Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:31
Perýat / sonetler çemeni

«ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär


PERÝAT

1

Ruhum gizlenipdir tümünde gijäñ,
Gije damar dañyñ ak synasyna.
Şu pursat söhbetler şeýle bir süýjär,
Ýazmaryn ýazmagyñ hatyrasyna.

Ýazmaryn ýazmagyñ hatyrasyna,
Umydymy baýdak edinip ýörün.
Ylham, bir goşgujyk ber ýazgysyna,
Indiki aýlykda tölejek borun.

Gözýaşlarym gizläýinmi bakandan
Çasly gülkülermi gizläbilmesem?!
Näme agtaraýyn giñiş jahandan?!
Öñki özümi-de gözläbilmesem.

Düşünýärin, oña duşmaryn gaýdyp,
Maña sataşanlar bir salam aýdyñ!

2

Maña sataşanlar bir salam aýdyñ!
Baran ýeri bilen boluwersin soñ.
Mundan beýläk köñlüñ perýady a:ýdyñ,
(Dagy nätsin, arzuwlary ölensoñ?!)

Ýalana gol berdim çynlam dagansoñ:
"Ynamym bar - asla synmajak gaýam."
Ýaşyrynlyk içre näme kylar sen?
Gökden Görýän Göze ählisi aýan.

Täzeje dikindim otly köýnegim,
Ýarysy ataşdan, ýary bulutdan.
Boýun alýan, söýmesemem söýmerin,
Ýöne meni söýenñizi unutman.

Barysy hiç, tabyn bolaýsak ünjä,
Özümizden beter ejeler ynjar.

3

Özümizden beter ejeler ynjar,
Arzuwlarsyñ bolaýsady tersine.
Unudarsyñ ahyrlanda puryja,
Ene ýanar gussalaryñ hersine.

Göýä Arşda uçup ýören hüýr-melek --
Ylham gelmez dileseñem el serip.
A men owalam az saçym tüýderin
Nobatguly däldigime kemsinip.

"Öñki-soñky bar ukypdan binesip!"
"Gyzykly däl, söýseñ söý kemim bilen."
Umumy duşmana garşy birleşip,
Ýaraşyk baglaşjak öz "menim" bilen.

Ýardan özge kime aýdarsyñ dadyñ?!
Köne yzalarmyz dolansa gaýdyp.

4

Köne yzalarmyz dolansa gaýdyp,
Biparhlyga gop ber, (şemaly sergin)
Döredip seriñde täzeçe aýdym,
Başardygyñça-da hiñlenibergin.

Tanyş boluñ: Öz aklynyñ alymy,
Geçse-de deñinden kiosklaryñ.
Kümüş harplarda-da ýazylmaz ady
Ykrar edilmedik filosoflaryñ.

Gerdenimde Begengçgeldi diýmişleý,
Göterýärin intelligent dert baryn.
Geljek günler bu babatda giñişleý
Ýazylmajak kitabymda agzaryn.

Ýaradan goýupdyr mañlaýda "syryn",
Adaty bolmagy başarmaýaryn.

5

Adaty bolmagy başarmaýaryn.
Inçe boýunjygma aljak mertlik bar.
Aşa haýal geçýän wagtyñ azaby
Geplemezek dostum kimin iç ýakýar.

Nälet edip, şükür edip doglanña,
Geçip gidýär myhmanlygyñ giñ dünýä.
Kä ýalbarsyñ: "Al janymy, eglenme!"
Käte "Baky gelsem bolmazmy?" diýýäñ.

Gijäni ürküzen pyşyrdylar-da
Aýan edip bilýär pynhan meýlimi.
Gündelik alada-hysyrdylarda
Siziñki deý güýmäp bilsem beýnimi.

Adatdan daşary pikirlem -- derýa,
Ýogsa, size juda meñzäsim gelýär.

6

Ýogsa, size juda meñzäsim gelýär,
Mesawy söhbetde çyndan ýylgyryp,
Göwnüm goşulmazak goýun dek sürä,
Parhy ýok, ýazgarmañ, ýa-da ýazgaryñ.

