýi görmäýinem, köýmäýinem... Hiç kimiň gyjalatly bakyşam gözüme ilmesin, içi güjükli sözünem eşitmäýin... Bir pasportymy alsam bolýa...»

***


– Inim, aý, inim! Tur, hany, ýedi ýoluň üstünde beýdip ýatma!
Gaýrat gözüni açyp seretse, ine, egni ak köýnekli, aýagy giň balakly, eti-gany ýerinde, ýaşy ortadan agan bir pyýada üstüne abanyp dur. Çalarak ýylgyrýaram. Gaýrat içine gum dykylan ýaly agralyp duran kellesini zordan galdyrdy. Ýaňky adam sözüni dowam etdi:
– Gijäň ýary aýlanamda-da ýokduň weli, daňdanky otludan düşdüňmi? Nireden geldiň, barara garyndaşyň-beýlekiň ýokmy?
Gaýrat onuň sowallaryny jogapsyz goýdy.
– Düş-ş-nükli. Men, inim, şu gapdaldaky edarada garawul. Adym Nepes. Häzir beýleki ýoldaşym gelmeli. Ismen çalşaýyn, onsoň bile öýe gideris, çaý-nahar edineris, bolmaýamy?
Gaýrat bu gezegem oňa jogap bermedi.
Garawul sözünde durdy. Ol Gaýratyň haýyna-waýyna bakman, yzyna tirkäp, awtoduralga bardy-da, köneräk ulagyny otlady. Gaýratda-da ulagyň bagažyna ýüklärlik goş ýok. Elindäki tutawajy süzülip, üzülere gelen köne pakedini kel towugyň üstüne ýüklände-de, barjak ýerine çenli emgenmän äkidip biljek. Gaýrat ýolda Nepes garawulyň birsydyrgyn ýagdyrýan sowallaryna ahyry jogap bermeli boldy. Özüniň ýer urup-ýerde galan ýetimdigini, mekdebi ýaňy-ýakynda gutarandygyny, şähere-de iş gözläp gelendigini aýtdy.
Ulag şäheriň etegrägindäki giň howluda sägindi. Kaşaň bolmasa-da, heniz-henizler birki nesli arkaýyn gujagynda ýaşadyp biljek kiçeňräk öýden ýüzi awulyk bilen suwalan ýaly bir hyrsyz aýal çykdy. Ýaňky sypaýy adam bilen şu aýalyň mäşi bir gazanda gaýnaýar diýseň, kim ynanjak?! Ol Gaýratyň maňlaýyndaky göze görünmeýän gara tegmili, ýa-da obadan yzyna tirkäp getiren namys kölegesini gördümi, nätdimi, bir düşekden örmedigem bolsa, ärine salam bermän, asyl ýüzüne-de seretmän, tosaň-tosaň edip, hol beýlerekdäki aşhana girip gitdi. Nätanyş ýigdekçäniň beren salamynam almady. Ýa-da Gaýratyň ysgynsyz çykan sözleri onuň gulagyna baryp ýetmedimikä?..
Nepes aýalynyň garasöýmezligini ýuwmarlamakçy bolýan ýaly gülümsiräp, Gaýraty öýe çagyrdy. Gapydan gelen baý bolsun, gedaý bolsun, parhy ýok, myhman – myhman bolýa. Nepesiň aýaly hernäme-de bolsa, şuňa-ha düşünýän eken. Ýüzünden gar ýagdyrsa-da, kän garaşdyrman çaý-nahar getirdi. Öý eýesi nahardan soň söze başlady.
– Inim, käte çakyň ýalňyş çyksa-da, köplenç adamy daşky keşbinden tanap bolýa. Menem seni görenimden, «Erbet oglana meňzänok» diýipdim. Özüň barada gürrüň bereňsoň-a, hasam kömek edesim geldi. Meniň gurluşyk firmasynda işleýän bir tanşym bar. Arada işçi gerek diýipdi. Isleseň, häzir jaň edip, sorap göreýin. Ýer bar bolsa, şol firma işe dur. Belki, ýatyp-turar ýaly ýerem bererler. Galanynam, näme, görübiris...
Ol tanşyna jaň etdi. Firma işç-ä gerek ekeni-de, ýöne bolara ýer ýok ekeni. Onsoň Nepes «Häzir gelýän» diýip turup gitdi. Emma onuň özüne derek, gapynyň aňyrsyndan aýalynyň şaňňy sesi geldi.
– Näm-e-e... Niräniň nämesidigi belli bolmadyk gelmişegi öýüňe goýberjek bolýaňmy? Näme, senden başga oňa hossar çykjak gapylypmyşmy? Myhman diýip syladyk, besdir, nireden getiren bolsaň häziriň özünde şol ýere äkit. Onsuzam öz derdimiz başymyzdan agdyk. Iýjek çöregimizi zordan tapýas...
Nepes aýalynyň dilini tapdy.
– Bolmasa, kepderi ketegiň gapdalyndaky kümäni kireýne beräýeli-le... Neressäniň ene-atasy ýok... Basym işe-de başlaýar. Hem saňa-da bäş köpük bolar, hä?
Bu sözler eýesiniň agzyndan gaty pessaý çykansoň, Gaýrat eşitmedi. Kän wagt geçmänkä gapydan Nepes girdi ýylgyryp.
– Inim, ters düşünmeseň, saňa ýatar ýaly ýerem bar. Gel, hany... – Ol bosaga baryp, howlynyň aýagujragyndaky daşyna diňe saman suwag edilen, edil Gaýratyň özi ýaly, bir çetde kibtini gysyp oturan horaşaja kümä tarap barmagyny çommaltdy. – Hana, şol tamjagazy görýäňmi? Şonuň daşyna-içine serederis welin, allanäme bolar. Isleseň, şol ýerde bolaý. Puluňam gerek däl...
