Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:54
Kakaly-ogul
KAKALY-OGUL


Gaýtalanyp duran günlerden bir gün. Her gün bolşy ýaly 7-8 ýaşly oglumy mekdebinden alyp, işime getirdim. Işiň soňuna, agşama çenli ýanymda güýmenýär. Balagynyň jübüsinde-de edil “ýitirilen goşlaryň saklanýan bürosyndaky” ýaly zatdan doludyr; owunjak oýnawaçlar, kiçijek toplar, sakgyjyň içinden çykýan suratjyklar, gerek-gerekmejek oýnap bolaýjak ýene-ýeneler. Arasynda öý işlerini edip işim gutarýança güýmener.
Ine, altyň ýary boldy, soň özi boldy. Bizem goşumyzy arka alyp öýe ugradyk. Ýolda-da ýagyş sepeläp başlady, ýagsammykam, ýagmasammykam diýýän ýaly. Bahymrak öýe ýetmeli. Howaň bellisi ýok.
Awtobus.
Teke bazar.
Şäher etegine gatnaýan “Gazeller”.
Soň, ýene taksiler.
Ortadan geçýän uly ýoluň ugrunda düşüp öýe çenli bir-iki çatryk ýöremeli.
Barýarys iki bolup, kakaly-ogul. Şol wagtam birden ýagyş güýçlenip dünýäni sil-suw edip başlady.
- Ylgaly, oglum. Bahymjak öýe ýeteli…
Ýagyşyň aşagynda ylgaşlap barşymyza, oglumyň başyny ylham perişdeleri sypady öýdýän:
- Kaka! Bilýäňmi näme boldy şu wagt?
- Ýagyş bedreden guýýar. Näme bolsun başga?
- Diňle näme bolanyny aýdaýyn. Häli ýagyş “ýag” diýip ogluny iberdi, olam ýaltanyp, gowy ýagman kakasynyň gaharyny getirdi. Indi, şu wagtam ýagyşyň özi gaýtdy. Diýenini etmedik ogluna gahary gelip ýagýa…
- Bolup, biler…
Men ogluma bildirmän ýylgyrdym:
- “Oglany ýumşa ibеr, yzyndan özüñ git!” diýleni boldy öýdýän.
- Kakaň ýumuş buýrsa gaharyny getirmän etmeli gerek?
- Hawa. Sen-ä akyllyja, hemişe diýenimi edýäň. Gaharyman getireňok…
Içimdenem pikir edýän. Hany, ulal bakaly. Entek öňümizde döwürleriň çözülmedik meselesi – kakalar we ogullar. Diýenimi edermiň, diýeniňi etdirermiň... hemmesi öňde...
Ine-de öýe ýetdik. Penjireden pişigimiz daşaryny synlap dur. Biz, kakaly-ogul asmandaky kakaly-ogluň öýke-kinesinden ýaňa sykaýmaly öl-myžžyk bolup öýe girdik. Bize garaşylýan mähirli öýümize...
Gaýtalanyp duran bir gün şeýdip ýatdan çykmajak güne öwrüldi.

© mango
2022
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 95 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
1
1 Bagabat • 16:44, 08.12.2022
Okaýaň.
Okap otyrkaňam içiňden şo diýip gidip otyrsyň: "Ine şu taýsyny men şeýderdim, bu taýsyny bolsa beýderdim...".
Onsoň içiňden "düzetmäge" diýjek däl, "özüňçelemäge" başlaýaň.
Mysal üçin, men başlardym:

Günde mekdebinden alyp gaýdýanymy bu günem işime getirdim.
7-8 ýaşly "gojajyk" - kisesem odur-budurhana. Barmak gabaraly jäjekler, pökgüjikler, sakgyçdaş...
Hemmesem tüýs şuň ýaşynda bijaý zerur zatlar...

Birdenem, durdum.
Beýtsem, bu meň ertekim bolar. Seňki bolmaz.
Şoň üçinem, degmäli.
Goý seňki bolup galsyn.
Hudaýa şükür, Ýaradanyň sahawaty bilen ynsana aýatda erteki gytlyk etmeýär. Maňa-da öz ertekim tapylar.
Tapylawersin, hernä...