Ýatdan çykar arzuwlaryñ paşmadyk,
Ýyldyzlañ tansyna ser sal, oýan-da.
Menem goýup biljek gussa batmagym
Gije göze batmagyny goýanda.

Biriniñ sudury saýgardar çala
Görer göze mälim bolsa al şapak.
Asyl, çetin ezýeti çoh jahanda
Bir höwese uçramasañ ýaşamak.

Özüme teselli berişim täsin:
Sowdum geçmişimiñ aşyny, ýasyn.

7

Sowdum geçmişimiñ aşyny, ýasyn,
"Görünmäge" gelenlerem sag bolsun!
Kör ýollarda ýatyr köýen yhlasym,
Özümden soñ ýörejege aw bolsun.

Senem sag bol, sözüñ bilen söýen ýar,
Mundan beýläk maksatlarma ýaranjak.
Her kim munda öz bagtyna söýenýär,
Bagtyñy güjeñläp näme gazanjak?!

Uzak menzillerde ýykylmaklyk bar,
Hemem käte-käte agsap bilerin.
"Sensiz ýaşap bilmen" janygardyñ baý,
Men bolsa sensizem ýaşap bilerin!!!

Howalaly baglar başyny egýär.
Öñümde rowana geljek görünýär.

8

Öñümde rowana geljek görünýär,
Dar gursagym içre sygjak şatlyk kän.
Köne külbämizde kimsä görünmän
Dogulmaly şygryñ sanjysyn çekýän.

Ezýet bile dünýä inerler olar,
Her harpynda ýüregimiñ dady bar.
Bir sähetli güni serime dolar,
Taraşlaryn, ýöne galmaz ýadygär.

Göge garap, uzasa-da ol gollar,
Ýyldyzlara ýetäýeñok, çek eli.
Hemmeden artykmaç boljak bolanlar
Hiç kimçe-de bolup bilmez ekeni.

Ugrun tapyp, ýalñyzlygy ýeñmeli
Köçe maña, menem köçä siñmeli.

9

Köçe maña, menem köçä siñmeli.
Salgy berýär ýekesirän ahwalym.
(Sowuk ýagmyr gyş geçende diñmeli,
Bahar bilen durmuşyma başlaryn)

Ýazgyt söýgisinden yza tesmesin:
Ýigit barýar ellerinde ter çemen.
Tutulmaly toýumyñ küştdepdisin
Depip ýörler bag üstünde serçeler.

Gara ýerde ak garyny sowuran
Gyşam indi ahyrlapdyr eserin.
Mahal-mahal duýup bilýär sowugy
Giñ "kurtkañ" içinde ýiten bedenim.

Görseñ, şudur ýalançydan ar alyş:
Köçelerde togtamaýar ýaşaýyş.

10

Köçelerde togtamaýar ýaşaýyş,
Dowam edýär, bar ýeñlişe bilgeşleý.
Şu günden soñ şowlulygma a:l salyp,
Ykbalymy çaklap ýörmen bilgiç deý.

Ýöne ýazmagymy entek goýmaryn,
( Ejemiñem aýdyşy dek kesir men )
Her goşgymda özge birin görýärin,
Ýa men ikiýüzli, ýa-da setirlem.

Ýüregimde gussasy bar gül meñiz,
Ýeke pursat ahmyrlamda azaşjak.
Irde-giçde sataşarys diýseñiz,
Akmaklaryñ ülkesinde garaşjak.

Syrlarym gün-günden horlaýar meni,
Içe salyp haçana çen gezmeli?!

11

Içe salyp haçana çen gezmeli?
Bedeniñde dert dömüşin gör onsoñ.
Bir boş gursak tapyp baryn gömmeli,
Üstüni ýagmyrlar ýuwubersin soñ.

Dymmak bilen bolunmaýar hoşgylaw,
Hem bigeleñ görünäýmersiñ dymman.
Uly ile aýan bolan goşgular
Ahmal, syrlarydyr şahyryñ pynhan.