Gaýrat çalarak baş atdy. Şondan soň olar tozup ugran kümäniň içini süpürip, daşyny agardyp, sana saldylar. Gaýrat şol ýere ýerleşdi. Ýerleşdi diýýänim, ýeke pakedini kümä äkidip saldy, bolany. Nepes bolsa Gaýratyň täze goňşularynyň gapysyny –– kepderi ketegiň agzyny açdy. Olara iým berdi. Guşlar daşaryk çykyp, Gaýratyň ýüzüne seredişýär, hamala «Hoş geldiň!» diýýän ýaly, täsin guguldaşýar. Käbiri bolsa pasyrdap göge galýar-da, hojaýynlarynyň adaja sykylygyna goşulyp, howada öwrüm edýär, aşyr atýar. Gaýratyň, ine, şolara gözi gitdi. «Baý, hezildir-aý. Şeýdip, ýekeje gezek asmana göterilägede, ýeri synlasaň, hiç kime, hiç zada bagly bolmasaň. Sütüniň süýnüp ýadaýançaňam, ganat kaksaň, gytaklap-gönüläp, aşak-ýokaryk keýp edip uçsaň, erkana ýaýnasaň...»
Ol ertesi irden ömründe ilkinji gezek işe çykyp gördi. Adatça, şeýle ýagdaýlarda tolgunylýandyr welin, Gaýratda beýle bolmady. Firma ýetip barýarka, kalbyna diň saldy. Ýumruk ýaly et şol hemişekisi ýaly gürsüldäp, öz işini berjaý edip dur. Gaýraty kileň özi ýaly ýaş oglanlardan düzülen topara eltdiler. Toparbaşy hem ýaş ýigit eken. Gaýrat ony göreninden tanady. Ol obada gylyksyzlygy, gepçiligi bilen ýakasyny tanadan, ýöne soňky döwür aýda bir garasyny görkezip, «Men şäherdäki firmalaryň birinde ýokarrakda otyryn. Işe girjegiň «guk» diýäýsin» diýip paňlaýan Gurban. Durmuşyňam namart taraplary kän-ow. Näme üçindir, şolar ýaly nalajedeýinleriňki şowlap, öz-özünden işi ugrugyp gidiberýärkä? Onsoňam ol, gel-gel, Gaýratyň maňlaýyndan toparbaşysy bolup çykaýmalymy? Toparbaşy it ýylgyryşyny edip, täze gelen ýigdekçäni garşy aldy.
– O-how, obadaş! Sen nädip düşüp ýörsüň bu ýerlerik? Adyň näme-dä seň?
– Gaýrat.
– Inijik, sen gaty arkaýyn işläber. Ine, arkaňda dag ýaly bolup Gurban akgaň durar.
Şondan bir hepde soň Gaýratyň «Gurban akgasy» oba gidip geldi. Ýöne boş gelmedi. Gep getirdi. Getiren gepinem ur-tut toparyndaky oglanlara deň-derman paýlady. Oglanlaryň käsi Gaýrata nebsagyryjylyk bilen seretse, käbiri kinaýaly garady. Sähel sözi azaşanda, «Bar-eý, ejeňi oňarsanaý...» diýip, bir-ä ony ýagşyja duzladam. Obadan gaýdyp, ýazylganlyga çykandyryn öýden ýigdekçe, megerem, ýalňyşan eken. Gaýta, öňden bäri ýanyp duran alaw barha öjükdi, ýaş bedeniň içinde baran ýerini çürüşdirip taşlady. Gögele beýnini öňküsindenem beter lasyrdadyp, kelleçanagyndan çogup çykara getirdi. Şeýle halatlarda Gaýrat näderini bilmän kösenýärdi, kelebiň ýaňy tapylyp ugran ujuny ýitirip, iki-baka elewreýärdi. Gözüne hemme zat, her kim ony kemsidýän ýalydy. Hatda kepderilere näme diýjek?! Şolaram soňky günler adamlaryň nazarynyň ýetmeýän ýerine, bulutlaryň aňyrsyna çümüp-çykyp ýörüşlerine, ýigdekçä erkanalygy güjeňleýän ýaly. Gaýrat gözüni alardyp, olara gyjynýar, gaýybana haýbat atýar.
Şunça ezýet azlyk edýän ýaly, Gaýratyň ýene bir ýagysy artdy. Ýok, ol öňdenem bar ekeni-de, Gaýrat täzelikde bildi. Nepesiň aýaly onuň köne kümä ýerleşen wagtyny barmak büküp hasaplap ýördi ahyry. Ine, ertir-birigün tegelek bir aý dolýar. Wagty bir dolsun, alman näme, öýüň bikesi kireý puluny ojagaz obalynyň garajygyna basyp alar.
Ol şol gün agşam işden halys surnugyp, süýegini zordan süýräp gelýän oglanyň öňünden çykdy-da:
– Aýuw, gelmişek, eşidýäňmi? Ertir wagtyň dolýandyr. Jaýyň puluny tölemelisiň... – diýdi.
Gaýrat aňk-taňk boldy. Gany depesine urdy. Ýöne sesini çykarmady. Soňky döwür günsaýyn möwç alýan ot eýmenç ýalna öwrülip, onuň ýüregini kül etdi.
Ertesi Gaýrat işe barmady. Hiç ýerde-de tapdyrmady. Gördüm-bildim diýýänem ýok, gürüm-jürüm bolupdyr. Gurban obasyndan hem habar tutdy. Barmandyr...
Ýöne şol gün Nepes iým bermek üçin ketegiň agzyny açanynda, dyr-pytrak bolup ýatan, käbirleriniň ýüzünde gan tegmilleri doňup giden ýelekleriň arasynda boýny sogrulyp taşlanan kepderileri gördi...