Heh. Hekaýadan hekaýa döräp barýar-aýmy?
Sag bol.
Mähirli duýgulary oýardy.
Öz körpäm gapdalyma geldi-de, arada bir gün diýşi ýaly: "Kaka, düzeljek bolsaň-a düzel! Bolmasa-da şu bolşuňam bolýa!" diýdi-de, ýene ötägitdi:-)
avatar
1
2 Bagabat • 16:53, 08.12.2022
Öňem biriniň diýşi ýaly: "Halysalla bir bellik etmeseň bolmyýandan bolup du:" diýip, tekrarlap ýatsalaram, ady: "Kakaly-ogul" ýa-da "Ata-ogul" ýa-da "Kakasy we ogly" bolsa, ýahşy buladi diýerdim. Şeýtseň ynsan - ataly-ogla-da, ýagyş - ataly-ogla-da degişi bolýandan bolýa.
avatar
1
3 Мango • 18:09, 08.12.2022
Serdar kaka, minnetdar seslenmäňe.
adynam üýtgetdim. seňki dogry.
ýazmak diýen zat ýamman kyn zat. araky "kofäň kakasyny" okamda, bu wakany "ýagyşyň kakasynyň gaharyny" ýazaýyn diýip ýüregime düwdüm. şo günlerem sen Hydyr agaň "näme üçin ýazasym gelýär"-ini goýduň. boldy onsoň... ýazda ýazyp bilseň... :-)
ýene-de Hydyr agaň "ýazyjy bolmak üçin däl, at gazanyp meşhur bolmak üçinem däl, ýazasym gelýäni üçin ýazasym gelýär" diýenleri azajyk göwünlik berdi.
ýazyjy bolmak niýetimiz ýok, gazetde çap etdirmek, ganorar almak gaýgym ýok... ýöne ýazasym geleni üçin ýazdym. şoň üçinem bu ýazgymy hekaýa däl-de oýlanmalar bölüminde goýdum.
çagalar geň....
käwagt garaşmaýan zatlaram diýip göýberýäler.
körpäň gowy diýipdir:"düzeljek bolsaň-a düzel! Bolmasa-da şu bolşuňam bolýa!"
Serdar kaka, meniňem düzelmäm kyn bolaýmasa, şu bolşuma galaýaýyn. :-)
avatar
0
4 Bagabat • 18:24, 08.12.2022
Hemingueý: "Haýsydyr bir ýapyşak pikirden (навязчивая мысль, идея) hemişelik dynjak bolsaň, ony kagyza ýaz" diýipdir.
Käte-käte pikirlerdir, sýužetlerem göwnüňe bolmasa, diri ýaly bolup görünýär. Olaryň adamlaň arasynda ýaşamaga mynasyplaryny ýazman, ýagny şo tensiz ruhlara "hat-beden" bermän, olary özgelere ýetirmän unutmaklygyň tozanyna garyp goýberseňem, edil özüňe ýagşylyk eden ýa-da özüňe gowy garaýan adama kembaha garan ýaly, biadyl, biagyry, perwaýsyz äsgermezlik bilen onuň göwnüne degen ýaly bolýar.
Ýazmakda bolsa kimdir biri bilen deň boljak bolmak hökmanmyka?
Özüň bolýaň-da, ýazyberýäň, ýazyberýäň...
Barybir bahany özüňe özüň kesmeýäň.
Özgeler kesýär.
Özüňe ynanyp bolýa, ýazyp bilýändigiňe umyt edip bolýa, özüňden göwnüň geçgin, ýazmakdan eliň sowap bolýa...
Ýöne, ýazasyň gelýärkä, ýazmazlyk bolanok.
Birki günlükde "Ýazylmadyk kitaplaryň kitaphanasy" diýen hekaýa başlapdym. Bu pikirlerem kellede pyrlanyp ýördi. Edil: "Awans haçan berlerkä?" ýaly :-).
avatar
0
5 Bagabat • 18:26, 08.12.2022
Munyň bolsa oýlanma däl. Žanry "hekaýa".
avatar
1
6 Kyyas • 20:20, 08.12.2022
Gowy hekaýa
avatar
0
7 Bagabat • 08:49, 09.12.2022
Ýeriň ýüzünde nakyl kän. Mysal üçin olaryň käbirleri:
1. "Kim gaýkyny söýer kim küýkini" (megerem, on iki synasy sagat adamy söýýän ýok bolara çemeli :-));
2. "Nä işiň Berdi bilen, her kim öz derdi bilen";
3. "О вкусах не спорять";
4. "Aklyň bolsa akyl al, aklyň bolmasa nakyl"...
Umuman kän-dä. Haýsy birini ýazjak? :-).
avatar
0
8 ssaparay • 13:54, 09.12.2022
Gyzam bolsam Dädem maňa "Oglum" diýýädi. Ýadyma düşüp gitdi. Sagboluň! smile
avatar

Старая форма входа
Total users: 203