Öñde-soñda biri oka:ýar öýdüp,
Syrlarymy bilmen goşguma salyp.
Siñe baksañ yzlary bar ak köpük
Gijäñ goşarynda sabyrsyz dañyñ.

Gerek bolsa gijeleri aşaýyn,
Syrym sözlemäge gözläp nätanyş.

12

Syrym sözlemäge gözläp nätanyş,
Çykyp gitdim serhedinden zamanyñ.
Ak-garany saýgarmajak çagalyk. --
O günler aýdardym ejeme baryn.

Indi näme ýeke özüm elemde?
Ulalanym üçin boldummy merdem?
Başgaçarak many ýatyr bu heñde:
Ejeler şo-ol öñki, özgerýär dertler.

Körpe wagtyñ ýaly näziñ çekerem,
Arman, teselliler özgerdi kem-kem.
Çaga dälsiñ gujak-gujak edere,
Süýjem bagtly etmez ol günlerki deý.

Ýaşy kämil, körpelikde hyýaly,
Ömrüm şeýdip geçermikä bu ýoly?

13

Ömrüm şeýdip geçermikä bu ýoly?
Wagt içinde bagt agtaryp her haçan.
Hatda, setirlerem taýlydyr taýly
Gel, ömrüm özüñe kapyýa ýasan.

Yşka uçra diýjek bolmaryn saña,
Ýöne böwet bolabilmen söýäýseñ,
Yşk ataş, ýylydar barsañ ýanyna,
A ýanarsyñ has golaýna geläýseñ.

Barybir, çözülmez kalpdaky düwün,
Gussalarny özge ýere ýerlemez.
Bahar geler, toprak açaram gülün,
Göwün diýen her baharda güllemez.

Gözümi ýaşardýar egbarlan haly,
Göýä bir gudrata garaşýan ýaly.

14

Göýä bir gudrata garaşýan ýaly,
Gören ýüzlerime siññin garaýan.
Ýazgyt ýekä ýowuz daraşýan ýaly:
Bagtyñ zaryn çekip gizlin aglaýan.

Ýogsa, juda gaýduwsyzdym ilkiler,
Umyt-arzuwlaryñ terligindendir.
Bir zatlara arkalandym, belki-de,
Ýaşalmaly günleñ känliginedir.

Tersine, ýaşalan günler käneldi.
Ýowuz hakykata añ eden kimin.
Zeýrenere zeýrençlerem köneldi,
Şol bir kino ýene syn eden kimin.

Ahmal, owalynda ýazgydym bijaý,
Ruhum gizlenipdir tümünde gijäñ.

Magistral

Ruhum gizlenipdir tümünde gijäñ,
Maña sataşanlar bir salam aýdyñ!
Özümizden beter ejeler ynjar,
Köne yzalarmyz dolansa gaýdyp.

Adaty bolmagy başarmaýaryn,
Ýogsa, size juda meñzäsim gelýär.
Sowdum geçmişimiñ aşyny, ýasyn,
Öñümde rowana geljek görünýär.

Köçe maña, menem köçä siñmeli,
Köçelerde togtamaýar ýaşaýyş.
Içe salyp haçana çen gezmeli?!
Syrym sözlemäge gözläp nätanyş.

Ömrüm şeýdip geçermikä bu ýoly?
Göýä bir gudrata garaşýan ýaly.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 347 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Mahym Nurgeldiýewa, ELEGANT ESER baýragyna | Рейтинг: 4.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 43
avatar
0
1 Pegas • 11:32, 29.02.2024
*sonetler
avatar
2
2 Medicall • 11:37, 29.02.2024
Goyan badyma teswir ba weli gokdum, at familya goyandyryn öydum, oñ yaly wolsa bolyala))
avatar
1
3 Мango • 12:08, 29.02.2024
Ylham, bir goşgujyk ber ýazgysyna,
Indiki aýlykda tölejek borun.

srazum düşünmedim (çarli ýaly bolup)
"ýazgy" diýmän "nesýe" diýlen bolsa näderdi?

---
Näme agtaraýyn giñiş jahandan?!
Öñki özümi-de gözläbilmesem.