23.07.2017

© Ahmet MELE
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 171 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Ahmet Mele | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 16
avatar
0
1 Şyhyýew • 17:43, 08.04.2024
Okap barýarkaň "düşünişilýän" hekaýa. Gyzmaçlyk etseň gynyňy kesdirjek, dyzmaçlyk etseňem dyzyňy döwdürjek. Gowy. Ýöne, hekaýaň dowamynda, ik-üç ýerinde sowaly okyjyň özüne goýýan ýerleri bar. Belki, hekaýa ýazmakda beýnimdäki düşünilmeýän yzygiderlilikdir olaram. Mundan çykyp Sapby kepderilerde düşlesegem bolar.
avatar
0
2 Nurdan • 18:40, 08.04.2024
Kepderiler-a düşünikli, Gaýrat özüni nirä ýitirdi?
Nepes daýy giñ adamiken, aýaly şoñ ýaly gohlap jogap berende çydap durup bilýan bolsa))

Gaýratyñ ejesi bolman indemedemmi o çagany? Ýa ýalandan aglan boldumyka tapmadyksiräp.
Onnañam ilki sapargül "aýagyny gyşyk" basyp ugranyndan oba diñe gep edip oturypdyr-da, heý obañ içinden ýa daşyndan sapargüle "häýt" diýip biljek dogan-gardaş, ýa gaýyn tarapdan şeyleräk biri hossar çykmadymyka? Ýa ýerden ýeke çykanmyka ölen bende-de, sapargülem. Ne bir Gaýrat oglanjygyñ geljegini ýakjagy belli ahyr enesi şeýle bolup çyksa. Daşyndan howpurgan tapylmandyr hekaýada ol Gaýrat we jigilerine.

