01:30 Türkmen halysynyň aýratynlygy | |
TÜRKMEN HALYSYNYŇ AÝRATYNLYGY Men haly boýunça hünärmen däl, sungaty öwrenijem däl. Ýazjaklarymy oňa görä kabul ediň. Ýöne, türkmen halylarynyň beýleki milletleriň halylaryndan tapawudyny özümçe açyş etdim diýsemem boljak. Internetiň kömegi bilen dünýä milletleriniň halylaryny gözledip, olaryň gurluşyna syn etdim. Hemmesinde meňzeşlik bar, hemmesi bir standartda. Ýagny, halyň inedördüliniň dört gyrasy gaýtalanýan nagyşly gyra böleginden ybarat. Soňra-da merkezi bölekden ybarat. Bu usul pars, hindi, hytaý, azerbaýjan, ermeni, gazak... we islendik uly-kiçi beýleki halklaryň halylarynda gaýtalanýar. Suratlary synlap görüň. Indi bolsa türkmen halysynyň gurluşyny synlalyň. Türkmen halysam şol standartlary saklaýar, ýöne.... Ýöne, ýekeje gaýtalanmaýan usuly bar. Ol hem merkezi böleginiň daşyndan, dört tarapyndan aýlanýan inedördül zolagyň başyndan we soňundan ýene bir gönüburçluk meýdany nagyşlaýarlar (ýalňyşmasam ol bölegine "älem" diýilýän bolmaly). Ýakyndan synlap görüň. Bolany. Bar aýtjagym şu. Türkmenler halysy bilen tapawutlanmagy başaryşlary ýaly, halynyň nagyşlarynyň ýerleşdiriliş usuly bilenem tapawutlanyp bilendikleri buýsandyrýar. Baýram edeniňe degýän haly baýramymyz gutly bolsun! © MANGO Maýyň soňky ýekşenbesi, 2023 | |
|
Ähli teswirler: 10 | |
| |