şörde, öňki özüňi gözlap bileňokmy ýa tapyp bileňokmy?
pikirimçe sen özüňi gözläp bilýäň-de tapyp bileňok.
ýagny "...öňki özümi-de tapyp bilmesem"...

---
Gökden Görýän Göze ählisi aýan.

owadan eken bu söz. ýöne näme üçindir ýewreýleň simwollarynyň biri "Göz" ýada düşdi. ýogsa gep başga zat barada.

---
"Baran ýeri bilen boluwersin soñ"
- hä.... gahrymanymyz owlan ken.

"Täzeje dikindim otly köýnegim"
- hää... gahrymanymyz gyz ýaly-da (köýnek tikinmek...)

---
Köne külbämizde kimsä görünmän
Dogulmaly şygryñ sanjysyn çekýän.

ajap.

---
Görseñ, şudur ýalançydan ar alyş:
Köçelerde togtamaýar ýaşaýyş.

bu-da ajp.

---
10/10
avatar
2
4 Мango • 12:12, 29.02.2024
konsertlerde-de güşşül aýdymçylar sahna soňundan çykanmolýadylarmy? buwün 29-y.
avatar
1
5 Mekan2 • 12:28, 29.02.2024
al, mendenem bir onlujak

10/10

şo bir zady gaýtalap dursaň bir tüýslek. başda has gowşak goşgulara 4, 5 berdim. bolmasa bulam bir onlug-a däl eken.

1. çemeniň hemme güli şo bir sort bolan bolsa (bir tema)
2. "oglan eken gyz ekeni" mango aýdypdyr. awtor zenan bolmaly. keplerem zenanlarça bolsa
A men owalam az saçym tüýderin
Nobatguly däldigime kemsinip.
3,4,5-ler bar, ýazmak üçin täzeden okamaly, başga zada güýmenäýdim-dä. diýjek zatlamyň köpüsini mango ýazypdyr.

hä, 3 şudy

Gije damar dañyñ ak synasyna.

owadan, ýöne gije daňa däl-de, daň gijä damsa
avatar
1
6 Medicall • 12:28, 29.02.2024
29-y bun, wayragyñ jemini jemlemage ýigrimmirwün waa))
avatar
1
7 Мango • 12:35, 29.02.2024
tswr 5-e.

A men owalam az saçym tüýderin
Nobatguly däldigime kemsinip.

şuny okamda "nämçüp kemsinmeli" diýip kellä geldi. kemsinip ýörmeli däl...
asyl bärde, saç tüýdülýänkenä. myhmanyň aýdyşy ýaly awtor gyz bolsa, olam saç tüýtse... :-)
erkek bolaýmasyn-how saç tüýdýän bolsa? "owalam az saçly" saçy düşüp başlan erkek...
avatar
0
8 Belki • 12:43, 29.02.2024
Saçy oglanam tüýdüp biler, gyzam. Ýöne suratda-ha gyz duran ken. Erkekpisindräk ýazýan gyzmyka ) ýa gyzpysint ýazýan owlonmyka )
avatar
1
9 Mekan2 • 13:10, 29.02.2024
teswir 8-e. belki şeýledir, kep saç tüýtmede dä, kep "az saçda". selçeň saçly gyzyň ba:r aladasy neme diýýäler-ä, nämedi şo, hä, saçynyň selçeňligini gizlemek diýýäler-ä :-)