Balasyna beýle belany az gördümi, nämemi, Sapargül bir ýyl geçip-geçmän, garnyny gäberdip ugrady. Gaýrat şony duýanynda, gaty erbet boldy.
şu ýerinde "Gara goh"-daky perzendi bolmaýan geliniñ zeýrenji ýada düşdi...

Sorag döredýan ýerleri bar öz-a.
avatar
0
3 Aýgül_Baýadowa • 20:28, 08.04.2024
Ahmet Alyň aryny, gör, nämelerden çykaraýypdyr...
avatar
0
4 garagar • 00:34, 09.04.2024
Ahhhhh, Gaýrat!
Kepderilere gynanalymy,gana boýalan eliňe?
avatar
0
5 garagar • 00:35, 09.04.2024
"Balasyna beýle belany az gördümi, nämemi, Sapargül bir ýyl geçip-geçmän, garnyny gäberdip ugrady. Gaýrat şony duýanynda, gaty erbet boldy.
şu ýerinde "Gara goh"-daky perzendi bolmaýan geliniñ zeýrenji ýada düşdi..."

Gowy sepläpsiňiz. Asylam iki hekaýa bir günde ýönelige goýulan däldir.
avatar
0
6 sussupessimist • 05:54, 09.04.2024
Yok, hekaylar onuň yaly many berlip goylanok. Hersi ozbaşdak eser. Ikisini ara bir gun wagt salyp paylaşdym. Yone yazylanynda-da arasynda 3-4 yyl bar

Ahmet bu hekayasynda Merdan Bayadyň mellegine ayak basyar. Gundelik durmuşda kan duşyan, emma gozumize ilmeyan tipiki gahrymanlary gozlemek şoň doredijiligine has mahsus. Gayrat – edil Sapby Kepderi diymayin (ol yerde başga, özboluşly, bir töwra tip bar), yone Merdanyň "Arzuw" hekayasyndaky Makgy bilen "hossar" bolmagy ahmal.
Esasy umumylyk – adamyň ykbalyny onuň gelip çykyşynyň (sredasynyň) kesgitlemegi.
Gayradyňky çüwmedi, şonuň üçin baran yerinde-de gep getirjek köne obadaşlar oňa mydama duşar durar, "yerini" yatdan çykaryp, çala özüni görkeziberdigi - yatladarlar.
avatar
0
7 sussupessimist • 06:26, 09.04.2024
Eseriň esasy maksadam şeyle tipiki gahrymany doretmage synanyşykmyka diyyan (munuň awtora naderejede başardanyny her okyjynyň ozi kesgitlesin). Esasy zat – şo soraglary orta atmak. Gayrada soň name bolupdyr, ejesi ony gözläpmi ya idemänmi... bu zatlary awtor konkretleşdiren bolsa – waka bir kişiniň şahsy terjimehalyna owrulerdi. Ahmet bolsa oz gelip çykyşynyň tayyarlan nesibesine gahar edip, oňa kayyl bolmakdan yüz owrüp, jemgyyetde özüne başga orun gozleyan gatlagyň ortaça bir gahrymanyny görkezmage synanypdyr. Hemem bizi – kopçuligi duydurjak bolyan yaly: "Serediň, muny çüňke direseňiz – ondaky onsuzam bagry köyüp/tütäp, içinde köräp duran ody ayylganç yalna owrersiňiz" diyip.
Onsoň ejesiniň garnyndan gama salmakdan saklansa-da (ol gamaň namysjaňlygyň alamaty kibi kakasyndan miras galmagy ayratyn mesele), indikide dahylsyz guşlaryň kellesini sogurmakdan saklanyp bilenok.
Aslynda – guşlary şeytmegini bellibir derejede Gayratyň ozboluşly suisidi (ozuni oldurmegi) hokmunde-de kabul etse bolar. Ol kepderileriň, beyle jeza başyndan iner yaly, dörän yagdaya kan bir dahylam yok. Gayratyňam çekmeli bolyan namysyna, ka yagdayda sezewar bolyan asgermezlige dahylynyň bolmayşy yaly. Garaz, şol kepderiler – Gayratyň ozi.
– Siz meni öye (jemgyyete), has dogrusy ketegiň gapdalyndaky "tozup ugran kümä"-de sygdyraňzokdämi... bolya... indi akja kepderiňiz öldi....
avatar
0
8 Nurdan • 06:34, 09.04.2024
Sapbyñ adynyñ yzynda kederi bolany bilen Gaýrat ikisiniñ ýagdaýynda uly tapawut bar. Sapby adynyñ yzyna kepderini nädip gazandyka, Gaýrad-a olaryñ erkinligine "içi ýanyp" "boýnuny sogurdy", elini gana bulady... belki tutuş ömrüni bulady.

