22:25 «Edebiýat kafesiniň» 2023-nji ýylyň «Altyn çaşka» baýragy | |
«EDEBIÝAT KAFESINIŇ» 2023-nji ÝYLYŇ «ALTYN ÇAŞKA» BAÝRAGY Salam hanlar we hanymlar! Ýazýançylar we okaýançylar! Edebiýat kafesinde kofe bilen eser "süzýänçiler"! Kafemiz 1 ýaşap, aýakda durmagy başardy. Saýt döredileni bäri ony diri saklamak üçin, elmydam edebiýat hazynamyzdan we döwürdeş awtorlardan eserler hödürlenip duruldy. Gün geçdigiçe-de saýtymyzyň hili gowlanýar, onuň gymmaty artýar. Agzalarymyz we awtorlar tarapyndan saýlama eserler hödürlenýär. Şeýle-de ýazyjylar öz okujysy bilen kafemizde pikir alyşyp bilýärler. Atlaryny sanap durmaýyn, ýöne kafemizde tanalýan, professional awtorlar hem bar. Kafemiziň hasam hereketli-bereketli bolmagy üçin her ýylyň soňunda «Edebiýat kafesinde bitiren hyzmatlary üçin» saýtyň agzalaryna kategoriýalar boýunça «Altyn çaşka» baýragyny bersek näder? Mysal üçin: «Iň gowy eserleri paýlaşan» kategoriýasy (1 adam) «Iň gowy teswirleri ýazan» kategoriýasy (1 adam) «Iň gowy goşgy » kategoriýasy (1 adam) «Iň gowy hekaýa» kategoriýasy (1 adam) «Iň gowy terjime» kategoriýasy (1 adam) Meniň pikirimçe häzirlikçe şularam ýeterlik. Indi mynasyplary nädip saýlamaly? Onuň iň aňsat ýoly her bir agza aşakdaky bäş soraga jogap bermeli: 1) Iň gowy eserleri paýlaşanlardan üç adamyň adyny hödürläň. 2) Iň gowy teswir ýazanlardan üç adamyň adyny hödürläň. 3) Iň gowy goşgy ýazan üç awtoryň adyny hödürläň. 4) Iň gowy hekaýa ýazan üç awtoryň adyny hödürläň. 5) Iň gowy terjime eden üç terjimeçiniň adyny hödürläň. Soňra soraglara berlen jogaplardaky ady köp agzalanlary saýlaýmak galýar. Teklipleriňizi aýdyň. Size mynasyplara gowşuryljak diplomyň nusgasyny hödürleýän. Bu nusgalar mynasyp bolanlaryň poçta adresine iberiler we özleri çap edip diwarlaryndan asyp goýarlar. Baýragyň adynda «Altyn çaşka» agzalsa-da ol altyn çaşka tama edip oturmaň. Sponsor tapylsa belki-de ol çaşkalaryň ýüzüne atlary ýazylyp gowşuryp hem bolar. Nähili pikir edýäňiz? | |
|
Ähli teswirler: 95 | 1 2 » |
| |
1-50 51-95 | |