üstesine şahyrlyk tarapyny gözöňüne tutanam bolsa, zenan Nobatguly däldigine kemsinmese gowu-da.
avatar
1
10 Küle • 13:50, 29.02.2024
8/10
avatar
1
11 sussupessimist • 14:11, 29.02.2024
Enteg-ä paýlaşylanlaň arasynda iň bir yhlas siňdirileni. Umumanam erbet däl. Aýratyn ýatda galýan güýçli obrazlar ýetenok diýmeseň. bmşp.
7/10
avatar
1
12 Hyýalbent • 14:20, 29.02.2024
10/10
Awtora üstünlik
avatar
1
13 aygull • 14:52, 29.02.2024
Şop-şowly setirler bar. Meñem ýazasymy getirdi.
Awtory tanadym. Sacam ile meñzeş däl oñ, şahyrlarça saçy bar. Şonuň üçin ütüp oturmasyn
avatar
1
14 aygull • 14:53, 29.02.2024
10/10.
Üstünlik awtora.
avatar
2
15 aygull • 14:55, 29.02.2024
Wiý,onsoňam, bu entek perýat däl, zeýrenç. Perýada ýetirjek bolsaň, iki-ýana gözüň ýaşly geçmeli bolýaň üstünden
avatar
1
16 Pero • 16:02, 29.02.2024
Awtor erkek kişi bolmaly.
Yhlasyna,zähmetine respect!
Mundanam güýçli ýazyp biljegini duýýanym üçin
7/10
goýýan.
avatar
1
17 Mekan2 • 17:01, 29.02.2024
16-a. mrs Pero, razoçarowaniýä taýýar boluň.
avatar
1
18 garagar • 19:05, 29.02.2024
7/10
avatar
1
19 Lacrymosa • 19:35, 29.02.2024
halak göwördüm ---- 10 bal
avatar
1
20 Küle • 19:45, 29.02.2024
15-e zeýrençden güýçliräk. Ýone siz mamla, şu derejä getirip bilen adam, has güýçlendiribem biler. Men asyl sonet diýlen zady okamagy kyn görýän. Hat-da Gurbannazaryňkylaram soňuna çenli okap göremok. Diňe Şiralyň, araky ýogalan oglanjygyň (içimde gardaş ölümi ýaly bolupdur şol sonet) birem şuny okadym soňuna çenli
avatar
0
21 Kyyas • 21:10, 29.02.2024
Okanda akgynly! Üstünlik!
avatar
1
22 aygull • 23:03, 29.02.2024
20, menem okaman öýdüpdim, okadym ýöne.
avatar
1
23 Seýrаn • 14:08, 01.03.2024
Sonet bilen Sonetler çemenini garmaň. Hersi aýry zat. Ýokarky goşgy gowy eken. Dagam, şonça zat ýazsaň içinden gowy setirler çykýar. 8/10
avatar
1
24 Aýgül_Baýadowa • 14:37, 01.03.2024
23, atyp otursaň bir okuň degmese, biri deger diýýäňizmi?
avatar
1
25 Gerceknazar96 • 19:30, 02.03.2024
Juda köp zähmet siňdirilen eser. Awtora Maşallah diýýän. Tüweleme sözleriň ötgür , galamyň ýiti, ylhamyň hasam joşup dursun galamdaş. Eseri 10/10-lyk hasaplamok şonuň üçin 9/10. Yhlas etse 10/10-lyk eserlerem ýazyp biljek şahyr eken.
avatar
0
26 Мukam • 20:40, 02.03.2024
Okamasy kem däl. Ussatlyk bar. Emma köp zähmet siñmedige çalym. Eger gowy zähmet sinen bolsady mundan gowy bolardy.
avatar
0
27 paragraph • 05:11, 03.03.2024
10/10
avatar
0
28 Балканов • 20:54, 03.03.2024
Ykjam, ýerlikli, emaý bilen boglan çemen daşdan synlaňda öçügsi, garamtyl görünýän ýaly--bu şahyryň melanholiki temperamentiniň we ambiwalent duýgylarynyň kölegesi.
Bu çemen şahyryň kalbynyň mährine çoýunyp, kän wagtlap öz terligini saklar.
Tüweleme! Bereklella! Galamyň ýiti, sözleriň ötgür bolsun, şahyr! Üstünlikler dileg edýärin!
avatar
0
29 LegLek • 07:11, 04.03.2024
10/10
avatar
0
30 Melike • 22:45, 05.03.2024
9/10
avatar
0
31 Sylapberdi • 00:56, 09.03.2024
Ýalana gol berdim çynlam dagansoñ:
Yamman agyr okalýar-aý şu setirler dagy, Süleyman ölensoñ, jynlar dagansoñ ýaly kapyýaly setir kellâme gelip gitdi.
avatar
0
32 Sylapberdi • 01:05, 09.03.2024
Akmaklaryñ ülkesinde garaşjak.
Gowken
Akmaklaryñ ülkesi Buratinoda bamy. Şu orslaryñam bir Derewnýa durakow diýen pantomimo serialy bardy.
Awtor undulan gowy zatlary, özünki edip, ezber ulanýar. Bize ýetmeýän zat.Berekella
10/10
avatar
0
33 janjennet • 13:19, 13.03.2024
Awtory tanadymmykam diyyan. 7/10
avatar
0
34 Gülkamat • 13:37, 13.03.2024
10/10
avatar
0
35 Rowaç • 18:28, 20.03.2024
9/10.
avatar
0
36 sussupessimist • 20:11, 20.03.2024
Esasan şu bn Atsyz-sorsuzsuratsyz goşgy faworit bolup dur öýdýän ýeňşe?
avatar
0
37 Gülkamat • 16:55, 21.03.2024
10 bal mendenem. Gaty gowy sonetler cemeni
avatar
0
38 Ak-sary • 07:34, 26.03.2024
Gökden Görýän Göze ählisi aýan.
Gowy edip aýdybilipsiñ
avatar
0
39 Medicall • 16:35, 09.06.2024
Gowy ýazylan, düregeýje setirler bar arasynda.
Şol wagty baha berip bilmändim, indi goyayyn 9/10:)