Emma Makgy bilen Gaýratyñ görgüleri bir bolmagy ahmal.
Daşary ýurtda okaýan, üç otag jaýly... talyp bolmak arzuwy... özüni özi aldap ýörmegi nähilem bolsa başyny bir çykgynsyz ýagdaýdan başlap soñam köýenje arzuwlaryna ýalanam bolsa "çoýunyp" ýören Makgy Gaýratyñ ýagdayyndaky oglan bolup biler.

"Gara goh" - da geliniñ zeýrenji sapargül ýalylary ýatlatsa-da, gahrymany Gaýraty ýatlatmady. Ol başga duýgy. Alla hiç kimi perzentsizlik bilenem, perzent awusy bilenem synamasyn.

Sapargül ýalylara welin näme diýip näme aýdarsyñ... Beýle "ene" hijem ilki başdan ene bolmaz
bolsady diýäýmeseň...
avatar
0
9 Nurdan • 06:53, 09.04.2024
6-njy teswirden soñ ýazyp başlapdym 7 ýokdy-da, nädip 8 boldy teswirim))

Gaýratyñ ejesi bolman indemedemmi o çagany? Ýa ýalandan aglan boldumyka tapmadyksiräp.

Awtor olary aýtmadygam bolsa (aýtmagyna gerek ýogam bolsa) okyjy bu soraglara okap otyrka öziçe jogap agtaryp otyr. Bilmedim awtora bu üstünlikmi ýa dälmi, emma şeýle sowallar döredip bilýar hekaýañ barşynda okyjyda.
avatar
0
10 hanturebs • 20:42, 09.04.2024
Köçeden tapan, öýüne getirip naharlan, başyny atyp ýatara ýer beren, işli eden we aýlyk-günlügini alýança çaý-çöregine seredip hossar çykan we ýene-de bigünäsizçe kepderilerini öldürmeklik arkaly eden ýagşylyklaryna sag bolsunyny alan özi bolaýýamy?! "Kyssadan hyssa" diýlişi ýaly her bir köçede ýatany yzyňa süýräp öýüňe getirip hossar çykjak bolup durmaly däl diýen ýaly moral çykaraýmaly bolýar öýdýän bu hekaýadan?))
avatar
0
11 sussupessimist • 11:04, 10.04.2024
Hanturebs, gowy moral çykarypsyň eserden... hemem gyzykly meselä çyra tutupsyň.
Şuňa meňzeş ýagdaý Gýugoň "Ýekirilenler" romanynda bar (Отверженные, Sefiller, Les Miserables). Aç ýegenlerini naharlamak üçin çörek ogurlanlygy üçin ençeme ýyly tussaglykda oturyp çykan Žan Walžana hiç kim kömek edesi gelenok, gaýtam baran ýerinden kowulyp ýör. Şonda oňa ýekeje adam - bir ýagşyzada ruhany hossar çykýar. Iýirýär-içirýär, ýatmaga ýer berýär... ýöne beýle ýagşylyga öwrenişmedik, gadyrbilmez Žan (şol gijäň özünde öýdýän, anyk ýadyma düşenok, okuwçykam okanym) ýaňky ruhanyň öýündäki kümüşden ýasalan birgiden gap-gaçlary ogurlap gidýär. Ýolda polisiýaň eline düşýär, olaram ony urup-ýenjip, arkasyndaky haltasy bilen bilelikde ýaňky ruhanyň öýüne getirýärler... emma ruhany...
dowamyny bilesiňiz gelse, romany okaň)))
Ýöne bu mysaly getirmegimiň sebäbi: belki, bu "Dahylsyz jezadaky" Nepes aga ýagşylyk edeninde - ýeterlik eden däldir? Bir ýagşylyk etseň - doly et, soňunda dur... diýen ýalyrak many çykarmaly bolaýmasyn? Kiçijik şazadaň: "Мы все в ответе за тех, кого приручили" diýşi ýaly...
avatar
0
12 hanturebs • 16:10, 10.04.2024