Mahymdan meşhur söz tapjak bolup okadym muny bu gün gaytadan
avatar
0
40 Medicall • 16:54, 09.06.2024
Şunda bäsleşige goyan wagtym gözüme ilen gowy tarapyny aýdaýyn: magistraldan başgada her bölümde biri-biriniñ üstini ýetiryan setirler bar. Mahymyñ öz habaram ýokdur, belki hä, ol setirleriñ sazlaşygyndan?))

Ruhum gizlenipdir tümünde gijäñ,
Göýä bir gudrata garaşýan ýaly,

Köne yzalarmyz dolansa gaýdyp.
Özümizden beter ejeler ynjar,

Bahar bilen durmuşyma başlaryn)
Öñümde rowana geljek görünýär.

Syrym sözlemäge gözläp nätanyş-
Ömrüm şeýdip geçermikä bu ýoly?

Umuman şeyle aýry ayry bentlerem setirlerde biri birini gowy yzarlap bilipdir.
avatar
-2
41 sussupessimist • 10:29, 10.06.2024
Nurdan - teswiriňize at dakýar diýmäň. 
şu düregeýje sözi bn bagly. Şu sözi köneje garryja enelermizem ulanýa welin, her kim köne türkmen sözüdir öýdýär. aslynda olam häzirki sapsim, waşpe, pirçin (maşynyma näme bolanyny bilemok, bir pirçin tapyp dur), hitrlik etjek boldy... diýlişindäki ýaly, dilimize ýoýlup giren ors sözi. "другой" sözüni adamlar düregeý-düregeý diýip, dürli-dürli, başgaça, del diýen manyda leksikona girizipdirler.
Köne edebiýatymyzda-da, sözlüklerde-de ýokdyr şol söz, üns berseňiz.
Ýöne Berdinazar Hudaýnazar ulanypdyr:
"Kim gönüdir, kimiň öwrümi bardyr,
Düregeý-düregeý ýugrumy bardyr..."

Kakamyrat Rejepde bar:
"Öňküje özümden ara açyp men,
Del-düregeý dünýä aralaşyp men..."
avatar
2
42 Medicall • 10:39, 10.06.2024
Nurdan diýiberiň diýenime baryňyz bilgeşleýin goşulma goşasyňyz gelip durany hem meň aýdanymy ret edesiňiz gelip duranlygyndan geip çykýarda.  Adymyň yzyna nämedir bir zatlar goşup goşmazlyk bu meň şahsy islegim, pikirim, meseläm nähilem bolsa, biraz hormaty öwrenseňizä kem bolmazdy
avatar
1
43 sussupessimist • 11:14, 10.06.2024
Okeý, onda aýyrdym we ötünç soradygym.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203