Soňky döwürler köp gabat gelýän kino senariýalarym "Hemmämiz birimiz üçin, birimizem özi üçin" görnüşindäki senariýalar. Hasam hindileriň "12-я неудача" kinosynda "me saňa" diýip, gowy görkezlipdir.
"Hemmämiz birimiz üçin, birimizem özi üçin" kinolaryň senariýalary nämeden ybarat? Gaýrat ýaly bir wakanyň baş gahrymany bolan bedalaganyň uly bir maksady bar, munuň maksadyny amala aşyrmana kinodaky ýakynu-ýat ähli gahrymanlar oňa kömek edýär, şeýdibem Gaýrat ýaly baş gahrymanyň roluny ýetirýän bedalaga maksadyna ýetip kino tans-aýdym-saz bilen tamamlanýar. Kinoda hemme kişi baş gahrymana kömek edýär, hemmäniň yhlasy puç bolmasyn diýibem baş gahryman maksadyna ýetip kino toý bilen tamam bolýar. Bu hekaýada näme bolýar? Nepes Gaýrata kömek goluny uzadýar, köp kişiň görkezip bilmedik gaýratyny görkezýär, köçeden öýüne ýygnaýar, naharlaýar, öý berýär, iş tapyp berýär, hossar çykýar, olam kiçikäm sallançakdan gaçdym men diýip, Nepesiň kepderilerini öldürip gidýär. Bizem bärde Nepes ýeterlik kömek edip bilmedi, Nepes Hatamtaý ýa Isa bolup bilmedi diýip, intägem Gaýrata nebiagyryjylykly garamagymyzy dowam edýäris. Gaýrat näme etdi ýa şol kinolardaky baş gahrymanlar näme etdi başga kişilerden jinnim ýalyjak kömege mynasyp bolara? Hiç zat. Diňe bir hekaýaň ýa kinoň baş gahrymy boldular diýmeseň.
avatar
0
13 Aýgül_Baýadowa • 17:01, 10.04.2024
Gurt çagasyndan ekdi bolmandyr-da, garaz...
avatar
0
14 aygull • 18:55, 10.04.2024
Hernä öldürilýänleriň kepderiler bolmagynda üýtgeşik bir hikmet ýokdur-la?
avatar
0
15 sussupessimist • 18:55, 10.04.2024
Bizem bärde Nepes ýeterlik kömek edip bilmedi, Nepes Hatamtaý ýa Isa bolup bilmedi diýip, intägem Gaýrata nebiagyryjylykly garamagymyzy dowam edýäris.

Ony biz diyemzoklay, Hanturebs. Men diydim diňe. Şahsy garayşym şeyle meniň. Isleseň, yazgar Gayraty, suwa salym edip ur, yençgile..:)
Meň diyyanim, Nepes ony oye getirende, ayalyna: "Bolmasa, kepderi ketegiň gapdalyndaky kümäni kireýne beräýeli-le... Neressäniň ene-atasy ýok... Basym işe-de başlaýar. Hem saňa-da bäş köpük bolar, hä?" diyyär.
Soňam Gayratyň özüne:
"Inim, ters düşünmeseň, saňa ýatar ýaly ýerem bar... Isleseň, şol ýerde bolaý. Puluňam gerek däl..." – diyyär.
Rast, şey diydimi, diymek soňunda durmaly eken. Ylalaşaňokmy?
avatar
0
16 Мango • 11:13, 13.04.2024
Ahmet kakaň şu hekaýasy gowy hekaýaý.
baş gahrymanam gahrymanlaşdyrylmadyk.
Nepes kaka-da sadaka bersin, kepderiler bilen belany sowupdyr.
Nepes kakaň (hekaýada görünenogam welin) gyzy bolup ony gara gan edip gitse näderdiň?
---
Gaýradam erbet owlan däl-le...
gaharyna soguraýandyr-da kepderi kellesini...
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE